11:28 Saparmyrat aganyñ bagy | |
SAPARMYRAT AGANYŇ BAGY
Ýol ýazgylary
Münüp barýan ýeňil maşynymyz kötel dag ýoly bilen barýardy. Dagyň şemaly ýüzüňi ýelpäp geçýärdi. Biziň ugrumyz gojaman daglaryň ortarasynda ýerleşýän Garrynohur obasyna tarapdy. Oba barýan dag ýolunyň ep-esli ýeri asfaltlanypdyr. Dagy ýaryp, täze ýol çekipdirler. Asfaltyň gutaran ýerinde welin ýolagçy üçin güzaply ýol başlanýardy. Şol ýerde bir salym dynç alaly diýen niýet bilen maşyny sakladyk. Bir paýhasly ýaşulynyň şu ýere golaý ýerde, öz harajadyna suw çekdirip, ýetişdiren kiçijik bagjagazynyň ýanynda duran gyzyl «Žigulili» ýigit bize salam berdi. Soňam ol: – Öten agşamdan bäri men şu ýerde. Oba ýol ýok. Düýn ýagyş ýagyp, güýçli sil geldi. Uly maşyn bolaýmasa, geçer ýaly däl – diýdi. – Geçen hepde hem sil gelensoň yzyma gaýtmaly boldum. Ýöne şu gezeg-ä yzyma dolanmajak bolýan. Şeýdip biz ondan-mundan gürrüň edip, esli wagty geçirdik. Ol ýigit: – Isleseňiz, ana, hol görünýän dagyň aňyrsynda Saparmyrat aganyň bagy bar. Şoňa baryp bir salym dynç alalyň. Şoňa çenli ýoluňam bir alajy bor-la – diýip, bize mürehet etdi. Biz onuň görkezýän dagyna tarap nazar aýladyk. Bag-a beýle-de dursun, o tarapda ýekeje agaja-da gözümiz kaklyşmady. – Ýörüň, baralyň. Gije meň özümem şo ýerde ýatdym. Gaty alçak adamdyr. Ony, özüňizem görersiňiz – diýip, ol ýigit içginländen soň, biz onuň yzyna düşdük. Birki kilometr ýol geçip, daga ýakynlaşanymyzdan soň, öz gözümize ynanmajak bolduk. Giden bir ýaşyl baglyk. Beýiklikler gabat bolup, öň bu bag bize görünmändir. Göni ýoluň iki tarapyny tutup oturan tut agaçlarynyň arasy bilen ýuwaşja ýöräp barýarys. Öňümizden orta boýly, inçesagt, ýüz-gözi gülüp duran adam çykýar. Ol bizi göýä diýersiň köne tanyşlary ýaly, mähirli garşylaýar. Haýdan-haý telärde oturyp, çaý içmegimizi haýyş edýär. Onuň bilen gürrüňimiz bada-bat alşyp gitdi. – Saparmyrat aga, munça meýdany tutup ýatan ýaşyl bagy näçe wagtda ösdürip ýetişdirdiňiz? – Men kolhozyň prawleniýesine maşgala potratçylygynda işlemek üçin ýer bölnüp berilmegini haýyş edip arza berdim. Prawleniýe meniň arzamy biragyzdan makullady. Kolhozyň başlygy meniň maksadyma bada-bat düşündi. Oňlady. Goldaw berdi. Kolhozdan berlen hat esasynda gidip, Aşgabatdan turba getirdim. Hemmesem öz harajadyma, getiribem, turba arkaly obanyň içinden akýan suwdan ine, şu duran ýerleriňize suw çekmäge başladym. Gije-gündiz diýlen däldir. Şol wagtky bolşumy oba adamlaryndan sorasaňyz aýdarlar: ýeňsäm bilen ýüzüm tanar ýaly bolan däldir. Şeýdip 1700 metr ýere turba çekip, suwy ine, şu ýere getirdim. Dört gektar ýeri sürüp, ders dökdüm. – Munça ýere ders döküp çykjak bolsaňam-a ep-esli dökün gerek bolandyr? – Elbetde. Birbada otuz maşyn dersi dökdüren wagtymam boldy. Birinji ýyl-a kolhoza hiç hili hasyl tabşyryp bilmedik. Ikinji ýyly welin otuz tonna ýakyn gök ekini kolhoza tabşyrdym. On bäş müň düýp tut, bir müň düýp erik, şetdaly, alma, üzüm nahallaryny ekdim. Ýörite Garrygala baryp, ýüzlerçe düýp nar agajyny satyn alyp gaýtdym. Ine, sekizilenji ýyl, şeýdip döwlete tabşyrylýan hasylyň tonnalary artyp gidip otyr. Şu ýylky tabşyrmaly miwe planymyz 100 tonna. Şu günem sentýabryň 2-si dälmi? 154 tonna miwe tabşyrdym. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 50 tonna hasyl tabşyrmaga mümkinçiligim bar. – Işleýän ýeke özüňizmi ýa-da kömekçileriňiz barmy? – Bütin maşgalamyz bolup zähmet çekýäs. – Maşgalaňyzda näçe adam bar? – Aýalym, ýedi oglum, bir gyzym, üç gelnim bar. (Onuň aýaly Resmiýe Nuryýewa Naryman gyzynyň raýon Sowetiniň deputatydygyny, SSKP çlenidigini soň bildik). Olaryň ählisem hojalyk işlerine kömekleşýär. Uly oglum bilen ondan kiçisi goşun gullugyny sowup geldiler. Olaryň biri kommunist. Üçünji oglum häzir gulluk edip ýör, dördünki oglumam şu ýyl oba uçisişesini gutardy. Galanlary orta mekdepde okaýarlar. – Saparmyrat aga, 5-6 gektary tutup ýatan bagy ýetişdirjek bolsaň azap baryny görmeli. Bulary suwarjak bolsaňam azyndan birnäçe gün gerek. Ýaşyňyzam indi alty onlugy tegeläp barýar. Indi näçe ýyldan bärem maşgalaňyz bolup şu ýerde. Obada bolsa gün-owkadyňyzam oňşarça bardyr. Indi obada arkaýyn ýaşap ýörseňizem boljak ýaly-la! – Men, inim, hiç haçan zähmet azabyndan gaçan adam däl. Çagalygymdan ýetim galdym. Dört ýaşymdakam ata mährinden jyda düşdüm. Ejem pahyr hor-zar etmejek bolup, gijesini gündiz etdi. Elli altynjy ýyla çenli obada onuň-munuň işini edip berip güzeran gördüm. Soň goşun gullugynda boldum. Gelibem obada ýigrimi ýyllap çopançylyk etdim. Şu etrapda meniň aýagymyň basmadyk ýerleri ýokdur. Ýigrimi ýyllap ykbalymy gudratly daglara bagladym. Şatlanan çaglarymam, hasratly günlerimem şu daglara içimi dökdüm. Soň maňa oba dükanynda işlemegi teklip etdiler. Ilki boýun gaçyrdym. Teý-ahyry bolmansoň, boýun aldym. Dükanda işlän döwrümde ýekeje adamy-da nägile eden däldirin. Bir gün agşam meni biynjalyk edýän zat hakda çagalara sala saldym. Olaram: «Kaka, seň göwün matlabyňa garşylygymyz ýok. Sen nirde bolsaň, bizem şo ýerde» diýdiler. Olaryň ýürekden aýdan sözleri başymy gök diretdi. Başlygymyzam meni ikelläp goldady. Ine, şeýdibem göwün söýen ýerlerime dolanyp geldim. Men bu ýerleri baglyga öwürmek hakda has irki wagtlaram arzuw ederdim. Indem arzuwymyň hasyl bolanyny gördüm. Başga armanym ýok. Aý, onsoňam arzuwa gutarma barmy näme? Ýene bir arzuwym, ine, ho-ol görünýän dereden çeşme suwuny turba bilen şu ýere getirmek. Şo ýerden Arçmanyň suwuna gaýra dur diýýän suw boş akyp ýatyr. Ýene bir arzuwym, ine, şol depäň üstünden iküç otagly jaý salmakçy. Goý, uzak ýoly söküp gelen ýolagçylar şu ýerde düşläp geçenlerinde dynç alsynlar. Dünýäde gowy, parasatly adamlar az däl. 6-7 ýyllykda meni raýona çagyryp, iki ýana çekeläp başladylar. «Saňa ýeri bikanun beripdirler. Başlyk bilen dilleşipsiňiz. Turbalaram bikanun alypsyňyz» diýip, töhmet baryny ýagdyrýarlar. «Aý, how, maňa ýer bermekleri üçin kolhoz prawleniýesi ýörite karar çykardy. Turba satyn almak üçin kolhozyň özi ygtyýar etdi» diýip, düşündirjek bolýan weli, hiç düşünesleri gelenok. Ahyry men raýispolkomyň şol wagtky başlygy Çary Gijenowyň ýanyna bardym. Oňa bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdim. Bolsa-da ol daýhanyň tabyna düşünýän adam eken. Biragyz: «Saparmyrat aga, saňa hiç kim indi azar bermez» diýdi. Ýogsam bolmasa, raýondan gelen wekiller öýe gelip sygrymyzyň, towuklarymyzyň suratyna çenli alyp gitdiler. Çagalaram ýaş-da. Görgülijikler meniň ýüzüme naýynjar garap otyrlar. Şonda-da ruhdan düşemok. Olara göwünlik berip, «Hiç zat bolmaz. Biz bir daýhan adam-a. Kakaňyzyň başy dik bolsa, hiç kim size azar bermez» diýdim. Ine, şo gezek raýispolkomyň başlygynyň ýanyna girip-çykanymdan soň göwnüm giňäp giden ýaly boldy. Soň adymy tutan bolmady. Şeýdip heniz maşgala potratçylygy barada muň ýaly agyz dolduryp gürrüň edilmeýän döwürde, raýonda ilkinji bolup potratçylyga geçdik. – Diýmek, azabyňyz ýerine düşüpdir-dä? – Elbetde. Azabym ýerine düşdi hasap edýän. Aşgabatdanam, raýondanam ýolbaşçylar gelende, hökman sowlup geçýärler. Raýkomyň birinji sekretary Kakabaý Nazarowam daýhan adamynyň tabyny gowy bilýän adam. Ol, her gezek gelende baglaryň hasyl getirip oturyşyny görüp, «Berekella, Saparmyrat aga!» diýýär. Adamynyňky bir göwün-dä! Başyň gök direýär. Bir gezek öňki Aşgabat obkomynyň sekretary şu ýerlere aýlanyp gitdi. «Näme kemiňiz bar?» diýip, hal-ahwalymyzy sorady. «Elektrik liniýasy çekiläýse» diýip haýyş etdim. Ýogsam ozal onluk çyra bilen oňňut edýärdik. Şondan soň bir aý ýeter-ýetmez wagty içinde elektrik liniýasyny çekdiler. Indi çagalar telewizora-da tomaşa edip otyrlar. Holodilnigem işläp dur. Bir hezillik. Adama başga näme gerek? – Çagalar gatnap okaýarlarmy? – diýip, sowal berýäris. – Hawa. Ýedi kilometr uzaklykda ýerleşýän oba mekdebine gatnaýarlar. Arçmandan Nohura awtobus gatnap dur. Aý, onsoňam uly ýol bolansoň, onuň gatnawy az bolanok. Gabat gelen maşyn äkidýärem, getirýärem. Özümiňem bir ýeňil maşyn edinmek hyýalym ýok däl. Indi ýetmiş üçünji ýyldan bäri nobata durun. Häli-häzir-ä hiç hili habar-hatyr ýok. Garaşyp ýörüs. – Nobatam ýeter-dä. – Öýçülikde syrkawyň-sökeliň bolýar. Doktor çagyrmalam bolsa Nohura baryp gelmeli. Birneme kynrak. Ýigrimi ýedi ýaşly gyzymyz ýarawsyz bolansoň, häli-şindi doktora ýüz tutmaly bolýar. Ýeňil maşyn bolsa onuň azaram boljak däl weli, nätjek-dä, oňuşmaly bolýa-da. Ýörüň, gowsy men sizi baga aýlaýyn. Biz höwes bilen ýaşulynyň teklibine goşuldyk. Saparmyrat aga bir agajyň ýanynda aýak çekýär. – Görýäňizmi, ine, şu çynary. Muny men öňki başlygymyzyň hatyrasyna ekdim. Çagalara çenli indi oňa «Bäşimiň çynary diýýärler. Eger-de Bäşim goldamadyk bolsa, belki, bu ýerler şol öňki takyrlygyna-da ýatardy. Arman, ömri gysga eken neressäň. Oň özüne-hä bu baglary görmek nesip etmedi – diýip, ol aýdýar. Biz boý alyp ösüp oturan çynar agajyna nazar aýlaýarys. Ol entek kiçijik şahalaryny ýaýradyp dag şemalyna öwşün atyp otyrdy... Biz Saparmyrat aga, onuň agzybir maşgalasy bilen hoşlaşanymyzda, gün öýleden agypdy. Ol bize: «Heý, bolmanda bir gijelik myhman bolup gidiň!» diýip, dag adamsyna mahsuslyk bilen içginden-içgin haýyş etdi. Bize bolsa Nohur obasynda garaşýardylar. «Ýene bir gezekde myhman bolarys» diýip, biz oňa söz berdik. Asyrlarboýy takyrap ýatan topraga jan beren, diňe bir öz eşreti hakda däl-de, il-gün üçin dag jülgesinde bag döreden dagly ýaşuly hakda ýolboýy pikir öwrüp, Nohur obasyna nähili ýetenimizi hem duýman galypdyrys. Bäherden raýony, «Pograniçnik» kolhozy. («Sowet Türkmenistany», 24 sentýabr, 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |