11:44 Şahyrlar hakda kelam agyz | |
ŞAHYRLAR HAKDA KELAM AGYZ
Edebi makalalar
Adamzadyň ýazylan taryhynda, ilkinji ady galan şahyra-zenan, miladydan öňki 2300-nji ýyllarda ýaşan Akkad patyşasy Beýik Sargonyň gyzy Enheduannadyr. Bu barada @Has Türkmeniň “Dünýä şygryýetiniň taryhyndaky ilkinji şahyr we ilkinji goşgy” atly makalasynda (ine şu salgyda ýerleşýär: http://kitapcy.ru/news/dunya_ sygryyetinin_taryhyndaky_ilkinji_sahyr_we_ilkinji_gosgy/2020-07-10-8084) beýan edilýär. Infoselection.ru saýtynyň (ine şu salgyda: https://infoselection.ru/infokatalog/ literatura-knigi/poeziya/item/646-100-luchshikh-poetov-mira) pikirine görä bolsa, ine şu aşakdaky şahyrlar, Adamzadyň taryhynda dünýäniň iň gowy 100 şahyry bolup durýar (...myş :-(...): 1. Gomer (takmynan miladydan öňki VIII asyr); 2. Dawut pygamber (takmynan miladydan öňki X asyr); 3. Süleýman pygamber (takmynan miladydan öňki 965-928-nji ýyllar); 4. Gesiod (miladydan öňki VIII asyryň soňy – VII asyryň başy); 5. Arhiloh (miladydan öňki VII asyr); 6. Safo (takmynan miladydan öňki 612-572-nji ýyllar); 7. Walmiki (takmynan miladydan öňki V-IV asyr); 8. Gaý Waleriý Katull (miladydan öňki 87-nji ýa-da 84-54-nji ýyllar); 9. Publiý Wergiliý Maron (miladydan öňki 70-19-njy ýyllar); 10. Kwint Gorasiý Flakk (miladydan öňki 65-8-nji ýyllar); 11. Publiý Owidiý Nazon (miladydan öňki 43-nji we 17 –nji ýa-da 18-nji ýyl); 12. Sýuý Ýuan (miladydan öňki 340-278-nji ýyllar); 13. Kalidasa (takmynan V asyr); 14. Li Bo (701-762-nji ýyllar); 15. Du Fu (712-770-nji ýyllar); 16. Abu Abdallah Jafar Rudaky (takmynan 860-941-nji ýyllar); 17. Ebulkasym Ferdöwsi (takmynan 932 ýa-da 941-1020 ýa-da 1030-njy ýyl); 18. Omar Haýýam (1048-1123-nji ýyllar); 19. Li Sin-Çžao (1084-1151-nji ýyllar); 20. Petr Borislawiç (XII asyr); 21. Şota Rustaweli (XII asyr); 22. Kretýen de Trua (1130-1191-nji ýyllar); 23. Nyzamy Genjewi (1141-1209-njy ýyllar); 24. Muslihiddin Sagdy Şirazy (1203 ýa-da 1210-1292-nji ýyllar); 25. Dante Aligýeri (1265-1321-nji ýyllar); 26. Françesko Petrarka (1304-1374-nji ýyllar); 27. Şamsiddin Hafyz (1325-1389 ýa-da 1390-njy ýyl); 28. Jefri Çoser (1340? -1400-nji ýyllar); 29. Fransua Wiýon (1431 ýa-da 1432-1463-nji ýyllar); 30. Alişir Nowaýy (1441-1501-nji ýyllar); 31. Sebastýan Brant (1458-1521-nji ýyllar); 32. Ludowiko Ariosto (1474-1533-nji ýyllar); 33. Luiş Waža Di Kamoens (1524 ýa-da 1525-1580-nji ýyllar); 34. Pýer de Ronsar (1524-1585-nji ýyllar); 35. Torkwato Tasso (1544-1595-nji ýyllar); 36. Fransua de Malerb (1555-1628-nji ýyllar); 37. Uilýam Şekspir (1564-1616-njy ýyllar); 38. Jon Milton (1608-1674-nji ýyllar); 39. Sawinýon Sirano de Beržerak (1619-1655-nji ýyllar); 40. Žan Lafonten (1621-1695-nji ýyllar); 41. Nikola Bualo-Depreo (1636-1711-nji ýyllar); 42. Žan Rasin (1639-1699-njy ýyllar); 43. Masuo Basýo (1644-1694-nji ýyllar); 44. Fridrih Gotlib Klopştok (1724-1803-nji ýyllar); 45. Oliwer Goldsmit (1728-1774-nji ýyllar); 46. Jeýms Makferson (1736-1796-njy ýyllar); 47. Gawrila Romanowiç Deržawin (1743-1816-njy ýyllar); 48. Iogann Wolfgang Gýote (1746-1832-nji ýyllar); 49. Ewarist Parni (1753-1814-nji ýyllar); 50. Uilýam Bleýk (1757-1827-nji ýyllar); 51. Robert Býorns (1759-1796-njy ýyllar); 52. Fridrih Şiller (1759-1805-nji ýyllar); 53. Andre Mari Şenýe (1762-1794-nji ýyllar); 54. Uilýam Wordswort (1770-1850-nji ýyllar); 55. Pýer Žan Beranže (1780-1857-nji ýyllar); 56. Adelbert fon Şamisso (1781-1838-nji ýyllar); 57. Wasiliý Andreýewiç Žukowskiý (1783-1852-nji ýyllar); 58. Jorj Gordon Baýron (1788-1824-nji ýyllar); 59. Persi Şiş Belli (1792-1822-nji ýyllar); 60. Jon Kits (1795-1821-nji ýyllar); 61. Adam Miskewiç (1798-1855-nji ýyllar); 62. Aleksandr Sergeýewiç Puşkin (1799-1837-nji ýyllar); 63. Fýodor Iwanowiç Týutçew (1803-1873-nji ýyllar); 64. Genri Longfello (1807-1882-nji ýyllar); 65. Edgar Allan Po (1809-1849-nji ýyllar); 66. Alfred Tennison (1809-1892-nji ýyllar); 67. Alfred de Mýusse (1810-1857-nji ýyllar); 68. Mihaýil Ýurýewiç Lermontow (1814-1841-nji ýyllar); 69. Taras Grigorýewiç Şewçenko (1814-1861-nji ýyllar); 70. Alekseý Konstantinowiç Tolstoý (1817-1875-nji ýyllar); 71. Uolt Uitmen (1819-1892-nji ýyllar); 72. Afanasiý Afanasýewiç Fet (1820-1892-nji ýyllar); 73. Şarl Bodler (1821-1867-nji ýyllar); 74. Nikolaý Alekseýewiç Nekrasow (1821-1877/1878-nji ýyllar); 75. Apollon Nikolaýewiç Maýkow (1821-1897-nji ýyllar); 76. Emili Dikinson (1830-1886-njy ýyllar); 77. Stefan Mallarme (1842-1898-nji ýyllar); 78. Pol Mari Werlen (1844-1896-njy ýyllar); 79. Artýur Rembo (1854-1891-nji ýyllar); 80. Oskar Uaýld (1854-1900-nji ýyllar); 81. Rabindranat Tagor (1861-1941-nji ýyllar); 82. Redýard Kipling (1865-1936-njy ýyllar); 83. Uilýam Batler Ýits (1865-1939-njy ýyllar); 84. Iwan Alekseýewiç Bunin (1870-1953-nji ýyllar); 85. Waleriý Ýakowlewiç Brýusow (1873-1924-nji ýyllar); 86. Raýner Mariýa Rilke (1875-1926-njy ýyllar); 87. Giýom Apolliner (1880-1918-nji ýyllar); 88. Aleksandr Aleksandrowiç Blok (1880-1921-nji ýyllar); 89. Huan Ramon Himenes (1881-1958-nji ýyllar); 90. Welimir Hlebnikow (1885-1922-nji ýyllar); 91. Tomas Eliot (1888-1965-nji ýyllar); 92. Anna Andreýewna Ahmatowa (1889-1966-njy ýyllar); 93. Boris Leonidowiç Pasternak (1890-1960-njy ýyllar); 94. Osip Emilýewiç Mandelştam (1891-1938-nji ýyllar); 95. Marina Iwanowna Swetaýewa (1892-1941-nji ýyllar); 96. Wladimir Wladimirowiç Maýakowskiý (1893-1930-njy ýyllar); 97. Sergeý Aleksandrowiç Ýesenin (1895-1925-nji ýyllar); 98. Pol Elýuar (1895-1952-nji ýyllar); 99. Federiko Garsia Lorka (1898-1936-njy ýyllar); 100. Pablo Neruda (1904-1973-nji ýyllar); 101. Aleksandr Trifonowiç Twardowskiý (1910-1971-nji ýyllar); 102. Iosif Aleksandrowiç Brodskiý (1940-1996-njy ýyllar)... (Awt.: saýtda ýalňyşlyk goýberilip, 100 şahyryň deregine 102 şahyryň ady sanalypdyr ekeni :-)) Elbetde, bu sanawyňam, edil adamyň düzen islendik sanawy ýaly subýektiw häsiýetlidigine hemmämizem düşünýändiris. Ýöne, şonda-da bu sanawda biziň milli şahyrlarymyzyň agzalmazlygy az-kem çetiňe degmän durmaýar. Bu hem öz-özünden düşnükli zat. Çünki adamyň içki meniniň özüni “ýagşy, gowy” hasaplamagynyň, onuň kadaly ýaşamagy üçin zerurlyk bolşy ýaly, ol özüniň gelip çykyşyna, milletine-de guwanmasa, buýsanmasa onuň göwnünde ruhy rahatlyk bolmaýar (“Ruhy rahatlyk” diýýänimiň sebäbi, beden rahatlygam bar. Mysal üçin, yssylamazlyk, üşemezlik, dokluk, dynçlyk, tämizlik we ş.m.). Ýöne, şol birwagtda-da, Infoselection.ru saýtynyňky ýaly, öz milli şahyrlarymyzyň, goý ol subýektiw bolsun, sanawyny düzmäge bize näme päsgel berýärkä?! Meniň pikirimç-ä, bu sanaw şu aşakdaky ýaly bolup bilerdi: 1. Magtymguly Pyragy; 2. Gurbannazar Ezizow; 3. Mämmetweli Kemine; 4. Garajoglan; 5. Mollanepes; 6. Seýitnazar Seýdi; 7. Gurbandurdy Zelili; 8. Kerim Gurbannepesow; 9. Berdinazar Hudaýnazarow; 10. Döwletmämmet Azady; 11. Seýit Ymameddin Nesimi; 12. Nurmuhammet Andalyp; 13. Ýusup Balasugunly; 14. Ýunus Emre; 15. Muhammet Fizuly; 16. Nobatguly Rejebow; 17. Çary Ýegenmyradow; 18. Annaberdi Agabaýew; 19. Gurbanaly Magrupy; 20. Misgingylyç; 21. Şeýdaýy; 22. Abdylla Şabende; 23. Atamyrat Atabaýew; 24. Italmaz Nuryýew; 25. Annagylyç Mätäji; 26. Mahmyt Gaýyby; 27. Öweztagan Kätibi; 28. Mämmet Seýidow; 29. Muhammet Baýram han; 30. Abdysetdar Kazy; 31. Myrat Talyby; 32. Abdyrahym Zynhary; 33. Annasoltan Kekilowa; 34. Towşan Esenowa; 35. Halyl Kulyýew; 36. Aman Kekilow; 37. Gara Seýitliýew; 38. Rehmet Seýidow; 39. Gara Seýitliýew; 40. Garaja Burunow... (Awt.: Şu sanawyň yzyny bolsa her kim islegine görä dowam edibermeli). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |