SAKAR TORSUK
Meniň bir guragyryly dostum bar. Ine, şoňa tebipler «Torsugyň ýagyny çalsaň, aýrylyşar» diýipdirler. O-da gelip, maňa ýalbarmak-ýalbardy:
—Guragyry meni büküp taşlady, sen maňa çyn dost bolsaň, torsuk awlap ber! –diýip boýun etdi.
—Bolýar, bileje gideli, hem-ä howaň täzelener, hemem awlan torsugymyzy şol ýeriň özünde gaýnadyp, ýagyny alyp gaýdarys –diýdim.
—Wah, men uzak ýöräp bilmesem näme?! –diýip, ol ör-gökden geldi.
Men oňa:
—Eşege mündüripjik äkidip getirerin –diýemsoň ylalaşdy.
Aw goşumyzy tükelläp, herimiz bir eşege münüp ýola düşdük.
Torsugyň suw guşlarynyň höwürtgeleýän ýalpak suwly ýerlerine golaýda hin gazynyp ýaşaýandygyny, guşlaryň ýumurtgasydyr çagasy, syçan, alaka, gurbaga tutup iýmitlenýändigini bilýärdim. Şonuň üçinem kanal suwunyň gaçyp, ýalpak köljagazlar emele getiren ýerlerine baryp, ýük ýazdyrdyk.
Ot ýakyp, çaý gaýnadynyp içdik, nepesimizi düzledik. Onsoň, köljagazlaryň gamyşly, hyşaly her ýer-her ýerräkde ýylgynly, toraňňyly kenaryny aýlanmaga gitdik.
Kölüň suwunyň tolkunýandygyny görüp: «Bu nämekä?» diýip, anygyna ýetmek üçin tolkunyň turýan ýerine tarap ýöredik. Hyşalaryň, gamyşlaryň arasyndan ätiýaçly ätläp barşymyza, birdenem öňümizde kölüň öwrüm edýän ýeri peýda boldy. Şol ýerde bolsa ullakan hem bijaý semiz torsugyň gurbaga tutmak bilen başagaýdygyna gözümiz düşdi. Suwy tolkundyrýan-da şol ekeni. Dostumyň janly-jandarlara beletligi pes bolandygy üçin, oňa ýuwaşjadan «Han-ha, torsuk!» diýip, tumşugy alabeder zolakly jandary görkezdim.
Gurbaga gözlemek bilen başagaý sakar torsuk biziň duran ýerimize barha golaýlaýardy. Indi onuň gulaklarynyň ujunyňdyr guýrugynyň hem akja zolaklydygyny, gözleriniň aladan birgeňsi gyýajadygyny-da oňat saýgarmak bolýardy. Görnüşi sadalaçdy. Popuşja çaga oýnawajyny ýadyňa salýardy.
Men dostumyň haýyşynyň aňsatja bitjekdigine-hä begenip, şeýle geňje jandary atmaly boljagyma-da gynanyp, torsugy nyşana aldym.
Onýança-da, dostum maňa «Atma!» diýip, eli bilen yşarat etdi. Awçy bolamsoň, aw keýpine gyzygyp, barybir atar öýtdümi-nämemi, elindäki taýagy gurbaga gözlemek bilen başagaý torsuga tarap dazyrdadyp zyňdy. Garaşylmadyk hüjüme zähresi ýarylan torsuk göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen, kölüň suwuny şalpyldadyp aýagaldygyna gaçyp ugrady.
Ep-esli aralyga baransoň aýak çekdi-de, özüne hüjüm edeniň nämedigine göz ýetirmekçi bolýan ýaly yzyna äňetdi. Bizi görüp tisginip, hyşşadyr gamyşlaryň arasynda gözden ýitdi.
—Nätdiň-äý? –diýip, men dostumyň bu bolşuna düşünmän başymy ýaýkadym.
—Atmaga dözer ýaly däl! Beýdip guragyry bejerenden, oňaýjak –diýip, ol müýnli ýylgyrdy.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar