17:03 Sahylyk hakda aýdym | |
SAHYLYK HAKDA AÝDYM
Edebiýaty öwreniş
Gadymy türkmen edebiýatyna göz aýlasañ, klassyk şahyrlaryñ taryh ylmy bilen hem içgin gyzyklanandygyna göz ýetirmek mümkin. Andalyp hindi, arap, pars we türk äleminiñ taryhyny çuñ bilen we ýeterlik özleşdiren adam bolupdyr. Ol eýýäm gündogar hekaýatlarynyñ hem uly toparyny özleşdiripdir. Araplaryñ Sagdy Wakgas baradaky rowaýatlary Andalybyñ ünsüni özüne çekipdir. Ol haýsydyr birwagtda "Sagdy Wakgas" atly dessany hem döredipdir. "Sagdy Wakgas" dessany şygyr bilen ýazylypdyr. Ol eseriñ Andalyba degişlidigi, garaz, dessanyñ öz süññünden mälim bolýar. Dessanyñ başynda "Andalyp tilige geldi hekaýat, An hezretden kylar turfa rowaýat" diýilýär. Bu delil eseri Andalybyñ döredendigi, özem rowaýat esasynda ýazylandygy hakda aýdýar. Däbe görä, dessanyñ soñunda hem Andalybyñ awtor hökmünde ady getirilipdir: "Andalyp diýr dünýä öter eglenmez, uşbu dünýä kime eýledi". Andalybyñ "Sagdy Wakgas" eseriniñ göçürme golýasmasy XIX asyryñ ortalarynda ýazylypdyr we iñ irki hasaplanýan şu nusga Golýazmalar institutymyzyñ golýazmalar fondunda, 1849-njy bukjada saklanýar. Beýleki sataşýan nusgalar, aglaba, şundan soñky döwre degişli bolup durýar. Golýazma synlamalara görä, täze hasap bilen 1842-nji ýylda göçürilipdir. Bu bolsa söz we pikirleriñ, jümle we şahyrana söz düzümleriniñ ölçeg we nezuralaryñ mümkin boldugyça sazlaşykly gelmesi, ünsli göçürilmesi onuñ gymmatyny artdyrýar. Andalybyñ "Sagdy Wakgas" dessanynyñ ýene bir nusgasyny wenger alymy A.Wamberi Orta Aziýa syýahaty mahalynda (1863) ele düşüren borly. Ol bu "Sagdy Wakgas" eserini özi bilen alyp gidipdir we baryp Leýpsigde neşir edilen "Çagataý edebiýatynyñ hrestomasiýasy" atly kitapda ýerleşdirilipdir. A.Wamberi eseriñ mazmunyny Ýewropa okyjylaryna düşnükli bolsun diýip nemes dilinde beripdir. Şu-da, megerem, Andalybyñ "Sagdy Wakgas" dessanynyñ Ýewropa ilki çykyşy bolsa gerek. Soñky zamanlarda kitap söwdasynyñ güýjemegi bilen neşirçiler "Sagdy Wakgas" bilen gyzyklanypdyrlar. 1916-njy ýylda Daşkentde O.A.Persowyñ çaphanasy bu eser bilen gyzyklanypdyr we muny "Seýpelmelek-Methaljemal", "Asly-Kerem" "Fizulynyñ "Leýli-Mejnun" eserleri bilen bir jiltde özbaşyna bir bitewi kitap edip çap edipdir we Türküstana ýaýradypdyr. Ol neşiriñ nusgalary şu wagta çenli saklanyp gelipdir. Andalyp giñ dünýägaraýşa eýe bolan, edebiýat, filosofiýa, taryh hem poetika ylymlary bilen çuñ tanşan şahyr bolup, ol türkmeniñ iñ tanymal alymlarynyñ biridir. Gündogarda şeýle bir rowaýat hem hekaýatlar gezendelik bilen aýlanyp ýörüpdir, olaryñ her birisi ýaýbañ bir epiki eserlere esas, gönezlik, maýa bolup bilipdir. Ýene-de Gündogarda şeýle bir täsin şahsyýetler bolup, olaryñ töweregi dürli taryhy wakalar, rowaýatlar, şorta sözler, legendalar hem-de hekaýatlar bilen älemgoşar ýaly agyllanyp durupdyr. Ol şahsyýetler barada uly-kiçi möçberlerde elli sany, belki, ýüz sany çeper-edebi eseri ýazmak mümkin. Türkmeniñ uly alymy hökmünde Andalyp hindi, arap, pars çeşmelerinde uly alymlaryñ, şahyr filosoflaryñ eserlerinde we edebi ýazgylarynda ýüzlerçe, belki, müñlerçe täsin hekaýatlary görüpdir we olary öwrenipdir. Aýdaly, Ferideddin Attaryñ her eseri şeýle rowaýatlaryñ we hekaýatlaryñ merjenleri bilen bezelipdir. Pars dilinde ýazylan ol eserleri tiz türkçä terjime edipdirler, ony şygyr bilen işläpdirler. Olaryñ dürli nusgalary Türkiýäniñ Topgapy kitaphanasynda, ýene Bursa şäherindäki kitap öýlerinde sataşypdyr. Ýa-da arap goşun serkerdesi, şahyr Aly ibn Abu Talyp (r.a) bilen bagly bir müñ töweregi waka we taryh agzalypdyr. Şolardan, takmyn, 60 pursat eýýäm araplaryñ abraýly kitaplarynda ("Yslam ensoklopediýasy", tom I, sah: 306-310) Aly ibn Abu Talyp (r.a) bilen bagly hekaýatlar, şygyrlar hatda onuñ ogullary Hasan we Hüseýin (r.a) hakda Kerbela jeñi bilen bagly dessan ("Hasan-Hüseýin" dessany) Andalypda, Azadyda, Magtymgulyda we başgalarda işlenipdir. Şeýle işlenilen hekaýatlar gündogar edebi akyma görä, nezire atlandyrylypdyr we özbaşyna uly edebi ýola öwrülipdir. Andalybyñ "Sagdy Wakgas" eseriniñ gysgaça mazmuny şeýledir: Arabystanda pygamber Muhammet ibn Abdylla (s.a.w) metjitde sahylyj hakda wagyz edýän eken. Kimdir biri turup, oña sowal beripdir: "Kuran" içinde on dört ýerde sahy düşünjesi bar, ol kim üçindir?" Muhammet ibn Abdylla (s.a.w): "Sagdy Wakgas bolgaý ol sahy aýan" diýip jogap berýär. Özünu mertlikde we sahylykda taýsyz diýip oýlap ýören Aly ibn Abu Talyp (r.a) öýkeläp, bu mejlisden synyny silkip, turup gidýär. Baryp aýaly Patma (r.a) ýagdaýy mälim edýär. Patma bolsa: "Gammary çagyrgyl, Sagdy Wakgasyñ üstüne ibergil, onuñ ogly Abdyllanyñ gany derde dowa gerek boldy, şony bergil" diýip aýtsyn" diýýär. Gammar eli kädili Sagdy Wakgasyñ öýüne barýar, dowa üçin ondan ogly Abdyllanyñ ganyny dileýär. Sagdy Wakgas razy bolýar. Abdyllanyñ gany kädä dökülýär. Şeýdip Sagdy Wakgas sahylygyñ ýene bir keramatyny görkezýär. Soñ bolsa Sagdy Wakgasyñ şu hormatynyñ hatyrasyna we ogly Abdyllanyñ razylyk hatyrasyna oglana täzeden jan gelýär. Gündogarda Hatam Taý sahylygyñ simwoly bolup gelipdi. Yslam dünýäsi diniñ içi bilen öz sahylyk simwolyny täzeden işleýär. Ine, şu rowaýat: haýsy sebäbe görä bolsa-da şahyr we akyldar Andalyby şeýda edipdir. Ol şu sahylyk ideýasy bilen Horezme, Horasana belki, bütin türki dünýä täsir etmek, garyplaryñ dünýäsini goldamak isläpdir. Andalyp üçin çeşme entek bize mälim däl. Sagdy Wakgas bilen bagly hekaýaty belki, arap ýazgylarynda görendir, belki, pars ýa-da türki edebiýatda görendir. Belki, ol bu sýužeti döwürdeşi Döwletmämmet Azady bilen söhbetlerde ýatlaşandyrlar. Garaz, Sagdy Wakgas hekaýaty Andalyba mälim bolupdyr. Birnäçeleri Andalybyñ Eýrana, Yraga, Arabystana syýahaty barada çaklaýarlar. Muny tassyk etmek-de, inkär etmek-de, elbetde, kyn. Onuñ Bagdatda terbiýe alan Fizulynyñ "Leýli-Mežnun" eseri bilen tanyş bolany alym R.Rejebowyñ ylmy subutlaryndan soñ bize mälim. Sagdy Wakgas akyl we pikiriñ döredijilikli önümimi ýa-da anyk taryhy bir adammy? Biziñ gözleglerimize görä, Sagdy Wakgas çeper pikiriñ tapan obrazy däl-de, taryhy şahs. Eýsem ol kim, haçan, nirede, nähili ýaşap ötüpdir? Onuñ doly ady Sagd ibn Aby Wakgas görnüşinde ýazylypdyr. Ol Arabystanda VII asyrda ýaşapdyr. Yslamy esaslandyryjy Muhammet pygamberiñ egindeşleriniñ biri bolupdyr. Abu Bekirden soñ halyfatyñ başyna geçen Omaryñ buýrugyna görä, uly goşun bilen Arabystana harby ýörişe çykan we Eýran serhetlerinde peýda bolan hem şu harby serkerde Sagd ibn Abu Wakgas bolupdyr. Görnüşi ýaly, Sagdy Wakgasyñ añyrsynda taryhy şahs ýatýar. Has irki taryhy edebi çeşmeler bolsa, bu maglumatlaryñ irkidigine güwä geçýär. Arap we Eýran taryhy wakalary meşhur Tabarynyñ, ibn al-Asiriñ "Kämil taryhlarynda" agzalýar. Hatda şol eýýamlara has ýakyn we iñ ähtibar çeşme hasaplanýan Ferdöwsiniñ "Şanama" eseri arap we eýran söweşleri, Sagd ibn Abu Wakgasyñ Eýran mülküne uly güýç bilen gelşi we 633-nji ýylda özüne garşy duran Horasanyñ hökümdary Rüstem ibn Ferruh-Hurmuzd bilen gazaply söweşleri, araplaryñ ýeñişleri hakdaky wakalary giñden we şahyrana beýan edipdir. Andalybyñ "Sagdy Wakgas" dessany şeýle başlanýar: "Diñle bir hekaýat. Hezreti Gaffar Gudratyny bir-bir nema eýledi". Soñ mazmun şeýle çöşlenip ugraýar: "Bir güni mesjitde Resul Muhammet Ulusga nesihat kylardy bihet". Gürrüñ sahylyk, myhmanparazlyk, jomartlyk hakda barýar. Jemgyýetde, tutuş garyplaryñ halas edilmeginiñ, goldanylmagynyñ hatyrasyna barýan sahylyk söhbeti esas edilip goýlupdyr. Eseriñ esasy maksadynyñ ahlak meselesidigini, sahylykdygyny, onuñ haýsydyr bir yslam wekillerini, onuñ uly şahslaryny şanlandyrmak, wasp etmek däldigini duýmak añsat. Andalyp yslamçylyk garaýyşlardan, elbetde, daşda durmandyr. Ýöne sungatda onuñ wezipesi we borjy sahylygy şanlandyrmak. Ol ozaly bilen beýik ideýa we pikirleriñ aýdymçysydy. Şol wagtda onuñ bu niýetleri göze görnüp durany üçin, "Sagdy Wakgasy" ilki öwrenijiler hem eýýäm onuñ şu niýetini bada-bat görüpdirler. Professor M.Kösäýew we professor B.Garryýew "Türkmen edebiýatyndan hrestomatiýa" atly kitaplarynda şony belläpdirler: "Talantly şahyryñ "Sagdy Wakgas" eseri-de dini rowaýat esasynda düzülip, ruhany Sagdy Wakgasyñ sahylygy hakda gürrüñ edýär, şonuñ üsti bilen jomartlyk we myhmanparazlyk ýaly häsiýetler nesihat edilýär". Eserde janly bir hereket bar. Adamlaryñ gatnaşyklary-da, sözleýişleri-de, Aly Abu Talybyñ tamasy çykman, silkinip turup gaýtmagy-da, real gatnaşyklaryñ galypyna salnypdyr. Bu ýerde diwan edebiýatynyñ şol dabaraly sözleri ýok, metjidin ýanynda adaty gep, söz, söhbet, sorag we jogaplar bar. Eserde, elbetde, fantastiki, romantiki äheñler hem köp. Andalyp ideýa we pikiriñ netijeliliginu has artdyrmak, ony has duýgulandyrmak, onuñ ruhy ahwalyna ýiti täsir ýetirmek üçin üýtgeşik täsirli tärlere ýüzlenýär. Romantiki eserlerde beýle ýagdaýlar fantaziýa belentligi hasap edilýär. Awtor adatdan daşary waka bilen okyjynyñ duýgularyna tupan salýar, ony tas dälilik hetdine ýetirýär. Ine, Gammaryñ kädili barmagy we onuñ Sagdy Wakgas bilen duşuşyp, söhbete başlamagy okyjyny galpyldadyp ugraýar. Gammar keseline em üçin Abdyllanyñ ganyny dileýän pursaty dartgynlylygyñ iñ ýokary derejesidir, iñ ýokary nokadynyñ öñ ýanyndaky pursatdyr. Okyjy bu zabunlyk zerarly näçe hasrata batsa-da, sahylyk ideýasynyñ dabarasyna we ogluñ ata belent hormatynyñ hatyrasyna öz ýanyndan kanagatlanma tapyp oturýar. Andalybyñ "Sagdy Wakgas" eseri sahylyk hakdaky tämiz aýdymdyr. Bu ideýa hemişelik ideýalygy bilen-de gözeldir. Şu ideýany işlemek bilen Andalyp özboluşly eseri miras goýup gidipdir. Tejen NEPES. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||