18:08 Şägirt / hekaýa | |
ŞÄGIRT
Hekaýalar
Süýr günortan on iki-on üç ýaşlaryndaky Öwez öýden çykyp, göwünli-göwünsiz ädimläp, atasynyň ussahanasyna tarap ugrady. Süýji ukudan oýaransoňlar, onuň keýpi ýokdy. Ol atasyna gahar edýärdi. Sebäbi, indi näçe gündür, ony günortanyň ukusyndan kesýänem, günortanyň jokramasynda hütdük ussahanada oturyp, körük basmaga mejbur edýänem atasydy. Goja uzynly gün işlemäni birki hepdelikde tapdy. Öňler beýle häsiýeti ýokdy. Körügini diňe ir-ertirdir giç-agşamlar körederdi. Kümüş ýençsin, gaşöýi tutdursyn, haşam çyzsyn, parhy ýok, hiç kim günortana galmazdy. Ussahananyň depesindäki tüsse deşiginden Gün şöhlesi indiki esbaplaryny ýygnamak bilen bolardy. Birki hepdeden bäri bolsa, uzynly günläp, ussahanadan çykmalydyr öýdenok. Haçan görseň, sandalyna saralan ýaly, ýa-ha gülýaka şelpeleýändir, ýa-da kümüş ýenjip oturandyr. Içjek çaýydyr iýjek naharyny hem indi şol ýerik eltip bermelidi. Öwezi has lapykeç edýän zat bolsa, ol islese-islemese, hemişe atasynyň ýanynda oturmalydy. Dogry, Öwezi öň ussahana hiç kim süýräp getirmändi. Onuň özi alty-ýedi aýlykda "Meniňem kümüşçi bolasym gelýär" diýip, atasynyň ýanyna gelipdi. Garry ony telim kowdy. Soň agtygynyň yhlasyna, erjelligine az-kem pisindi oturdymy-nämemi, oňa gapyň agzynda oturmaga rugsat berdi. Eseli wagt geçenden soň bolsa, körük basmagy ynandy, soň kümüş arçatdy, şelpe kakmakda onuň elini barlap gördi. Garaz, alty aýa ýetip-ýetmän, ol atasynyň garşysynda orun aldy. Hemişeki "Öwwejik", "iner ogul", "bal köşek" ahyr soňy "şägirt ogul" boldy. Ýöne näme üçindir, onuň zergärçilik hyjuwy gaty tiz ýatdy. Daýzasy aýtmyşlaýyn, oňa göz degen ýaly boldy. Ussa boljak diýip, ýer depip duran oglan çekiç tyrkyldysyndan, körük wassyldysyndan tiz bezigdi. Atasynyň irginsiz dümtünip oturmagy soňabaka ony irizip başlady. Ussahanaň içi oňa öňkülerden dar göründi. Diwarlardan asylgy ululy-kiçili küýzeler, döwük-ýenjik şaý-sepler kejebesini daraltdy. Ol ussahana gatnamagyny kesmek üçin, her hili bahanalar hem tapyp gördi. Ýöne baryp, atasyna aýtmaga welin çekinýärdi. Ol sapalaklara gojanyň düşünäýmegi ähtimaldy. ...Bu günem günortan dünýä dymyşlyk aralaşdy. Töwerekde yns-jyns görnenokdy. Oglanjyk ýeňsesini tüňňerdip barşyna, köne jykyryň gabadynda saklandy. Bir zatlar hüňürdäp, aýagyna batan tikeni sogurmaga oturdy. Onuň göwnüne bolmasa, şu wagt bütin dünýä uka giden ýalydy. Kä şemal öwüsýärdi, kä çöp başy gymyldaýardy. hatda, ussahananyň depesinden çykýan inçejik ak tüsse-de, edil oklaw ýaly gös-göni asmana göterilip, şol ýerde-de dargaman sallanyp galýardy. bar zat doňup durdy. Günortanyň jokramasynda, beýniňi sarsdyryp barýan bu ümsümligi diňe garrynyň ussahanasyndan eşidilip duran çekiç tyrkyldysy bozýardy... * * * Şägirdi bosagadan ätläp salam berende, garry zergär çekijini sandala söýäp, ellerini öňe uzatdy. - Waleýkimessalam. Olar elleşip görüşdiler. Oglanjyk atasynyň salam alşynda birhili sowuklyk duýdy. Öwez öz ýerine geçip, aýbogdaşyny gurdy. "Ussaçylyk bilen weji ýok" diýdirmejek bolup, atasynyň işleýşini üns berip synlaýan kişi ýaly, öňe eglibräk oturdy. Goja bu gün kümüş çekiçleýärdi. Ol tutuşlygyna ak geýinipdi. Guşagy berk dartylyp, ýeňi bolsa çermelgidi. Her çekiç uranda, onuň göwresi sarsyp, duw-ak sakgaly galgap gidýärdi. Ýygyrt basyp giden, garaört ýüzünden şaglap der akýardy. Ol derler gyzyl ot kümşüň ýüzüne syçrap gidýärdi. Az salym geçenden soň, oglanjyk uklamakdan ätiýaç edip ugrady. Birsyhly gaýtalanyp duran çekijiň şaňkyldysy, körügiň haşşyldysy, gandym kömrüniň ysy edil meýmiredip barýardy. Irkilmän saklanaýmak ýeňil iş däldi. "Wah, şu wagt hiç kimiň şägirdi bolmasadyň!" - diýip, oglanjyk hemişekileri ýaly öz ýanyndan hyýal ýüwürdip ugrady. "Öz eliň, öz ýakaň bolsa. Isläp wagtyň wagtyň ýat. Islän wagtyň hem tur. Ýatyp-ýatyp hezil edeniňden soň hem gatykdan ýagşy garnyňy köjäp, çilim oýnamaga git. Tä, eliň aýasy pakgarýança oýna. Üst-başyň görer ýaly bolmaz. Soň Miwe ejeleriň güzerine tarap eň. Bäý, şu suwa düşmek gowy-aý. Tuda dyrmaşyp, başşak uraňda, depe saçyň üýşüp gidýändirem welin, pagşyldap suwa gaçaňda, janyň hezil edäýýär". ...Goja kümüş çekiçlemesini goýanda, Öwez ýalpa gözüni açdy. Irkilendigini aňyp, ör-gökden geldi. Ogurlykda tutulana döndi. Ýer ýarylmady, ol girmedi. Onuň bagtyna goja wagtynda dillendi: - Bar, gözüň awusyny al, ýadansyň... * * * Bu günem süýr günortan itden-guşdan ses-seda ýok. Başga wagt bolanlygynda seňkildäp gapdalyňdan çykýan mähnet köpek hem şu pille dünýeden bizar, haýatyň bir garyş kölegesinde tumşugyny ýere berip, hassyldap ýatyr. Aňyrrakda, gamyş kölegäň aşagyndaky alaşa bolsa bir gapdaala gyşaryp, sülleren ýorunjany erninden sallap, uklap dur. Ümsümligi diňe çekiç bozýar. ...Bu gün goja guşagyny gowşatdy. Der süpürýän ýaglygyny el ýeter ýaly ýerde goýup, öňüne arassa ak matany ýazdy. Eline ýaňy göşöýi tutdurylyp, arçalan gülýakany aldy, üfleşdirdi. Bir zatlar pyşyrdap, barmaklary bilen sermeşdirip, demir gutujykdan dilmaýany tapyp aldy. Onuň üstünden ýyl aşyp, çakry çykan ýylgyna meňzeýän guraksy, düwün-düwün barmaklary bu gün ýumşaşan ýalydy, ýagda ýatyrylyp eýlenen dek näzikdi. Goja çogdamlandy. Gülýakany ýaşaryp duran gözlerine