17:47 Şahyr | |
ŞAHYR
Goşgular
M.Babanazarowa Göni ýoldan zordan dogry ýöreýär, Oňly gepläp bilenogam ol bende. Ýöne bir kitaba sygmaýan gepi, Ýerleşdirip bilýär ýekeje bende. Onuň özem haýran beýle ýagdaýa, Şonuň üçin gaýtalap ýör ir-ertir, «Özüm bilip edemog-a men muny, Içimde başga-da bir kişi otyr». • OT Halypam Mämmetnazar Babanazarowa bagyşlanýar Daşyna egriler üşäp-buýanlar, Ot ýananda, alaw alyp ýananda. Gaýra teser oňa golaý baranlar, Uçgun-alaw çabrap göge galanda. Ýaňaklar alma deý al öwsüp durdy, Burunlarmyz gyzarypdyr käşir dek. Ýöne ot durşuna ýalyndy, gordy, Gyzgynyna gaýra-gaýra süýşürjek Oduň mähri çendenaşa uludy, Otur oda çoýnup, gözleriň süz-de Indi üşän kalplara çen ýylady, Aňzak ýel şuwlaýan ýalazy düzde. Daňa ýakyn oduň howry gaçypdyr, Ot öçüp, galypdyr ýyldyz deý közler. Indi ukynyň hem ugry gaçypdyr, Ojakda bolmansoň gunduz dek közler. Tar-tar tüssä, közjagaza imrinip, Bi sährada golaý-golaý gelinýär. ...Ot dek adamlar hem küle öwrülip, Käte öçenden soň gadry bilinýär. Ot ýananda gaýra-gaýra tesenler, Öçenden soň külün bagra basarlar. * * * Hyýalymda pelsepe. Garry dünýä elekmi? Ol elegi eleýän, Gadym çarhypelekmi? Iki-baka elenýän, Un elenýän elek deý, Tans oýnaýar, towlanýar, Durmuş heýjanelek heý. Ol elegiň içine, Gyşda-ýazda gar ýagar, Şol garlardan her zaman Kalby nurly är dogar. Emma mydam ol elek, Iki-baka elenýär. Şonda beýik ynsanlar, Bakyýete dolanýar. Kalby ak un ýagşylar, Aşak akar elekden. Kalby kepek ynsanlar, Elenip ýör seretseň. Başym aýlanýar meniň, Gözlem elek-çelek heý. Köne dünýä elenýär, Pelek edil elek deý. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |