Maýsanyňam jogaby nagt: Işledýäniň şu dikdüşdi öküz bolar-da, käýinmeziň. Çapyp öldüräýmeli muny, tüýs bir ýalýagy. Ýarym sagat aç daňaýsaň-a sesinden bu töwerekde durup bolanok, gygyryp ile peşan edýär, şermende. Soň Maýsa ýene öküzi bilen „gürleşdi”. – Seret-dä ýagdaýyňa, şujagaz bölejik ýeri gutarman, daň atsa-da dynç bermejegim çynym. Hany, göreli kimiň diýeni bolýar-ka. Şeker künde tutanda Maýsa işi çaltlandyrjak bolup, öküziň şahyndan çekibem gördi. Şekerem Maýsadyr öküze gülüp hem gaharlanyp, öküziň ýatybermeginden ätiýaç edip entirekläp barýar. Ol:
– Garanky düşdi, haýda Maýsa jan. Ýene azajyk gaýrat et. Ýekeje gezek baryp gelsek gutarýarys – diýip, eýýäm gorkusyndan gözlerini tegeläp töweregine garanjaklap başlan jorasyna ýalbardy.
– Gözüm garaňkyrap dur, keýgim! Men-ä indi şu dikdüşdi bilen bir gezek gidip gelmäge ýarajak däl.
Dogrusyny aýtsa, Şekeriň-ä geplemäge-de mejaly ýokdy. Plug köplenç öz elindedi. Soňky aýlawda Sapby öz paýyny gutaryp gyzlara kömege geldi.
Şu golaýda meýdanda gyzgyn nahar bişenokdy. Şol günüň ertesi günortan ýarma bişjekdigini buşladylar. Muňa Şeker beýlekilerden beter begendi. Ýone ol gün bişmän, daýhanlar gultunyşyp gaýtdylar. Ýarma ertesi bişdi. Okara guýlan bir susak ýarma dokluk ýylam bir adamy doýurjak däl. Şeker goş haltasyndan käsesini çykardy-da agzy degse iýmekden gorkup, ýarmany ikä böldi. Muny synlap oturan garryja aýal gyza käýedi:
– Iýmeseň ýykylarsyň balam, beýtme, iş agyr, gyşyňam ýagy ýaly güni, sowuk bagryndan geçer.
Şeker soňrak iýjegini aýdyp sypaýçylyk etdi-de, okarajygyny ýaglygyna dolady.
Dogrudanam Şeker ýüregi bulanyp, başy aýlanyp özüni zordan öýe atdy. Käsedäkije ýarmanam Mekandan, Nurjahan daýzalara iberdi-de, hiç zat bilen hoşy bolman, ýorgana girdi. Gyz üşüdip enekleri şakyrdap wagty bilen ýylap bilmedi. Çydamsyz agyry kiparlanda adamyň janyna aram tapyp rahat süýnüşi ýaly, Şeker bedenine az-kem ýyly ýaýrap, ýaňy özüne gelende Nataşa ony turuzdy. Kime düşündirseňem Nataşa gep düşündirmek kyn. Ýumruk ýaly welin, edil uly adam ýaly içiňe-daşyňa geçip alyp-ýolup barýar. Adamsyz özünem sowuk jaýda Şekeriň ýalňyz ýatmagyny halamadygyny çalgyrdyrak dilde bassyr-ýussursyz ýüzüne aýtdy. Diňe öýkeläniňde şeýle edilýärmiş. Şekere öýkelemäge bolsa esas ýokmuş. Hatda bir giden adamy garaşdyryp öýde duýdurman ýatany üçin Şekeri beýlekilerden ötünç soramaga yrdy. Şekeri ýoňlandyr oý eden Nurjahan daýza ony tapanjasyndan naharlap, soň pejiň gapdaljygyndan düşek ýazyp berdi.
Şekermi, Atabaýyň gapdalynda süýnüp ýatjak. Muny duýsa-da, Nurjahan daýzanyň jany durmady. Gyzy goýbermedi.
– Bir öýden öreňsoň, doganyň ýaly bolar, ýatyber, utanma-da, buz ýaly jaýda işiň ýok – diýip, ol kesgitli aýtdy. Atabaýyň seň bilen işi ýok, ol çagalar bilen.
Atabaý sesini çykarmady. Emma gyzyň hereketini yzarlaýan nazary welin Şekeri pejiň başynda ýylydanyny az gördi. Mähri bilen çoýdy. Nataşa näme, gyzyň ýatmajak bolmasynyň sebäbine düşünmän, gözjagazlaryny tegeläp, geňirgäp hem özelenip, onuň daşynda kebelek boldy. Çagalar pyşyrdaşyp gürleşdiler. Mekan bilen Atabaýyň „körpesi” Gadylarda bolmaga çemeli. Agyr günlerde adamlara gurp beren duýgudaşlyk, ynsan mähri, bu gün Şekere-de güýç berdi. Ony ysgyna getirdi.
Nurjahan daýza çagalaryň çöplän jygramasyny göterip Şekerlere ugrady. Nataşa-da yzyndan gitdi.
– Bize ýagşylyk etjek bolman, iýgin Şeker, ýogsam ýykylarsyň. Atabaý sözüni soňlamanka, Mekan kürsäp öýe girdi. Onuň ýüzi ak tam. Nämedir bir zat diýjek bolup, onam diýip bilmedi-de, uly ili bilen aglap goýberdi. Allaniçigsi bolup ýerinden galan Şeker, çaganyň iki egnindenem tutup silkip, asyl oňa geplemäge maý bermedi:
– Aýtsana, jigim jan, aýt näme boldy. Bolsana – diýip, ol hopugyp-hopugyp gürledi.
Mekan diňe elini gapa uzatdy.
– Geplemäge maý bereňok. Öňem gorkan çaganyň senem ýüregini ýarjak – diýip, Şeker bilen boýdaş bolan Atabaý nägile dillendi. Jigisini gyzyň elinden aldy.
– Mekan jan, hany gyssanma-da aýt, ýeri näme boldy?
Oglanjyk içigip-içigip zordan düşündirdi:
– Nämäniň ketegine, kim bardy? – diýip, Şeker gygyrdy-da, birden göwnüne bir zat gelip gapa okduryldy. Gapyny açanyndan Nataşa jigisini göterip içerik girdi. Olam ýarym-ýaş aglaýardy. Obanyň çagasam yzynda. Şeker Sergeýe ýapyşdy. Emma ol Atabaýa has gerek eken. Özi aýak üstünde zordan duran ýigit çagany Şekerin elinden garbap aldy. Gyz muny ýokuş gördi. Ýöne içinde saklady.
Sergeýi goňşularynyň iti ýarypdyr. Elini agzyna salaýypdyr. Hut ganjaryp dur. Atabaý çagany köşeşdirýänçe, Şeker dogtara ylgady. Öz derdi ýadyndan çykdy. It uly ýara salman eken. Itiň eýesi iti atdyrmak isledi. Atabaý ganjygyň çagalaryna dözmedi. Mekanam diňe itiň atylmajagyny bilenden soň ynjaldy. Ýöne ol özüni ýazykly duýup Sergeýin daşynda hozanak boldy. Şekere ýallaklady. Gyzyň jigisine hem nebsi agyrdy, hem gahary geldi. Atabaýyň zat diýdirmejek bolýandygyna garamazdan oňa mazaly käýedi.
– Süsdürilip uzynly gün şol ýatagyň agzynda. Ur-sök, muňa asyl pent bolanok. Hamala diýersiň bir üýtgeşik gudrat görkezjek ýaly, eltendir bu çagany süýräp. Öz-ä elini uzadaýmandyr. Almytyny alandyr-da öň. Näbilsin Sergeý, güjüklere enesi barka ýapyşandyr, onsoň it topulmazmy? Sen ýene ýekeje gezek şol ýatagyň agzyna bar-da göräý. Soň edişime bir seret.
– Çagalary Nataşanyň ýolbaşçylygynda Şekerlere ugratdylar. Diňe Mekan galdy. Çagalar baran badyna itli gürrüňi eşiden Nurjahan daýza-da zähresi ýarylan ýaly bolup, ylgaşlap geldi. Ony zordan köşeşdirdiler.
Şeker barýança garry çagalara göz-gulak bolmak üçin, ýene yzyna gitdi. Sergeý gorkupdyr. Her näçe çytyraşsalar-da Şekerdir Atabaý ony ýaturup bilmediler. Irkildigi gygyryp hem tisginip oýandy. Ýigidiň bolşam gyzyň gaharyny getirdi. Göwünlik bermäge derek, özi darygyp ölüp-öçüp barýar. Erkek adam bir giň göwrümli mert bolmazmy?
Şekeriň igenjini Atabaý sessiz dinledi-de, ýerine geçip süýndi. Gyz Sergeýe birki gezek suw içirdi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly ýap-ýaňy uka giden Mekanam aglap oýandy. Gyz üm bilen Atabaýa ýatyber diýen yşaraty etdi-de, Mekana tarap süýşidi. Sergeýi aýagynda ýatyryp, ony yrap oturşyna jigisini egnine tapbatlap höre-köşe bilen uklatdy.
Atabaýam ynjalyp ýatyp bilmedi.
– Getir birini meň gujagyma ber, sen şeýdip sermenip ýörseň men ýatyp bilýärinmi? – diýip, ol gyza ýüzlendi.
Şeker başyny ýaýkady. Özüniň welin indi mundan artyk oturmaga mejaly ýokdy. Soňabaka ol oturan ýerinde irkilip, ýykylyp-ýykylyp gitdi. Şol bada-da tisginip oýandy-da aýagyndakyny yrap başlady.
Ir bilen gyz Sergeýi lukmana alyp gitdi, onuň ýarasynyň daňysyny täzeledip geldi. Oglanjygyn uzynly gün oýun bilen seri bolmady. Geň görmeli zat Mekanam, onuň ýanyndan aýrylmady. Obanyň oglanjyklaram ony alyp gidip bilmedi. „Wagty ýokmuş”. Onuň gürrüňine ulular ýylgyryşdylar. Muny mekan ýokuş gördi. Dogry-da, güler ýaly näme bar? Näsag çagany öýde goýup oýnamaga gidip bolmaz ahyryn. Sergeý gutulansoňam wagt tapylar. Elbetde, güjükleriň ýanyna häzir baryp bolmaz. Ýöne irde-giçde görmeli-hä bolar. Şu wagt olaryň ejesi hyýyrsyz. Ýenjilmek kime ýakýar? Jany ýanyp durandyr. Güjüklerem garagolyňam-garagoly. Mekanyň güpbüsinde-hä pagta goýmandyrlar. Aý geregem däl-le şol köne güpbi, kime derkar bolsa alaýsyn. Mekan ony Şekerden, aýratynam Nurjahan daýzadan gorkujygyna geýýär. Ýogsam egnine sokjakmy?
Sergeý ikinji gije hyňňyl-çyllyl etse-de, aram-aram uklady. Nurjahan daýza-da Şekerdir Atabaýyň garşylygyna garaman, gorkan çaga ýene öz bilýän emlerini etdi.
Agşam Şekerlere Sülgün geldi. Ol girenden Nurjahan daýza ýüzüni egşidip, çykyp gitdi. Çykyp barýarka-da ardynjyrady. Bu Şekere duýduryşdy. Häzir depesine berse-de Şeker çydajakdy. Sebäbi Sülgüni bir näkesden daşlaşdyrypdy. Ol hakda goňşusy ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Şekeriň özem gürrüň gozgamanyny kem görmedi. Goňşusynyň “gelenok” sözünden son oňa ynandy. Öwrülip hiç zat soramady.
Garram tasap giden soň, öňem müýnürgäp ýören Sülgün bir hili bolup, düşege-de geçmedi. Entek doly aýňalmasa-da işe çykjakdygyny aýak üstünde duran ýerinden gürrüň berdi. Özünem hamala diýersiň edil Şeker üçin çykýan ýaly, gyzy begendirerin öýdup, muny sözüniň arasynda iki-üç gezek nygtady. Ir bilen degip geçjegini aýdyp, Şeker muňa ünsem bermän, haçan çykjak bolýandygyny-da anyklaman, onuň sözüni göwünjeň tassyklady.
Atabaý az-kem ysgyna geldi. Içerik-daşaryk özi çykyp başlady. Ol sähelçe daýansa, öýlerine gitmegi bu gezek berk ýüregine düwdi. Bolsa-da uzak ýola gitmäge entek onda tap ýokdy. Şeker ýigide çyny bilen ýalta eşegini hödürledy. „Obaňyzdan iki sagatjyk ir çyksaň, eşejigim emgemän, mekdebe getirer” diýip, ol malynyň ýagdaýyny düşündirip güldi. Ýeterlik sabryň bolmalydygynam öňünden duýduraýyn. Ýarpy ýoly geçmän, eşekden düşüp kowup goýberjek bolsaň, men ylalaşmaryn. Beýdip malymy harladyp bilmen. Öňem Mekanyň „mallaryny” hasaba almasaň dört aýaklydan galany diňe şol”.
Dogrudanam Atabaý şol eşek bilen soň Şekerleriň obasyna gatnap okatdam. „Däliretmänkäň eýelik et, ulagyň özüňe nesip etsin”, Şeker diýip, hut tabşyryp gidäýesiniň gelen wagtlarynyň bolandygyny Atabaý Şekerden gizlemedi.
Atabaýyň bu gün erte özlerini terk edip gitjekdigi ýadyna düşüp, Şekeriň ýüregi gysyp başlady. „Atabaýam, çagalaram bir wagt gitmelidirler” diýen pikir soňabaka onuň kellesine-de gelmändi. Geldigem ony çykaryp zyňmaga çalyşýardy. Asyl gyz olary aýry maşgala hökmünde göz öňüne getirmedi. Hatda Nurjahan daýzanyňam Atabaýy goýberesi gelmedi. Onuň elinden gelse, Şeker ikisini birleşdirip toý etjek-de, ikisinem hiç ýerik goýberjek däl. Mundan gürrüň açsaň Şeker halanok. Muny Nurjahan daýza öňräk duýdy. Oňa diňe Atabaýa ýalbarmakdan başga alaç galmady. „Sen asyl okuw ýyly gutarýança bizdejik boluber. Saňa şu ýagdaýynda gatnap okatmak ýeňil düşmez. Çagalar Şekeriň ýanynda bolubersinler. Ol öý näme, bu öý näme. Erkek halyňa çagalaryň kirine-çägine seredip durmagam saňa aňsat däl” diýip, garry ýigide telim gaýta aýtdy. Hatda ýigidiň özem şeýle öwrenişen adamlaryny terk edip gidiberjegi ýadyna düşüp darykdy. Şekerem onuň öňünde kyn talap goýdy:
– Çagalary goýup git. Dok saklaryn-a diýip biljek däl. Ýöne tapanjamy özüm iýmän iýdirerin. Özüňem uzakda däl. Bolmanda işleýän ýeriň şu taýda, aýlanar durarsyň. Mekan doganlaryny ýitirdi. Sen ony öwezine gelen doganjyklaryndan jyda düşürme, bolýarmy?
Atabaý çagalary enesinden jyda düşen günleri özüniňki hasap edipdi. Kakalary ýa doganlary bolaýmasa, hatda iň ýakyn hossarlary gelip sorasa-da, olary bermejegi çynydy. Olary bürgüdiň öz çagalaryny ganatynyň aşagyna alşy ýaly penalapdy.
Eneleri barka çagalar çyrçyklanda-da, ol giň göwrümlilige salypdy. Däri-dermanyň ugrunda ylgasa-da, ejelerini köşeşdirmäge özünde gaýrat tapýardy. Soň welin, körpeler-ä beýle-de dursun, Nataşa sähelçe ýaramazlyk tapsa-da, el aýagyny ýitirip, başlady. Çagalar gözüniň alnynda gezip ýörmese, ynjalygy gaçdy. Hezili bolmady.
Bu günem gel-gel indi çagalar-a däl, Atabaýyň özüne-de düýbünden ýat adam, emma hiç wagt ýüzüne gelip bilmejek adamy hossar çykýar. Gyz ýigit üçin janyndanam eziz zada ýapyşdy. Ýöne Atabaý şol günleriň dowamynda janserek bolsa-da, özüne görä çagalaryň Şeker bilen has ysnyşandygyna göz ýetirdi. Nataşa-da Şeker nirä gitse, näme etse, edil tirkelen ýaly yzyndan aýrylmady. Gyzjagaz etrapdaky rus mekdebine gatnap okaýardy. Ol kä wagt gijiräge galaýsa, Atabaý Şekeri öýe salyp bilenokdy. Ýa bile alys ýoly geçip, Nataşany garşylamalydy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, Sergeýjik näme, şolam arzyny ilki bilen Şekere aýdýar. Boýnuna alsa, Atabaý wagtal-wagtal çagalary Şekerden gabandam. Emma ony birde gizlese, birde gizlemek Atabaýa başartmady. Ony ýigit ýüzüne gyz kinaýalyja bakanda duýup galdy. Ýigidiň öňünde kyn şert goýandygyna Şekeriň özem düşünip, matlabyny aýtmaga howlukdy.
— Meň talabym saňa ýaramady Atabaý. Oňa aklym ýetmeýändir oý etme. Ýöne bir zada düşün. Çagalary eliňden almak niýetim ýok. Men bu pikirdenem, hyýaldanam düýbünden daşda. Ýöne olar entek çaga. Olara seretmek, sana goşmak maňa görä saňa kyn düşer. Bolmanda Nataşa ýetişýänçä, ýa özüň öýlenýänçäň gaýrat et. Şuňa düşünmeseň, onda gözel göwnüň, Atabaý. Meniň zarym bar, zorum ýok. Aýraçylyk kyn düşse-de oňaryn.
Ýigit bir zady bilýärdi, ol-da çagalaryň mähir bilen çoýuljagy. Ynsan üçin şundan zerur, şundan ýakymly zat barmy? Bolsa-da, ýigit bir bada iki oduň arasynda galdy. „Bolýar” diýse, çagalar elinden gidip barýan ýaly hopukdy. „Ýok” diýse-de gyz ynjajak. Şeker indi Atabaý üçin ýat däl.
Atabaý çagalary özi bilen alyp gitmedi. Hem-ä olara oňat serediljegine düşündi, hemem özüniň şu öýden aýagyny çekip bilmejegine. Okuwdan boşadygy öýlerine ylgaýan Nataşa soňabaka Şekeriň eline-aýagyna öwrüldi. Özünem ähli zady öňünden bilip goýan ýaly ulular gatnaşmazdan hemme zady ýerbe-ýer etdi. Içeri-daşary gül ýaly. Gyzdyrma bişirmelimi ýa bulamak, un goý-da gidiber taýyn. Nataşa ýekeje gezek bulamak bişirende uny ýagda gaty ýakyp müýnürgäp gezdi. Gyzjagazyň özi duýandan soň Şeker sesini çykarmady. Bulamak garalyp ýanygyň ysy gelip duranam bolsa Atabaýam ony bilmedik boldy, çagalaram. Bir Mekan ysyrganyp ýüzjagazyny kese-kese sowdy. Emma olam doganynyň ýüzüne bakyşyndan sesini çykarmaly däldigini şol bada aňdy. Soňabaka Nataşa „häkimligi” eline alansoň, Mekanam bir hata goýberse, Şekeriň däl-de, öňi bilen Nataşanyň alnynda hasabat bermeli boldy. Nataşa goýbermese çagalar bimahal öýden çykjak bolşup dyzaşyp, ýa-da görünmesiz ýerde görünjek bolşup duranoklar. Gitselerem öwrülmeli wagtlary dolanýarlar. Hatda Nataşanyň „häkimligi” Atabaýa-da ýetýär. Ol wagtynda iýip-içip gitmese, igenç paýjagazyny alýar.
Şeker Nataşa diňe özüniň hem Atabaýyň kirini ýuwmagy gadagan etdi. Olary özi ýuwýardy. Gyzjagaz sapaklaryna ýetişmez öýdüp ätiýaç edýärdi. Sebäbi oňa mekdep-de okuwynyň daşyndan eslije ýumuş buýurýarlar. Bir gün baýramçylyk ýa haýsydyr bir sene bilen bagly fotomontaž taýynlap oturandyr, ýa diwar gazetiň suratyny çekip. Ýa mekdeplerinde geçjek bir ýygnaga taýynlanyp başagaýdyr. Golaýda Atabaý Nataşalaryň mekdebine ene-atalaryň ýygnagyna gidip geldi. Özünem ýaryşda aty çykan ýaly ýyljyraklap geldi. Bir ýylyň dowamynda Nataşa ýekeje sapakdan dörtluk alypdyr. Onam özi bäşlige düzetmäge söz berdi. Şol gün ýigit Nataşa owadanja ruçka hem kitap sowgat getirdi. Bu gyzjagazyň üstünligi üçindi. Onsoň muňa öýde hiç kim hatda Mekanam „görüplik” etmedi. Dogry-da, Nataşa ýaly okasynlar-da alybersinler. Hawa, Mekan ruçkany elläp görmäge rugsat sorady. Suratly kitap hem tä ýatýançalar oglanlara güýmenje boldy. Soň aýdylyşy ýaly ýyrtman, hapalaman Nataşa gowşuryldy.
Şekeriň köwşi ýokdy. Oňa garaja tufli, Nurjahan daýza galoş peşgeş berildi. Çaga ýaly kiçi göwünli Nurjahan daýza galoşdan beter özüne edilen hormata begendi. Ýogsam onuň köne galoşyndan barmaklary çykyşyp dur. Şonda-da ol sowgadyny ýygnap goýdy. Atabaýdyr Şekeriň toýlarynda geýjekmiş. Bu gezegem Şeker gaşlaryny çytdy. Ýöne sesini çykarmady.
Duşmanyň söbügine münülip sürenine dykyldy. Ýeňişli gün gelip etdi. Şekerleriň obasynda-da Ýeňşiň şanyna uly toý tutuldy.
Şekerem şol gün Atabaýyň şäherden getiren täzeje öýmesini daňyndy, garaja köwşüni geýdi. Alaja öýme gyzyň az-kem güne ýanan ýüzüni açdy. Öýmäniň şeýle ýakymly täsin ysy bardyr-a. Daňynyp görenler bu ysa beletdir. Ýuwlup-ýuwlup sary gaçan, emma reňki üýtgemedik gyzyl ketenisinem geýdi. Gyzyň şol ketenini egnine sokan güni ýadyndan çykdy gitdi. Keteni Şekeriň gül meňzine mähir ýokundysyny çaýdy-da, öýmäniň öwüşgini bilen-de goşulyşyp gyzy has mähriban, ýakymly görkezdi.
Şeker Atabaýdyr çagalara garaşyp-garaşyp ahyr takaty gaçyp, gapylaryny ýapyp, garry bilen toýa gitmek üçin Nurjahan daýzalara ugrady. Atabaý çagalar bilen öz öýlerine gidipdi. Diýseň-diýmeseň indi iki obanyň arasy torç boljak.
Atabaýdyr Nurjahan daýza Şekeri ýarpy ýolunda garşyladylar.
– Hany, gyzym, yzyňa dolandajyk işigiňizi bir aç. Saňa getirilen sowgatjygam göreli bakaly – diýip, garry keýpihon dillendi.
– Meň gyňaçjygymam synla. Göwnüň etýärmi? Ýetse, gutlujagymy taýynla. Bir digir nabatjyk berseňem oňýan. Ullakan nebis ýokdur bu adamlarda.
– Öz getireniňi bersemem bolýarmy – diýip, Şeker Nurjahan daýzany synlap gülümsiredi.
– Halys goruň gutaran bolsa özümiziňkini hödür etseňem oňaryn – diýip, Nurjahan daýza-da gep alyp galmady – ömri uzak bolsun Atabaýyň. Ählimiziň göwnümizi awlapdyr. Hawa-da Ýeňiş baýramy ýeke bir adamyňky däl-dä! Bu güne etmek üçin az kösenilen däldir. Hany, nädogry diýibem bir göräýiň. Baý, onsoň ala öýmäni pasyrdadyp daňynarys-a.
Nurjahan daýza ol öýmä dyzyny epmän, bilini ýazman, ylgaşlap geçiren güzaply günleri, agyr ýüki gerdeninde çekip, syr bildirmän, ýan bermän geçiren azaply ýoly üçin özüne berlen resmi sylag hökmünde garady.
Garry ahyr Şekeriň eline akja düwünçegi tutdurdy. Şeker begenip hem bir hili utanjyrap. Nurjahan daýzanyň ýüzüne däl-de ýigide garady. Atabaý beren sowgadynyň gyza etjek täsirini synlasy gelip, onam bir hiliräk görüp, eýsem-de bolsa özüniň nirä seretse, nämä güýmense amatly boljagyny bilmän, ýaýdandy. Şekeriň nazaryna hoştap ýylgyryp jogap berdi-de, şol bada ondan ýüzüni sowdy.
Atabaý daşarda galdy. Şeker öýlerine girip, düwünçegi çözdi. Täzeje fabrik ketenisi. Egne sokaýmaly, Ýakasam bir garyş bejerilgi. Şeker begenip, hem geň galyp soň bir hili utanjyrap dillendi:
– Näme etjekdiňiz, beýle sowgat edip, entek mydar ederligim bardy ahyry. Nurjahan daýza gyzy synlap durşuna onuň öňünden çykdy:
– Mydar ederligiň bardygyny, ýokdugyny gowy bilýärin. Hany, güýmenjiräp durma-da geý bakaly. Toýa niýetlenen zady toýda geýmelidir. Seni täzeje köýnekde görmänimize-de ep-esli wagt geçdi.
Garram çykyp Atabaý bilen gyz geýinýänçe daşarda garaşdy.
Täzeje köýnekli, başy öýmeli, edil gurjak ýalyjak bir eýjejik görünýän Şekeri Nurjahan daýza gujagyna gysyp, gyzyň ýaňaklaryndan taýly gezek ogşady.
- Bagtyň bolsun, läle ýaly balam.
Atabaý çagalary alyp geldi:
Hersiniň elinde-de bir desse gül. Şekeriň daşyny aldylar. Mekan hemişe bir hokga çykarmaly. Özünden sähelçe kiçi guzujygy göterip ýykylman, zordan dur. Nurjahan daýza ony oglanlara sowgat beripdir. Oglanlaram ony Şekere bagyşlaýarlar. Ýöne ýekeje şert bilen, guzujyk öýde ýaşamaly. Hawa, onuň garagoljadygam duýdurylýar. Guzujyk entek kiçijik. Şonuň üçinem akyly azrak. Şeker onuň etmişlerini geçmeli. Sähelçe ýykgynçylygy üçin urlup-sögüljek bolsa, Şeker önünden aýtsyn.
Gyz oglanjyklaryn şerti bilen ylalaşdy. Nataşa Atabaý çölden keýik tutup getirip beripdir. Çalja keýik hem Ýeňiş güni Şekere berildi. Ýöne ol sowgady gyzjagaz iki adamyň – Atabaýyň hem öz adyndan gowşurdy. Keýijek bilen guzujyk eýýäm dostlaşyp ýetişipdir. Nina daýzanyň gyzjagazy Şekere akja kepderi getiripdir. – Siz-ä utandyrdyňyz, men size näme sowgat etsemkäm – diýip, Şeker bir hili begenjiden, tolgunyp hem gözlerine ýaş aýlap ýürekden aýtdy.
– Sen olara mähir paýladyň, Şeker – diýip, Atabaý ýuwaşja özünem şeýle minnetdar bolup dillendi. – Bu iň gymmat sowgat.
Gyz çagalary ýeke-ýeke gujaklap ogşaşdyryp çykdy.
Şekeriň köýnegini Sülgün tikipdir. Maýsa onuň ýakasyny bejeripdir. Nurjahan daýza bolsa biçipdir. Dilleşilip duýdurylman, edilen sowgat gyzyň başyny göge ýetirdi. Onuň aňyrsynda bimöçber, hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak, mähir ýatyr. Onuň gadyryny Şeker bilmän, kim bilsin.
Dört maşgala bir maşgala öwrülip, Ýeňiş toýuny toýlamaga ugradylar. Uzakdan bagşynyň sesini eşidip Atabaýdyr Şeker ädimlerini has çaltlandyrdylar.
Gijara Maýsanyň alakjap ylgaşlap gelşinden gapylaryny süpürip ýören Şeker özüne bir şatlykly habaryň buşlanjakdygyny duýup ýüregi gopdy. Begenjinden süňňi gowşady, sübsesini telärin aşagyna oklap goýberdi-de, howlugyp jorasynyň önünden çykdy.
Maýsa Şekerlere etmän gygyrdy:
Buşluk Şeker, buşluk, Nurnepes gelipdir!
Bir eýmenç habar, birem garaşylmaýan şatlyk adamy ysgyndan gaçyrýan eken. Şeker duşaklanan ýaly boldy duruberdi. Gözlerini ýumdy. Yranyp durşuna ysgynsyz pyşyrdady:
– Janyňa döneýin, geldiňmi?
– Birdenem özüne geldi-de, ukudan açylan ýaly garşysynda bolşuny geňirgäp duran gyza gözlerini açyp seretdi.
– Maýsa jan, buşlugyňa näme bereýin, dile saýlan zadyňy, barja baýlygym seniňki. Özünem häzir aýt, soň gysganaryn – diýip, gyz gönsinden geldi.
Maýsa ilki-hä bir oňat ýylgyrdy.
– Saýlanymy berermiň?
– Bolsana, ýüregim ýarylmanka! Sorap durmaň näme? Aýtdym-a iň gymmat zadym seniňki.
– Bermeseň – diýip, Maýsa ýene bälçiredi.
– Janymy soraý, Nurnepes üçin bererin.
– Sen maňa Atabaýy beräý!
Şeker hezil edip güldi. Soň jorasynyň göwnüne gelerem öýtmedi-de göni göreçlerine bakyp ýüregindäkini, onda-da çyny bilen aýtdy:
– Sen ony sorama, Maýsa, oňa taý ýok.
Içinden welin, pikirini has anyk aýtdy. Daşyna çykarsa jorasynyň göwnüne degjek. „Sen oňa taý däl, Maýsa!”
Şeker jorasyna „bileje baraly” diýmegi-de unudyp, ony duran ýerinde galdyryp ylgap gitdi. Şol ylgaşlap barşyna il–gün geňlejekmi ýa geňlemejekmi ýadyna düşmedi. Özi gelmeli. Indi ulugyz halyna ýigidiň üstüne Şeker barmalymy? Pikirem etmedi.
– Janyňa döneýin.
Ine, onuň uçup barşyna ýolboýy aýdan barja sözi. Ol söze welin gyz bir ýerde mähri bolsa sindirdi.
Nurnepesleriň gapylary eýýäm adamdan doly. Emma gyz ony köpüň arasynda şol bada saýgardy. Gapylaryna ýetmänem sakga durdy. Gyzyň depesinden dabanyna çenli herekete geldi. Galpyldap uçaýman zordan saklandy. Delmuryp durşuna birden onuň nazary ýigidiň nazary bilen sataşdy. Gyz pagyş-para boldy...
Toýa iki gün galanda, Nurnepesiň jigisi ir bilen Şekere iki barmak hat getirip gitdi. Oňa gyssagly göz gezdiren gyz geňirgendi. Nurnepes duşuşyga çagyrypdyr. Iň geň ýerem gyssagly hem öýlerine. Hemişe bir hokga çykarmalydyr. Çykjak gyz toýuň öň ýanynda ýigidiň gapysyny kakyp dursa, dili uzyn tapylar. Şekeriň özem utanjak. Ölçerip-döküp gyz gitmezligi göwnüne düwdi.
Nurnepesiň jigisi ýene geldi. Öýlerinde Nurnepesden başga adamyň ýokdugyny aýdyp, gapyda boýurganyp dur.
– Näme eýgilikmi? – diýip, Şeker gyzyň bolup durşuny halaman, oňa ýüzlendi:
– Eýgilik-le!
– Onda näme?
– Aý hiç.
Gyzyň sesi bu gezek bir hili yňjyly çykdy.
Şeker ynjalmady-da, gyzyň özi bilen bile gitdi.
Gyzjagaz Şekeri öýlerine goýberip özi jaýa girmedi.
Şeker gapydan girenden Nurnepes aýak üstüne galdy. Dogrudanam öýde özünden başga adam ýok eken. Ýöne gyzyň Nurnepese derek gözleri gyzaryp, saçlary hüjjerip, bir eýmenç bolup duran äpet göwrä nazary düşüp zähresi ýaryldy. Bedeni goram-gowşak boldy-da aýaklarynyň üstünde zordan durşuna, hiç zada düşünmän ýigide howsalaly mölterildi.
Ýigidiň badyna pişek şatyrdap pytrap giderli göründi.
Otlukly göreçler gyzy eýmendirdi.
– Şeker!
Ýigit edil agyr ýüküň aşagynda galan ýaly hasylap hem ynjyly dillendi:
– Toýdan öň düşünişesim geldi. Ýöne gönüňden gel. Ýalan sözleseň soň özüne gowy bolmaz. Ikimize-de – diýip, ol üstüne goşdy. – Hawa, men maýyp. Nurnepes söweş meýdanynda bir aýagynyň dyzyndan aşagyny goýup gaýdypdy. Ýöne meniň maýyplygym, saňa meni aldamaga esas berenok. Sen ony görmän razylyk bermediň.
Iňňän kynlyk bilen geplän Nurnepes bir pişegiň üstünde şeýle bir yrandy welin, henizem ýigidiň bolşuny geňirgäp, hem onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmän duran gyz ol bir tarapa agyp gider öýdüp gorkdy.
– Şeker!
Bu gezek ýigit gyzyň göni gözlerine seretdi:
– Mugallym bilen araňyzda hiç zat bolmadymy! Ýa...
Depe saçy üýşüp giden gyz göwnüne töweregini gaplap duran dört diwar pyrlanyp daşynda aýlanyberendir oý etdi. Hut ysgynsyz aýaklarynyň üstünde hallan atdy. Ýigit gyzyň gözüne adam däl-de jaýyň bir garantgy bolup göründi. Bir haýukdan ol birneme özüne geldi-de, namys edip hem gahardan ýaňa titir-titir edip yzly-yzyna suňşurdy:
– Sen maňa nämeler diýip dursuň. Neneň diliň barýar, ynsabyň çatýar. Öň niredediň. Şu wagta çenli tanamadyk bolsaň, öňüňde ant içip, awy ýalanymda, enemiň süýdüni orta goýup şert edenimde sen maňa ynanjakmy? Şu günlere gözümiň agy saralanda etdim. Haýyp, sen oňa bir näkesiň gepi bilen awy gatjak bolup dursuň. Sen meni gaty kiçeltdiň Nurnepes, ýere sokduň.
Gyz şeýle diýdi-de, ýa diýmäge başga söz tapmady, ýa-da iňňän namys etdi, jaýdan çykdy-da gidiberdi.
Şeker ilkinji gezek adamlardan awyly şarpyk datdy. Ilkinji gezek adamlardan erbet göwni galdy. Özüni bilip gyz başarsa adamlara ýagşylyk etdi. Ýamanlyk etmeseňem ýamanlyk edýän ekenler. Bu gyzyň kellesine sygmady. Kimkä ol! Şekeri Nurnepese ýamanlap bagtly gününde ýüregini daglan näkes. Ýä Sülgüni garawullap gezen, soňam almytyny alan kezzapmyka? Şol adamlar adammy onsoň. Şolara adam diýip, adamlardan öýkeläp ýörjek bolsaň. Hawa-da ynsan ýüregini galkyndyryp oňa egsilmez şatlygy bagyşlaýanam adam, ynsan ýüregine bitmez ýara salýanam. Şeker bu zatlar hakda öň düýpli oýlanman eken.
Gyz öýlerine sygman, Nurjahan daýzanyň yzyndan işe gitdi. Emma ol ýerde ýat bolansoň içini döküp bilmän, sessiz-üýnsüz yzyna dolandy. Nurnepesiň keşbi onuň gözüniň öňünden gitmedi. Sözleri bolsa oňa barha ot berdi. Ýene daşaryk çykdy. Nurjahan daýza gözi düşüp, öýlerine girdi. Garry bir zat duýup işden älem-tas bolup gaýdypdy. Gelşine öýlerine-de sowulmady.
Nurjahan daýzanyň howsalaly hem soragly nazary ýüregi dolup duran, emma ýarylyp bilmän oturan gyzyň böwedini ýardy. Garry Şekeriň edil gapdaljygyna baryp çökdi-de bir agyzam gürlemedi. Asyl gürlemäge güýjem ýetmedi, gyzyň haly onuň dilini baglady. Baýdak ýaly gyz sanlyja sagadyň içinde bir gysym bolupdyr. Reňki saralyp, durlanyp duran ýaňaklarynyň şöhlesi öçüpdir. Şekeri bimahal gelen ajalam heniz şu derejä ýetirmändi. Nurjahan daýza gyzy ejesi, jigileri ölende-de görüpdi. Bu ýagdaýda ony ilkinji gezek görýärdi. Ar-namys orta düşende, Şekeriň özüne erki etmedi. Muny Nurjahan daýza näbilsin. Köne derdem gozgaldy. Ol goşa mazarda bir gysym bolup ýatan ekizje doganjyklarynyň atlaryny tutup-tutup, gelinlik bilenem heniz doly hoşlaşmadyk gülälek ýaly ejesini ýatlap-ýatlap, çynar ýaly kakasyny küýsäp-küýsäp aglady. Gyz ýap-ýaňy öz bagtynyň gapysyndan ätläpdi. Emma ony bosagada sakladylar. Oňa ynanmadylar. Haýsydyr bir arabozara ynanyp ýüregini dagladylar. Ajy söz içine sygman ýüregini ýaraýjak boldy. Gyz diňe az-kem köşeşenden soň, garry oňa has golaý süýşüp dillendi:
– Şeker jan, saňa näme boldy, balam! Seni tanamajak bolýan-la! Heý beýle-de bir özüňi horlamak bolarmy? Nireden, kimden zowal ýetdi. Hany, aýt gizleme-de. Görýäň-ä, ýüregim agzymdan çykyp gelýär. Bu adamlarda öň ýürek galdymy. Ýa olardan bir zat etdimi?
„Olaryň” Nurnepeslerdigine düşünen Şeker sesini çykarmady.
– Gaýtaladyp durma-da, aýt näme bolan bolsa. Sen hele-müçük zada gysylyp-gowurlyp oturjak çaga däl. Şaty görmän ösmediň.
Nurjahan daýza özelenip gyzy gyssady.
Şeker gelşine garra içini dökjekdi. Häzir welin ol başyndan geçen wakany gürrüň bermäge özünde güýç tapmady. Ony kellesinde öwürdigiçe kiçeldi, gysyldy. Garrynyň soragly nazaryndan ýüzüni sowup gaharyna ýumruklaryny düwýändigini duýmady. Ýüregi gursagyna sygman, dişlerini gysyp gygyryberesi geldi. Tersine, Nurjahan daýza oňa ot berdi:
– Sen asyl aýtma, aýtmasaň. Men asyl olaryň özlerine ýeter gaýdybererin. Anygyna ýetmän goýmaryn.
– Meni sylaýan bolsaň, öýden çykma, Nurjahan daýza!
Gyz böküp ýerinden galdy-da, gapa ýeten garryň garşysynda gerildi duruberdi.
Nurjahan daýza haýran galyp, gyza ýene soragly hem gamgyn garady.
– Adamlara erk bermän, horlan-da otur, onda şeýt-de! Özüň dillenýänçäň saňa lak atsam, meňňem Nurjahan bolmadygym – diýip, garry bu gezek göwni galyp gepledi.
Şeker sesini çykarman, ýene öňki ýerine geçip oturdy. Garry ýaýdanjyrap esli durdy-da, soň çykyp gitdi. Gyz ony tanandan soň, salym geçmän ýene dolanyp geler oý etdi. Emma Nurjahan daýza wagty bilen gara bermedi. Şeker howsala düşdi. Nurnepeslere gidendir oý etdi. Oňa-da gaty bir ynanmady. Sebäbi Nurjahan daýza hiç wagt Şekeriň gaňryşyna gaýdyp bir işi etmändi. Ol Atabaýy gözläp mekdebe giden eken. Gyssanmaç gelen ýigidiň soragly nazaryndan Şeker oňa Nurjahan daýzadan bir zat ýetendigini aňdy. Ol birden özüni ýitirdi-de, sussy basylyp jaýdan çykyp gidibermäge bahana agtardy. Atabaýyň özi bilen gürleşjek bolýandygyny aňyp, gaçgaklady. Sülgün çagyranmyş.
– Olara gitmäge wagt taparsyň, – diýip, Atabaý çürt-kesik aýtdy. Soň töre geçip aýbogdaşyny gyryp oturdy-da, sözüniň yzyny ýetirdi: – Otur hany bir gürleşeli.
Gyz ýüzüni sallap yzyna dolandy.
– Näme boldy, Şeker!?
Ýigit jogaba garaşyp Şekeriň ýüzüne garady. Gyzyň haly onuň şeýle bir ýüregini awutdy. Şeker kim, şeýdip bir gysym bolup oturmak kim. Uludan dem alan ýigit gyzyň jogap bererine howlukdy.
Şeker äwmedi.
Atabaý oňa ýene bir gezek nazaryny aýlap goýberdi. Agyr pursatlarda-da ýän bermän, giňlige salyp, başyny dik tutup, syr bildirmän, gidiberýän Şeker örän geň we düşnüksiz bolup göründi. Gyzyň haýsy tarapyndan barjagyny bilmedi. Ýöne ol bir zady – Şekeriň gözlerinde görüp eşidýän zatlaryndan has çüň gussany saýgardy. Nähili kömek etjegini welin bilmedi. Şekeriň derdini paýlaşmak üçin ol derdiň syryny bilmelidi.
– Seň ýüregiňi ýaralap, ynjydyp bilýän nähili adamka, Şeker! Aýtsaň aýtmasaň, bir zady çaklaýaryn. Nurnepes göwnüňi ýykandyr. Namys edip, daşyňa çykaryp bilmän, örtenip oturmagyň sebäbem şoldur. Başga biri bolsa, özüň eýýäm petigulusyny bererdiň, Şeker. Kynam bolsa aýtma-la bolarsyň. Parahat oturandyr oý etseň ýalňyşarsyň. Belki, daşymdan şeýle görünýändirin. Kalbymda harasat gopýar. Eşidenimden otly köýnek geýdim. Bir zat göwnüme gelýär, horlaýar, Şeker. Men size päsgel beräýdimmikäm. Beýle ýagdaýda biz düşünişmeli bolarys, Şeker.
Ýigit ýene gyza ýüzlendi.
– Şeýdip, özüňi horlap, dymyp oturjakmy, Şeker! Garram-a seň diliňden zat eşidip bilmändir. Iki bolup daşyňa geçirmejek bolsaň, ýygrylyp oturma! Bu seň häsiýetiň bilen bir ýerik sygyşýan zat däl.
Atabaý garaşdy. Gyssamasa, gyzdan söz alyp bilmejegini duýdy-da, onuň degnasyna degäýjek sözlerem aýtdy:
– Meni ýat hasap edýäň, şonuň üçin syr saklaýaň, şeýlemi? Şeýle bolaýanda-da bu meseläniň bir tarapy. Sebäbi men seni ýat göremok. Şu dünýäde maňa senden ýakyn adam ýok. Sen meniň bilen ähli zady paýlaşmaga borçlusyň, Şeker. Gaşyňy çytma, ýüzüňem öwürme-de aňryňda näme bar bolsa dök orta. Utanma! Ýa men size päsgel berdimmi, Şeker!
Çapada dönüp, ýüzi däl, bütin bedeni lap-lap ot alyp barýan gyz goýulmajagyny duýup ahyr dillendi:
– Maňa ynanmadylar, Atabaý! Ýazyksyzkaň agyr söz eşitmek ýokuş degýän eken. Nurnepesden göwnüm galdy. Kim tanamasa-da, ol meni tanamaly. Ikilik etmejekdigimi onuň ýüregi duýmaly. Atabaýa göwnüm bölek bolsa, öz bosagasyndan ätlemejegime düşünmeli. – Ýüregi lowlap ot alyp barýan gyz barha ýangynly gürledi: – Eşiden gepiňi gyzala gaplaman, ony bir ölçerip-dökmeli dälmi? Nähili adamlar bilen iş salyşýandygyňa akyl ýetirjek bolmaly dälmi? Alaga-da ýarylyp otyrbermelimi? Hawa-da şeýtseň özüňe ýeňil düşýär. Bilýärin, ýüregini çişirendirler. Içine sygdyran däldir. Onda-da...
Atabaý nämelerdir diýmek isledi. Emma Şeker oňa maý bermän, ýene dowam etdi:
– Ýüregiňi çişirjek däldim. Goýmadyň, Atabaý. Onsoňam bary bir eşitdirerdiler. Kesekiden eşitseň, ýokuş görerdiň.
Boz-ýaz bolup zordan oturan Atabaý, gyzyň sözüni soňlaryna mähetdel ýerinden gozgandy:
– Sen maňa onuň bilen düşünişmäge rugsat ber, Şeker! Beýle ýagdaýda ýüzbe-ýüz bolmagyň aýyby ýokdur.
Şekeriň jogabyna-da garaşman, Atabaý alňasak, öýden çykdy. Şeker diňe onuň yzyndan seredip galdy.
Şekerler bilen Nurnepesliriň öýleriniň arasy golaý bolandan soň, gyzyň gelnaljysy pyýada geldi. Mekandyr Sergeýi Nurjahan daýzanyň körpesinem goşup, şol gün Nataşa bilen Atabaýlara iberdiler. Sebäbi Şekeriň göwnüne ol gelin bolup öýden çykandan körpeler yzyna düşüp eňiberjek ýaly bolup göründi.
Nurjahan daýza gyzy ene ornunda ýola saldy.
– Balam, Şeker jan! Alnyň bagtyň açyk bolsun! Eneň ornunda pata berip ýola salýandyryn. Dilgir bolup gitmegin. Gülüp gidip, gülüp gelgin. Aglamagyn, balam!
Nurjahan daýza başyny aşak salyp, özem duýman gözünden goýberip duran gyzy bagryna basyp, onuň başyny sypady-da çyny bilen käýedi:
– Bolşuň gursun, seniň. Aglamajagam aglatjak sen. Bagtly günüň gözýaş etseň halaman.
Şeker gözýaşyny akja ýaglygy bilen süpürdi-de, Nurjahan daýza bilen hoşlaşyp, ýola düşenden son mahmalynyň çetini ýuwaşja galdyryp töweregine bildirer, bildirmez Atabaýy gözledi. Ol wagtlar erkek doganlar gyz jigileriniň toýlarynda kän göze kaklyşyp duranoklar. Atabaýyň özüne etmeli hyzmatyň agramly ýüküni egninde çekip iki-üç gün bäri ylgap ýörendigini kän daşaryk çykmasa-da Şeker duýdy. Ýöne başyna mahmal atylyp öýden çykarylanda Atabaý töwerekdedir öýtmändi. Başy gyzyl kürteli ýigide görünmäge utansa-da, Atabaýyň uzakda bolmagyny islemedi. Göwnüne ýigit gapylarynda aýlanyp ýören ýaly bolup duýuldy. Ynsan mähri, söýgüsi ähli zatdan, däpden üstün çykýan bolmaga çemeli. Ýigit, asyl hiç ýerik gitmän eken. Goňşular bilen aralykdaky bagyň aşagynda ýigit çynar ýaly bolup Şekeriň her bir hereketini gözünden sypdyrman durdy. Birdenem Şekeriň nazaryna gözi kaklyşdy-da, tisginip duran ýerinden bir gozgandy. Şeker bolsa utanjydan çym-gyzyl bolup ondan şolbada ýüzüni öwürdi.
– Bagtyň açyk bolsun, Şeker! – Ýigit bu sözleri eşidiler eşidilmez aýtdy. – Yzyňy alada etme, Şeker! Ýöne nirede bolsaňam, ýadyňdan çykarmagyn. Yzyňdakylar mähriňe mätäçdir. Ony gysganmagyn. Meniň-ä näme gerdenime dagyň-daşyň götermejek ýükini atyp gitdiň. Ysnyşan ekenim, Şeker. Aýrylyşmak kyn düşýär. Ýüregimi şu wagta çenli açmadym. Açmanam. Ýöne didaryňa zar etmegin.
Deň-duşlary daşyny gallap haýaljak ädimläp başlan Şekerem häzir diňe Atabaý bilen. Ol entek ýigit bilen hoşlaşmadyk bolmaga çemeli. Gyzyň synyndan çekýärler. Ol äwenok. Gelin ýörüşindenem haýal ýöreýär. Ýa ýigidiň ýakyp-ýandyryp barýan mähri gyzy duşakladymyka? Kalby başga baglanan Şeker ol mähri duýup, çoýunyp bilmeli däl-ä. Şekeriň durmuşynda Atabaýyň öz orny, Nurnepesiňem öz orny bar. Şonda-da Şeker Atabaýdan daşlaşdygyça iň ýakyn adam bilen müdümilik hoşlaşýan ýaly gussaly duýgyny başyndan geçirdi. Gyz ýene bir gezek yzyna garady-da, ýigit bilen sessiz hoşlaşdy:
– Hemişe başyň dik bolsun. Hakyky ynsana edip boljak iň gowy arzuwlary saňa edýärin, Atabaý!
Öýden daşlaşyp barýan gyz bilen Nurjahan daýza-da iň soňky gezek, özünem keýpsiz hoşlaşdy. Garry gowgaly ýyllarda Şeker bilen gaty ysnyşan eken. Ol muny şu gün has duýdy. Şeker arany açdygyça garrynyň ýüregi üzülere geldi. Yzyndan şol seretdi durdy. Şu wagta çenli oňa Şeker hemişe gapdalynda ýaşap ýörjek ýaly bolup duýlan eken. Ýögsam onuň kişi maşgalasydygyny bilýär. Atabaý bilen ysnyşanlaryndan soň garry Şekeri asla uzaga goýberesi gelmedi. Nurjahan daýzanyň diýeni bolmady. Şeker öýlerini boşatdy ötägitdi. „Şeker jan geler. Mekan jan öýlenýänçä, ol ejesiniň ojagyny boş goýmaz. Atabaýyňkylaram şol jaýda ýaşar. Onsoň Atabaýyňam, Şekeriňem gitjek ýeri bolmaz. Şeker iki öýe-de ýeter. Düşen ojagynam gözden salmaz. Ol bir bagtlynyň bagtyndan çykmaly çagady. Çykdam. Nurnepesem ýigit dagy däldir. Şeker jany ynjytmaz”.
Şu pikirlerden soň Nurjahan daýza birneme ynjaldy.
Asuwda howa, toý şagalaňy, aňyrsy-bärsi görnüp duran märekede aýyl-saýyl eşidilýän dutaryň owazy, ýaş bagşynyň gulaga ýakymly sesi törde gyzyl çog bolup oturan Şekeriň gulagyna geldi durdy. Ençe ýyllar Nurnepesiň didaryna zar bolup, kä halatlarda ony küýsäp-küýsäp bir gysym bolup elenen Şeker ýene sanlyja sagatdan onuň gujagyna doljagy baradaky süýji hyýallara gark bolup, dünýäni unudyp otyrdy. Şol pursat gyz üçin syrly bolup göründi. Ol Şeker üçin heniz doly mälim bolmadyk bir seretseň gorkuly, bir garasaňam lezzetli bolup göründi-de onuň duýgulary, pikirleri garyşdy.
Birdenem Şekeriň gözüniň önünde çynar ýaly bolup märekeden saýlanyp duran Atabaýyn syrly hem gamly keşbi daýandy. Atabaý çilim çekenokdy. Çilim çekip dur. Gyz muny edil häzir hakydasyna getirip gynandy. Wah, başga wagt bolsa çilimini zyňdyrardy. Oýlandygyça Şekeriň yzynda eziz adamlary bilen ömürlik ara açan ýaly bolup ýüregi gyýyldy. Öň dowam edip gelen süýji durmuşynyň arasy kesilene döndi. Elbetde, gyz indi özüne başgaça durmuşyň garaşýandygyny duýdy. Emma ol durmuşyny öňki ýaşaýşyndan üzňelikde göz öňüne getiresi gelmedi. Nurnepes Şekeriň öňki durmuşynyň bolmanda çagalar bilen bagly dowam etmegine bir päsgel bermesedi. Muny oňa düşündirjek bolar. Häzirem jigileri Şekeri ýeke-ýeke sorarlar. Mekan Atabaýlarda durmaz, öýlerine dyzar. Beýlekileriň hemmesine ynandyryp, düşündirip bolar, Mekan-a welin kyndyr. Atabaý Şekerleriň öýlerini boş goýmaz. Belki, çagalary getirendir. Mekan eýýäm doganjygynyň nirä gidendigini, haçan geljekdigini sorandyr. Oňa telim güni wada berip bolmaz. Onda ol öýden başyňy alyp çykyp gaýdaýmaly eder. Atabaýyň ýüregi gysýarmyka? Ýanynda çagalar bar-a. Olar Şeker bilen Atabaýy hemişe baglanyşdyrar.
– Sülgün!
Şeker pyşyrdady. Şonda-da, edil gapdalynda oturan Sülgün eşitdi. Gyza tarap başyny egdi.
– Sen gaýtsana, Sülgün! Öýmüze bir aýlan, kyn görmeseň agşam uklaýançalar ýanlarynda bol.
Sülgün Şeker diýmese-de aýlanjakdygyny, ir bilenem jigilerini ýanyna alyp geljekdigini aýdyp şol bada çykyp gitdi.
Soňky wagtlar Nurjahan daýza ýüzüni çytsa-da Sülgün kän üns bermän, Şekerlere barýardy. Birki gezek garrynyň igenjinem çekdi. Ýöne müýnli bolansoň sesini çykarmady.
Gyzlaryň sarç mal ýaly birden güwwe örmegi näbelet dünýäsine düşen ýaly, Şekeri duýdansyz galpyldy gurşap aldy.
Nurnepes girendir.
Soñy.
Powestler