ýakynlaşdyrdy. Şol pursatyň özünde-de kinniwanja dilmaýa iňňän seresaplylyk bilen öwrüm-öwrüm haşamlaryň içine aralaşdy. Goja gözlerini süzdi. Ölemen saz muşdagynyň iň söýügli sazyny diňlände bolşy ýaly dünýäni undup, kellesini yrap başlady. Goja zergär bu gün altyn çaýýardy. Onuň garşysynda, goşa dyzyny gujaklap oturan şägirt bolsa ýaňja uka gidipdi... * * * ...Tabydy alty adam göterip barýardy. Obanyň erkek kişileri bolsa, hüwwe ören garasar ýaly howlugyşyp, olaryň yzyna düşdüler. Öňe dyzan aýal-ebtat bir-birlerinden asylyşyp, ýer ýumruklap, ýolda galdylar. Öwez günüň howruna darka-darka ýarylan agajyň aşagynda durdy. Ol sessiz aglaýardy. Öz garry atasy bilen hoşlaşýardy. Onuň gözüniň öňüni duman tutup, gölegçiler ümürde barýan ýalydy. Olar barha daşlaşýardylar. Gözýetimde bolsa gümmeziň sudury görünýärdi. Oglan tisginip gitdi. Ony sowuk der basdy. Niredendir bir ýerden onuň gulagyna tanyş çekiç sesi eşidildi. Örän aýyl-saýyl eşidildi. Göz öňünde bolsa ýakynda tutulan toýlar, şagalaňlar janlandy. ...Gölegçiler gözden ýitip gitdiler. Çekiç sesiniň bolsa entegem eşidilip durşudy. Gaýtam, ol oglanjygy nirädir bir ýere çagyrýan ýaly, öňküdenem güýçli ýaňlanýardy. Oglanjyk dodagyny dişläp, yzyna gaňryldy. Göze görünmeýän, adaty däl bir güýç bilen iteklenýän ýaly, ýuwaş ýöräp, ussahana ýöneldi. Çekiç sesi ädim saýy güýjeýärdi. Öwez bat bilen gapyny itip, bosagadan ätledi. Ussahananyň içi gum-guklukdy. Oglan hopugan ýaly boldy. Sojap dem aldy. Garrynyň kümüş çekiji sandala söýelgi durdy. Çekijiň gapdalynda bolsa ýaňy başlanan üçgoşma bilezik küle bulaşyp ýatyrdy. Oglanjyk süňňüni zordan saklady. Özüni dürsäp, öňe ätledi. Çekijiň ýanyna baryp, usul bilen dyzyny epdi. Ony ömründe birinji gezek görýän ýaly, haýran galyp synlady. Dymyp oturdy. Titreýän barmaklary bilen, ol çekiçdir bilezigi külden göterdi. Tüsse deşiginden parran inýän gün şöhlesi garrynyň ornuny ýagtyldýardy. Ol ýer boş durdy. Oglanjygyň gözýaşy kepäp, oňa üýtgeşik bir manyly öwüşgin çaýyldy. Ol ýaýdana-ýaýdana atasynyň ýerine geçdi. Atasynyň ýaglygy bilen derini syldy. Şol pursat atasyna meňzäp gitdi. Ahyr soňy oglanjyk özüniň ilkinji, özbaşdak urgusyny göndermek meýli bilen atasynyň kümüş çekijini zordan ýokary galdyrdy. Daş-töwerek dym-dyrslykdy. Ne şemal öwüsýärdi, ne-de çöp başy yranýardy. Günortanyň jokramasynda beýniňi sarsdyryjy bu ümsümligi diňe ussahanadan eşidilip başlan, entek gowşagrak çykýan çekijiň sesi bozýardy. Kakajan AŞYROW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 13.01.1979 ý. | |
|
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |