14:38 Şahyryň sözi | |
ŞAHYRYÑ SÖZI
Goşgular
Şahyr N.Rejebowy ýatlap Bir çak şahyr görkezemde şygrymy, Diýdi: - Inim, aýtjak diňle dogrymy, Zehiniň, ukybyň görünýär weli, Bilimiň tutmaýar şygryň çygryny. Goşgy tilsiminden bolsa bilimiň, Belki borduň bir şahyry ilimiň. Diňledim, düşündim hem açyk aňdym, Pesdigini goşgularmyň hiliniň. Ilhalar şahyryň aýdanna uýdum, Negada birden kän ýazmany goýdum. Okadym. Okadym. Okadyk saýy, Bilimim ýeterlik däldigin duýdum. Ýazmadym soň-soňlar başarşym ýaly, Boldum isleýşim dek ýazmak hyýally. Öwrenmänkäm ýazyp ýörenim üçin, Öwrenemsoň ýazyp bilemok häli. Bolaýjak bir zatjyk ýazaýsam indem, Nobatguly dosty taparyn nirden?! 2022 ý. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |