19:52 Saýlamadymy? | |
SAÝLAMADYMY?
Goşgular
Dünýäde her zadyň orny jaýy bar, Läheňler ummany saýlamadymy? Her ülkäniň derýalary, çaýy bar, Belent dag dymmany saýlamadymy? Ýekegapan söýer laýy-batgany Boz gurtlar awuny kowup tutmany. Bürgüt mekan eýläp mawy asmany, Balyklar ýüzmäni saýlamadymy? Ak jerenler gezer sonar çöllerde, Tawus guşlar bagda, sülgün jeňňelde, Arslan mekan tutmaz çem gelen ýerde, Daglardan tez maly saýlamadymy? Gargalar gar islär hem-de aýazy, Aýraklara gerek dagyň gaýasy. Durnaň uzyn çüňki, uzyn aýagy, Kölleri süzmäni saýlamadymy?. Iliň aladasyn eder ýagşylar, Kyn günde namartlar merde ýabşynar. Uly toýlar sowan uly bagşylar, Bir gara gazmany saýlamadymy? Ýaňralara gerek boş söz hem gybat, Mert ýigitler gözlär dal bedew-gyrat. Nowjuwan gyzlara gerekdir syrat, Aryflar dür-many saýlamadymy? Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW, Momataý obasy. | |
|
√ Ýapdym aýnaň tutysyn / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |