22:39 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Şugulçy az bolan däldir hiç zaman, Bu gün menem ondan diledim aman. Doganydyr, megerem, ol ajalyň, Ajal näme? Belki, ajaldan ýaman. *** “Müň sözünden biri gerek däliniň”, Diýen atam, ýadymdadyr tälimiň! Şindiki dälileň tarypyn etsem, Her sözünde müň telek bar, däninim. *** Biz näme? Bizden öň aýdylan gep kän, Şer gülläpdir, haýyr işlere çep kän. Belki-de, bu şeýle bolmalydyr-da, Diýseňem-ä, atam sözüne jet kän. *** Kime gerek nadyl bolup gezeniň, Ýüregiňi adyl bolup ezeniň. Horjun ýüküň eýlenipdir gussadan, Kim iýip ýör seň iýmeli heseliň? *** Günäm bolsa öt – diýdim, Adam bary göt – diýdim. Ýüzüňe gülüp bakarlar, Içleri weli tot – diýdim. *** “Hakykat” ýoluna mydam jet - diýip, Yzlaryna adam saldyk bet - diýip. Dönügem az bolan däldir, elbetde, Haýp, niçeleri itdik göt - diýip. *** Gully han işine akylym haýran, Niçeme janlary edendir weýran. Gülün çirtýär nebir bagy-bossanyň, Oňa boýun, alajy ýok han hanan. • IKILEME Behişt diýilýäni çyn bolsa eger, Ymamyny satyn alsa bor meger... | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||