S A P A K
Mahym telewonistlik käriniň abyny-tabyny ele alypdy. Onlarça telefon belgilerini ýatdan bilýärdi. Öz aýdyşy ýaly, ony gije turuz-da soraber, halan ýeriň telefon belgilerini säginmän aýdyp biljekdi.
Ol kiçijikkä-de edil häzirkisi ýaly ezberdi, hasam nahar bişirmäge ökdedi. Ejesi: ˝Berekella, gyzym. Seň bişiren naharlaň tagama-da ap-aýry. Iýip doýmam ýok˝ diýip, onuň häli-şindi öwgüsini ýetirerdi.
Onsoň goňşy Bike ejelerde-de zol-zol onuň bişirýän tagamlarynyň gürrüňi edilerdi. Şol gezegem Bike eje Mahymyň iş başarjaňlygyny nygtady. Soňam:
-- Tüweleme, gyzym, aşpezlige-hä ökdeläpsiň. Agşamky iberen unaşyňam diýseň süýji bolupdyr. Sen bagtly, saňa duşan ýigidem bagtly bolar! – diýdi.
Mahymyň ýüzi gyzyp gitdi. Yzyna gaňrylyp seredende, onuň gözleri köçeden geçip barýan oglanda eglendi. Ol Sadykdy…
Mahym bu wakany, Bike ejäniň ˝Sen bagtly, saňa duşan ýigidem bagtly bolar!˝ diýen sözlerini soň-soňlaram gaýtalady ýördi.
Sadyk şäheriň iri söwda merkezleriniň biriniň satyjysydy. Ol her gün işden çykdygy Mahymyň ýanyna sowulardy. Soňam olar tirkeşip, çagalar bagyna barardylar, üç bolubam öýe gaýardylar.
Öýe gelip, agşamlyk nahar taýýarlamalydy. Mahym muňa birjik-de ýaltanmazdy. Ähli işe bir özi ýetişjek bolardy. Ýetişerdem.
Sadyk ilki-ilkiler onuň hojalyk işine kömekleşmezdi. Soňky wagtlar welin oňa başardygyňdan kömek edip ugrady. Indi Mahym telewizora tomaşa etmäge-de, kitap okamaga-da wagt tapýardy.
Mahym häzirem özüniň şu bagtly gününe çenli geçen ýoluny ýatlamazlyga çalyşdy. Bolmady. Ol günleriň yzasy göz öňünde bialaç janlandy…
Dünýä inen ilkinji perzende Begjan diýip at goýdular. ˝Iki aýakly iki günde˝. Begjanjyk eýýäm dil açyp, oňa aýak bitip ugrady.
Sadyk welin başga hörpden tutdy. Özüne nätanyş adamlardan dost tutundy. Olar bilen ýygy-ýygydan duşuşdy. Öýe-de giç dolandy, özem hemişe içgilidi. Ony köçeden ýygnamaly wagtlaram bolupdy.
Mahym bu ýagdaýa çydamady. Ikiçäk oturyp, köp-köp gürrüň etdi. Emma Sadyk aýdylan zatlary basym unutdy. Söz berse-de, içgini taşlamady.
Mahymyň sabyr käsesi püre-pürledi.
-- Sadyk, men seni söýýänem, hormatlaýanam. Şol söýgümiň hatyrasyna-da häzire deňiç saklanydm, düzelersiň öýtdüm. Ol tamamam çykmady. Gaýta gün-günden beterleýäň. Saňa rehimim inýär. Düşün ahyryn. Sen adamçylykdan aýrylyp barýaň. Öz eliň bilenjik saglygyňa müdimilik zeper ýetirýäň. Hemem ýaňy guran durmuşyňy, maşgalaňy bozýaň. Illeň ärinem görýäs. Işden geldigi hojalyk işi bilen. A sen bolsaň… Sen diňe içmäni, pul sowmany başarýaň. Maňa gelip, ählijesini aýtdylar. Kimden pul alýanyňy, kime näçe manat bergiň barlygyny…
-- O zatlar seň işiň däl, heleý. Men senden pul soradymmy? Ýok, soran däldirin, soramarynam. Sadyk şondan soň gürleşmegem islemedi, oturan ýerinde gyşardy.
Şol günüň ertesidi. Sadyk işden aryp gelende içeri boşap galypdy. Onuň gözi ne gelnine düşdi, ne-de oguljygyna. Bu giň dünýä oňa zyndan bolup göründi.
Mahym atasy öýünde tas bir ýyl çemesi gezdi. Sadygyň onuň yzyndan barmaga ýüzi bolmady. Tanyş-bilişlerini iberip gördi. Bu-da netije bermedi.
Mahym Begjany çagalar bagyna berýärdi, işden şykdygam alyp gaýdardy. Onsoň Begjanjyk kakasyny küýsäbem durmazdy. Ýogsam, kakasy o gezegem öňlerinden çykypdy ahyryn. Şonda ol Begjanjyga bakan ellerini gerip, ony gujagyna alaryn öýdüpdi. Emma Begjanjyk düşbüjedi, ol öwredilen ýaly, bu ˝nätanyş˝ adama bakan seredeýinem diýmedi. Ejesine gysmyljyrady.
Başga bir gün welin… Asyl ol gün olaryň ikisi üçinem arzyly gün bolsa gerek.
Mahym işden soňky ýygnaga tolguna-tolguna garaşdy. Äpişgäniň ýanyna bardy. Daşaryny synlady. Birdenem onuň gözi golaýdaky goja söwüdiň saýasyndaky oturgyçda oturan Sadyga düşdi.˝Be, il bu ýerde näme işleýärkä? Kimdir birine garaşýan bolaýmasyn?1 Ýa-da… öz-ä geýnişem hiç neneň däl, üst-başam tämiz. Men gaýdan günümden bäri içgini taşlanmyş…-- Ol çaga ýaly begendi. – Esasy zat, içmese bor˝.
Ýygnak uzaga çekdi. Onda öňdebaryjy işgärleriň birnäçesine şäheriň täze kwartalyndan ýaşaýyş jaýlaryny bermek hakda ýörite karar kabul edildi. Şonda Mahymy hem gutlan köp boldy.
Ol daş çykansoň daş-töweregine göz gezdirdi, häzirki şatlygyny deň paýlaşasy geldi. Emma gaýdyp Sadyga gözi düşmedi. Onuň hälki oturan oturgyjam boş durdy.
Mahym hem şol oturgyja baryp oturdy. Şatdy, begenjiniň çägi ýokdy. Şatlykdan ýaňa onuň agysy tutdy. Damagy doldy. ˝Beýle-de bir doň ýürek adam bolarmyşyn!˝ Ol ilki sessiz aglady, soň welin özüne erk edip bilmedi. Mahymyň şol bir aglap oturyşydy. Bu mahal gapdalynda oturyp, ony höre-köşe edýänem Sadykdy…
Olar ýuwaşja ýöräp barýardylar. Begjanjyk bolsa bökjekläp oýnaýardy. Onuň şatlygy ata-enä-de geçdi.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Hekaýalar