05:16 Segsen bäşiň sepgidinde / satiriki hekaýa | |
SEGSEN BÄŞIÑ SEPGIDINDE
Satiriki hekaýalar
1985-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna geçilýän gije, Täze ýylyň toýunda fantastik hyýallaryň ummanyna gark bolup, ýumşak kresloda ymyzganypdyryn. Hyýalymda ýeneki asyrlaryň bir güni janlanyp, göz öňümde herekete geldi. ...Garagumuň takyrlarynyň birinde gurlan äpet kosmodrom bal arysynyň gapyrjagy ýaly wag berýär. Her kim bir planeta öz dogan-garyndaşlarynyňka, dost-ýarlarynyňka görme-görşe gidýär. Kimsi jahankeşdelik edip, planetalaryň ençemesine, olaryň emeli we azaly hemralaryna syýahata ugrajak bolup dur. Menem raketabuslaryň birine mündüm-de ötägitdim. Ýolagçylar arşyň ýolunda ap-arkaýyn, eger-eger, tolgunanoklar, howsala, gorky-ürki, gaýgy-ünji ýok. Gülşüp, gürrüň edişip barýarlar. Hamana Tejene gidýän ýaly. Biziň münen raketabusymyz ilki Aýda gonmakçy ekeni. ― Eger Ýeriň azaly hemrasy Aý bolmadyk bolsa nähili bolardy?! ― diýip, ýolagçylaryň biri limonad paýlap ýören stýuardessa gyza, Wenera sowal berdi. Wenera bolsa ýylgyryp: ― Eger Aý bolmadyk bolsa, geçmişdäki şahyrlar öz söýgülileriniň jemalyny deňeşdirmäge zat tapmazdylar ― diýdi. Bu söze salondakylar pakyrda berdiler. Ýüzlerçe ýolagçynyň gülküsi raketabusy sarsdyrdy. ― Aý bolmadyk bolsa: «Suratymyz täze kanala düşsün, Gel agşam kenara Aý dogan çagy» ― diýen aýdym hem bolmazdy ― diýip, Wenera gyz ýolagçylara «Ýedigen» diýen şokolad paýlap ýörkä aýtdy. Biz Aýda bäş-alty sagatlap dynç aldyk. Ol ýerde sportuň her hili görnüşleri bilen meşgul bolduk. Aýda ştanga götermek hezil ekeni. Ýerdäki 65 kilogramlyk ştanga Aýda 6 kilogram 500 gram. Şol ýerde men respublikamyzyň «Kolhozçy» futbol komandasyny ýatladym. «Ýerde gozganmasy agyr oýunçylarymyz Aýda ýelek ýaly gaýyp, ýeňillik bilen oýnap bilerdiler» diýip içimi gepletdim. Ýene oýlandym. Ýeri, Aýda «Kolhozçy» oýnady diýeli-dä, a garşydaşyňy bilinden daş asyp, Ýerdäki agramynda oýnatjakmy diýsene?! Soňra biz dem-dynç alyp, planetalaryň birine tarap ýola düşdük. Ilki onuň hemralarynyň birine gonduk. Ol ýeriň adamlary bizi hormat bilen kabul etdiler. Medisinasynyň gaty ösendigi, wraçlarynyň syrkawa tüýs ýürekden hyzmat edişleri bilen geň galdyrdy. Olarda öwrenere oňat zatlar kän ekeni. Poliklinikasyna aýlandyk. Wraçyň kabinetine böwrüni tutup, çabalanyp ýatan bir syrkawy nasilkaly getirdiler. Wraç derrew öz böwri bilen ýaňky syrkawyň böwrüni bir apparatyň içinden geçýän sim bilen birleşdirdi. Indi çabalanyp, böwrüni tutup ýatan syrkaw iki boldy. Sebäbi öz böwrüne sim degren wraç hem «wäk, böwrüm» diýip uwlamaga başlady. ― Ine, biziň wraçlarymyz şeýle usul bilen syrkawyň niresiniň agyrýandygyny anyklaýarlar. Bu apparata bolsa keseleskop diýilýär. Munuň her tarapynda bir sim bardyr. Biriniň ujuny wraç öz tenine degirýär, simiň beýleki ujuny hem syrkawa degirmeli. Şonuň üçin biz keselliden «niräň agyrýar?» diýip soramzok, oňa azar beremzok ― diýip, şol ýeriň professory gürrüňini dowam etdirdi: «Onsoňam, biz, eger haýsydyr bir wraç özüne berkidilen kesellileri yhlas bilen bejermese, tiz sagaltmasa, keseleskopyň kömegi bilen wraçy we syrkawy çatyp goýýarys. Arada biriniň dişi agyryp, wraçyň ýanyna gelipdir. Wraçam rentgene salmaly, denta guýmaly. Eýt-beýt diýip, garaz, syrkawy horlapdyr. Bizem administratiw çäre hökmünde ýaňky býurokrat wraçyň öz dişine keseleskopyň bir simini daňaýdyk. Wraç ýöne uwlap, diwaryň ýüzünde, potolokda «tans» edip ýör. Sesinden durar ýaly däl. Sebäbi keseleskopyň bir taýky simi diş agyrylynyň agzyndady. Hawa, biz-ä şeýdýäs. Bizde ýazmaça käýinç bermek çäresi ýok. Men ýaňky professora sowal berdim: ― Ýoldaş professor, siziň şol keseleskop diýen apparatyňyzyň täzejesinden birini hasapdan çykaryp alyp bolmazmyka?! ― Ol siziň Ýer planetaňyza nämä gerek? ― Bizde mal köp. Olaryňam wraçlary bar. ― Düşünýän, düşünýän. Mal bu ýerde-de köp. Siziňem, biziňem mallarymyz geplänoklar. Keselleseler ýüzlerini sallaşyp, otlaman duruberýärler. ― Mallar şeýtdigi biziň wraçlarymyz-a olara nožomisin diýen derman beräýýärler ― diýip, men degişdim. Professor hezil edinip güldi. ― Myhman, malyň keselini anyklamak üçin keseleskopy ulanmak gadagan. Sebäbi, meselem, aýdaly, düýe ýa öküz keselledi diýeli. Pil hakda, kit barada gürrüňem etmäli. Düýäniň ýa öküziň çydan agyrysyna weternar wraç çydamaz ― diýip, professor aýtdy. Medisinasy oňat ýola goýlan ýer bilen hoşlaşyp, biz başga bir planeta tarap süýnüp ugradyk. Ol ýerde-de ylym gaty pajarlap ösen ekeni. Bizi kabul eden şol ýerli adam: ― Uzak Ýerden gelen hormatly myhmanlar, ynha, şu ymarata Wagt köşgi diýilýär. Eger şu jaýa girseňiz, men sizi has uzak geçmişe syýahata alyp gideýin ― diýdi. ― Siz ýalňyşýan bolaýmaň, ýoldaş professor, bu wagt köşgi däl-de, bagt köşgi bolaýmasyn?! ― diýdim. ― Men ýalňyşamok. Bizde bagt meselesi bireýýäm çözülendir. Sebäbi biziň planetamyzda uruş diýlen zadyň soňuna sogan ekilendir. Bu ymarat wagt köşgüdir ― diýip, professor bizi owadan jaýa alyp girdi. Gapysyny pugta ýapyp, ýüzüne «4 mln» diýlen knopkany basdy. Jaý pyrlanmaga başlady. Her hili apparatlar, dürli reňkli tablolar herekete geldi. Güňleç ses eşidilýärdi. Alym söze başlady: ― Hormatly myhmanlar, häzir biz bir wagtky geçmişe, örän uzakdaky döwre syýahata barýarys. 4 million ýyl mundan öňki zamany görersiňiz. Şol wagtlardaky biziň ata-babalarymyzyň entek kämil däldiklerine göz getirersiňiz. Ýöne sizden etjek bir uly towakgam bar, olam, neme, ýaňky adamlara hiç zat sowgat bermäň. Znaçok, beýleki zatlar bermek gadagandyr. Onsoňam özlerinden jinnek ýalyjagam sowgat, peşgeş alyjy bolaýmaň. Umuman, zat almaňam, bermäňem. Ýene bir mukaýyt bolmaly zadyňyz, olam şol barýan ýeriňizdäki ösümliklere, janly-jandarlara degmäň. Ýaňky alym bize köp zatlary sargyt etdi. Men oňa sowal berdim. ― Ýoldaş alym, näme üçin biz olara sowgat, peşgeş bermeli däl?! ― Sowgat berseňiz, olarda ilden zat almak endigi dörär, ol endik gana geçer. Gana geçdigi, özüňize mälim zat, nesile geçer. Nesile geçdigi barha güýjäp, hromosomlar arkaly şu güne para bolup geler. Ine, şeýlelik bilen parahor döwürdeşiň öz alkymyndan örer. Ýigriminji asyrda iki-ýeke parahor bolupdyr. Biz ony taryhdan bilýäs. ― Eger biz olardan sowgat alsak nähili bolar?! ― Bolmaz. Gadagan. Soň olardan döränlerem sprawka aljagam bolsalar para bermeli diýip düşünerler. ― Ýoldaş alym, ösümlige degmäň, janly-jandary ynjytmaň diýýäniňiziň manysy näme?! ― Eger 4 million ýyl mundan öňki döwürde bir çybyny öldürseň, onda häzirki kitiň, düýäniň ýa bolmasa, piliň bolmazlygy mümkin. Kimdir biri ytygsapjyk, ülpüldäp oturan bir güli ýolsa, soňra, belki, häzirki başy arşa dyzaýan, aşagynda tutuş obanyň märekesi saýalaýan çynaryň bolmazlygy ähtimal. Biz 4 million ýyl mundan ozalky döwre uçup baran wagt köşgünden daşaryk çykdyk. Şol döwrüň janly hem jansyz tebigatyna syn etdik. Men garynja ýaly bir möjejigi aýagym bilen basdym. Ýöne gaty ýalňyşan ekenim. Ýalňyşandygymy indi bilýän. Men ony mikroraýonymyzdaky jaýlarda ýaşaýanlaryň mazasyna sogan dograýan äteňet saçakçylaryň ata-babasydyr öýdüpdirin. Belki, ol janawar möjejigiň gelejekki nesilleriniň saçakçylary iýiji bir zat bolmaklary mümkin. Aý, garaz, men ýalňyşypdyryn-da. Ony diýseň, has çökderräk hereket eden jahankeşdeler hem bolaýan ýaly-la. Asyl meniň ýoldaşlarym geçmiş adamlaryna sowgat baryny beräýen bolsalar nätjek. Olardanam alyp bilen zatlaryny alypdyrlar. Ine, indem biz ejirini çekişip, olara garşy göreşip ýörüs. ...Men şampanyň paňkyldysyna oýanypdyryn. Tursam toý, gülki, şagalaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |