08:57 Şahyryñ lirasy - döwrüñ waspnamasy | |
ŞAHYRYŇ, LIRASY – DÖWRÜŇ WASPNAMASY
Edebiýaty öwreniş
Gaňrylyp seretsem bu geçen ýolum Daglaryň, tokaýlan göwsünden uzap. Görünýär gözüme giden bir taryh Bir menzilde eşret, birinde azap. Bu goşgy setirleri belli türkmen şahyry Mämmet Seýidowyň metbugatda çap bolup çykan täze goşgularynyň birinden alyndy. Şu ýerde şu setirleriň mysal alynmagynyňam öz sebäbi bar. Onuň awtory gün elli ýaşy arka atan adam. Otuz ýyllap bu inçe senediň yşgynda bir günlük eşret üçin on günlük azap çeken şahyr. Her bir senetkäriň– alymyň akyldaryň mahlasy her bir ussadyň belli-belli ýol geçesoň, ýaşynyň, işiniň bir tegelenýän, netijeli pursadynda yzyna bakan bir «gaňrylyp seretmesi» bolýar. Ebetde bu ulumsylykdan, öwünjeňlikden däldir. Ol gürüňsiz, pähimlilikdidir, çekilen zähmetiň arassalygyndandyr, geçilen ýoluň netijeliligindedir. Mynasyp adamlar yzyna «gaňrylyp seretse», jemagatam oňa geňirgenmän, öz dogry manysynda kabul edýär. Şahyr Mämmet Seýidow hem şol mynasyp adamlaryň hatarynda durmaga doly hukuk gazandy. Elbetde, halkyň arasynda uly meşhurlyk gazanan şeýle şahyryň döredijiligine birki makalada baha bermek, ony doly derňemek mümkin däl. Bir makalanyň çäginde näme aýtsaň, ol diňe «toýdan topukça» diýilýän bolup galýar. Hawa, Mämmet Seýidow biziň döwrümiziň uly şahyry bolup ýetişdi. Onuň köp taraply döredijiligi köp sanly özbaşdak işler ýazmaga degişli bolup durýar. Mämmet Seýidowyň döredijiligi, dogrudan hem, köp taraply. Ýöne ol näme hakda ýazsa-da, haýsy temanyň üstünde işlese-de, nepis lirikanyň ussasy bolup ýetişendigini doly äşgär edýär. Ol edebi prosesde aýdylyşy ýaly, syýasy lirikada-da, graždanlyk lirikasynda-da, söýgi lirikasynda-da, filosofiki lirikada-da, mahlasy, haýsy bir ugry alsaňam, bir şahyrça öz ýüzüni görkezen adam. Lenin temasy, Oktýabr epopeýasynyň beýany, sosialstik Watanyň waspy, biziň sosialistik hakykatymyza bolan çuňňur hormat Mämmet Seýidowyň döredijiliginiň esasy bölegini düzýär. Bu temalar eserden esere kämilleşip, dürli öwüşgin, dürli lezzet bilen kitaplaryň sahypasyny bezeýär. Meşhur türkmen şahyry Gara Seýitliýewiň bir aýdym tekstinde: Ýurdumda çagalaň okuw kitaby Seniň adyň bilen açylýar, Lenin – diýip, hakykaty guwançly ýazyşy ýaly, Lenin temasyna degişli goşgulary her bir şahyryň döredijiliginden tapmak bolýar. Ýöne bu temanyň Mämmet Seýidowyň döredijiligine ornaýşy welin, aýratyn täsirlidir. Onuň kitaplarynyň ählisi Lenin temasyndan ýazylan diňe bir goşgy bilen açylman, biri-birine düýbünden meňzemeýän dürli lezzetli goşgular toplumy bilen açylýar. Munuň şeýle bolmagy diňe bir şahyrçylygy talap etmän, uly ussatlyk talap edýär. Oňa göz ýetirmek üçin kitaplaryň sahypasyna seretmegem ýeterlikdir. («Atalaryň ýodasy kitabyndan»), «Lenin», «Gelýär ene korabl», «Baş komandir» («Goşgular» kitabyndan), «Biziň ýolumyz», «Gözüm düşdi uçmaha», «Beýik Ata», «Lenin», «Lenin diýen ýeke sözden» «Ýaşasyn dünýäde...», «Halkym baky minnetdar» («Meniň hazynam» kitabyndan), «Lenin», «Watanymyň saglygyna («Çöl rowaýaty» kitabyndan) we beýlekiler. Bir temadan ýazylan şunça goşgy bir awtora degişli bolansoň (elbetde, bularam hemmesi däl), olaryň pikir duýgusynda, sözlerinde setirinde, rifmasynda meňzeşlik, öz-özüňi gaýtalamak ýaly zatlar bolaýjak ýaly. Emma şol goşgulary yzygider okap çykanyňda, şol goşgularyň şeýle kemçiliklerden halasdygyna guwançly göz ýetirýärsiň. Ol goşgularyň her birinde beýik Lenine, onuň şöhratly partiýasyna, beýik serdary dünýä beren gudratly rus topragyna bolan çäksiz söýgi, mähirli minnetdarlyk özboluşly ýüze çykýar. Ol goşgular biri-birinden has mähirli, has şirin eşidilýär. Iň täsin ýerem goşgular tutuşlygyna «türkmençe» ýazylan. Meniň «türkmençe» sözüni nygtamagym düşündirişe mätäç däl. Oňa hemme düşünýär. Mämmet Seýidowyň Lenin temasyndan ýazylan eserleriniň aýratyn lezzetliliginiň düýp sebäbem şonda bolsun gerek. Bir söz bilen aýdanyňda, ol goşgular türkmen diliniň nepis milli aňlatmalaryna mäkäm eýlenen, şol milli koloritliligem beýik ynsana bolan söýgüsini okyja ýylysy bilen ýetirmäge hyzmat edýär. Ine, onuň «Lenin» atly goşgusyndan alnan setirler: Wasp edeli, dostum, Leniniň adyn, Beýik zamananyň sarsmaz binýadyn. Tüm garaňka ýagty saçan ynsany Ynsanyň bagtyny açan ynsany. ...Dünýädäki mukamlaryň seresi Lenin döwletiniň gimniniň sesi. Täze bir ýaň salyp çarhypelege Baryp ýetdi bu gün ýedi melege. Şeýle düşnüklilik we mylakatlylyk şu mukaddes temadan ýazylan goşgularyň ählisine mahsus zat. Şahyryň Komunistik partiýa, Lenin komsomoly, Oktýabr epopeýasy dogrusynda ýazan goşgulary-da Lenintemasy bilen organiki birlikde dörän eserleridir. Olaryň hem esasy özeni leninçilik hakykatyň dabaralanyşy, onuň dünýä ýüzüne ýaýran nurly ýalkymy bilen utgaşykly ýüze çykýar. Ýer ýüzünde täze bagt tapan, täze ýaşaýşyň ugruna düşen ynsanlaryň bütin eşretli durmuşy «Oktýabr günlerinden başlanýar» Mämmet Seýidow şu hakykaty «Ýaşasyn dünýäde...» atly uly göwrümli Oktýabr odasynda milli aňlatmalar, ýiti duýgular arkaly öwran-öwran nygtaýar. Bize bolsa şol goşgynyň birinji hem iň soňky bentlerini mysal almagam ýeterlikdir: Oktýabr diýýärler ähli ynsanyň Ýoluna nur saçýan şamçyragyna. Oktýabr diýýärler iki zamanyň – Gijäniň-gündiziň araçägine... Oktýabr nesliniň bolmaz wehimi, Olar şeýle güýçli, şeýle ullakan. Lenin partiýasy, Lenin pähimi – Äkidýär olary geljege bakan. Mämmet Seýidowyň döredijiliginde söweşjen gaždanlyk lirikasy bilen berk utgaşyp gidýän sowet watançylygy uruş hem parahatçylyk meselelerine bagyşlanan eserler hem uly orun eýeleýär. Onuň liriki gahrymany dörediji, gurujy halkyň hemişe armaçysy bolan döwrüni, döwürdeşlerini ýürekden hormatlaýan ruhubelent adamlar. Onuň liriki gahrymany ähli mäseläni optimistlik bilen çözýän adam. Onuň goşgularyndan özüniň bütin güýç-gaýratyny, yhlasyny, ynsabyny eserlerine siňdirýän şahyryň sesi gelýär. Ol ýakymly ses bolsa päkize ahlak bilen söýmäge, söýülmäge, döretmäge-gurmaga, goramaga goranmaga kömek edýär: Akyp gidiň, dönüp sile, baryň, ýetiň uzak ile. Aýdyn, sizi düzenimde etmändigim birje hile Hatar-hatar durnalar dek, uçup gidiň, ganat ýaýyp Aýdyň ähli adamlara: şahyr sizi söýýär diýip Aşyk ýigit yzly-yza, goý, ýollasyn sizi gyza, Ýöne sawçy kempir ýaly tukat bolup gaýtmaň yza. Ine, M.Seýidowyň lirikasy, umuman, döredijiligi şeýle niýetler bilen dörän eserlerden durýar diýsegem ýalňyşmarys. Şeýle poeziýa bolsa hemişe hereketdäki söweşjeň poeziýadyr Bu bolsa her bir eseriň graždanlygyny, döwrebaplygyny kesgitleýän alamatlary ahyryn. Onuň ýokarda ýatlanan kitaplarynda ýerleşdirilen Arzuwlar sikli, «Adamyň ömri», «Goja saky», «Bahar aýy», «Belki şodur», «Atalaryň ýodasy», «Göter ene al baýdagy belende», «Sowgatsyz neneňsi çykaýyn köçä», «Seniň üçin bir desse gül getirdim», «Aklym haýran», «Ussa menem», «Garry zenan» «Çöl agşamnyň mukamy» ýaly graždanlyk lirikasynyň esasyny düzýän ençeme goşgulary hiç bir ýerde «yzyna gaýtmany» bilmän, iner işini bitirdiler. Onuň «Çopanyň sözi» goşgusyndaky şu setirleri, megerem, köp zada kepil geçse gerek: Aýt, şahyr, tomus aýy gelende Çopanlarda myhman bolup gördüňmi? Süri goýun gäwüşini çalanda Oň turşumtyk ysyn alyp gördüňmi. Şol ysy men müň bir dürli atyryň, Müň bir gülüň ysy bilei deňemen. Bagyşlasaň şoňa ajap setiriň Ýüregimden ýer bereýin saňa men. Bu çopan durmuşy baradaky şertli pikirler Mämmet Seýidowyň tutuş durmuşyna, manyly ömre bolangaraýyşyndan gelip çykýar. Şahyr M.Seýidow «Soldatyň ýüregi», «Gutly bolsun baýramyň», «Şol pälwanyň hormatyna» ýaly goşgularynda bolsa Watançylyk urşunda sowet halkynyň beýik ýeňşini üpjün eden gahryman sowet adamlarynyň hatyrasyny hormatlaýar. Ganly urşa nälet okaýar. Parahat günlere uly söýgi bilen guwanýar. Mämmst Seýidow sowet halklarynyň mizemez doganlyk-dostlugynyň, bozulmaz agzybirliginiň wepaly aýdymçysydyr. Bu mukaddes ideýa onuň eserleriniň süňňüne ornandyr. Şahyryň «Gyrgyz ogly Tülebaý» «Başgyrt dostuma», «Meniň hazynam» kitabynda ýerleşdirilen «Täjik dostlaryma» atly on üç goşgudan ybarat sikli, «Oktýabryň aýdymy», «Jan ülkäm» kimin goşgulary biziň halklarymyzyň mähirli dostlugynyň waspnamasydyr. Bütin durmuşy bilen bir maksada hyzmat edýän sowet adamlarynyň monolit agzybirligine ýürekden uýýan M.Seýidow «Başgyrt dostuma» goşgusyny şeýle jemlenýär: Çyn ýürekden söýüp birek-biregi, Baky dogan bolduk biz Moskwada. Dogandyr doganyň sarmaz diregi Men Ufa bakýaryn, sen Aşgabada. «Döwür bilen galamdaş, döwrüňsesi-gulagy» diýip, mahabatlandyryjy sözler käte-käte käbir awtorlar hakynda gürrüň edilende endige görä, artykmajyragam, ýerliksizem ulanylaýýar. Emma M.Seýidow dogruda gürrüň edilende ol sözleri näçe aýtsaňam, artykmaçlyk etmese gerek. Çünki onuň kitaplaryny, açyp seretseň-de, gündelik metbugatyň sahypalaryna seretseň-de, onuň eserlerinden döwrüň ýakymly mukamyna ýugrulan sesi häli-şindi eşidilip dur. Isle halkara temasy bolsun, isle ylmyň-tehnikanyň täzä açyşlary bolsun M.Seýidowyň sesini ilkinjileriň hatarynda eşitmek bolýar. Şol mähirli seslerem diňe bir M.Seýidowyň döredijiliginde däl, eýsem bütin türkmen edebiýatynda yz galdyryp barýar. M.Seýidowyň baş gahrymanynyň zähmet adamydygyny hiç wagt unutmaly däldiris. Soňky ýyllaryň içinde respublikamyzyň oba hojalygynda, senagatynda bolup geçen özgerişler, gazanylan ägirt uly üstünlikler ilkinjileriň hatarynda M.Seýidowyň ünsüni özüne çekdi diýsegem ýalňyşmaryn. Munuň şeýledigini şahyryň Garagum kanalynyň gurluşygyna bagyşlap ýazan goşgulary doly kepillendirýär. Altmyşynjy hem ondan soňky ýyllaryň türkmen poeziýasy uly öwrülişikli ýol geçdi. Bu çylşyrymly senet formadyr ölçeg taýdan-da, wakalary beýan ediş jähtinden-de has kämil derejä ýetdi. Çuňňur duýgulylyk hem duýgurlyk, filosofiki mazmuna baýlaşmak soňky döwrüň poeziýasynda has agdyklyk edýän tarapdyr. Bu ýagdaý bolsa biziň poeziýamyzyň bütin-soýuz poeziýasyna has ýakynlaşmagyny, organiki birleşmegini üpjün etdi. Türkmen poeziýasynyň şeýle derejede kämilleşmeginde M.Seýidowyň hyzmaty örän uludyr. Onuň altmyşynjy ýyllaryň poeziýasyna getiren, has dogrusy, türkmen sowet poeziýasyna ymykly ornaşdyran rubagy žanryndan bäri biziň poeziýamyza goşan goşandynam ýatlamalydyrys. At hem goýup durjak däl men şygryma, Aslynda, olara at nämä gerek. Uçup gider ýaly ýollan ugruma, Ganat bersem bolýar, men şoňa derek. Şeýle yhlaslylyk hem maksada okgunlylyk onuň soňky ýyllardaky lirikasynyň esasy programmasydyr. Uçup gitmäge pata berlen şol goşgular öz ýelgini bilen ençeme ýaş ösdürümlerem ganatlandyryp goýberdi diýsegem öte bolmaz. Elbetde, biz başda aýdyşymyz ýaly, şu ýerde onuň kämil lirikasy barada gysgajyk gürrüň etmek bilen çäklenýäris. Şahyryň çagalar üçin ýazan ençeme kitaplaryny, dürli halklaryň şahyrlaryndan eden telim müň setir terjimelerini aýtmanynda-da, onuň il içinde uly meşhurlyk gazanan «Durun mukamy» «Çöl rowaýaty», «Oba ertekisi», «Halyçy gyz Aýbölek», «Bahar oýlanmalary», «Kommunist», «Bäşinji okean»,«Songmi tragediýasy» ýaly ençeme poemalaryny ýatlamanyňda-da, onuň diňe lirikasynyň özem ol barada düýpli gürrüň etmäge degişlidir. M.Seýidow dogrusynda gürrüň edilende onuň giden bir şahyrlar nesliniň terbiýeçisidiginem aýtmalydyrys. Özünden soňky nesliň haýsy biriniň kitabyna seretseň, onuň setirlerine, sözlerine duşup bolýandygyny çekinmän boýun almalydyrys. Döwrümiziň uly halypa şahyry bolup ýetişen Mämmet Seýidowyň döredijiligi, ýeten belentligi dogrusynda näçe gürrüň etseň, edip oturmaly. Ýöne men bu ýerde edebi gürrüňçiligiň birinde türkmen edebiýatynyň uly wekilleriniň biri şahyr D.Haldurdynyň «Mämmet Seýidowy Kerim Gurbannepesowy bir halkyň şahyry diýip orta çykarsaň, hiç wagt ýüzüň utanmaz» diýen sözlerini ýatlap, kagyza geçirip, jemagata-da eşitdiresim gelýär. M.Seýidowyň döredijiliginiň şu pikire laýykdygyny köpçüligem makullasa gerek. 1975 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |