15:44 Sary aga | |
SARY AGA
Ýatlamalar
Ýatlamalar, ýatlamalar. Adam aslynda bularsyz oňup bilmese gerek. Ol bir zada begenende-de, nämedir bir zada gynanan mahallary hem ýatlamalaryň ýumagyny çöşleýär. Geçeni ýatlaýar, dostlary göz öňüne gelýär, dürli gylyk-häsiýetli işdeş ýoldaşlaryny birin-birin ýatlaýar. Her hili wakalar bolupdy. Olaryň köpüsi-hä edil şu günki ýaly ýatda. Baý, ýyllaryň tanapynyň gysgadygyny! Ýogsam, ele ýarag alyp, Sowet häkimiýetiniň duşmanlaryna garşy gaýtawul berlip ýörlen ýyllar, bu gün ser salyp otursaň, gaty uzaklarda galypdyr. Ilkinji bäşýyllyklar, ilkinji kolhoz gurluşygy ýyllar bilen baglanyşykly wakalar weli berk ýatda. Neneň ýatda galmasyn! Çünki bu wakalara ömrüň men diýen pursatlary siňipdi ahbetin!.. Sary aga üçin mahal-mahal oglanlyk ýyllarynyň geçen ýerlerine aýlanyp görmeklik indi däbe öwrülipdir. Ol her gezekki şeýle sapardan soň, ýaşlyk ýyllaryna dolanan ýaly bolýar. Özüni şol döwrüň wakalarynyň jümmüşinde duýýar. Şu günlerem ol boş wagtlaryny çagalar bilen geçirýär. Başyndan geçiren wakalaryny olara häli-şindi gürrüň berýär... X X X Müň dokuz ýüz ýigrimi bäşinji ýyldy. Dagy etekläp oturan Ýartygala obasynda serhetçilere hemaýat beriji otrýad döredildi. Anna Mergeni bolsa otrýadyň komandirligine belläpdiler. Onuň hataryna Sary Ýolly ýaly ýigitleriň birnäçesi meýletinlik bilen giripdi. Pirek Tatmämmet, Meret Aby, Saparaly Saparaly, Ýolhan Hojanyýaz, Meretguly Teke, Gurban Hally, Nyýaz Hudaýberdi ýaly ýigitler täze durmuşyň duşmanlaryna garşy göreşmäge, olaryň ýüreklerine düwen her bir pirimlerine gaýtawul bermäge taýýardylar. ... Çigrekli güýz agşamsydy. Otrýadyň çlenleriniň birnäçesi oba şurasynyň başlygy Jemal Myradowanyň öýüne ýygnanypdy. Ölügsije ýanýan çyra öýüň içini çalaja ýagtylandyrýardy. Adamlar biri-biriniň ýüzüni zordan saýgarýardylar. Pejiň içine atylan kerkaw oduny bireýýäm küle öwrülipdi. Şonuň üçin bolsa gerek, öýüň içine birhili sowuk aralaşan ýaly bolupdy. Häliden bäri nämedir bir zatlaryň gürrüňini berip oturan zenan maşgala ýerinden turdy-da, özüne mahsus agraslyk bilen pejiň başyna geçdi. Közi üfleşdirdi. Mazaly oduň tutaşanyna göz ýetirenden soň: – Likbez meselesinde oba aktiwleriniň birjik-de parhsyz garamaly däldigini raýispolkomda nygtap-nygtap aýtdylar – diýdi. Lowlap ýanan oduň üstüne kerkaw odunyny atyşdyrdy. Soňam ýene-de şol öňki agraslygy bilenem ýerine geçip oturdy. – Elbetde, men ýagdaýy bolşy ýaly düşündirip aýtdym. Emma her niçigem bolsa, bizden gaty tijenmegimizi talap etdiler. Raýkom komsomolyý sekretary Amandurdy Alamyşow hem çykyp gepledi. Onuň biziň ýagdaýymyzdan habary bar ekeni... Özem ýakyn günlerde biziň obamyza barjakdygyny, näme kömek gerek bolsa goldajakdygyny aýtdy. Onsoňam, işi ilki bilen özümizden başlamaly. Özümiz görelde görkezmesek, işimiz ugra barmaz! – Jemal, bi aýdýanlaň dogry welin, ýöne bir-birinden aýylganç habarlaram gelip dur. Aýal-gyzlardan likbeze gatnajaklary hem ýok däl. Sonaly wakada köpleri eýmendiripdir. Şonuň üçinem düşündiriş işi oňat ýola goýlaýmasa, näbiläýin-dä – diýip, oturanlaryň biri dillendi. – Ýygnakda bu hakda-da gürrüň edildi. Ters wagyz ýöredýänlere berk temmi beriljek. Sona hakdaky gürrüň başgaça bolar. Onuň janyna kast edenleriň hemmesi ele salnypdyr. Häzir olaryň üstünden jenaýat işi gozgaldy... Jemal sözüni gutaryp-gutarmanka batly açylan gapynyň zarbyna öňdenem ölügsije ýanýan çyra söndi. Her kim ýerli-ýerinden gol berlen ýaly turdy. Gapydan giren ýigdekçe demi-demine ýetmän hasylaýardy. Ol jaýyň daşyny garawullamak üçin tabşyryk alan ýetginjekdi. – Daşymyzy gabaýarlar! – Näçe atly? – Ýigrimi-otuz bar. Hemmesi ýaraglanan. Gijäniň içi duýdansyz oba dökülen duşmana gaýtawul bermelidi. Ýöne güýç deň däldi. Nätmeli? Serhetçilere bada-bat habar etmeli. Olaram obadan ep-esli aralykda ýerleşýärdi. Kim gitmeli? Otrýadyň komandiri Anna Mergen bada-bat netijä gelipdi. Ol Sara ata atlanmagy buýrupdy. – Seresap bol. Ätiýajy elden berme. Babatemriň üsti bilen gönüläp git. Sary eýýäm howlynyň bir çetinde daňylgy mele atyň üstündedi. Ol çaýdan ýuwaşlyk bilen geçdi-de, atyna gamçy çaldy. Bu jelegaýlaryň her ýerine belet at gijäniň içinde misli ýyldyrym ýaly süýnüpdi. Bu wagt Sarynyň deňesinden şuwlap geçýän bäşataryň güllesi nyşana dogry degenokdy. Aradan köp wagt geçmänkä, kömegem gelip ýetişildi. Emma obada ýaňky galtamanlaryň birisi hem ýokdy. Olar öz işlerini bitirip, haýdan-haý gaçmak bilen bolupdyrlar. Emma şeýle-de bolsa obadaky Gündogdy baýy we onuň baýlygy serhetden aşyrmak üçin gelen galtamanlaryň yzyndan ýetilipdi. – Şonda Pirek neressäniň gözsüz batyrdygyna telpek goýupdyk. Ol soň-soňlaram serherçilere gaty köp kömek beripdi. Bir gezek nobatdaky tabşyrykdan gelýärkä, dag ýolunda gapyllykda üstüni basdyrýar. Öldi diýip taşlap gidýärler. Emma ol şonda-da iň soňky güýjüni toplap, oba geldi. Gany köp giden eken. Ol keselhanada ýogaldy – diýip, Sary aga söweşjeň ýoldaşyny ýatlaýar. Ýatlamalar, ýatlamalar. Olara gutarma barmy?! Olar seniň ömrüň beýany ahyryn! Olarda seniň şatlygyň bar, gynanjyň ýatyr. Bir müň dokuz ýüz ýigrimi dokuzynjy ýyldy. Obalarda kolhoz gurluşygyna başlanypdy. Garrygala raýonynda ilkinji kolhoz Sarylaň obasynda – Ýartygala obasynda döredilipdi. Raýon merkezinden birtopar wekil gelipdi. Şonda obaň uludan-kiçisi – hemmesi bir ýere ýygnanypdy. Ilkinji kolhozy döretmäge gelen wekilleriň biriniň, megerem, ol «Goşçular soýuzynyň» başlygy bolsa gerek, halkyň öňüne çykyp aýdan sözleri şu mahalam ýaňlanyp duran ýaly. Hawa, şol ýygnakda raýondaky ilkinji kolhozyň başlyklygyna garyp ýigit Sary Ýollyny saýlapdylar. Kolhozy-da «Gyzyl» diýip atlandyrypdylar. Adamlar uzagyndan kolhozyň peýdasyna oňat göz ýetirip başladylar. «Goşçular soýuzynyň» başlygynyň aýdyşy ýaly, adamlar bir göwrä öwrülipdiler. Emma hemme zat gülala-güllük däldi. Duşman aç-açan göreşip bilmese-de, assyrynlyk bilen iş görýärdi. Kolhoza girenleri yza tesdirmäge çalyşýardylar. Gowşagraklaryna bolsa kolhozdan çykmaklygy ündeýärdiler. Lenin partiýasynyň hatarlarynda taplanan kommunist Sary Ýolly işiň haýsy uçastogyna iberilse-de, özüne edilen ynamy abraý bilen ödeýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllary döwründe kommunist Sary Ýolly partiýanyň Garrygala raýon komitetiniň sekretary bolup işläpdi. Ol bu işde tä 1952-nji ýyla çenli abraý bilen işledi. Soňra bolsa Aşgabatdaky agaç işläp bejerýän kombinatyň direktorynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýär. 1955-nji ýylda bolsa otuzmüňçileriň hatarynda ýene-de raýona işe iberilýär. Ol Garrygalada ençeme ýyllap başlyklyk edýär. Ol bu döwürde TSSR Ýokary Sowetine deputat saýlanýar. «Hormat Nyşany» ordeni bilen ikinji gezek sylaglanylýar. Ol bu sylaga ilkinji gezek 1943-nji ýylda mynasyp bolupdy. Sary aga häzir segsen ýaşynda. Onuň hem elli ýyly mähriban Kommunistik partiýamyzyň hatarlarynda geçdi. X X X Ýatlamalar, ýatlamalar. Adam aslynda bularsyz oňup bilmese gerek. Ol bir zada begenende-de, nämedir bir zada gynananda-da ýatlamalaryň ýumagyny çöşleýär. Sary aga üçin mahal-mahal oglanlyk ýyllarynyň geçen ýerleri – Çendir jülgesine aýlanmaklyk indi däbe öwrülipdir. Ol her gezekki şeýle sapardan soň, ýaşlyk ýyllaryna dolanan ýaly bolýar. Özüni şol wakalaryň jümmüşinde duýýar. Diýmek, ýaşalan ýyllar manyly geçipdir. «Mydam taýýar» gazeti, 1982 fewral. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |