10:56 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Ne erigiň tagamy bar, ne üzümiň tagamy, Şir agzy dek açylypdyr goşa gözüň damagy. Toýy ýalan, öýi ýanan, özi ýaman kişiniň, Mydam şeriň işiginde, dost tutunmaz henegi. 16.05.2023. *** Birisi ýaşaýar abraý-at diýip, Ölýär biri malym diýip, zat diýip, Bir tanşymyň ne ady bar, ne zady, Görgüli ýaşaýar ýakyn-ýat diýip. 16.05.2023. *** El berseň-de, ýel bermegin samsyga, Samsyk seni satar baryp kümsüge. Köpeý ogly, dostum diýip ýöreniň, Özüň ýaly, çalym edýär tomzaga. 18.05.2023. *** Uzaga gitmersiň çaman at bilen, Abraý almaň başda ýaman at bilen. Gardaşyňam bolsa çetde durawer, Jyn alyşmaz ozal bolsaň jet bilen. 20.05.2023. *** Bir diýmedim, muny saňa kän diýdim, “Köşeşer” diýp, il içinde “han” diýdim. Bir garynda ýatan gardaş bolsak-da, Sen zerarly mähellede gan iýdim. 28.05.2023. *** Goýma ýeke, goýsaň borun diwana, Gelişmez bu ömür garry, juwana. Yns-jyns bary goşa-goşadan, Äre hatyn, är gerekdir hatyna. 28.05.2023. *** Är diýip ýörenmiz heleý keşbinde, Zenandyr öýdenmiz erkek eşginde. Ferraşlar dünýäde köpelip barýar, “Aşyk-magşuk” bir-biregiň yşkynda. .. 28.05.2023. *** Görene göz, eşidene gulak bol, Ýala gelen ganjyklara ýalak bol. Eý, tula, eý, loly, eý, bedibagt, Äre barsaň, iki günden talak bol. 29.05.2023. *** “Bir eneden ak-da dogar, gara-da”, Gürrüň gitdi bular hakda arada. Her jüre pikirler orta atyldy, Biri diýdi: “Gabat geldim hara-da”. 29.05.2023. *** Iki dostuň arasyna çöp düşse, “Eýle, beýle...” diýip, ara gep üýşse, Dost näme, gardaşlar däli-diwana, Köňül weýran bolar azana duşsa. 30.05.2023. *** Günler, aýlar, ýyllar – ömür geçedir, Közde ýanyp duran kömür öçedir. Öňler ertekide halylar uçsa, Indi weli arşda demir uçadyr. 31.05.2023. *** Sakal goýberipdir ýaş-ýeleň, beçe, Ýüze ýelmenipdir bir gara keçe. Mundan bir ýyl öňem neşekeş Bekgi, Ile akyl berýär misli bir goja. 01.06.2023. *** Pyraga deňedi özüni biri, Gulagym nämeler eşitmiş diri. Iki sözüň başyn çatabilmedik, Goýberdi öl ýerde bitegen dili. 01.06.2023. *** Arykdaky warryldaýan gurbaga, Nadan sözi sebäp boldy rubaga... 01-02.06.2023. Niçe döwür niçe göwni jadylan, Dil ýetirdi karnaý, surnaý, rubaba.... *** Aýdymçy köpeldi, şahyr köpeldi, Metjitde sakgally jahyl köpeldi. Gadymýet döwürden gülkiň eýesi— Nämüçindir gama batdy Ependi... 02. 06.2023. *** Güni üçin günüsiniň çagasyn, Allalanyň eşdipmidiň agysyn? Süleýman soltanyň enesin daglan, Istemen dünýäde Hürrem söýgüsin. 03.06.2023. *** Gara çöpür örtüpdir-le ýüzüňi, Behişt isläp, oda atdyň özüňi. Nebis jylawyny çekebilmediň, Ynsap gitdi, ýakdyň dowzah közüňi. 03.06.2023. • IKILEME Geýinse geýinsin altyndan zeri, Diýmerin men oňa ylahy peri... 19.05.2023. | |
|
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Senden özge, eý, senem, bu jümle duşmandyr maňa... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |