04:06 Ýakup beg Türkmen | |
ÝAKUP BEG TÜRKMEN
Taryhy şahslar
Türkmen şahyry we hökümdary Ýakup beg türkmen barada baryp Nowaýy Hyratda ýazan “Mejalis un-nefaýys” atly tezkiresinde ýörite durup geçipdir. Emma, biz edebiýat alymlary ol barada ýa-ha agzamaýarys, ýogsa-da juda az gürrüň berýäris. Hakykatda, Ýakup beg türkmen barada arap, pars, türki we ermeni, gürji çeşmelerinde dürlüçe maglumatlar berlipdir. Türkmenler gadymdan Ýer togalagynyň gündogar bölegine giňden ýaýrapdyrlar. Türkmenlerden alymlar, ýazyjylar, arhitektorlar, ylahyýetçiler, harby we syýasy işiň ýolbaşçylary ösüp ýetişipdirler. Uly soltanlar, şalar, hökümdarlar, syýahatçylar kemala gelipdirler we döwrüniň syýasy we medeni şertlerine görä hereket edipdirler. Bular barada arap, pars, köne türki, hytaý we owgan, hindi dillerindäki köne ýazgylarda juda köp aýdylypdyr. Ýakup begiň döwlet, syýasat, ylym we medeniýetdäki hyzmatlary barada aýtmak filologlaryň wezipesidir. Emma, haýp, türkmeniň uly taryhy barlaglarynda biz Ýakup beg türkmene sataşmaýarys. Türkmenistanyň durmuşynda Garaşsyzlyk beýik taryhy waka boldy. Pikirler we düşünjeler bendilikden boşanan ýaly boldy, aýdyňlyga çykdy, hereket meýdany giňişlenip gitdi, töwerek bütin ýagtylana, nurlanana döndi. Biz indi Hytaýy, Hindistany, Yragy, Türkiýäni, Eýrany, Orsyýedi, Arabystany, gysgasy Aziýany we Ýewropany täzeçe açdyk, täzeçe-de görýäris. Erkinlik bize şol uzak ülkelere arkaýyn gidip-gelmeklige kepil geçýär. Ine, biz Ýakup beg türkmeni islendik döwletleriň gazna we kitaphanalaryndan agtaryp bileris. Biz olaryň haýsy birine girsek-de, Ýakup beg türkmen barada maglumat taparys, eli boş, gury çykyp gaýtmarys. Aýdaly, Bagdat, Gürjüstan ýogsa-da Ermenistany alyp görüň. Meselem, Ermenistanyň meşhur Matenedaran köşgi ylymda meşhurdyr. Matenedarany türkmen ylmy ozal hem bilýärdi, eşidýärdi. Ine, şeýle dürli çeşmeler bizi türkmeniň taryhynyň içine alyp barýar. Ine, şular hem hökman bütewi türkmen taryhyna damja-damja akyp gitmäge degişlidir. Bu gün türkmen döwletiniň Ermenistanda gadymy eýýamdaky agalygynyň taryhy bilen gyzyklanjak adamlar tapylar diýen umydymyz bar. Ol döwür hakda şol eýýamlardan başlap gyzyklanypdyrlar. Wenesiýada ýaşan we işlän ermeni alymy Alişan öz “Aýrarat” atly çap eden möhüm işinde türkmenleriň XV asyrda Ermenistanda bolandygy barada söhbet açýar. Bu köne maglumatlar biziň üçin taryhyň täze teatryny açmagyň çeşmeleridir. A.Papazýanyň ýazmagyna görä, haýsydyr bir türkmen emiriniň gubury Ýerewan şäheriniň ýakynynda, Argawand obasynda bolup, onuň üstündäki belent ýadygärligiň ýüzünde ýazgylar hem saklanypdyr... Türkmen soltany Ýakup beg türkmeniň taryhy Ýerewanda hem mälim. Ýakup beg türkmeniň nesil şejeresi uzyn bolupdyr. Onuň kakasy Hasan han baýandury 882 h./1447-nji ýyllarda aradan çykypdyr. Haýsydyr bir şahyryň ýylýazgysy hem şony aňladypdyr. Onda şeýle sözler bar: “Şah din perweri adil”. Şu jümläniň ebjet hasabyna salynmasy onuň aradan çykan ýylyny görkezipdir. Bu bolsa şol 882 h / 1478-nji ýyl bolýar. Meşhur taryhçy Bidlisi öz “Şarafnama” atly düýpli eserinde Hasan beg türkmeniň nesil daragtyny getiripdir: “Onuň ýedi ogly bolupdyr. Ugurly Muhammet, Maksud beg, Mürze Ýakup, Mürze Mesih. Olardan Ugurly Muhammet we Zeýnal beg kakasynyň diri wagty o dünýä gidipdirler”. /Bidlisi, “Şarafnama”, t.11, 1976; 135 s./. Şeýlelikde, Hasan beg dünýäden ötende onuň yzynda 5 sany ogly bardy. Ine, Hasan beg dünýäden ötenden soň, Töwriz tagtynyň üstünde ogullarynyň arasynda göreş başlanýar. Şolaryň arasynda aýratyn zehinli Ýakup beg türkmeniň ýagdaýy we goldawy artykmaçdy. Ýakup beg ýöne bir şazada bolup oňman, eýsem asylzadady. Ol ylymdan, harby sungatdan, edebiýatdan taýýarlykly şahsyýet bolupdyr. Şahyr hökmünde köşkde tanymal bolupdyr. Onuň ady eýýäm Töwrizden alyslara ýaýrapdyr, dürli risala we depderlere düşüpdir. Ilki Mürze Ýakup, soň Ýakup beg türkmen diýlip tanaldy. Taryh ony Ýakup Hasan patyşa türkmedn ogly, Ýakup soltan diýip hem tanadyp ugrar. Diňe Töwriziň däl, tutuş ýurduň, onuň töwereklerinde hökümdary bolmak bilen söz sungatynyň-da soltany diýlip tanalar. Şeýle derejä ýetmek üçin Töwriz köşgünde gazaply söweşleriň ody içinde taplanmalydy we ýeňiji bolmalydy. Tagt ugrundaky söweşleriň esasy adamlary bardy: Töwriz oguz kowumlarynyň baryp dolan, juda köp toplanan, ýaşaýan paýtagtydy. Şu mähellede Ýakup beg peýda boldy. Ugurly we Mesih dünýäde ýokdular. Halyl onuň uly ogly bolup galypdy. Ýakup soltan onuň beýleki ogludy, agyzlydy. Aga-ini tagt üçin jeňe giripdi, gylyç göteripdi. Tagt iki dogany gandara aýlandyrýardy. Iki dogan Hoýyň ýanynda sataşýarlar we aýylganç jeňe başlaýarlar. Bu amansyz jeňde Ýakup beg öz agasy Halyl begi ýeňýär, ony tussag edýär... Soň Halyl öldürilýär. Ýakup beg söweşjeň esgerleri bilen Töwrize girýär we zynatly tagty eýeleýär. Bu taryhy dabara Ermenistandaky köne golýazmalarda bellenilipdir. Şol waka 1481-nji ýylda bolup geçipdir. Hakykatda, beýleki taryhy barlaglarda ol wakanyň esli öň, 1478-nji ýylyň 15-nji iýulynda bolup geçenligi aýdylýar. Taryhy ýazgylarda anyklaşdyrylyp, şu hili aýdylýar. 882 h. / 1477-1478-nji ýylda Hasan beg aradan çykan badyna, köşk aristokratiýasy kakasynyň tagtyna gizlinlikde Halyl begi oturdypdyr. Oňa Soltan Halyl at beripdirler. Soltan Halyl beg, haýsydyr bir sebäbe görä, öz agasy Maksut begi tussag edip türmä taşladypdyr, soň jezalandyrypdyr. Bu hereket yrsarap ýören Ýakup begi gazaba mündüripdir, 883 h./1477-1478-nji ýylda, ýazda Ýakup beg agasy Soltan Halylyň garşysyna gozgalaňa başlaýar. Ol 14-nji rabyg es-sanyda, üçünji günde, ir bilen Hoý derýasynyň boýunda, gazaply jeňde öldürilýär. Ine, şundan soň Ýakup Töwrize girýär we tagty eýeleýär. Olaryň iki kiçi inileri bolan Ýusup we Mesih beg hem Ýakubyň tagtda oturmagyny makullaýarlar. Ine, şu ýerden başlap ol Soltan Ýakup diýlip atlandyrylyp başlanýar. /Bidlisi. “Şarafnama”, t.II, 1976, 135 s./. Ýakup begiň hökümdarlyk döwri-de şundan başlanypdyr. Akgoýunly döwletiniň düzümine köp ülkeler girýärdi. Ermenistan hem şu düzümiň içine düşüpdi. Şol sebäpli ermeni taryhy çeşmelerinde Ýakup türkmene degişli ýazgylar hem sataşýar. Ýakup soltanyň dabarasy, edebiýatdaky abraýy Köpetdagdan we Horasan çöllerinden aşyp, Hyrat köşgüne, Nowaýa hem ýetipdir. Nowaýy “Mejalis un-nefaýys” atly tezkiresinde Mir Seýit Hasan Abywerdini agzaýarka, Ýakup begi hem ýatlaýar. Abywerdi ylymlarda üstün bolsa-da, şahyrlyk sungatynda o diýen belent derejä ýetip bilmedik bolarly. Ol Horasana gelende şeýle bir beýt aýdypdyr: “Eý, seniň ýüzüňe mährine jahan hyzmatkärdir, Bir Ýusuba goýupdyrlar Ýakup diýen at” /Nowaýy,”Mejalis un-nefaýys”, Daşkent, 1961, 151 s./. Horasan şahyrlary edebi mejlislerde synçylyk bilen bu beýdi makullamandyrlar, belki tankyt edipdirler. “Bu beýdiň manysy ýok, ölçegi-de saz bolman nädogry çykypdyr”. Şeýdip jedel gyzypdyr. Ahyrda Abywerdi şu şygryny hata ýazyp, baha kesdirmek üçin Yraga gidýän ýörite adamlary tapyp, hut Ýakup Mürzäniň özüne ugradypdyr. Diýmek, Abywerdi şol Ýakup türkmen bilen ýa-ha bir ýerlerde duşupdyr, ýogsa-da Ýakup beg türkmeniň şygyr tanamakdaky ukybyny eşidip, baha kesmek üçin oňa ýollapdyr. Bu wakanyň soňunyň näme bilen gutarany bize mälim däl we bu barada Nowaýy “Mejalis un-nefaýysda” hiç hili maglumat bermeýär. Ýöne ol beýdiň manysynyň garaňky diýilmesi bilen ylalaşmak bolmaz. Sebäbi, beýt Ýakup beg türkmen hakda sözleýär. “Seniň ýüzüň” diýip Ýakup beg türkmen göz öňünde tutulýar. Dünýäniň oňa hyzmatkär bolmasy Ýakubyň öz döwletini adyllyk bilen edara etmesidir. Ol edil şol Müsür soltany Ýusup ýalydyr. Ýöne oňa Ýakup diýip at goýan ekenler. Bu beýdiň şu hili düşündirilmesini biziň Orta asyr edebiýatynyň taryhyny gowy bilýän dostlarymyz hem makulladylar. Diýmek, Abywerdi, şübhesiz, uly zehin we lakamyna görä, ol Kaka şäheriniň golaýyndaky Abywert şäherinde kemala gelen adamdyr, ýogsa-da şol şäheriň ýaşaýjysydyr. Ýakup türkmene Nowaýy ýaly beýik geniniň hem syny oturypdyr. Nowaýy “Mejalis un-nefaýysda” Ýakup beg türkmen hakynda durup şu sözleri aýdypdyr: “Onuň, ýagny, Ýakup beg türkmen ýaly mylakatly kişi türkmen soltanlarynyň arasynda azdyr”. Diýmek, Nowaýy şol Ýakup begi ýa-ha duşuşyp, gürleşip tanapdyr, ýogsa-da ondan juda maglumatly. Nowaýy şol Ýakup soltanyň edebi tejribelerinden parsça ýazylan bir rubagysyny hem öz tezkiresine salypdyr. Manysy şeýleräkdir: “Dünýäniň dürli wepasyny kem görýärin, Her bir şatlygynda müň gam görýärin. Göýä köne bir saraýdyr, her tarapa, Ýokluk çölüne äkidýän çöl görýärin”. Ýakubyň dünýä hakdaky filosofiýasy şu rubagyda gowy görünýär, bu Gündogar pähimdarlarynyň şol eýýamdaky garaýşydyr. Özi türkmen bolan Ýakup beg türkmen öz şygryny näme üçin pars dilinde ýazdyka? Orta asyrlarda Fransiýa, Germaniýa, Angliýa alymlarynyň latyn dilinde okap, latyn dilinde ýazyşlary ýaly, türki dünýäde-de şol eýýamlarda ylym weedebi tejribelerini pars dilinde ýazmaklyk edebi-ylmy däp bolupdyr. Hatda bizde ýap-ýaňy hem dürli ylymlar boýunça ýazgylara ors dilinde amal edilişi ýaly şol däpleriň dowamy bolupdy. Bu termin däbiň sebäplerini diňleseň, oýlandyryp ýüz hili aklap, düşündirip biljek dilewarlary häzir tapsa bolar. Ýöne öz halkyňa öz diliňdäkiden gowy hyzmat edip bolmaz. Bu pikire garşy çykmak ýeňil düşmese gerek. Emma, ine, şol beýik Nesimi-de, hatda Nowaýynyň özü-de, beýik Fuzuly-da, Gaýyby-da, Şüküri-de, ählisi, kim tutuş diwanyny, kim gazallaryny pars dilinde ýazyp gelipdirler. Ýakup beg türkmeniň şol rubagysy gelip-gelip Hyratda ýören Nowaýa neneňsi düşüp ýörkä? Taryhda beýle bilinmeýän närseler müňlerçedir. Nowaýy Ýakup beg türkmen bilen bagly ýene bir wakany ýatlaýar. Hyratda Nowaýynyň edebi tanyşlarynda Binaýy atly üýtgeşik zehinli bir mälim bolupdyr. Onuň dili päki ýaly ýiti bolup, ol hatda Nowaýyny hem birnäçe gezek ýeňip geçipdir. Binaýy haýsydyr birwagtda Hyratdan Gündogar ýurtlaryna çykyp gidipdir. Ol Yraga barypdyr we Soltan Ýakup türkmen bilen söhbetdeş bolupdyr. Wagty, sagady bilen Binaýy ýene Hyrada gelipdir. Nowaýy onuň Yrakda bolanyny eşidip, ondan Ýakup beg türkmen barada sorapdyr, ýurduň syýasy,medeni, ylmy durmuşy bilen, edebiýaty bilen gyzyklanypdyr. Ýakubyň adamkärçiligini, alymlyk derejesini, şahyrlyk mertebesini, gylyk häsiýetini sorapdyr. Şonda Binaýy Ýakup soltanyň gowy häsiýetleriniň birisi, onuň öz şygyrlaryny türki dilde ýazmaýanlygydyr diýip jogap beripdir. Ýakup beg ýaly zehinli biriniň parsçaşygyrlarýazyp, sungat döretmesi, elbetde, Binaýa ýarapdyr. Emma Ýakup beg türkmeniň öz türkmen dilini beýlede goýup, pars dilinde şygyrlar ýazmagyny Nowaýy makullap bilmejekdi. Emma, nätjek, her adamyň bir bolşy bolýar. Nowaýy türki diliň we türki şygryň şeýdasydy. Binaýy bolsa pars edebiýatynyň muşdagy ekeni! Nowaýy bilen Ýakup beg türkmeniň has dostlukly gatnaşygy onuň Asrtabat döwrüne degişlidir. Horasanyň paýtagty Hyrat bolsa-da, Hüseýin Baýkaranyň özi-de, Nowaýy-da ýaşylöwsüp duran Murgap jülgesiniň, Mary şäheriniň aşyklary bolupdyrlar. Olar mümkin bolan pursatlarynda Mara gelip durupdyrlar, hatda şu ýerde ýaşap, ýaradyp, gyşlap gider ekenler. 892-nji hijri ýylynda /1486/ Hüseýin Baýkara gyşlamak üçin Hyratdan gaýdyp ýene Mara gelipdir. Uzakdan biri-biriniň diňe atlaryna aşna bolşup ýören beýik şahsyýetleriň arasynda täzegatnaşyklarpeýda bolupdyr. Mirhondyň we Handemiriň “Rowzat us-safa” atly taryhy eserinde şeýle faktlar bar. Hijri senesiniň 892-nji ýylynda /1487/ Hüseýin Baýkara Mara gyşlamak üçin gelipdi. Ol: “Astrabat häkimi emir Mogol gelsin we onuň ýerine Alyşir Astrabadyň häkimligi wezipesine göterilsin”. Hüseýin Baýkaranyň hökümine amal etmek galýardy. Nowaýy şundan soň ýanyna Baba Alyny we emir Bedreddini alyp, Astrabada ýola düşüpdir. Astrabat halky bu habara hoşal, şadyýan bolup, beýik Nowaýyny akym-akym gelip, süýjülik bilen kabul edipdirler. Horasandaky bu wakalary uzakdan synlap oturan Ýakup beg türkmen hem nobaty bilen, öz hormatyny görkezmek üçin öz köşk wekillerini agyr sowgatlar bilen Astrabada, Nowaýynyň huzuryna iberipdir. Ilçiler uzak wagtlap gürleşip oturypdyrlar. Alyşir adyllyk bilen Astrabady edara etmäge girişipdir. Uly alym Ö.Ylýasowyň gürrüň bermegine görä, Astrabatdyr Yragyň arasyndaky howanyň maýlamagyna, asudalygyň, hyzmatdaşlygyň artmagyna Nowaýynyň akylynyň miwesi diýip garamak gerek. Akademik W.W.Bartoldyň ýazmagyna görä, Horasandyr Akgoýunly türkmen döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýumşamagyna, howasynyň maýlamagyna Ýakup beg türkmeniň Astrabada – Nowaýa, Nowaýynyň bolsa öz gezeginde Yraga, Ýakup begiň huzuryna sowgatlar iberip durmagy we düşünişmekleri sebäp bolupdyr. Şuňa ýene dürli subutnamalar şaýat. Şu maglumat, belki, okyjylara-da mälimdir: “Ýakup beg türkmeniň öz şygyrlaryny pars dilinde çeper ýazýany üçin Nowaýy öz piri, halypasy Jamynyň kiçi bir diwanyny Yraga, Ýakup beg türkmene ibermegi makul görüpdir. Ol şu ýumşy kitaphananyň müdirine mäkäm tabşyrypdyr. Jamynyň süýji we gözel diwany mäkäm gaplanypdyr we Horasandan Yraga ugradylypdyr,köşkde Ýakup beg türkmeniň eline berlipdir. Ýakup beg açyp görse, Jamynyň mübärek diwanynyň ýerine başga bir depder salnyp goýberilen ekeni”. (W.W.Bartold, “Сочинение” t. II, bölüm 2, M.1964, 236 s.). Taryhy ýazgylarda Ýakup beg türkmeniň şu uly pir Jamy bilen duşuşyklary barada-daaýdylypdyr. Bir wagtda Jamy Hyratdan çykyp, Mekgä zyýarata ugrapdyr. Ol Mekgä barýar we Käbä aýlanýar, daglarda bolýar, arap alymlary,şyhlary,şahyrlary bilen gürleşýär. Soň bolsa “Hem zyýarat hem tijarat” diýlenini edip, Hijazyň üsti bilen Yraga gelýär. Köşge barýar, Uzyn Hasan heniz diri mahalynda onuň bilen duşuşýar. Onuň bilen gürleşýär, medeni, ylmy, syýasy, ylahy weedebi meseleler barada pikir alyşýarlar. Jamynyň öz kakasy Uzyn Hasanyň myhmanydygyny eşidip Ýakup beg Türkmen ony Töwrize, öz köşgüne gonak çagyrýar. Jamy şundan soň Töwrize gaýdýar, Eýranyň dürli şäherlerini, halklaryny, hakyky ýaşaýyşlaryny, ylmy, medeni, çeperçilik derejesini öwrenýär.Soň ol Ýakup beg türkmeniň myhmany bolmak bilen Töwrizde saklanýar. Ine, şundan soň Jamy Horasana, öz şäheri Hyrada gaýdýar. Ýakup beg türkmen bilen Jamynyň arasynda nähili söhbetler, wakalar, ahwalatlar bolany mälim däl. Ol maglumatlaryň heniz üsti açylman ýatyr. Şulary anyklamak üçin bize Töwriz arhiwlerine gitmek we doly öwrenmek gerek. Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň hökümdary Ýakup beg türkmen taryhy ösüşe oňyn garapdyr. Dürli halklaryň dürli garaýyşlaryny hormatlapdyr. Ol dürli dinlere uly hormat goýupdyr. Ol, ine Ermenistandaky halk ybadathanalaryna esewan edipdir, jemgyýetiň haýryna diýip dürli ýeňillikler edipdir. Ol dokumentler 1487-nji ýyla degişli bolup, Metenadaranda, ermeni dilindäki çeşmelerde sataşypdyr. Ýakup beg türkmen arhitektura bilen-de meşgullanypdyr. Ol 888-nji hijri ýylynda./1482-nji ýylda Töwriz şäherinde “Heşt behişt”/”Sekiz jennet”/ adyndaky belent hem owadan köşgüň gurluşygyna başlamaga buýruk beripdir. Ol köşk Töwrize däl, belki, Eýran ülkesine, belki, Gündogara zynat bolup bilipdir. Ýakup beg türkmen ylym we magaryfa aýratyn üns beripdir. Ol sungatyň dürli ugurlary boýunça zehinleri toplapdyr we olaryň gözlegdir açyşlaryny goldap durupdyr. Şahyrlara, ýazyjylara, arhitektorlara, sazandalara, aýdyjylara, hatdatlara keramatly şahsyýetler hökmünde, döwletiň, halkyň ýüzüniň haly hökmünde garapdyr. Beýle zehinler üçin jezalary, siltemeleri, sergezdançylygy gadagan edipdir, tarhanlyk beripdir. Ýöne hemme erkinlikler öz çäginde goralypdyr. Ýakup beg türkmene 895-nji hijri ýylynda / 1489-njy ýylda türkmenleriň gür oturan sapaly jaýynda, Garabagda gyşlap ýören mahallarynda birden näsaglyk aralaşypdyr. Onuň agasy Ýusup beg, öz ejesi hem nähoşlyk tapýar. 1489-njy ýylyň zülhiçje aýynyň 28-nji güni ejeleri Allanyňrehmetine gidýär, ýagny dünýäden ötýär. Ejeleriniň ýogalanyny näsag Ýakup begdir Ýusuba eşitdirmändirler. 896-njy hijri ýylynda / 1490-njy ýylda mäherrem aýynyň ony güni, hepdäniň bäşinji gününde, gije Ýusup begiň ruhy hem jennet wysal bolýar. Soltan Ýakup beg türkmeniň hem ýagdaýy agyrlaşýar. Onuň haly barha teň bolup, ahyrda sapar aýynda, hepdäniň dördünji güni, agşama ýakyn atasynyň hem enesiniň, agalarynyň yzy bilen bakyýete ýola düşýär. Şundan soň Akgoýunly türkmenleriň tagtyna ýakup beg türkmeniň ogly Baýsunkar mürze çykyp, edara edip başlaýar. /Bidlisi. “Şarafnama”, t II, M. 1970, 141 sah./. Bu üç ölüm barada dürli gürrüňler töwerege ýaýrap ugraýar. Ine, Ýakup beg türkmeniň ölümi barada ermeni çeşmeleri, Akop Isusyň maglumatlary şuny aýdýar: “1490-njy ýylda /Ýakup beg türkmen – T.N./ Garabaga ugraýar. Ýakup begiň ejesi we agasy oňa awy içirýärler. Ol muny duýup, öz ejesini we agasy Usa begi hem awy içmäge mejbur edýär. Olaryň ählisi bile Garabagda ölýärler”. Bu maglumatyň näderejede hakykata ýakyndygy bilinmeýär . ýöne Gündogar köşklerinde tagt we täç üçin şeýle pajygalaryň dowamly bolup gelenini taryhy kitaplar dowamly aýdyp gelýärler. Köşkler şeýle pajygalaryň höwürtgesidi. Dürli taryhy çeşmelerde başga hili maglumatlar-daduşýar.aýdyşlaryna görä, ejesi öz ogly Ýakup begi ýalňyşlyk bilen zäherläpmişin. Ýakup beg türkmeniň ýagdaýyny duýup, ejesi agyr gama batypdyr we ahyrda ökünmekden ýaňa özi-özüni zäherläpdir we aglap ölüp gidipdir. S.Durdyýewiň türkmen edebiýatynyň taryhy üçin görkezijisinde Ýakup beg türkmeniň baryp, 1518-nji ýylda aradan çykandygyny aýdylypdyr. (1967, 72 sah.). Ýakup beg türkmeniň döwri, durmuşy we işleri baradaky maglumatlaryň Bagdatda, töwrizde, ýene dürli ýerlerde küti golýazmalar bolup ýatanyna şübhe ýokdur. Şeýle ýazgylar Ermenistanda Matenadaran köşgünde-de bar. Diňe Garagoýunly türkmenler bilen Akgoýunly türkmenleriň döwleti hakdaky ýazgylardan-da küti bir jilt döretmek boljak. Eýse bizde 1950-nji ýyllarda dabara bilen çap bolan “TSSR-iň taryhynda” Akgoýunly we Garagoýunly türkmenleriň köp döwür ýaşan döwletleri barada ýörite bölümler barmydy? Megerem, beýle bölümler ýokdy. Eýse, bu ýerde kim ýazyklydy? Ilki nobatda, taryh ylmymyzyň öz ýolbaşçylary ýazyklydy. Dünýä türkmenleriniň taryhynyň bütewi ders hökmünde öwrenilmezligi edebiýatymyzyň hem bütewi taryhynyň döredilmegine päsgel berdi,kösençdöretdi. Indi döwür özgerdi we türkmen edebiýatynyň bütewi taryhyny döretmegiň zamany geldi. Şu ýagdaý taryhda Garagoýunly türkmenleriň we Akgoýunly türkmenleriň edebi hereketini öwrenmekligi şert edip goýýar. Bu gün mukaddes Garaşsyzlygyň gujagynda taryhymyzy, geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ähli mümkinçilikler bar. 1999-njy ýyl. Tejen NEPESOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |