Lukman nätanyşdan uly kem tapman, ony özüni bilýänçä ýerinden gozgamazlygy tabşyryp çykyp gitdi. Ol ýigidi açlykdan ýa ysgynsyzlykdan essi aýlyp ýykylandyr öýdüp çaklansoň. Nurjahan daýza-da onuň urlup-ýenjilmändigine göz ýetirip birneme ynjaldy. Ili çürkäp ýören kezzap bolmazlygy-da mümkin. Betpäl adamlaryňam eline düşmändir. Garry indi ol tarapdan arkaýyn boldy.
Ine, indem Nurjahan daýzanyň şol çykyp gidişi. Ýel barha möwjedi. Ýeliň iňňildisi uzakda bir ýerde uwlaýan aç möjegiň sesi bilen goşulyşyp gitdi. Şol oturşyna gyz köne çuwallarynyň öňünde ýatan iş düwünçeginiň üstünde düýnki goýan hatyny görüp, ony ibermändigine gynandy. Özi ýazanam bolsa, başga işe eli barmady-da haty açyp, käbir ýerlerini täzeden okady.
„Kakam jan! Ejem jandan, körpejäňden, maýa gyzyňdanam, akyllyja ekizleriňdenem köp-köp salam. Kakam jan! Maýa gyzyňam, goç ogullaryňam, ejem janam alada etme! Ejemiň bir diýenini iki diýdiremzok. Men işläp ýörün. Jigilerim okap ýör. Körpäň-bilýänsiň men ejemi henizem ondan gabanyp ýörün. Olam içimi ýakyp „ejem meňki” diýýär. Ejem ikiňiz ony has eý görýärsiňiz-le. Onsoň neneň gabanmajak. Körpäň öz ýasan „uçarlaryndan” günde üçüsini-dördüsini saňa tarap ýollaýar. Olar, kakam jan, seni alyp gelmelimişler. Hemişe janyň sag, başyň dik bolsun, ýeňiş bilen gaýdyp gel, kakam jan”.
Hem kakasyny, hem öz göwnüni aldandygyna gynanyp Şeker uludan bir demini aldy-da, haty epledi.
Daňyň ilkinji horazlary gygyrdy. Şekeriň gözlerine welin çiş kakylan ýaly. Ejesi hemişe şu wagtlar oýanýardy. Özünem şeýle bir çalasyn hem ýuwaşja hereket edýärdi welin, Şeker pejiň şytdyldysyndan, kitiriniň şygyrdysyndan daşarda mallaryň ýuwaşja yňranmasyndan başga zady eşitmeýärdi. Hatda ejesiniň aýak sesinem duýjak gumanyň ýok. Onuň gatnaşmagynda bolup geçýän ähli zatlar ejesiniň bardygyny sessiz duýdurýardy. Hatda ejesiniň turup gidendigini duýdugy gykylyklaýan jigisinem ol hoş sözler bilen şol bada köşeşdirýärdi. Başyny sypap adaja hiňlenip şol bada ukladýardy.
Ejesiniň hüwdüleri. Wah, asuda gijelerdäki şol ýakymly hüwdüler soň-soňlaram gyzyň gulagyna geldi durdy, geldi durdy. Her gün agşam ýatmajak bolup şerraýlyk edýän körpesini ejesi ilki köşeşdirip, soňam mahmal ýaly ýakymly sesi bilen hüwdüläp başlaýardy, welin, Şekeriň özem meýmiräberýärdi. Iň kiçi jigisine „körpe” diýseler kakasy hiç halamaýardy. Munuň sebäbine Şeker akly ýeteninden soň düşündi. Ejesi-kakasy on ýyllap çaganyň dyrnagyna zar bolup gezipdirler. Aýdyşlaryna görä, garaşdyryp, garaşdyryp dünýä inen Şeker olaryň garaňky durmuşynda gün bolup dogupdyr. Onsoň kakasynyň hemişe deň-duşlarynyň ýanynda gürrüňiniň başy çaga bolýan eken. Her kim şol gürrüňi öň ýüz gezek eşidenem bolsa, köp ýyllap çaga zar bolan adamyň hatyrasyna seslerini çykarman diňleýärdiler.
Ilem-ä çagasyny eý görýändir welin, belki-de özleriniň tebigatlarynyň ýumşaklygyndan, ejesidir kakasynyň Şeker özüne-de, jigilerine-de, sesini gataldyp käýýän ýeri ýadyna düşenok. Gyz soň-soňlaram ejesiniň hüwdüsini küýseýärdi. Onuň mylaýym sesi özünem hüwdüläp näçe gezekler uka gidiripdi. Mahal-mahal şol sesi Şekeriň kakasam, özüne duýdurman, lezzet alyp diňleýärdi.
Garagolja körpäniň meýmiräpjik uka gitmegi üçin, ejesiniň hiňlenip başlamagy ýeterlikdi. Ýöne jigisi uklanyndan soň hem ejesi ony döşüne gysyp, başjagazyny sypap aýdymyny adajadan dowam etdirýärdi. Bu aýdym ekizler üçindi. Ýassyjaklaryny goltuklaşyp ekizjeleriniň öz arkasynda ýatjak bolşup hysyrdaýandyklaryny ol bilip ýatyrdy. Her gezek ejesiniň gapdalyndaky „posty” eýelemek üçin kä wagt ýumruk, wagtal-wagtalam dawa bilen çözülýän az wagtlyk „söweşden” soň ylalaşyga gelip, ekizleriň ikisi-de aralarynda hiç zat bolmadyk ýaly, özlerem bir ýassyga kellejiklerini goýup uklap galýardylar.
Ýeliň şuwwuldysy gyzyň gulagyna uzaklardan ejesiniň sesini alyp gelen ýaly boldy. Ol ses bir golaýdan bir ýakymly emma gamgyn eşidildi.
Meniň ballym ýatypdyr.
Gyrmyzy güle batypdyr.
Oýandyrmaň ballymy
Ýaňyja uka gidipdir, huw...
„Ejem jan, käbäm” hüwdüläber, seni penalap hemişelik uka giden goşa balaň-goşa mazar rahat ýatsyn.
Şeker gözünden syrygyp gelýän ýaşlary eliniň aýasy bilen süpürip, bokurdagy dolup-dolup seslendi:
Hüwdüläber ejem jan, körpe balaň, maýa gyzyň diňlesin. Mährine zar eden ejem jan. Bizi penalap gapylarda aýlanyp ýörmän gir-ä öýe. Didaryňdan bir doýaly, käbäm.
Şeker öz göwnüni aldap ejesini görmekçi bolup onuň hemişeki ýatýan böwrüne gözüni aýlady. Ejesem ýok, süýji labzy bilen hüwdüläp ýatyrýan ekizlerem ýok. Olaryň üçüsinem edil iki günüň içinde garahassalyk demir penjesine gysyp alyp gitdi. Ekizleriniň hersini bir gapdalyna alyp, olary penalap, goşa tümmegiň arasynda mähriban ejesi topraga garylyp ýatyr. Şeker heniz hem bu hakykat bilen öwrenişip bilenok. Ýüregi gyýym-gyýym bolup dilinip barýan gyz ejeleriniň ornunda mysylapjyk uklap ýatan körpe jigisine, üstüne atylan paty-putularyň aşagyndan zordan kellesi görünýän nätanyşa ýene bir gezek gözüni aýlady. Daşardaky harasat gyzyň içki dünýäsi bilen bäsleşýän ýaly barha möwç aldy. Şeker bolsa hamala diýersiň ekizlerini yzyna tirkäp ejesi gelip giräýjek ýaly ýene gapa seretdi. Işik şarkyldap bat bilen açyldy. Şekeriň jigisi ýüregi ýarylan ýaly gygyryp oýandy. Jigisine tarap topuldy-da, Şeker ony garbap alyp gujagyna gysdy. Soň gapa ylgady. Jigisini ýere düşürmese işik ýapdyrmady. Sowukdan hem gorkudan gagşan gyz jigisine ýalbardy:
— Gorkma, jigim jan. Men bar-a.
Gyz işigi güýç bilen ýapyp içinden ildirdi. Soň jigisini ýene gujagyna alyp, ony höre-köşe edip zordan diňdirdi. Nätanyşam bir gobsundy-da, ýene uka gitdi. Jigisine suw içirip Şeker ony edil ejesiniň edişi ýaly bagryna basyp, ýuwaşja hiňlenip içerde aýlanyp başlady. Gyz şakyrda gorkup aljyranam bolsa, soň köşeşdi. Muny ol geň gördi. Getirleli bäri, şol bir ýatyşyna gymyldaman ýatan nätanyşdan pena tapaýdymyka? Ol-a şol ýatyşyna içerini ýagy çapyp gitse-de duýjak däl. Gyz bu hakda pikir etmedi. Hatda Nurjahan daýzanyň nätanyş hakyndaky haýbatly-haýbatly çaklamalaram onuň ýadyna düşmedi. Ol özüni dulunda ýatan öň görüp-bilip ýören adamy ýaly arkaýyn duýdy. Maýsanyň welin soňky wakalardan habaram ýok. Ýoldaşyny ýolda taşlap ökjäni göterseňem bolýan eken. Şuny gyz edil häzir ýatlady.
Jigisini ýatyryp Şeker ýene öňki ýerine geçip oturdy. Işik takyrdanyndan Nurjahan daýzadygyny aňdy. Garry digdenekläp gelşine giýrip-girmän zeýrendi:
— Öw-heý beýle aldajyny heniz gören däldiris. Edil adamlarda kasdy bar ýaly içiňden-bagryňdan geçip barýar.
Nurjahan daýza arkasyndaky haltany düşürdi-de, sygyr tezeklerini pejiň agzyna dökdi. Soň Şekere ýüzlendi.
— Ýatman çykansyň garawullap, içeriňem buz ýaly. Bolşuň gursun seniň. Peje girjek bolup oturma-da, hany ot ýakmaga bir ýol ber. Meňňem iň soňky tezegim şüý.
Şeker gülüp goýberdi:
— Aý kesä çekip geçmiş, näme böwregiň bökýär. Buýup galan bedibagty getirdiň-de, janyma dert etdiň. Indikiň näme? Menem öldürmeli. Ýeri, ýat-da tünegiňde hezil edinip. Üşär öýüdýän. Şu tezegi düýnem ne saňa berdim, ne-de özüm ýakdym. Gysgandym. Indem gel, gel ýedi ýady üşetmejek bolup galap otyryn.
Nurjahan daýza pejiň külüni aýryp içine tezek guýdy-da, Şekeriň dolduryp gelen tüňçesini peçde oturtdy. Şol aralykda törde güberlip ýatan nätanyşa birki sapar nazaryny aýlady. Ýöne ol hakda hiç zat soramady. Işlerini gutardym edeniňden soň, nätanyşyň başujyna bardy. Goňşusynyň ýigide howatyrlanyp çüýjerilişine Şekeriň gülküsi tutdy.
Içeri sowugam bolsa, gyzýarmy nämemi, nätanyş daň ataly bärem birki gezek üstüni açdy. Şeker basyrdy. Häzirem onuň bilinden ýokarsy açyk diýen ýaly. Nätanyşyň eli Mekanyň kellesiniň aşagynda, beýleki eli kükreginiň üstünde, hiç zat duýman ýatyr.
— Elhepus, şu ýatyşyna-da edil surat ýaly. Beýle görmekli ýigidi nähili ene dogurdyka? Entek oglan eken bedibagt.
Ýigidiň daşyndan näçe gezek aýlananam bolsa, Şeker heniz ony ýakyndan içgin synlaman eken. Şol göwünsiz çüýjerilip durşuna-da Nurjahan daýza oňa üns beripdir. Ýigidiň çaksyz görmegeýdigine Şeker soň-soňlaram göz ýetirdi. Ýüzüne edil nur çaýylan ýalydy.
Şeker ynjalman ýene nätanyşyň üstüni ýapdy:
— Hamyr basyran ýaly edip, basyrma beýdip. Demikdirip bir öldüräýme bedibagty.
Nurjahan daýza gapydan çykyp barýarka-da Şekere tabşyrdy:
— Getiripsiň indi, aç-suwsuz bir öldüräýmeli onyňy. Ynhalykga işden geleýin, özüm aýlanaryn, Nurjahan daýza gyzyň ýylgyranyny görüp gatyrgandy: „Içýakgyç gülkiňem bardyr seniň, böwregi bökmüş”.
— Onyň diýip dursuň-da.
— Dagy näme diýeýin.
Mekan oýandy. Ol dikelip oturdy-da ýarym ukuly, ýarym oýa halda töweregine bir gözüni aýlady. Ornunyň üýtgändigini häzir bildi. Ilki gapdalynda ýatan nätanyşa, yzyndanam „bu kim” diýen soragly nazary bilen Şekere garady. Gyz üns bermedikden boldy-da, işine gümra boldy.
Mekan turup nätanyşyň başujynda sömelip durşuna ne gepledi, ne gymyldady. Ahyr çommalyp, ýigidiň ýüzüne has çüýjerildi. Jigisiniň bolşuna gyzyň gülküsi tutdy. Oglanjyk uludan bir demini aldy-da onuň ýanyndan gaýtdy.
— Şekeý, daýymy, hä?!
— Daýy, jigim jan!
— Haýsy daýy, Şekeý!
Gyz näme diýjegini bilmedi-de, jigisiniň soragyny jogapsyz galdyrdy. Mekanam anygyna ýetmän goýjakmy, tebigaty şeýle, onsoňam onuň tanamaz ýaly üýşüp ýatan daýysam ýok, biri bar, olam başga obada ýaşaýar, üstesine garry bolan soň, setanda-seýranda bir gelýär. Soňky döwürlerde ýat daýam gelip dullarynda beýdip ýatanok. Mekan doganynyň alkymyna dykylyp soragyny ýene gaýtalady. Gyz onuň bilen edil uly adam ýaly gepleşdi:
— Jigim jan, tanamak saňa şeýle zerur bolsa özünden soraý. Men näbileýin.
Doganyndan belli jogap alyp bilmän ýene nätanşyň başujyna bardy.
Agşamky wakalar ýadyna düşüp duranok. Mekan onuň gujagynda ýatypmy, ýatypdyr, onsoň tanamaly dälmişinmi? Dogry-da. Onsoňam il örende ýatar ýaly, ol nä işsiz daýy. Häzir Mekanyň Şeker gyssasa-da, dostlary oýnamaga çagyrsa-da, daýy bilen tanyşman öýden çykmajagy hak.
Ýöne oglanjygyň eli nätanyşa uzamady oňa habar gatmaga gaýraty çakmady.
— Şekeý, daýy ýatyý tuýuzda muny – diýip ýene nägile dillendi.
Duýdansyz peýda bolan del daýy oglanjygy halys injalykdan aýyrdy. Ol ýene ýigidiň başujynda oturdy. Bu gezek oňa elini uzatdy-da başyny yralady.
— Daýy, daýy, aý daýy tuýsana. Ylgap baryp gyz jigisini garbady. Soň howatyrlanyp nätanyşyň ýüzüne seretdi.
Nätanyş gözüni açdy. Alasarmyk ýagdaýda töweregine bir garady-da, ýene gözlerini ýumdy.
Şeker jigisine ýalbaryp, ony saçagyň başynda oturtdy. Daýysyna azar bermeli däldigini, onuň kellesiniň agyrýandygyny düşündirdi.
Gyz soňkyja gysym ununy gazana guýup, zygyr ýagyna jazlady, suwugrak bulamak taýynlady. Ertiriň gaýgysyny etmedi. Başga wagt bolanlygynda Şeker şol unam iki-üç bölerdi. Bulamagyň gylla ýaryny okara guýup jigisiniň öňünde goýdy. Oglanjyk bulamagyň diňe ýaryny iýdi. Doýanmyş. Saçagyň başyndan galdy. Galsa galybersin. Doý nämişle. Entek agy-garany saýgarmaýan körpe doganjygynyň akyljygyna hem guwanyp, hem gynanyp gyz, ony gujagyna gysdy-da, ýaňajyklaryndan ogşady. Agşamdan galan azajyk süýdi Şeker jigisine bermedi. Mekanam ony içjek bolup durmady. Näsag daýynyň içmelidigine düşündi.
Şu ýatyşyna gyz nätanyşy gyssagara naharlap bilmejekdi. Üstlerinden geçeninden soň, Maýsa her gün ir bilen Şekerlere sowulýardy. Maýsanyň nätanyşy duýmanyny kem görmedi. Diline bekem bolsa, jorasynyň birde bolmasa birde dilinden sypdyrmagy mümkindi.
Şeker tapanja zadyny ýigidiň gapdalyna üýşürdi. Agyzlaýmaly etdi. Jigisine-de tabşyrdy. Nurjahan daýza bilen Mekan Şeker gelýänçä ýigide intipis etmelidi.
Gyz ylgaşlap aýnanyň agzyna bardy. Hakykatdanam Maýsa ýetip gelýär. Ylgap daşaryk çykdy. Jorasyny öýe salman, gapyda garşylamaklygy ýüregine düwdi. Sakladam. Eglenmän donuny alyp çykjakdygyny aýtdy. Girip girmänem ýigidiň başujyny alyp oturan jigisini gyssady. Ýyljak eşiklerini eline tutdurdy. Mekan Şekere kän ähmiýet bermän, öňüne çolaşyp jürledi.
— Şekeý, Şekeý diýýän, daýy tuýdy, Şekeý.
— Wah gowy-da tursa, sen bol ahyryn geýin, jigim jan daşarda Maýsa ejeň garaşyp dur. Eglensek käýýär ol bize.
Şekeriň özi welin indi ýigide tarap seretmäge-de batyrlyk edip bilmedi. Üstesine-de gyssanyp el-aýagyny ýitirdi. Nätanyşyň üstüne atan donuny tapman, içerde ters aýlandy.
– Gatatdyň-la gyz, içerde daňylmadyk bolsaň çyk-da indi.
Maýsanyň sesi gaharly hem çasly çykdy.
— Dilem duzlydyr-a şunuň. Gidibermezem-de, ili örüzip gygyrar durar.
Şeker özbaşyna gürläp, birdenem dony hakydasyna geldi-de, ýaýdanyp bir durdy. Ony ýigidiň üstünden almaly. Gabak astyndan nätanyşa tarap gözüniň gyýtagyna aýlady. Hakykatdanam oýanypdyr. Ýigidiň galagoply garanjaklamasynda alasarmyk duýguny başdan geçirýän adamyň geň sypaty bardy. Gyz derrew ondan nazaryny sowdy. Donuny aldy. Geýinmän, gapdalynda özi bilen des-deň „daýysyna” tomaşa edip duran jigisini gyssady. Çykybermedi. Ýene yzyna gaňryldy. Bilesigeliji göreçler. Şeker utanyp çym-gyzyl boldy-da gapa ýöneldi. Emma nätanyşa bir zat diýmän gidibermäge-de bogny ysmady. Şonsuzam ol gökden düşen ýaly ýatyr.
— Biz gitjek, sen barjasyndan iýip içgin, bolýarmy? Garry aýlanar, ýeke goýmaz.
Mekany öýde galdyrsa boljakdy. Nätanyşa azar berer öýütdi. Daşardan Maýsanyň ýene gaharly sesi geldi.
Donjagazyny çöwre geýen jigisiniň elinden tutup idirdikledip, Şeker çykyp gitdi. Şol bada-da ony daşarda goýup yzyna öwrüldi. Peje birki sany tezek salyp, şondan soň arkaýyn ýola düşdi.
Garaşyp-garaşyp sabyr käsesi dolan Maýsa Nurjahan daýzalara ýetip barýardy.
Şeker jigisiniň aýagyna-da howlugyp, ony göterdi-de, ylgady. Mekany goňşularynyň gapysyndan goýberdi. Nurjahan daýzanyň uluja ogluna aýak üstünden myhmanyna hiç zat iýdirip-içirip bilmändigini düşündirdi. Soň ylgaşlap Maýsanyň yzyndan ýetdi. Ýüz-gözüňi ýalap barýan aýazdan goranmak üçin ellerini goltugyna sokup digdenekläp barşyna jorasynyň igenjini sesini çykarman diňledi.
Yzynda aglak çagany goýup giden ene ýaly Şekeriň işde ynjalygy bolmady. Ýogsam ol „onsuna” Nurjahan daýzanyň göz-gulak boljagyna, ugruny tapyp iýdirip-içirjegine-de ynandy. Günortan öýe hyýal etse-de sypynyp bilmedi. Çäklerini Maýsa bilen bile alýar. Onuňam ýeke özüni goýup gitseň, öňem bir alyp-ýolup barýan adam däl. Şeker gyssap durmasa, barja bolşunam ýitirjek. Bolmanda şu wagta çenli gazy galmalymy? Her ýygnakda-da, tankydyň köpüsini Şekerleriň brigadirleri iýýär. Şunça çytyraşsalaram, Maýsadyr Şeker düýn gutarmaly çäklerini bu gün günortana zordan gutardylar. Çäkleri öwrüme düşüpdi. Muny bilselerem aýallar gyzlara degdiler.
— Bu gün size nä jyn urdy? Hemişe iliň öňündesiňiz-le – diýip, kolhozçy aýallaryň biri açlykdan hem ýadawlykdan zordan yrgyldaşyp duran gyzlara ýüzlendi.
— Maýsa bir döw çaldy, işlemese näme? – diýip, Şeker çyna berimsiz ýalan sözledi, jorasynyň üstünden düşdi – Sapba aşyk bolupdyr. Indem şony görüp durmasa işläp bilenok.
Maýsa Şekeriň arkasyna doňdurdy. Ýumrukdan ýegşerilip gitse-de, gyz hezil edip güldi.
Hol beýlede işläp duran daýanykly ýigit adyny eşidip diňşirgendi. Onýança Şeker onuň depesinden seretdi.
— Sapby, aý Sapby, hany gerçejik, Maýsany halaýanyň çynyň bolsa bir tüýdüjek çalyp ber.
Bassyr-ýussurlygy bilmeýän sada ýigit gönüsinden geldi.
— Şeker walla beýtmesene. Kimi halaýanymy bilýäň-ä özüň. Maýsa diýmesene.
— Sapby jany eliňden giderip, soň ökünäýme gyz – diýip, gelinleriň biri alyp göterdi. — Seret, ýigit kemi barmy? Edil ýuwanyň seçegi ýaly.
— Wah, Sapbyjan, saňa Şeker boldy, Maýsa boldy, tapawudy näme? Bir göleli sygyr ber, Maýsany häziriň özünde yzyňa düşüreýin.
Ikinji ýumrukdan Şeker gorandy.
— Hany bir çyksana ýokaryk, tüýdüjek ýasan, çaý wagtam bolupdyr – diýip, Şeker bu gezek çyny bilen aýtdy. – bir göwünleri açaly, öýlän öňümizde iş durmaz.
Gyzy aýallaryň biri gollady!
— Şeýtseňizläň, Şeker jan. Gulagymyzyň posuny açalyň.
Sapbynyň göwni-garny ýok. Eýýäm dilli tüýdük taýyn.
Daýhanlar ygyşganja ýere çaýa ýygnandylar.
Sapbynyň tüýdüginiň sesi gulagyna ýakan Şeker ýüzüni sowuk ýalap barsa-da, raýyşdan düşmäge howlukmady. Uzak-gözýetime barýança synlady. Sürlen ýerler uzakdan alabeder bolup göründi. Ýakyndan, daşdan göze kaklyşýan agaçlar ýalaňajam bolsa, gyzyň gözüne „köne dostlary”hökmünde yssy hem mährem göründi. Şeker obalarynyň ilersindäki beýik depäni saýgardy. Depe öýlerine has ýakyn. Oňa bir wagt gala bolupdyr diýýärler. Belki, dogrudyr. Şeker çagalykdan şol depäniň üstüne çykyp, ilki obalaryny, soňam bütin günorta-gündogarlaryny jähekläp äpet giňişlikde ýerleşen ekin meýdanlary synlamagy gowy görýärdi. Mähriban obalaryna zer çaýyp günüň ýuwaş-ýuwaşdan ýokary göterilişini synlamak gyz üçin iň lezzetli zatdy. Obalarynyň ýeňsesinden günüň ýaşyşyny, mähriban obalarynyň ýuwaş-ýuwaşdan tümlüge bürenip, hem çümüp gidişini-de gyzygyp synlaýardy. Özünem şol pursatlar kalbyny nähilidir bir lezzetli duýgy gurşap alyp obalaryny, asyl tutuş meýdanlary gujagyna gysaýasy gelýärdi. Depeden sähra guşlarynyň sesini-de, giç agşamlar obadaşlarynyň gowruny-da höwes bilen diňleýärdi. Hatda Şeker ep-esli bolanda-da, şol depäni gözden salmandy. Kä halatlarda oňa bir hili janly zat hökmünde garap, ara wagt düşse, dostlarynyň birini küýseşi ýaly küýseýärdi. Soňky wagtlar depe bilen arasy daşlaşdy. Çagalykda keýik owlak ýaly bökjekläp, münüp-düşüp oýnap gezen ýerlerini oturyp-oturyp synlamaga eli ýetmedi-de, oňa tarap diňe wagtal-wagtal gamly nazaryny aýlap oňdy. Bu depäniň unudylmanlygydy, unudylmajaklygydy. Gyz onuň bilen öz duýgularyny paýlaşmaga-da gider. Mähriban ýer hemişe mähriban bolar-da! Häzirem şol depeden gözüni aýrasy gelmedi. Ýöne sowuk ýel içine düşüp, öňem aç gyz galpyldap başlady. Aşakdanam gygyrdylar. Islegi boýunça tüýdük ýasan soň Sapbam ony goýjakmy? Ýasatdymy diňlesin-dä!
Işden çykyşyna Şeker açlykdan essi aýylyp, ýadawlykdan endam-jany kül-owram bolup barýanam bolsa, gaýdyşyn Maýsa ýetdirmedi. Yzynda özüne bir mähriban adam garaşyp duran ýaly howlukdy. Ömürboýy mährinden ganmajak iň ýakyn adamlaryny aldyryp, hemişe ýüreginden daş asylan ýaly bolup duran gyz ilkinji gezek öýlerine alňasady. Onsoňam bir adama duýdansyz ýagşylyk edip, şol ýagşylyga ol adamyň özünden beter begenýän wagtlaryň az bolýarmy? Gapylaryna geleninden soň welin gyz içerik ätlemäge bir bada batyrlyk edip bilmedi. Durup, durup, diňşirgendi. Ümsümlik ýaly. Çekineniňde ýalňyzlykdan iki bolanyň ýagşy. Ol jigisinden haýyr gözläp Nurjahan daýzalara ugrady.
— Hany öýe gir-de bir ýylyn, menem ynha barýaryn – diýip, gyzy daşarda garşylan garry, külli legeni göterip egni köýnekçe ylgaşlap gitdi. Şol bada-da dolanyp gelip gürrüň berip başlady.
— Adam boljak gyz indi onyň. Süýdem içirdim, bulamagam.
Nurjahan daýza Şekeri düşege geçirjek bolup gyssady. Çaý hödür etdi. „Içiňi ýylyt-da ötägit” diýip özelendi. Nätanyşyň ýanynda çagalaryň bardygyny ýap-ýaňy ot ýakyp gaýdandygyny aýtdy. Lukman gelip, derman berip gidipdir. Soňam nätanyşy naharlaşyny gürrüň berdi.
— Ilki–hä bir ýüzüme ýiti-ýiti seretdi. Menem hakyndan çykdym. Seredýämiňem diýmedim. Süýt uzatdym. Bulamagyňam yzyndan. Içmejek boldy. „Gaty içersiň” diýdim. „Sowukda tas gatadypdyň” diýdim. „Kim indi seni aňsatjak ezraýyla berip goýberer” diýdim. Dogrym-da, agzyna ýatyrybam guýjak. Bir hili utanjaň bedibagt.
Nurjahan daýza ýagşy-ýaman duýmanka nätanyşy öýlerine alyp gaýtjakdygynam aýtdy. Gyz gülümsiräp goňşusyna kakdyrdy. Emma ol Şekeriň ýaňsysyna bir bada düşünmedi.
— Bir zat garysyna ilse, götersin içerini, özüm-ä şu tünekden zat tapjak däl. Birdenem özüne kakdyrylandygyna düşündi-de, gyzyň özüne hüjüm etdi:
— Zat hiç-le. Şeker jany göterip gitse näderin .
Ýyljak peç janyna hoş ýaksa-da, Şeker oturmady. Garry gyzyň garşylygna garaman, bir okarany-da eline tutdurdy. Goňşulary ýarma dadyrypdyr. „Çagalaram oňar, ol bir ýatan adam, agzyna seretmeseň galmaz” diýýär.
Şeker jaýa gireninden nätanyşyň başujynda oýnaşyp oturan çagalar zöwwe ýerlerinden galdylar. Jigisi gyzyň boýna-boýna bökdi.
— Şekeý, Şekeý. Men daýynyň adynam bilýän, diňle entek.
Mekan gyza gozganmaga maý bermedi.
— Gowy-da, jigim jan bilseň, aýagyma çolaş-ma – diýip, öňem ýaýdanmaç giren gyz nätanyşyň aňyrsyna bakyp ýatandygyna göz ýetirip, birneme ynjalyp özüni ele aldy.
— Menem bilýän, Atabaý ol-a!
Nurjahan daýzanyň körpesi Mekan gep düşündirýänçä öňürdip ýigidiň adyny buşlady.
Göwni galyp Mekan dostunyň ýüzüne gaşjagazyny çytyp, öýkeli seretdi.
Şeker jigisiniň başyny sypap, derrew ony köşeşdirdi:
— Mekan jan, hany aýt, senem bilýän diýdiň-ä. Oň ady meň-ä eýýäm ýadymdan çykdy.
Oglanjyk henizem çytylyp durşuna ýuwaşja pyşyrdady:
— Atabaý.
Oglanlary ylalaşdyryp, Şeker nätanyşa tarap ýene bir gezek gözüniň gyýtagyny aýlady. Ol hiç kim bilen däl. Gyz arkaýynlaşdy. Içersini tertibe saldy. Syrdy-süpürdi. Pejiň başyndaky gap-gaçlary ýuwuşdyrdy.
Bir seretse, çagalar gapyda köwüşlerini geýşip durlar. Ýigit oýanaýsa, özüne kyn düşjegini aňyp, çagalary saklamak isledi. Olar asyl jedirdeşip ör-gökden düşdüler. Garawulçylyk möhletlerini gutaranmyşlar. Indi Şekeriňki. Dogry-da. Gadylara (Garýagdy) gitjekmişler. Dostuňa barjak diýip, söz berdiňmi wadaňda tapylmaly bolar. Ýogsam soň saňa hiç kim ynanmaz. Aldawçy diýerler. Muny gyza düşnüklije edip aýtdylar. Onsoňam keýpine gidenoklar. Gadylaryň güjüklerine daşarda ýatak saljaklar.
— Şu garaňkydamy deýip, Şeker güldi. – Gündiz näme işlediňiz?
Şeker näme üçin düşünenok? Mekan gaşjagazlaryny çytdy. Daýyny saklapdyrlar-a.
Gyz sowgy bahanalap, bolmanda jigisini alyp galmak isledi. Asyl ol gulagam asanok. Köwşünem ters geýipdir. Azaryna-da däl. Burunlary jaýtarşyp hersi bir tarapa bakyp duran çokaýjygyny süýräp, ökjesine ýetip ýatan köneje güpbüsinem geýdi-de, Nurjahan daýzanyň oglunyň yzyna düşüp ýok bolaýdy. Asyl oglanlar „postda” durmazlaryndan ozal garrynyň boýnuna goýan ekenler. Ýalňyz galan gyz özüni öýlerinde ýat ýaly oňaýsyz duýdy. Ýigidiň oýanyp, bärisine öwrülendigini aňdy-da, indi dula tarap hatda gözüni aýlamaga-da utandy. Gyzyň göwnüne ýigit ähli hereketlerini synlap ýatan ýaly duýuldy. Aljyrap okara derek käsäni pejiň üstünde goýdy. Pejiň aşagynda ýatan tutajyny tapman ters aýlandy.
— Şeker!
— Gyz tisgindi.
— Hym...
Ol ysgynsyz dillendi-de, adynyň tutulanyny geň görüp hem utanyp ýigide garady. Oglanjyklaryň özi hakynda-da bilýänlerini orta döküp ýetişendiklerini aňdy.
— Bir zat gerekmi?
— Azajyk gobsunmaga kömek edip biljek dälmi?
Ýigit tirsegini ýere diräp, galmaga hyýallandy. Başarmady. Göwresi gozgatmady. Başujynda çekinjiräp durşundan gyzyň özüne elini uzatmaga utanýandygyny duýdy:
— Bolmasa, „kömekçilerim”gelýänçä garaşaryn-da!
Şolardan gözi gara-da neresse. Ýeri, süýräp ýoldan aýranyňda, göterip galtaga atanyňda bolýar-da, gozgamaga kömek edeniňde utanýarmyň?”gyz özüne igense igendi welin, ýigide söýget bermäge gaýraty çatman bahana agtardy.
— Galdyrmasyna galdyraryn welin, bary bir oturmaga ýaramarsyň.
— Synanyp görmeli-dä diýip, Atabaý bir hili keýpsiz aýtdy.
Gyz ylgaşlap gidip Nurjahan daýzanyň ogluny alyp geldi. Öz güýjünem tijäp ýigit oglanyň kömegi bilen dikeldi. Gyz şol bada ýassygyny hem kakasynyň köne içmegini oňa söýget etdi. Ýigidiň ýa düýbünden mejaly ýok, ýogsa-da bili agyrýar, ejir çekýändigini kokuşyp duran ýüzünden soraman biläýmeli. Gabaklaram sallanyp dur. Şonsuzam ap-ak ýüzi gan-pet bolmanyndan soň häzir telim ýuwlan ak esgä dönüpdir. Dodaklary göm-gök. Şeker Atabaýy dogabitdi näsagdyr oý etdi. Ýigidiň içine giden gözleriniň şöhlesi öçügsem bolsa, ondaky mähir uçgunjyklaryny çem gelen saýgarjak. Gyzam muny duýdy.
Şekere hemişe el ujundan edýän işleri boýun egmejek boldy. Elini ýuwmak üçin ýapyşan kündügi pejiň üstüni özi bilen alyp gaýtdy. Ol uly şakyrdy turuzyp pejiň öňüne gaçdy. Eline ot çabrap gyz kündügi howlukmaç ýerde goýjak bolup, oňa-da ýetişmän zyňyp goýberdi. Agdarylyp giden kündük pejiň agzyndaky küli tozadyp ýokaryk sowurdy. „Şeýdip tiňkesini tikip otursa kündük näme, pejem agdararsyň. „Çoça” diýendir. Diýse nädeýin. Utansam, bolşum şuda. Entek näme görýär, depesindäki ýükleri üstünden indermesem kaýyl geler”. Gyzyň galagoplygy bir kündük bilen sowulmady. Ol ýigidiň gapdalyna saçak ýazmaga hyýallandy, saçagyň bir burçunda çaýyny basyrandygyny ýadyndan çykardy. Saçak bilen bile galan çäýnek keçäniň üstüne agdaryldy. Çaýa derek yşgyn bolanynda näme, şol-da bol däl, onsoň gynanmazmyň. Hakykatdanam ýigit gyzyň ähli hereketlerini synlap oturan eken. Ol ysgynsyzam bolsa, hezil edip güldi:
— Şeker, şu öýde özüňden başga adamy ýok hasap et-de, özüňi bir dürse. Işleriňi soň etseňem bolar.
Gyz köneje saçagyny ýazyp, Nurjahan daýzanyň ýarmasyny hem ertirden galan süýdi goýdy. Özi çaý demlendi-de, pejiň gapdalynda oturdy.
— Garry daýza naharlady. Özüň arkaýyn iý, maňa ýekeje käse çaý beräý, Şeker!
— Näwagt naharlananyňy bilýän – diýip, gyz başyny galdyrman jogap berdi. — Meni alada etme-de iý. Çaýy soň içäý.
Daşardan çagalaryň sesleri geldi. Şeker bu gezek olary yzyna gaýtarmak maksady bilen ylgap öňlerinden çykdy. Garaňkyda „jaý salmagy” goý bolsun edipdirler. Çynlaryny etseler gündizem wagt tapjakmyşlar, näme tapman! Şekerem olaryň gürrüňlerini göwünjeň tassyklady-da, Nurjahan daýzanyň okarajygyny ellerine tutdurdy. Çaga ýaly gowy zat ýok. Sowukdan ýüzleri gögerip gidipdir. Şonda-da okarany göwünjeň alyp ylgaşyp gitdiler.
Atabaý Şekeriň matlabyna düşünensoň bir hili boldy. „Çagalardan gysgandyň, özüňem iýmän otyrsyň. Açdygyň ýüzüňden bilinip dur. Menem özüm iýmän, iýdirjek bolup şu ýagdaýa düşdüm, meni aldap bilmersiň. Ýöne indi maňa açlyk kär etmez. Her hili şata-da çydaryn. Seniň yhlasyň maňa gurp berer. Her kime bir çemçeden ýetse-de bile iýeris”.
Ýigit daşyndan başga zat diýdi:
— Nahary böläý Şeker. Özüň iýmeseň, menem iýjek däl.
Naharyň başyna barmasa gyz goýulmajagyny duýdy. Saçagyň başyna-da geçdi. Naharam iki okara böldi. Emma agzyna salanyny zordan ýuwutdy. Başyny galdyrman gyzaryp-bozaryp, peç ýansa-da süňňi sowuk jaýda derläp başlady. Süýtdenem diňe iki çemçe owurtlady. Ýöne şolaram az-owlak ýürekse boldy. Ýigidem kän iýmedi. Şeker ýarmadan jigisiniň dadanyny kem görmedi. Ýöne Nurjahan daýzanyň çagalaram datmady ahyryn ondan. Şonuň üçinem ýigidiň göz-görtele sypaýçylyk edýändigini duýup gynandy. Bu häsiýeti bilen entek galmaz. Ýüzünde adam ruhy ýo-ga.
Atabaý ýekeje käse çaý içdi-de, süýnmäge hyýallandy. Şeker düşünip, onuň arkasyna goýan zatlaryny aýyrdy.
Aýyň aýak bolmagyna iki gün galdy. Bir wagt ýüwürden dolagyny gyz henizem gutaranok. Şeker darygyp – darygyp, darykmaz boldy. Iki-üç gezek dokamaga hyýal etdi. Üçüsinde-de ýoňlady. Haçana çenli peje girip oturmaly. Gyş paýawlasa-da sowguň soňy gelmedi. Gyz her aýda söweşijilere sowgat iberýärdi. Geçen aýda iki sany ellik bilen, daýysynyň dadymlyk getiren toşabyndan ýollady. Janykmasa, dolak ýene galjak. Haýal etmän dokmasyna mündi. Ot dynman ýanandan soň, içerleri ganymadrakdy. Ilki dükgüldim ýigidiň ýüregine düşýändir oý edip gypynç etdi, hut şol duýgy bilenem oňa gözüni aýlady. Atabaýyň düşünişine begendi.
— Sen gysylma-da haýdaber, Şeker, maňa düýbünden azary ýok diýip, ol minnetdarlyk bilen aýtdy.
Şundan soň öýdäkileriň hersi öz pikirleri bilen gümra boldy. Içerden diňe dokmanyň dükgüldisi eşidildi. Şu wagt goňşulardan biri gelip, „bu kim?” diýip soraýsa, Şeker näme diýerkä? Bolşy ýaly gürrüň beräýmeli bolarmyka? „Bir ýat ýigit duluňda ýassanyp ýatsa, özüňem gapdalyndan örüp ýörseň dil uzyn-a tapylar. Ýüzüňe aýtmasalaram, kim bilýär? Olaryň geňlejekle-rä ikuçsyz. Şekeriň ejesi barka gapylary dynmazdy. Ula-kiçä ýetýärdi. Ýaz ýalydy. Häzirem ony sylap gelýärler. Goňşulary, obadaşlary, wagtal-wagtal gelip, oturyp-oturyp gitýärler. „Kösenen ýeriňde çekinmän barybergin” diýişip sargap durlar. Öten ýyl Şekerleriň tamlaryny üýşüp suwadylar. Melleklerini bolsa gyzyň öz deň-duşlary üýşüp bir gijede depip agdaryp gitdiler.
Daşardan eşidilen ýognas ses Şekeriň pikirini böldi. Onuň brigadirleriniň sesidigini aňdy-da, böküp ýerinden galdy. Gapa ylgap çykdy. Gyz ogurlyk edýän ýaly saňňyldaýandygyny soň duýdy. Hemişe „geliň, giriň, oturyň” diýýän gyz brigadiriň habaryny almak bilen boldy.
— Näme etjekdiň meni, Garly aga.
— Seni başlyk çagyrýar, gyzym!
Gyz iňkisi gitdi.
— Ýaýdanma gyzym, üýtgeşik zat ýok, diýip, Garly aga ýöwselledi.
Brigadirlerini gapyda saklap gyz geýinmek üçin jaýa girdi. Şeker ýigide özüni başlyklarynyň çagyrýandygyny, ýanyna çagalary iberjekdigini aýdyp, köneje donuny egnine atdy-da çykyp gitdi.
Gündiz brigadir telim gezek ýanyna gelip, durup-durup gitdi. Şeker onuň özüne bir ýumuş buýrjak bolýandygyny aňdy. „Ýekegapanla” suw tutmaga gitmeli” diýer öýütmedi. „Ýekegapanly” obadan has daşdy. Üstesine ulagam ýokdy. Dogry. Şekeriň at ýaly daýaw eşegi bar. Emma ol göwresine seretmezden, gaty ýaltady. Hernäçe saýgylaý içiňi it ýyrtýarmy, ýokmy azaryna-da däldir. Şol mytdyllar barar. Diňe ýuwaşlygy üçin Şeker onuň bilen oňuşýardy. Ýöne onam kolhoza ders çekmäge berdi. Brigadiriň öz ýumşuny buýran ýaly ýaýdanyp ýörşüne Şekeriň nebsi agyrdy. Bir ýygra ýigit bolar-a, bir gyzy söýer-de onam duýduryp bilmän, aýtmasa-da ynjalman, şol zowzuldar ýörer. Şu gün-ä Garly aganyň bolup ýörşi şoňa meňzeýär, eýgilik bolsun – diýip, Şeker gündiz gyzlary gülüşdirdi. Öýlän welin, özüniňem sabyr käsesi doldy.
— Garly aga, maňa bir ýeňliräk ýumuş buýrmakçymyň buýrjak bolsaň buýr-da dyn. Menem ynjalaýyn, sizem – diýip, güldi.
— Wah, gyzym, şu işlerden beter kyn işi, men size nädip oýlap tapaýyn. Nazar syrkawlapdyr, ýerine iberjek bolýaryn welin, gabylly adam tapamok. Saňa-da diýmäge ýaýdanyp zowzuldap ýörün.
— Ýaýdanmagyn, Garly aga. Diýibergin. Suw tutmak bir görmedik işimiz däl. Daşam bolsa gideris. Näme gitmän.
Şekeriň gürrüňine brigadiriň ýüki ýeňledi. Indem Garly aganyň öz aýdyşy ýaly „it gyranyň çölüne” ýumruk ýaly gyzyň ýeke özüni ibermäge ynsaby çatmadyk bolarly”. Ýöne başga nähili ýumuş buýrjakkalar?
Gyz başlygyň jaýyna girende, ol ýerde iki sany brigadirinden başga-da birki sany adam bar eken. Ýöne olaryň hemmesem obadaşlary, görüp ýören adamlary bolansoň, Şeker kän utanyp, çekinip durmady.
— Arma gyzym, nähili ýagdaýlar – diýip, başlyk Şekere oturmaga orun görkezeninden soň, oňa ýüzlendi. Soňam şol bada yzyny dowam etdi. – Gyzym, seni bir ýerde arkaýyn işlemäge-de goýamyzok. Ýagdaý şeýle-dä? Onsoňam kim işe gabylly bolsa, işiň agramy şonuň egnine düşäýýär. Uzakdan aýlap oturman, nähili ýumşam bolsa, başlygyň basymrak aýdyp dynanyny Şeker kem görmedi. Bir hili bükgülläp başlady. „Ýene etraba ýaşlar guramasyna işe aljaklarmyka?” öňem-ä başlygyň özi zordan alyp galypdy. Şeker gitse, kolhozyň ähli işi ýatyp galaýjak ýaly gykylyk edip närazylyk bildirdi. Soňam gyzy etrap medeniýet öýüne işe almak üçinem çagyrdylar. Muňa özem göwnemedi.
— Ninany bilýärmiň? – diýip, başlyk gyza duýdansyz sorag berdi.
Şeker başyny galdyrdy:
— Towuk çopanmy? Bilýän.
— Tanasaň, şol hassahana düşüpdir. Oýlandyk, oýlandyk, gyzym senden gabylly adam tapmadyk. Ýatyp bir uzak ýatasam ýok-la. Gelýänçä gaýrat edäýseň.
Bir ýumuş buýrulanda Şekeriň adamyň ýüzüne gelip „etjek däl” diýen ýeri, ýa kyn görüp ýüzüni çytan mahaly ýokdy. Bu gezek welin, ýaýdandy. Muny daşyndakylaryň hemmesi duýdy.
Başlyk onuň sebäbine özüçe düşündi. Guşçulyk fermasynyň çolalygyndan gorkup ýaýdanýandyr oý etdi. Şonuň üçinem gyza Nurjahan daýzanyň çagalarynyň birini ýanyna alyp gitmekligi maslahat berdi. Şeker welin düýbünden başga niýet bilen „muňa sen nähili garaýarsyň?” diýen manyda brigadirleriniň ýüzüne seretdi. Garly aga-da, bir ýüze gelmezek, otyr kibtini gysyp, Nazar aga ýaranok. Dürliniň çagasy bar, it gyran çöle gidip, Maýsa-da suw tutmaga ýaýdanjak. Dogrusyny aýtsaň, gyzyň häzir brigadirlerine nebsi agyrdy, hem gahary geldi. Işgärlerine ýapyşylsa, janygybermeli welin, otyr-da. „Daýhanlarymyzy dagytmaň” diýeninden gep çekeni aňsatdyr-da. Her hili adam bar. Bir ýerik kömek gerek bolsa, Garly aganyň adamlaryna ýapyşyberýärler. Ataballyny başga işe çekdiler. Jereni ferma aldylar. Gözel okuwa gitdi. Onsoň iki-üç sany adam ot bolanynda-da brigadiriň şu bolşy bilen eşitjegiň igenç bolar. Geçen ýygnakda dälmidi, başlygyň özüniň „heniz ýeriňiziň ýarysam gyş suwuny içenok” diýip, depelerinde nagarasyny döwüp durany. Aýtmaly-da şony, ýazykly ýaly boýnuňy sallap oturman. Ýa brigadirden öňe düşüp Şeker dillenmelimi?
Başlygyň soragy ara düşen ümsümligi bozdy.
— Näme dymdyň Şeker, kyn görýärmiň?
— Kyn göremok-la welin, Nazar aga-da ýoňlapdyr-da.
Başlyk habarly eken.
— Suw tutmaga adam tapylar – diýip, ol çürt-kesik aýtdy. — Onuň gaýgysyny etme.
Dogrusy gyz çykgynsyz ýagdaýda galdy. Yzyndanam arkaýyn däl. Onam aýdyp biljek däl.
— Hökmän, ertir barmalymy? – diýip, Şeker aladalanyp sorady. Başlyk gyzyň çintgäp durşuny halaman gönüledi.
— Ertiriň gürrüňini edýäňiz, başarsaňyz häzir barmaly. Bilip dursuňyz-a, obanyň çeti. Töweregiňde goňşy-golamam ýok, çagalaram ýeke.
Birinji gezek Şeker buýrulan ýumşy özi bilen bagly bolmadyk sebäplere görä kyn görüp gaýtdy. Ýolda Sülgün ýadyna düşdi-de, göwrümi birneme giňedi. Ýogsa-da Nina daýzanyň çagalaryny oňa tabşyryp, Şekeriň özi suw tutmaga gidip biljek ahyryn. Bäri bakandyr-a Sülgünem on günläbem ýatmak bolarmy? Atabaý aýňalýança, gyk-bak etse-de, hassahana alnyp gidilmejek bolsa, öýlerine eltilse Nurjahan daýzanyň özi göz-gulak bolar. Ýöne gyz Sülgüne-de gaty bir ynanmady. Soňky günler onuň bolşundan göwni suw içenok.
— Hiç kim gelmedimi? – diýip, Şeker gelşine oýaly-ukyly ýatan ýigitden geňirgenip sorady. Atabaý çagalaryň ýaňyja çykandygyny aýtdy. Mekan-a çäre ýokdur. Her näçe käýýäý, öýde oturmaz. Edil Nurjahan daýzanyň oglunyň yzyna tirkelen ýalydyr.
Gapydan bir giden sowgy salyp Mekan girdi. Ol hamala diýersiň zerurlyk bolup ilerki dagy süýşürip gelen ýaly, gapyda abşarylyp durdy. Soň Nurjahan daýzanyň gölejiklerini barlap gelendigini aýtdy.
Hawa-da, Mekanyň gürrüňine salgylansaň, onuň alada kemi ýok. Dagy näme, şu sowukda kimiň meýdana çykasy gelýär. Gölejigiň üşäýmegi welin gaty mümkin. Gündiz-ä ol boşap azap beripdir. Obanyň içinde okkessirme geçip zordan tutupdyrlar. Obanyň ýerden ýöreýäni kowga gatnaşypdyr. Mekan çagalary göz öňüne tutýandyr-da. Diňleýjiler muňa şeýle düşündi. Şonsuzam zordan ýöreýän Nazar aganyň agsak aýagy bilen sakgalyny sallap göle kowalap ýörmejegi belli ahyryn. Bitirilen işiň möhüm kemi ýok. Mekanyň sözüne ynansaň, tutaýmadyk bolsalar gölesiz galaýmaklary ähtimal eken. Galan täzelikleriňem hemmesi haýwanlar bilen bagly. Gadylaryň dört sany güjükleri bar. Elbetde, olam täzelik bolsa-da Şeker üçin öň eşidilmedik gürrüň däl. Olara ýatak bu günem salynmandyr. Mümkinçilik bolmandyr, ýer doňmyş. Şonuň üçinem güjükler häzirlikçe odun jaýyň bir burçunda mekan tutmaly bolupdyrlar. Güjükleriň gözi açyldygy biri Mekana berilmeli. Maslahat edilip, karara gelnen bolmaga çemeli. Şeker ertirden başlap ýatagyň ugruna çykmaly. Soň bahana etmez ýaly, Mekan ony öňünden duýdurýar.
In-dä näme daýylaram bar. Ullakan alada edinip oturasy iş ýok. Eger ýatak bejerilmese güjügi öýde saklamaly bolar. Şu sowukda daşarda galsaň özüňem gatarsyň.
— Bir duluňyzy men saklap ýatsam, beýlekisinem güjük eýelejek bolsa, Şeker, özüňize diňe çykyp gidäýmek galýar – diýip, Atabaý öňünden „howatyrlandy”.
Şeker ýylgyrdy-da henizem gapylarynda duran jigisine ýüzlendi.
— Gürrüňiňi gutaran bolsaň geçäý indi, jigim jan, sag bol, dünýäniň täzeligini aýtdyň. Jigisine wagtynda ýatmalydygyny tabşyryp, gyz goňşularyna gitdi.
Nurjahan daýza süýnüp ýatan eken. Ol zordan ýerinden galdy. Ulugyza buýrulan ýumşy geňräk görse-de – muny gyz goňşusynyň ýüzünden okady — Şekere ýoldaş bolup Nina daýzalara gitmegi özüne hossa bilmedi.
Ýyldyzlar döwüň gözi ýaly petreşip duranyndan soň, daşary gaty garaňky däl eken. Ýöne gidip gelýänçäler sowuk ikisiniňem bagryndan geçdi. Yzyna zordan eýerýän Nurjahan daýza, ýoňlapmy nämemi gelýänçeler üsgürip-üsgürip ysgyndan gaçdy. Şekeriň garra nebsi agyrdy. Çaga bolsa-dy, göterip gidip gelerdi.
Nina daýzanyň çagalarynyň ýanynda mazaly lukman aýal bar eken. Ol Nina daýza bilen Ukrainadan bileje bir wagtda Şekerleriň obasyna göçüp gelipdi. Çagalar uklapdyr. Lukman aýal gije olaryň ýanynda galjakdygyny aýtdy. Gyz ir bilen gelmäge söz berip, goňşusy bilen yzyna dolandy.
Şeker gelse, Mekan Atabaýyň gujagynda uklapdyr. Ýigidiň özem oýaly-ukuly ýatan eken. Gyz sessiz-üýnsiz gyşaraýdy, ir bilen Atabaýyň ynjalyksyzlanyp galagoply garanjaklamasyndan, özünden bir zat soramakçy bolýandygyny gyz aňdy.
— Men bu ýerik nädip düşdüm, Şeker?
— Daşaryk çyksak, gapymyzda üşäp duran ekeniň. Dözmedik-de öýe salaýdyk.
Gyzyň gürrüňine ýigit ýylgyrdy. Çaýyň ugrunda hysyrdanyp ýörşüne Şeker Atabaýa onuň özi bilen baglanyşykly wakalary gysgajyk gürrüň berdi. Maýsanyňam, özüniňem gorkuşyp basga galyşlarynam gizlemedi. Diňe Nurjahan daýzanyň çaklamalaryny aýtmady. Şol wagtam, häzirem Atabaýyň ili çürkäp ýören ýigitdigine ynanasy gelmedi. Ýöne ýigidem häzir ýeri geldi özi barada gürrüň beräýmeli ýaly welin, dymýar. Şeker göwün etse-de, onuň özi hakynda soramagy uslyp bilmedi.
— Durmuşda gaýtaryp, ýerine salyp bolmajak ýagşylyklaram bolýan eken. Şeker. Ine, onuň bar diýeni.
Atabaý tirsegine daýanyp, ýuwaş-ýuwaşdan dikeldi. Özi bilen ýanaşyk diwara gözüni aýlady. Gyz onuň hyýalyna şol bada düşündi. Düşündi-de öňünden çykdy:
— Tursaň ýykylarsyň, Atabaý!
Ýigit gyzyň ýüzünden onuň söz bilen aýtmadyk pikirinem okady. „Diýenimi etmän turmaga synanyşyp, ýykylsaň menden seni galdyran ýok”. Ýigidem diňe sessiz garaýyş bilen jogap berdi. „Ony bilýärin”.
Atabaý diwara tarap süýşdi. Ilki iki elini ýere diräp oňa agramyny atyp, öz güýjüni saldarlap gördi. Elinde az-kem ysgyn bar. Diwara söýense aýagam göwresini götermez oý etmedi. Diwardan ýapyşyp ýuwaşlyk bilen galyp ugrady. Ysgynsyz aýak öňem zordan diwara söýget bolan mejalsyz göwräni götermekden ejiz geldi. Aýaklary saňňyldap başlanyndan ýigit diň arkan gaýdar öýdüp ýüregi gopan gyz ylgap ýanyna bardy. Muňa-da namys edip, ynjyly dillendi:
— Aýdylany edäý-dä bir. Ýykylyp bir ýeriňi döwersiň.
Ýigidem galyp bilmejegini duýdy. Diwara ýapyşyp durşuna ýuwaş-ýuwaşdan özüni aşak goýberdi. Ýene arkasyna aňry-bäri üýşürip Şeker kündükdir legeni alyp, ýigide oturan ýerinde ýuwunmaga kömek etdi. Soň çaý demläp, bir barmajyk gyzzyrmany-da çaýyň ýany bilen äberdi. Düýn ony Maýsa hödür edipdi.
Gyzyň işe alňasaýandygyny duýup, Atabaý ynjalyksyzlandy. Şekerem onuň özüne bir zat diýjek bolýandygyny aňdy.
— Atabaý, ýaýdanma! Näme isleseň, ýumşuňam bolsa aýdyber – diýip, gyz oňa ýol arçady.
— Ýaýdanma dagy has bärden gaýdýar, Şeker. Şu ýatyşyma utanyp, ýer ýarylsa men girjek. Garrydanam beter gypynç edýärin. Şundan artyk ýatsam, özüm owarram, garrynam, senem horlajak. Oba habar ýetirläýse, gözleýändirler. Mekdebem bihabardyr. Yzymdanam ynjalamok. Çagalaram ýeke-dä. Eneleri ýok. Öýden çykanyma iki gün dagy bolupdyr.
Ýigit obalarynyň adyny aýtdy. Asyl goňşy ekenler. Atabaýlaryň obalary demirýoluň ilerije düýbünde Şekerleriň oba bilen ýanaşyk eken.
Oba baryp, bolmanda ýigidiň ýagdaýyny aýdyp, hem öýlerinden habar tutup gaýdyberer ýaly gabyllyja adam gerekdi. Çaga-da Şeker ynanjak däl. Nurjahan daýzanyň uluja ogly oňarjakdy. Onam Şekeriň okuwdan alyp galasy gelmedi. Okuwdan boşadygam işe ylgamalydy. Özi gidip geleýin diýse-de, bolmanynda ýarym güni geçjek. Nina daýzanyň towuklaryna-da, çagalaryna-da seretmelidi. Ýöne öňem iki günläp ýalňyz galan çagalar, enelerem ýanlarynda ýok bolsa, üçünji güni olardan diňe agşamlyk habar alynsa, has giç boljakdy. Goňşy-golamam bardyr, onda-da öýden çykyp giden adam wagty bilen dolanmasa howsala düşüljegi ikuçsyz. Kim bilýär gözlenip ýörlen bolsa, Şekerleriň obasyndanam habar tutulsa. Hany, şu iki öýden hem lukmandan başga ýigidi gören bilen barmy? Şonuň üçin Şeker ýigidiň öýlerinden agşamlyk habar tutulmagyny giç gördi. Şu wagta çenli ýigidiň yzy hakynda özüniň oýlanmandygyna, aladalanmadygyna gyz gynandy. Çagalaryň ejelerine näme bolduka? Özi aýtmasa; muny ýigitden sorap, çintgäp durmagy Şeker bir hiliräk gördi.
— Özüň gitjekmi? – diýip, ýigit gyzyň hyýalyny aňdy-da, onsuzam başagaý gyza ýene ýük ýükleýänine gynanyp aladaly sorady.
— Hawa.
— Bir-düşbüje çaga-da oňarardy.
Şeker ylalaşmady. Ol jigisini turuzyp, elini-ýüzüni ýuwdurdy-da, çaýynam içirmän, Nurjahan daýzalara ugratdy. Naharlar-da garry.
Mekan yzy bilen dolanyp geldi. Nurjahan daýza bir käsejik gaýmak iberipdir.
Şeker iki „ýigidi” bile oturdyp, ikisini-de gyssap gaýmagy iýdirdi-de, özi ýekeje käse çaý içip ýola düşdi. Gapydan çykyp barýarka, Atabaýdan öýleriniň hem mekdebiň salgyny aldy.
— Obamyzdaky mekdep-le ol? – diýip, gyz haýran galyp, aýak çekdi. Ýigit onda täzeräk işe başlandygyny Şekere düşündirdi.
Şeker işlerini bir ýüzli edeninden soň Atabaýlara Nina daýzanyň uluja gyzyny alyp gitdi. Mekdebe, olardan gaýdyşyn sowuldy.
Günortanlar ekabyrja gyzy, tas boýdaşja diýen ýaly, özlerem bir almany iki bölen ýaly meňzeşje oglanjyklary yzyna tirkäp, Şeker gapydan girende Nurjahan daýza zöwwe ýerinden galdy-da, özem duýman elini ýakasyna ýetirdi. Soň kürtdürişip gapyda duran çagalary tanajak bolýan ýaly olara içgin-içgin seretdi.
— Ninanyň-a beýle çagalary bolmaly däl.
Onýança çagalaryň körpejesiniň Atabaýa gözi düşdi-de, aglap köwşünem çykarman töre okduryldy. Barşyna-da boýnundan gujaklap, hamala diýersiň biri özüni ýigidiň gujagyndan sogrup alyp barýan ýaly, ýarym-ýaş aglap, oňa şeýle bir gysyldy welin, öz bokurdagam dolan ýigit çagany ogşap-ogşap hoşamaýlyk edip, ýalbaryp-ýalbaryp zordan köşeşdirdi. Beýlekilerem eýýäm ýigidiň daşynda. Atabaýyň daşy gyzyl-el. Boýnundan gujaklaýany haýsy, egninden ýapyşýany haýsy. Ýigit birneme dikelip, çagalary ýeke-ýekeden gujagyna gysyp ýaňajyklaryndan ogşaşdyryp çykdy. Gezekli-gezegine başlaryny sypady. Gyzlaryň ulujasy özüne erk edip bilmedi-de, başyny Atabaýyň egnine ýaplap aglady.
— Ne nado Nataşa, ty že bolşaýa.
(Dowamy bar)...
Powestler