10:45 Rimiñ atly jöhitleri | |
RIMIÑ ATLY JÖHITLERI
Taryhy makalalar
Çylşyrymly döwürde jöhitlige eýe çykmak üçin ýetişdirilmegiñ arkaýynlygyny goýmak bilen çäklenmeýän, şol bir wagtyñ özünde şol nesiliñ pähimdarlarynyñ iñ öñdebaryjysyna öwrülen nesilşalygyñ neberesinden iki ynsan: Şmaýýa we Awtalýon. Bular Mişnanyñ iñ uly hahamlaryndan biri uly ýaşly Hilleliñ mugallymlarydy. Adamyñ başlangyjynyñ (gelip çykyşynyñ) nähilidigi möhüm bolman, eýsem ýadamazaklyk we özüñe bolan ynam bilen jöhit kursunda hemme zady oñaryp bilerler. • Şa zenany Ýelena Adýabene Assiriýa imperiýasynda häzirki Erbilde (Yrak Kürdüstany) Ierusalimiñ 300 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşen ýerdi. Şa zenany Ýelena Ýelena Şmaýanyñ we Awtalýonyñ Ysraýylda öñbaşçylyk eden döwründe bu kiçijik imperiýanyñ şa zenanydy. Patyşa Monbazyñ ölüminden soñ onuñ ogly Izat kakasynyñ ýerine geçipdir. Izat täç geýen şazada hökmünde tanadylanda, goranmak üçin Adýabenäniñ 900 km günorta-demirgazygynda, Yragyñ häzirki Basra guberniýasynda ýerleşen Spasinu-Haraksa ýollandy. Ol şol ýerde jöhitligiñ täsiri astyna giripdir. Onuñ habary bolmazdan ejesi-de jöhit taglymlaryndan ylham alypdyr. Öýlerine gaýdyp gelenden soñ ejeli-ogul sintezlenen diniñ bähbitlerini öwrendiler. Ilkibaşda şa zenany Ýelena jöhitlige bolan gyzyklanmalaryny gizläp saklamak gerekdigini ýatlatdy we ogluny patyşalyklarynda gozgalaña sebäp bolmazlygy üçin dinini üýtgedenleriñ soñky sünnet dessuryny etmezlige çagyrdy. Izates ilkibaşda ejesiniñ duýduryşyna gulak asanam bolsa, soñabaka doly jöhitlige geçipdir. Ýelena gorkulan gozgalañyñ bolmandygyny görensoñ, doly jöhitlige geçdi we hatda Ybadathananyñ hasabyna gymmatly sowgatlar getirmek üçin Ierusalime gidipdir. Ölenden soñ Ýelena Ierusalimde jaýlanypdyr. Onuñ mazary arheolog Lui Felisýen de Solsi tarapyndan tapyldy. Oña degişlidigi çaklanylýan sarkogaf soñra Fransiýadaky muzeýe äkidildi. • Baş haham Akiwa Baş haham Akiwa Mişna döwrüniñ uñ uly hahamlaryndan biridir. Ol ikinji Ybadathananyñ ýykylmagyndan 50 ýyl öñ dünýä inipdir. Ol taryhyñ iñ uly jöhit hahamlaryndan biridir. Ilkinji kyrk ýylynda sowatsyz jahylyñ biri bolanam bolsa, orta ýaşdan soñ jöhit halkynyñ iñ uly alymlaryndan we mugallymlaryndan birine öwrüldi. Has soñra 24 müñ şägirtden ybarat akademiýasyny doly ýitirdi, ýöne şonda-da ýan bermedi. Ömrüniñ ahyrynda şowsuz tamamlanan Bar Koçba gozgalañynyñ yzyndan Rim imperatory Hadrian tarapyndan wagşylarça öldürilmezden öñinçä hemme zady bäş şägirdi bilen täzeden dikeldipdir. • Neron Miladydan soñky 66-njy ýylda biriji Jöhit-Rim urşunyñ başlangyjynda Nero diýip tanalýan Neron Klawdiý Sezar Awgust Germanik Rim imperatorydy. Ogly Titus bilen birlikde ýurdy basybalan we ikinji Ybadathanany ýok eden jöhit gozgalañyny basyp ýatyrmagy üçin Wespasiýany ugradanam şoldy. Rim taryhy 68-nji ýylda Rimde Nerowa garşy gozgalañ başlandygynh habar berýär. Ol Rim Senaty tarapyndan gaýybana "halk duşmany" yglan edildi we ölüm jezasy çykaryldy. Neron muny bilende öz janyna kast etdi. Jöhit taryhy muny başgarak görnüşde gürrüñ berýär. "Talmud" Neronyñ uruş döwründe Ierusalime gelendigini aýdýar. Ol şowlulygyñ ýar boljagyny-bolmajagyny bilmek üçin dört tarapa ok atýar. Oklaryb ujy aýlanyp Ierusalime tarap gönügip düşýär. Ol has ynjalykly bolmak üçin jöhit çagajykdan ýahudy "Injilinden" haýsy aýaty bilýändigini soraýar. Çagajyj Hezekiýeliñ kitabyna salgylanyp jogap berýär: - Halkym Ysraýylyñ eli bilen Edomdan (Rim) arymy alaryn. Nero "Mukaddes bolan, mukaddesleşdirilen ybadathanany ýok etmek we ellerini şol adam bilen (özüne ýüzlenip) syryp-süpürip aýyrmak isleýändigi netijesine geldi". Nero soñ gaçdy we alan sözde "keramatyndan" şeýle bir täsirlendi welin, jöhitlige gevdi. Mişnanyñ köpüsiniñ esaslanýan beýik Rebbe Meir şondan emele gelipdir. Neronyñ dinini üýtgetmeginiñ rimliler üçin nähili masgaraçylykly waka boljagyny göz öñüne getirip görüñ. Uruş gidip dur, garaşylman durka-da imperatorlary beýleki tarapa gaçyp barýar. Rim taryhynyñ muny bukjak bolmaga synanyşmagyna düşünse bolýar. Belki-de, belli-başly öwrülişiklerden daşgaryn bolan däldir. Düzgüniñ wekilidiklerini görkezýän dürli subutnamalar bar. Rimli begzadalar butparazlyga çöküp barýan ynanç sistemasy hökmünde garamaga başladylar. Bu ýagdaý esasanam aristokratiýanyñ arasyndaky bir toparlarynyñ jöhitlige geçmegine getirdi. Bu şol bir wagtyñ özünde imperiýanyñ hristianlyga tarap ahyrky hereketi üçin ýeri amatly ýagdaýa getirdi. Isanyñ dini Şabaty we sünneti berjaý etmek üçin mejbury emirler bolmazdan şol wagtlar etiki ýekehudaýlygyñ bir wersiýasyny hödürleýändigi üçin özleşdirilmesi kyn taglymdy. Rambam bize hristianlygyñ we yslamyñ dünýädäki beýgelişiniñ ylahy meýilnamanyñ bir parçasydygyny öwredýär. Bu goşmaça dinler arkaly merkezi jöhit düşünjeleri we Mesih idealy dünýäniñ çar künjüne ýaýrady. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy. @atasevenoffica Ýekşenbe, 04.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |