01:46 Saýgak ýollary / hekaýa | |
SAÝGAK ÝOLLARY
Uç-gyraksyz ýaly bolup görünýän, her ýerräjiginde entek solup ýetişmedik çöl gülälekleridir gyrymsy otlar ösüp oturan, tekiz, takyrlaç meydana ýetdigem welin, Gara aga:
—Ine, gum içinde duşýan şeyle ýerlere “saygak ýoly” diýilýär –diýip, bizin bilesigelijiligimizi tijedi.
—Ýogsa-da, siziň haýwanat bagyňyzda saýgak barmy? –diýip, Aşyr Öweze ýüzlendi.
—Häzir saýgagymyz ýok. Şu gezek garagulakdyr köwük tutmak möhümimizi oňyn bitirip bilsek, geljekde, saýgak edinmek üçinem sapara gaýtmakçy.
“Gijäni geçirmek üçin şundan amatly ýer bolmaz” diýşip, ep-esli ýaşan ýaýbaň sazagyň ýanynda düşledik.
Agşamlyk çaý-nahardan soň gürrüňimiz saýgak barada boldy. Beýleki janly-jandarlary gowy bilşi ýaly, Gara aga saýgak barada-da beletlik bilen söhbete başlady:
—Bu tüňňüburun janawerleriň ömri gysga. Dört-bäş, uzak gitse, on ýyl. Ýöne tiz ulalýar. Ertekilerde “Günsaýyn, sagat sayyn ulalypdyr” diýilýändir—ine, şol diýleni saýgaga-da degişli. Köplenç, ekiz owlaklaýar. Owlajyklary bir hepde geçip-geçmänkä, süra eýerip bilýär.
—Özem ýyndam diýýäler? –diýip, men Gara aganyň sözüne dyngy bereninden peýdalanyp soradym.
—Juda ýyndam. Sagatda ýetmiş-segsen kilometr tizlik bilen ýüz-ýüz elli kilometr aralygy säginmän geçip bilýär. Maşynly ýa-da motorly kowalap, surnukdyryp alýan awçydan gaýry saýgagyň yzyndan ýetip bilýän ýok. Şonuň üçinem, tiz köpelip, süri-süri bolup gezýärler.
—Saýgaklaryň burnunyň beýle tüňňüdigine haýran galaýmaly. Elbetde, tüňňi burnuň bir bähbitli tarapy bardyr-da? –diýip, Aşyr dillendi.
—Saýgaklar ylganda topbak bolup, başlaryny aşak salybrak ylgaýarlar. Şonda olaryň aýaklarynyň aşagyndan turýan tot-tozan göge göterilýär. Tozanly howadan dem alyp, uzak aralyga ýokary tizlikde ylgajak bolsaň, şeýle burnuň gerekdigi düşnijkli zat –diýip, Gara aga gürrüňini dowam etdirdi. —Onsoňam, saýgak tüňňi burny bilen ýagşyň hem ysyny alyp bilýär. Ýagyş ýagýan ýeriň bolsa, oty ter, suwy bol. Saýgaklara-da geregi şol. Ýüz-ýüz elli kilometrlik ýol saýgak ýyndamlygynda beýle uzak ýol däl. Derrew şol jelegaýa aşýarlar.
—Saýgagyň eti goyun etini ýatladýar –diýip, Öwez dillendi.
—Öňler ýaşkak, awa çykanymyzda, sähranyň uç-gyraksyz tekizden takyrlaç ýerlerinde ümdüzine tutduryp barýan ар-аk saýgak sürüsine häli-şindi gabat gelip, synlap hezil ederdik –diýip, Gara aga ýatlama berildi. —Ynha, uly bir süri sil suwy kimin eňip barýandyr. Hamala diýersiň, yüwrüklik ýaryşy geçirilýän ýalydyr. şol baryşlaryna-da ýa-ha öňlerinde howp barmy—ýok, şony anyklamak, ýa-da howasy ýetmän ýokarynyň tämiz howasyndan dem almak üçinmi, käbir saýgak beýlekilerden görnetin belende böküp, ýene-de öňki ornuna düşer. Ussat sazandanyň gümmürdedip joşgunly çalýan sazyny ýatladyp, saýgaklar ýüwrüp barýandyrlar. Salym geçmänkä-de, ýanky uly süri bir kiçijik nokada öwrülip, gözden ýitip gider. Guma belet kişi saýgak ýollaryndan ägä bolguç. Mal bakanda, düşleg edinende—beýlekide ahmallyga ýol berse, heläk bоlmagу mümkin. Çöl jandarlarynyň hem hiç birisi saýgak ýollarynyň ugrunda süren gazmaýar, höwürtgelemeýär.
Saýgaklar owlaklanda suwly ýerlerden juda alyslarda owlaklaýarlar. Şeytmek bilen olar täze bolan owlaklaryny möjek howpundan gutarýarlar.
Möjekler her gün suw içmese, oňup bilmeýän jandar. Şol sebäpli-de olar howanyň sowan wagty bolaýmasa, alys, suwsuz ýerlere awa gitmeýärler. Saýgaklar olaryň bu ejiz tarapyny peýdalanýarlar.
—Saýgaklaryň özi suwsuz nädip oňýar? –diýip, Aşyr gyzyklandy.
—Saýgaklaryň owlaklaýan döwri bahar paslynyň aýaklaryna gabat gelýär. Ter ot-çöp olaryň suwsuzlygyny gandyrýar. Ýazda wagtal-wagtal ýagyp duran ýagşyň suwy ýere siňip ýetişmänka, şony içýärler.
Saýgaklaryň möjekden beýleki ýowuz ýagyşy bürgüt. Ol ýazda saýgaklaryň owlaklaýan ýerlerine ýygy-ýygydan aýlanýar. Ýokardan ok ýaly inip, göz ýumup-açasy salymda, ýaňyja aýaklanan körpeje saýgagy penjesine gysyp ötägidýär.
Bir gezek şeýle wakanyň şaýady boldum. Bahar paslynyň aýaklarydy. Süri bolup otlap ýören saýgaklary synlap durkam, bir çöl bürgüdi gökden indi-de, tokarja saýgak owlagyny awlamakçy boldy. Muny gören birnäçe saýgak ýerli-ýerden bürgüde topuldylar. Olar owlajygy daş-töwerekden gallap, belentden-belende böküp, kelleleri bilen kakyp-süsüp, onuň hüjümini başa bardyrmadylar. Halys bolan burgüt, ahyry, owlagy gününe goýup, gözden ýitdi.
Geň ýeri, saýgaklar üstünden haýsydyr bir uçar ýa-da dikuçar pesläp uçup geçse-de, belentden-belende böküp, bürgüdi süsüşleri ýaly edip, ony hem süsmekçi bolýarlar. Mahlasy, asmandan inýän howpdan şeýdip goranmagy olar özlerine edähet edinen bolarly. Ýerdäki howpdan bolsa, olary ýyndam aýaklary halas edýär.
—Tebigat tarapyn her janly-jandara bir tilsim bilen goranmak endigi berlipdir –diýip, Öwez söze goşuldy.
—Hawa-da, ähli zadyň öz kada-kanuny, pugta baglanyşygy bar. Tebigat ägirt uly synasynda bolup geçýän her bir ýagdaýy göz öňünde tutýar. Ähli babatda özüne kömek eder diýip, pähim-paýhas berip ýaradan adamlarynyň goldamagyna garaşyp durman, özüniň tämizligi barasynda ýene-de özi aladalanýar. Kelhemeç diýilýän maslykçy guşlar bilen saýgaklaryň dostlugy muňa mysal –diýip, Gara aga saýgaklaryň durmuşyndan ýadyna düşen ýene-de bir gyzykly wakany gürrüň bermekçidigini ýaňzytdy.
—Saýgaklar köpçülikleýin owlaklanda, olaryň örüsinde ýaňky kelhemeç diýilýän guşlar arkaýyn gezişip ýörler. Ol guşlara il arasynda dazzarkel hem diýýärler.
Bürgüde görä-de has iri hem hyýrsyz ol guşlardan ene saýgaklar birjik-de gorkmaýarlar. Kowjagam bolmaýarlar.
Kelhemeçler hem öz gezeginde hiç haçan janly saýgaga degmeýärler.
Şeýle äpet, işdämen guşlar sanlyja günde saýgaklaryň ýatagyny her hili kesel döredip biljek maslykdan saplaýarlar.
Bu guşlaryň tämizligi saklamakdaky peýdasy uly. Olar diňe bir saýgaklar däl, beýleki janly-jandarlar babatda-da şeýle. Borçlaryny yhlasly ýerine ýetirip, töweregi derrew arassalaýarlar. Ol guşlar has-da ýiligi gowy görgüç. Içi ýilikli ýogyn süňkleri göge göterip, öz “çapgy ýassygyna” oklaýarlar. “Çapgy ýassygy” diýýänim, üsti tekizleç äpet daş. Onsoň olar daşa degip döwlen süňküň ýiligini iýip hezil edýärler. Tebigata näbelet kişi dag içinde ýa-da ullakan daş bar ýerlerde üýşüp ýatan sünk döwüklerine gabat gelip, “Bu nämäniň işikä?” diýip geňirgenýär. Ine, şol ýerlerde kelhemeçleriň süňk döwýän “çapgy yassyklary” bolýar.
—Hawa, biziň haýwanat bagymyzda-da şol guşlardan dördüsi bar. Haýsydyr bir haýwan garrap ýa-da keselläp ölse ýa bolmasa et iýýän ýyrtyjylara berlen et galyp, yslansa, ýanky kelhemeçler hezil berýär — diýyip, Öwez Gara aganyň diýenlerini tassyklady.
—Eneden doglup hepde ýarym geçen saýgak owlajyklary süri bolup ýaşamagy derrew özleşdirýärler. Özlerem aýaklarynyň aşagy ýaýjykly ýaly, şeýle bir ýeňilaýak bolguç, hoşuňa gelsin! Men diýen ýüwrük at bilenem kowup tutup bolmaýar. Çynmy-ýalan onçasyny-ha biljek däl, gadymy döwrüň seýisleri ýyndam bedew edip ýetişdirmekçi bolýan taýçanaklaryna öz enesiniň süydüniň ýanyndan, saýgak saklap, şonuň süydüni hem beripmişler.
—Häzirki döwürde saýgak awlamak gadagan. Ol Gyzyl kitaba girizilen –diýip, Öwez Gara aga söhbetini aýaklaryna mähetdel dillendi.
—Hawa, janly-jandarlary goraýan şeýle kitabyň bardygy gowy zat! –diýip, Gara aga baş atdy.
Hemra ŞIROW.
| |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |