19:13 Sahna eserleri şeýle döreýär | |
SAHNA ESERLERI ŞEÝLE DÖREÝÄR
Teatr we kino sungaty
Okyjylaryň göwnünden turan şygyr we kyssa eserleriniň ençemesiniň awtory Hemra Şirow dramaturgiýa žanry bilen hem yzygiderli meşgullanýar. Onuň ýazan drama eserleriniň onlarçasy ýurdumyzyň teatrlarynda dürli ýyllarda sahnalaşdyrylyp, tomaşaçyla- ryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Dramaturgyň ilkinji şowly drama eserleriniň biri «Akpamyk we döwler» atly sazly ertekisidir. Bu sazly drama-ertekini belli režissýor Kakajan Aşyrow 1984-nji ýylda şol wagtky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki-drama teatrynyň sahnasynda goýýar. Dramany kompozitor Daňatar Hydyrow saz bilen bezäp, çeper-bezeg işlerini suratkeş Batyr Bekmyradow ýerine ýetirdi. Esasan, körpe nesle bagyşlap ýazylan bu drama eseri şol döwre çenli diňe uly ýaşly tomaşaçylara niýetlenen pýesalary sahnalaşdyran akademiki-drama teatry üçin örän uly täzelik hem-de synagdy. Teatryň ýolbaşçysy meşhur sahna ussady Sona Myradowady. Bu talapkär halypanyň göwnünden turaýjak sahna eserini ýazmak örän kyndy. Drama mýuzikl görnüşinde ýazylyp, onda onlarça aýdymlar ýerine ýetirilýärdi. Aýdymlar M.Gulmämmedowa, A.Garýagdyýew, A.Ilamanow, A.Annarejebow, Ç.Saparmyradow... ýaly görnükli aýdymçylaryň aýtmagynda ýazgy edilip, tomaşanyň dowamynda ses ýazgyda berlip, artistler ony özleri ýerine ýetirýän ýaly improwizir- leýärdiler. Bu täze röwüşdäki spektakl tomaşaçylara juda ýaraýar. Ilki ony günüň birinji ýarymynda çagalara we mekdep okuwçylaryna görkezip başlaýarlar. Tomaşany görmäge höwesekleriň köplügini göz öňünde tutup, soňra ony öýlän — günüň ikinji ýarymynda hem gaýtalaýardylar. Emma höwesek tomaşaçylaryň egsilmeýänligini, hat-da ene-atalaryň, doganlyk halklaryň wekilleriniň hem bu tomaşany synlamak isleýändigini göz öňünde tutup, ony agşamyna rus diline terjime hem edilýän görnüşde (sinhron terjime) goýberip, bir günüň dowamynda üç gezek görkezip başlaýarlar. Keşpleri ýerine ýetirýänleriň surnukmazlygy üçin dublýorlary — keşpleri gaýtalaýjy aktýorlaryň sanyny köpeldýärler. Şeýdip, «Akpamyk we döwler» birnäçe teatr möwsüminde iň köp tomaşaçy ýygnaýan spektakl bolmagynda galýar. «Akpamyk we döwleri» synlap, öz aýtmagyna görä, «oňa aşyk bolan» režissýor Kadyr Atabaýew şol wagtky Türkmen döwlet opera we balet teatrynda bu köp öwüşginli tomaşany sahnalaşdyrýar. Soňra bu tomaşany režissýor Aýnazar Batyrow täze açylan Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrda sahnalaşdyrýar. Bulardan başga-da, «Akpamyk we döwler» käbir etrap halk teatrlarynda goýlup, her ýyl geçýän teatr bäsleşiklerine alnyp gelinýär. «Akpamyk we döwler» türk- men teatr sungatynda ilkinji mýuzikldir. Bu şowly tomaşa barada öz döwründe ýurdumyzda we Moskwada çap edilýän gazet-žurnallarda birnäçe öwgüli synlar berlipdir. «Akpamyk we döwleriň» sahnalaşdyrylanyna 35 ýyldan gowrak wagt geçse-de, bu tomaşany häzir hem uly höwes bilen ýatlaýarlar. Ondaky meşhur aktýorlaryň döreden keşplerini spektakla tomaşa edenler häzir hem unudanoklar. «Akpamyk we döwleriň» şowly çykmagyny göz öňünde tutup, şol döwürde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar bölüminiň repertuar-redaksiýa ulgamynyň başlygy bolup işleýän Saýlaw Myradow H.Şirowa meşhur «Görogly» eposy esasynda ýaşlara niýetläp, hut şeýle terzdäki sahna eserini ýazyp bermegi tabşyryp, ýanyna kompozitor Rejep Rejebowy berkidýär. «Görogla» ýüzlenilip edilen şeýle sahna işleriniň ýok wagty bu örän töwekgelçilikli tabşyrygy boýun alyp, H.Şirow «Göroglynyň ýaşlygy» atly sazly dramany ýazýar. Dramadaky aýdymlary ýene-de ýurdumyzyň görnükli aýdymçylaryna aýtdyryp, ýazgy etdirip, tomaşanyň dowamynda artistler ol aýdymlary improwizirleýärler. Şonda Rejep Rejebowyň «Göroglynyň ýaşlygyna» ýazan, merdemsilik, Watanparazlyk äheňine ýugrulan tomaşa kybap sazy hem, teatr bezegçisi B.Kubikowyň bezeg işleri hem şowly çykýar. Şol döwürde türkmen teatryny täze belentliklere götermek hyjuwyna ýugrulan S.Myradow bu sahna eserini dessançy bagşylaryň «Göroglyny» ürç edip aýdýan welaýatynda, has takygy, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda sah- nalaşdyrmagy owal başdan ýüregine düwýär. Bu batyrgaý niýeti babatda dramaturga hem-de kompozitora: «Masgara bolmak howpy bar. Şonuň üçin örän gowy eser döretjek boluň!» diýip, öňünden duýdurýar. Netijede, 1986-njy ýylyň ýanwar aýynyň başlaryna režissýor Geldi Seýidowyň sahnalaşdyrmagynda «Göroglynyň ýaşlygynyň» ilkinji görkezilişi (synag görkezilişi) bolýar. «Spektakl soňlanansoň, şeýle bir dym-dyrslyk boldy welin, «şowsuzlyga uçradyk öýdýän» diýen pikir hyýalyma geldi. Birdenem güýçli el çarpyşmalar tomaşa jaýyny ýaraýjak bolup, tomaşaçylar sahna ylgaşyp çykyp, keşpleri döreden artistleri gujaklap, hoş sözleri aýdyp, gutlap başladylar. Bizi — awtorlary hem sahna çagyrdylar. Begençlerinden ýaňa gezekli-gezegine gujaklap, aýagymyzy ýerden üzüp göterýärdiler. Sahna çykan tomaşaçylaryň arasynda ýaşlar-da, goja kişiler-de, «Gowy iş edipsiňiz!» diýip, mähremlik bilen arkamyza kakýan garryja eneler-de bardy» diýip, H.Şirow ýatlaýar. Dramaturg Hemra Şirowyň ýene-de bir şowly dramasy «Beset bilen Depegöz» pýesasydyr. «Gorkut ata» eposynyň bir boýy esasynda ýazylan bu pýesany režissýor Ç.Işangulyýew 1994-nji ýylda şol wagtky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki-drama teatrynda sahnalaşdyrýar. Ahlak päkligi, halallyk, merdemsilik hakda söhbet açylýan bu spektakly belli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarow saz bilen bezeýär. Çeper-bezeg işlerini suratkeş Şadurdy Alowow ýerine ýetirýär. Pajygaly ahwallara baý, batyrgaý äheňde ýazylan bu sahna eserinde şol döwrüň onlarça görnükli artistleri keşpleri janlandyryp, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýarlar. Hemra Şirowyň ýene bir sahna eseri «Jadygöýiň agyryly dişi ýa-da Böwenjigiň täze başdan geçirenleri» atly ertekisidir. Bu pýesany 1996-njy ýylda režissýor Baýram Seýdillaýew şol döwürdäki A.Gulmämmedow adyndaky türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynda sahnalaşdyrýar. Bu erteki körpe tomaşaçylaryň göwnünden turup, uzak ömürli spektakla öwrülýär. Ol häzir hem Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda görkezilýär. Bu spektaklda baş keşpleriň birini ýerine ýetiren artist A.Kiçiýewa şeýle gürrüň berýär: «Režissýor Baýram aga şonda Aşyr atly oglanjygyň keşbini näme üçindir maňa — teatr studiýasynyň okuwçysyna hödürledi. Belki, boýumyň kiçiligi üçin şeýdendir. Oglanyň keşbiniň hödürlenmegine birbada gatyrgandym. Emma pýesany okamsoň, bu keşp maňa şeýle bir ýarady welin, Baýram aganyň goldawy bilen döreden ilkinji şowly keşplerimiň biri boldy. Ol keşbi juda köp ýyllar oýnadym. Ilki ýaşajyk okuwçydym. Onsoň durmuşa çykdym. Gyzym doglup, ulalyp, meniň spektakly oýnap başlan ýaşyma ýetensoň, Aşyryň keşbini şoňa ynandym. Häzir ol keşbi gyzym oýnaýar. Bu tomaşa körpeleriň juda göwnünden turýan, gülküli hem terbiýeçilik tarapy güýçli tomaşa». Dramaturg H.Şirowyň Türkmen döwlet gurjak teatry bilen işleşip, olarda sahnalaşdyrylan oýunlary barada hem aýratyn durlup geçilse, göwnemakul bolar. Bu teatrda dramaturgyň «Ýartygulagyň başdan geçirenleri», «Al ýaňak», «Ýeserje güjük», «Öweý eje» pýesalary sahnalaşdyrylyp, körpe tomaşaçylara hödürlenildi. Bu tomaşalaryň dördüsini-de režissýor Ylýas Durdyýew sahnalaşdyrdy, suratkeş Batyr Bekmyradow çeper bezeg işlerini ýerine ýetirdi. Bu tomaşalar häzir hem her möwsümde yzygiderli görkezilýär. Dürli ýurtlarda her ýyl geçirilýän gurjak teatrlarynyň halkara bäsleşiklerine äkidilýär. Ol ýerde gowy görlüp, öwgä mynasyp bolýar. Dramaturg Hemra Şirowyň drama eserleri «Japbaklar», «Asman inmez...» ýaly dramaturglaryň eserleriniň dürli ýyllarda çykarylan ýygyndylaryna hem girizildi. Ussat dramaturgyň döredijilik terjimehaly hem-de «Döw, Kelje we gär geçi» pýesasy 1997-nji ýyldan başlap orta mekdepleriň 4-nji synpynyň «Edebiýat» sapagynda birnäçe ýyl öwrenildi. Hemra aganyň «Ruhdan düşmäň!» atly dramasy meşhur rus dramaturgy Eduard Bobrowyň rusça terjime etmeginde «He предавайтесь отчаянию» diýlen at bilen Moskwada kitap edilip çykaryldy. Onuň ýazan pýesalary dürli ýyllarda professional teatrlaryň repertuary üçin yglan edilen drama eserleriniň ýapyk bäsleşiklerinde bir- näçe gezek birinji we ikinji orunlara mynasyp boldy. Dramaturg belli kompozitor Rejep Rejebow bilen bilelikde «Gedem horazjyk», «Işýakmaz gurbaga», «Pişik batyr we onuň gelni» ýaly çagalar üçin operalary hem ýazdy. H.Şirowyň Mekdep teatr gurnaklary üçin ýörite ýazan sahna eserleriniň ençemesi «Älemgoşar», «Güneş» žurnallarynda dürli ýyllarda çap edilip, körpeje artistlere ýetirildi. Şeýle-de, 20-den gowrak iri göwrümli, otuza golaý çaklaňja sahna eserlerini ýazdy. H.Şirow «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda 2007-nji ýylda gör- kezilen, režissýor Mekan Sylabowyň surata düşüren «Jadygöýiň arçasy» atly çagalar üçin erteki-filmiň edebi ýazgysyny hem ýazdy. Meniň hut özüm hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplaryna okuw gollanmasy hökmünde Hemra Şirowyň «Hyýalbent» hekaýasy esasynda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň durmuşyna bagyşlanan «Köňül penjiresi» atly çeper filmi surata düşürdim. Dramaturg teatrlarymyzda sahnalaşdyrylan onlarça spektakllar barada öz döwründe resenziýa-synlary hem ýazyp, gazet-žurnallarda yzygiderli çykyş etdi. Çaryýar SEÝIDOW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, kinorežissýor. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |