"ŞAHYR KIM" DIÝEN SOWALA JOGAP
Dosty kän, joşguny ýetik
bolmasa, şahyr bolmaýar.
Käte barýan ýoly çatak
bolmasa, şahyr bolmaýar.
Şonda dünýäsi daralyp,
Özi özünden ar alyp,
Güýz ýapragy deý saralyp,
solmasa, şahyr bolmaýar.
Setirler göýä ki doga
bolmasa, uçarlar howa.
Bir başyny müň bir gowga
salmasa, şahyr bolmaýar.
Güýzden salkyn, tomus wagty
saýalap salkyn daragty,
Ýazdan ýakym, gyşdan ýagty
almasa, şahyr bolmaýar.
Daýanyp öz garysyna,
Çydap namart gargyşyna,
Şer işleriň garşysyna
galmasa, şahyr bolmaýar.
Göterip yşk badasyny,
Berjaý eýläp wadasyny,
Käte dünýäň kadasyny
ýazmasa, şahyr bolmaýar.
Beýik işde maýdalaman,
Çykyp tupan-gaýdan aman,
Özgäň sözün gaýtalaman
ýazmasa, şahyr bolmaýar.
Haýran bolup öz halyna,
Göz dikmän dünýäň malyna,
Watan üçin öz janyna
dözmese, şahyr bolmaýar.
Dogduk ýerin jandan söýüp,
Il derdine ýanyp-köýüp,
Dogry sözün dünýä goýup,
gitmese, şahyr bolmaýar.
Atamyrat ATABAÝEW.
Goşgular