01:55 Şeker / powest | |
ŞEKER
Powestler
Ilki agşam suw düzüp gaýdan gyz suwuň joşmajagyny bilse-de, ynjalmady. Daňyň ümüş-tamşynda pilini egnine atyp işe ugrady. Şekeriň ýoly obanyň seýilgähiniň üstünden düşdi. Gyz bagyň içini kesip ýoluny gysgaltmagy göwnüne düwdi. Garaşylmadyk owaz oňa aýak çekdirdi. Baglaryň depesinden gelýän mukam gyzyň kalbyny şeýle bir gozgalaňa saldy welin, Şeker dünýäni unutdy-da, aňalyp hem tolgunyp doňup galdy. Heniz juwan ömründe sähralarda guşlaryň näçe dürlüsiniň owazyny eşidip görüpdi. Orkestriň ajaýyp mukamlaryny diňläpdi. Emma janly orkestriň beýle kän hem dürli sesini ol heniz eşitmändi. Ýok ol-da bärden gaýdýar. Gudrat. Gyzyň göwnüne asyl älem üznüksiz hem ýakymly owazyň täsiri bilen ýagtylyp barýan ýaly bolup duýuldy. Şeker bu bagyň içinden birinji gezek geçmeli däl. Ertirem, agşamam, gündizem, gyşam, ýazam onuň ýoly bagyň üstünden düşýärdi. Entek çagaka-da, ep-eslije gyzka-da gulpajygyny tasadyp, baglaryň arasyndan okkessirme geçipdi. Gülden güle gonýan owadanja kebelekleri tutjak bolup kowalapdy. Nurnepes bilenem sallanjyrap az geçmändi, joralary bilenem. Şu guşlar şonda-da bardyr. Ozal ýa olar şeýle şirin saýran däldirler, ýa-da Şeker onuň lezzetini duýýan däldir. Gyz hut jadylanana döndi. Bütin düýrmegi bilen ol owaza berildi. Bedeni tikenekläp-tikenekläp gideninden soň, hut goşarlaryna seretdi. Ondan garynjalar barýandyr öýütdi. Kalbyny heýjana getiren şol owaza maýyl bolup daş-töweregini gurşan bägüllere nazaryny dikdi. Asyl penje-penje bägülleriň görkem üýtgeşik, ysam. Her säheri, her daňy mukam bilen garşylarsyň-da neneň görke gelmersiň, neneň bark urmarsyň. Ýa guşlaryň özleri bägülleriň ysyndan gana-gana beýhuş bolup şeýle şirin saýraýarlarmyka? Gara baglaram gyzyň göwnüne guşlaryň owazyna galkynyp-galkynyp gidýän ýaly bolup göründi. Tebigatyň dostlugyna Şekeriň gözi gitdi. Älemiň soltany gün zerli lybasyna beslenip, şöhle saçyp, oňa-da buýsanyp ýuwaş-ýuwaşdan ýokary göterildi. Ýaşyl geýnen gyrmyzy ýaglykly atyr ysly bägülleri, dünýä görk berip, dünýä ys berip, altyn güni gujak gerip garşylady. Bägülleriň ysyndan, nurana asmandan, altyn günden, guşlaryň owazyndan beýhuş bolan gyzyň kalbynda-da, ýüreginde-de owaz. „Ýaňy dogan täze gün, atyr ysly bägüller, hoş owazly bilbiller size menden gyzgyn salam, salam ýene salam” diýip Şeker şeýle süýji duýgyny başdan geçirip, şatlygy içine sygman joşup seslendi. „Atyr ysly bägüller, hoş owazly, hoşniýetli sazanda guşlar her säheri aýdym bilen joşup-joşup garşylamagy sizden öwreneýin...” Gyz pilini egnine atdy-da daş-töweregine ýene bir gezek höwesli göz gezdirip, ýoluny dowam etdi. Bu gezek ýalňyz gitmedi. Gyzyň hyýalynda söýgüli ýigidi gapdaly bilen ýuwaşja ädimläp başlady. „Janyňa döneýin. Gül ömrümiň iň bagtly pursatlaryna şärik, sen Nurnepesim! Täze daňda gül keşbiňi göreýin. Bark urýan bägüllerden seň ysyňy duýaýyn. Seredip çynarlara, çynar boýuň göreýin, mizemez daglara bakyp, seň mertligiň duýaýyn, çal dutaryň perdelerinde barmaklaryň oýnasyn, seň tamdyraň owazyndan bilbillerem doýmasyn. Bilbilleriň owazyny seň owazyňa garyp, äkitsin säher şemaly alyslardan alyslara. Her güne gaýtalanyp duran bir zat hökmünde garan Şeker soň her gezek guşlaryň täze daňy garşylaýyşlaryny ýadyna salanynda şol günleriň hersiniň öz manysynyň bardygyna göz ýetirip başlady. Wah, ol gözel ýurdunyň taryhynda sekuntlaryň, minutlaryň hasabyndan habarly. Mähriban toprak ädimlenip ölçeldi. Her daban ýer üçin merdana ýigitler başyny goýdy. Ol günler indi gaýtalanmasyn... Dolan pelini bekledi-de, Şeker güzere geldi. Şol tanyş güzer. Gyz munda bu golaýlarda bolmandyr. Ol piline söýendi-de esli wagtlap doňan ýaly bolup durdy. Uludan bir demini aldy. Ynsan tebigatyny sen goýaý. Ýaşlykda sähelçe şatlyk gursagyňa sygmaz. Sähelçe şatlykmy? Şekeriň mähriban kakasyna garaşyp, garaşyp, onuň aman galaryny diläp gussa çekip geçiren günlerini, gören görgüleriniň hetdi-hasaby ýok. Onuň gidişi-gidişi. Kakasynyň yzyndan Nurnepesi ugratdy. Çirim etmän atyran daňlary az boldumy? Gözel iliň, gözel ýurduň howp astyna düşer-de, ýatyp ukyň tutarmy, oturyp takadyň ýetermi? Zalym duşman sizi ýaýnatmak üçin gan dökülenmidir şu topraga. Uýalara ýüzlendiler, doganlara ýüzlendiler. Şol çagyryşlar seslenmez ýaly çagyryş boldumy? Ol çagyryşlar heniz-henizlerem Şekeriň gulagyndan gidenok. Hamala diýersiň ýagyny ýeke özi gaýtaraýjak bolýan ýaly, baý hars urupdy. Gündizine meýdanda işläpdi, gijelerine dolak dokapdy. Ýorgan köpäpdi. Ilki-ilkiler gyzyň göwnüne uruş bu gün-erte gutaryp, gidenler günübirin dolanaýjak ýaly boldy durdy. Nurnepesiň fronta ugrajak günem, gyzyň şol günki çeken ejirem hiç ýadyndan çykmady. Hemişe işde sähelçe haýal-ýagallyk edildigi brigadirden, öňe düşüp, joralaryny alarladyp barýan Şekeriň şol gün iş bilen höwesi bolmady. Öz-özüňe erkiň ýetmeýän wagtlaram bolýan eken. Gyzyň göwnüne günem şol bir duran ýerinden butnamady. Haýal deprenýänligi üçin günden öýkeledem. Seniňem aladaň ýetikdir-le. Aladasyz ýaşaýyş barmy näme? Ýöne häki, howlugyp ýüregimi elime alyp baranymdan soň öýkeläýdim-dä. Alňasap baranymda-da özi sorap geläýmese görjegim gümanadyr-la. Boýumy syryk ýaly edip gapysyndan garamajagym belli-le”. Işden soň Şeker ýolda-yzda Nurnepese duşaryn oý edip, tä öýlerine ýetinçä daş-töweregine garanjaklap gitdi. Bu bolup barşyna-da öz-özünden utandy. Sataşan adam bolmady. Geň gördi. Ýigit ir bilen ugramalydy. Hoşlaşman gidiberjekmikä? Akyla sygjak zat däl. Ol ilerki oba ýygnaga ýa gezmäge gidenok beýder ýaly. Gyzyň ýüregi bükgüldäp nahar bilenem, çaý bilenem hoşy bolmady. Göwnüne, Nurnepesiň jigisi eli hatlyja gapydan giräýjek ýaly boldy durdy. Gözüni gapydan aýyrman, girilende çykylanda tisgindi oturdy. Nurnepesiň hoşlaşman gitjegine ynanmady. Ýene bir zada – ýigidiň urşa gidip, ony görmezliginiň mümkindigine-de ynanmady. Gijikdigiçe gyzyň sabyr käsesi dolup takaty gaçdy. Erki elinden gitdi. Şonda-da ýigidi idäp barmaga bogny ysmady. Ejesine-de gatyrgandy. Ýogsam ol bir ýokuş görer ýaly nädogry zat aýtmady. – Bes edeýin diýemde bes eder ýaly edýärmiň? – diýip, ejesi gyzyndan el çekmedi. – Hem özüňi köseýäň hem töweregiňi. Ýolagçy adama „sag-aman gidip gel” diýmegiň nämä aýby barmyş. Dünýäň düzüw wagty diýilýär, häzir-ä hiç kim aýyp-syn etmez. Bile ösdüňiz, bile okadyňyz, onam kyn görseň bahana gytmy? Elek-soky sora, ýüň darak sora, hoşlaş-da gaýdyber-ä. Gorksaň ýoldaş bolaýyn. Gapylaryna elter gaýdybererin. Şeker sesini çykarmady. Gyzyň daň atýança kirpikli gözi çalyşmady. Gelmejegini bilse-de, daşarda şygyrdy bolsa diňşirgendi. Dikelip oturdy. Ir bilenem işe gitdi. Ýol boýy aglap gussasyny egsip bilmedi. Agşam öýlerinde adam bolup, sypyp bilmedik Nurnepes ir bilen ugramazynyň öň ýanynda çekinse-de, hoşlaşmak üçin Şekerlere ylgapdy. Gyzyň ene-atasam gowy tanaýan adamlary bolandan soň, hoşlaşmagyň aýyp däldigini ol ýolboýy öz-özüne ynandyryp, basalyk beripdi. Ýigit olaryň öýlerinde adam tapman, lapy keç bolup yzyna dolanypdy. Toýa ugranok, agşam gelip, sagbollaşyp gitmedigine ahmyr edip aňyrsyna çykyp bilmedi. Şeker bu wakalary soň bildi. Gyzyň söýgüsi galkan bolup ýigidi gyzgyn oduň içinden alyp çykdy. Aňzakly gyşlarda gyz ony uzaklardan çoýdy. Şeker Nurnepesine gowuşdy. Bu az şatlykmy? Bu gün-erte gyz şol gerçek bilen toý tutjak. Kim bilmese-de, süýji günleriň gadryny Şeker bilmeli. Ýap-ýaňy diňläp gaýdan şirin mukamam Şekeriň gulagyndan heniz gidenok. Tebigatyň geň keşbem gyrmyzy bägülleri bilen gözüniň alnynda dur. Şol sebäbe görä özem şu wagt uludan dem almasynyň sebäbine düşünmedi. Hanasyna sygman çyrpynýan mele suw, güzer bir gije bolan wakany gyzyň ýadyna saldy. Wah, şol ýatlamalar çagyrylyp getirilýän bir zat bolsady, Şeker dagy-duwara ýatlajakmy? Garaşman durkaň soragsyz geler-de beýniňe dolar... *** Ilki suw düzenem bolsa peliň ortasyndaky beýige hiç suw çykmady. Alalabam goýup gidip biljek däl. Onsoň ganýança garaşmagy göwnüne düwdi. Garaňky düşdi. Şunça batyrlyga salsa-da gyz töweregine ätiýaçly garanjaklady. Pel uzak eglemedi. Böwede baran gyz içini çekdi. Suw joşupdyr-da böwedi ýaryp şaglap akyp ýatyr. Çem gelen ýerden gum alyp böwede zyňyp başlady. Suw bady bilen alyp gitdi. Şeker näme etjegini bilmän, aljyrady. Taşlap gitse, bäri-bäri ýermi, oba barýança suwaran ekinini boýlaýmaly etjek. Töwereginem, gapdalyndan geçýän uly ýolam zaýalajak hem suw basan ekine, hem ryýa bolan suwyna gynanjak. Şeker pursaty elden bermän, ylgaşlap raýşyň ýokarsyndaky ullakan kesege pil saldy, gozganmady. Pilini goýup, ähli güýjüni jemläp gujaklap çekdi. Kesek gozganmady-da çat açdy. Gyzyň ysgynynam aldy. Gyssanyp ýene böwede garady. Onuň göwnüne ýabyň ähli suwy pajjyldap aşak eňip barýan ýaly bolup göründi. Ýene kesege ýapyşdy. Kesek edil ýer bilen biten ýaly. Gyz hasylap dikeldi. Birdenem gözi çat maňlaýynda gara bagyň aşagyndaky iki sany ýylpylda kaklyşdy. Endamy jümşüldäp gitdi-de gorkusyna gara suw bolan gyz şol bada ondan ýüzüni sowdy. Ýöne şol tarapa seredesi geldi durdy. Özüniň welin öňküje güýjem galmady. Gorkusyna aýdym aýdyp başlady. Onýança edil alkymynda şagal uwlady. Ikinjisi, üçünjisi oňa sesini goşdy. Uzaklarda bir ýerdenem waýkyryp çasly ses çykdy. Düýbünden ysgyny gaçan gyz öz-özüne käýindi. „Sansyz, şagal görmediňmi? Bir ykmanda şagaldan gork-da ganyňy gaçyr-da dur. Bolduň meň başyma towşan ýürek ysnat. Özüň ýaly gyz gyzyl oduň içinde ganymy gyryp ýör. Sen bolsa goralanda janyňy saklap bileňok. Böwedem oňarmadyk bolup gaýdarsyň entek. Senden şondan gowusy çykmaz. Iliňem iş ynanýan adamyny. Pöwhe”. Bir ýerde sögünç bolsa gyz öz üstüne ýagdyrdy. Şagallaryň gykylygy çar tarapdan çykdy. Şekeriň gulagyna indi suwuň şaggyldysy däl-de, olaryň sazlaşyksyz, ýakymsyz uwuldysy geldi durdy. — Gyran degenler, ölüň uwlaşyp. Birki sanyňyzy böwediň öňüne basyp içimi bir sowatsadym. Böwedim-ä ýapylardy. Geliň gaýratyňyz bolsa. Şeker öz-özüne buýrup birneme dogumlandy. Dura-bara oňa güýjem geldi. Öňüne düşen saçlaryny kellesine orady-da, üstünden köneje öýmesini mäkäm daňdy. Gaýrata galyp kesege täzeden ýapyşdy. Kesegiň ýary gopupdy-da, gyz bady bilen kesegi gujaklap ýapydan aşak togalandy. Lapy keç bolup, raýyşa dyrmaşdy-da, kesegiň galan bölegine synandy. Bolmady. Ýene ylgaşlap aşak düşdi. Ýaňky kesegi eýlesine-beýlesine kakyp kiçeltdi. Soň ony zordan göterip ýokaryk ugrady. Bilinde dörän agyryny duýsa-da Şeker özüne zyýan ýetendir oý etmedi. Ýöne indi ol öňküsi ýaly gönelip, dikelip bilmedi. Gara dere batyp zordan dyrmaşdy-da kesegi bat bilen böwede zyňdy. Kesek böwede düşmedi. Kesegiň badyna özem ýykylman zordan saklanan gyz gözünden goýberenini duýman galdy. „Kakam jan, merdana kakam jan, ganym bilen ýüzbe-ýüz durup gan döküp ýörsüň. Ysnat gyzyň bir böwede hötde gelip bilmän ejizläp dur. Tamaň uludy menden. Gyzza-gyzza gelende hiç kimçe-de ýok ekenim. Öz-özüni igeläp, Şeker ahyr böwediň öňüne çöp-çalam basmagy ýüregine düwüp ýene aşak düşdi. Özbaşyna hümürdedi: „Göreli bakaly, sen bekletmejek bol, menem beklejek bolaýyn. Kim zor çykýarka? Towlanjyrap bolduň meň başyma boýunegmezek pälwan. Pälwanyňam özünden ökdä sataşanda ýan berýän wagty bolýandyr. Beýle horladyň-la”. Göze dürtme garaňky. Gorky duýgysy gyzy terk edip gidip bilmedi. Töweregindäki agaçlaram bir eýmenç zada öwrülip, garalyp üstüne hüjüm edip gelýän ýaly göründi. Iki ädip bir diňşirgendi. Bagyň aşagynda gündiz üýşürlen çeti görüpdi. Şoňa-da batyrgaý ýapyşyp bilmedi. Gözüne bagyň aşagynda bir gara gymyldap duran ýaly bolup duýuldy. Gözi öwrenişýänçä ýaýdanjyrap durdy. Hiç hili gymyldynyň ýokdugyna gözi ýeteninden soň çetä ýapyşdy. Duýdansyz hasyrda gyzyň zähresi ýarylyp, wägirdi-de atylyp honda düşdi. Onýança-da duşundan bir zat dazyrdap geçip gitdi. Onuň şagaldygyny duýan soň hem Şeker syňňyldap wagty bilen özüni ele alyp bilmedi. Gyz bir gujak çetini zordan böwede getirdi. Gözi gorkandan soň bu gezek ony böwede oklamady. Çetini ýabyň erňeginde goýdy-da, pilini alyp özi suwa girdi. Suwuň badyna ýykylman zordan saklandy. Sowuk depesinde dabanyna çenli ornap gagşady. Eňekleri şakyrdap bedeni diýenini etmejek boldy. Aýaklaryny ýere berk diredi-de, çetini öňüne basdy. Şondan soň özüne oňaýsyzam bolsa, ýabyň raýşyndan gum alyp çetiniň üstüne oklap başlady. Suw çepiksije göwresini hallanladyp alyp giderli görünse-de, erjel gyz güýç tapyp suwy boýun egdirdi. Pili çalasyn işletdi. Böwediň saklanjagyna gözi ýeteninden soň, aýaklaryny zordan sogrup alyp böwedi mazaly depgiledi-de, raýşyň iki gapdalyndanam oňa gum zyňdy. Hemişe işden gaýdanda pilini arassalaýan gyz bu gezek ony şol durşuna egnine atdy. Ýol has pesde bolandan soň, aşak düşmäge gorkup ýabyň köpürsine barýança raýşyň üsti bilen gitmegi göwnüne düwdi. Biliniň agyrsy dikelmäge gyza mümkinçilik bermedi. Onuň yzasy ýüregine ornap, barha mejaly gaçdy. Ýöremesi kynlaşdy. Geçse, on – on bäş ädim geçendir-dä, edil garşysynda sömelip duran gara gözi düşüp depe saçy üýşdi. Gyz içini çekdi-de: — Kim sen! – diýip saňňyldap gygyrdy. — Bu men, Şeker, Pirli! — Kim ol Pirli! – diýip, Şeker Pirliniň kimdigini tanasa-da, gorkusyna ýene azymly gürledi. — Men Döw-le. Gyz piline ýapyşdy. — Şu wagt näme işläp ýörsüň. Gymyldaýma, gymyldaýsaň pil bilen edil iki gözüň arasyna ýelmärin. Pirli hakykatdan hem Şekerden ätiýaç edip aýak çekdi. — Samsyk-laý sen, men-ä ýeke galanyňy bilip, ýoldaş bolaýyn, kömek bereýin diýip geldim. — Sen tetelliniň maňa kömegem gerek däl, özem, abraýyň barka ýeňsäňi öwür, ýogsa-da ynha kelläňi pytradýan. Şekeriň şu wagt gara çyny. Ol Döwdenem onuň bilen tutaklaşyp ýörse, yzyndan ediljek gürrüňdenem gorkdy. Döw-ä bir gezip ýören saňsar. Diliniň eýesem däl. Etmedigini etdim, görmediginem gördüm diýmegi hiç zatça bilenok. Ol ýary ýalan, ýary çyn gürrüňleri üçin öz-özüne hasabat berjek adam däl. Belki, çensiz gödekligi, tagaşyksyzlygy üçin, belki-de ol ullakan gözleri petreşip owasynyň daşyna çykyp, ertekilerdäki döwleriň gözlerine meňzäp duranlygy üçin, Döw adyny alandyr. Pirliniň obada ýörgünli ady Döw. Döwüň gapy-gapy aýlanyp, oba-oba syryp ýörmekden başga edýän işi ýok. Akyly gelip gitmeräk bolanyndan soň, adamlaram oňa kän bir syn-seramatam edip duranoklar. „Aý Döwdir-dä” diýýärler, goýýarlar. Döw öňem birki gezek Şekeriň öňünden bimahal çykyp gorkuzdy. Ol asyl Şekere aşykdygyny ilden gizläbem ýörenok. „Aý gyz, şondan häzir bolaweri, Döwlügini edip bir gün ýüregiňi ýaraýmasyn” diýişip, joralaram Şekere telim gezek duýdyrdylar. Pirli gyzdan eýgilige garaşmady. Gelen yzyna öwrülip özbaşyna hüňürdedi. — Adamlar ýagşylygam bilenok-laý. — Lal aç-da, güm bol! Pirli öňünde Şeker yzynda ýarygijä golaý obanyň çetinden girdiler. Ýakymsyz ýatlamalardan aýňalyp bilmän, Döw henizem üstüne abanyp gelýän ýaly gyz bir garanjaklady. Wah, bir külterläp başlanyňdan soň ýatlamalaryň yzy kesilýärmi? Şekeriň sypynyp bilmän gözüni bir nokada dikip şol doňup durşy. *** Kyrk bäşiň gyşy bir alamat boldy. Mart aýaklap barýardy. Emma bir aý mundan öň ýagan gar ýer bilen bagry badaşan ýaly, oňa bagryny berdi-de, demire dönüp ahmalyň aýagyndan aldy. Garry-gurty daş çykmaga eýmendi. Şekerleriň indi üç-dört ýyldyr dört aýakly gapysyndan sekmedik üsti çöp-çalam bilen basyrylan dölelerindäki iki-üç gujak ýylgyny, bir haltajyk ýandak töňürtgesini, saman salynýan kepbelerindäki birki-üç petde ýandagy hasaba almasaň odunlaram ýokdy. Tomus ýygnanja sygyr tezeklerinem ýakyp gutarypdylar. Şeker ilki agşam az-kem tüsse çykaryp, peçleri sowandanam egnine tapan-tupanyny atyp, peje giräýjek bolup ellik örýärdi. Onuň ýüwürdenine indi iki hepde bolup barýan dolagy bir böwürde öýkeli ýaly ezenegini agdyryp ýatyrdy. Sowukda oňa ýanaşyp bolanokdy. Kä gün bolsa gyz ýatmajak bolup şerraýlyk edýän jigisini köşeşdirip ukladýança özi uklap galýardy. Sebäbi ol üşemejek bolup köne ýorganyň üstünden atan goşlarynyň aşagynda gymyldap bilmän, ýadaýança jigisini ýorgana salmanka, wada beren ertekileriniň hemmesini aýdyp bermelidi. Olaram juda gyzykly bolaýmasa gaýtalamaga milt etjek gümanyň ýokdy. Gaýtaladygy jigisi agzyna ýapyşýardy, her günem täze ertekini nireden aljak ýa toslajak. Erteki hüwdi ýa bir aýdym bilen jemlenmelidi. Bu gün welin Şeker jigisini ýatyrjak bolup gyssanmady. Palçykdan ýasalan at içerde „kişňäp” hem çapyp keýpden çykdy. Diňe eýesi usurganyndan soň dynjyny aldy. Gözleri bürlüp ukudan halys basylan oglanjyk jaýyň bir dulunda güberlip ýatan nätanyşyň başujyna bardy-da, ilkä oňa edil birinji gezek görende seredişi ýaly gözjagazlaryny gyrpman seredip durdy. Uludan demini aldy. Mahlasy nätanyşdan ýadyrgady. Ondan daşlaşasam gelmedi. Durdy, durdy. Şekere-de bir gözjagazynyň gyýtagyny aýlady. Soň nätanyşyň gapdalyna geçip, onuň goluna ýassandy-da, edil kirpi ýalyjak düýrlüp ýatdy. Jigisiniň ähli hereketlerini gözüniň asty bilen synlap oturan gyzyň nebsi agyrdy. „Wah, ýekesireýäň-dä jigim jan”. Gyz jigisini ýerinden gozgamady-da, diňe aşagyna düşek atyp, üstüni ýapdy. Soň aýap ýören ýylgynlarynyň ýaryny peje saldy. Ýagşy günlere niýetlenip salnan saraý ýaly jaý ýylabermedi. Daşarda çapgyn ýel doňup saň-gaty bolan ýere ir bilen düşen sähelçe gary tozdup keýipden çykdy. Boýy ýeten gyzka-da ýel turup, daşarda şuwwuldy bolsa, gorkup ejesine gysylyp ýatýan Şeker häzir aýnalarynyň yşlaryndan urýan ýeliň badyna sönjek-sönjek bolup lypyrdaýan çyralaryna gözüni aýlady-da ýene peje kükregini gerip oturdy. At salyp, at salyp surnugyp, indem aýazda girere deşik tapman, çarp urýan şemal Şekerleriň aýnasyna urlup-urlup, gaharyna ony döwäýjek boldy. Jaýa girip bilmedigine ahmyr edýän ýaly eýmenç-eýmenç şuwlady. Şemal tamyň üstündäki köne legeni bulap urdy. Onuň şaňňyrdysy gyzyň ýüregini gopdurdy. Onam az gören ýaly, güýjüne bäs gelip bilmän, bigünä legeni iki-üç gezek bökdürip, soň tigirläp alyp gitdi. Ejesiniň bir wagtky bugdaý sermek üçin tamyň üstüne çykaran legenini ýygnamadygyna gyz gynandy. Zenzelämi ýa-da özüne geldimi nätanyş yňrandy. Şeker hasanaklap ýerinden galdy-da, gapdalyna baryp diňşirgendi. Bir hili eýmenip hem ini üşüdip galpyldap ýene öňki ornuna geçdi. Nätanyşdan welin gözüni aýyrmady. Näsag soň gymyldamady. Nätanyşyň üstüne üşetmejek bolup atan goşlaryny ýeňletjegini-ýeňletmejegini bilmän, ikirjiňlendi. Ýeňletse üşemeginden ätiýaç etdi. Ýeňletmese-de öňem näsag adam agyr ýük dem almasyny kynlaşdyrar oý etdi. Özi welin ynjalmasa-da nätanyşyň üstündäki takyr palasy aýyrmaga-da ýaýdandy. „Artyp, şu şemal bir ýataýsady”. Gyzyň dilegi şemalyň nä piňine, ol barha gazabyna tutdy. Ýagy gutaryp barýan çyrada öçmejek bolup ýeliň garşysyna iň soňky güýjüne çenli tijedi. Sowuk içinden geçip gyz halys süňňüni tutup bilmän gagşady. Şol oturşyna-da ýene näsaga nazaryna aýlady. Göwnüne onuň dem almasy kynlaşýan ýaly. Gyz nätanyşyň üstüne atmak üçin köne-küşül agtaryp başlady. Ejesiniň köneje başatgyjyny tapdy. Ony öz egnine atdy-da, ýylyrak gördümi, öz donunyny myhmanynyň üstüne ýapdy. Agyr görüp, köne palasy aýyrdy. Onuň dem alşyna diň saldy: Ýaşarmyka? Basymrak ertire bir çykylsa... Gyz daňa howlukdy. Ýene peje gallanyp goňşularynyňam ýatmajagyny bilip oňa garaşdy. Käýýese-de uzakda bolmasa gowy. „Garry käýinjeň bolýar” diýip, ýöne ýere aýdan däldirler. Nurjahan daýza käýinmäge her gün bahana-da tapdyryp dur. Şekerem onuň käýinjini ýerlikli bolan soň hemişe ýokuş görübem duranok. Ýogsam nätanyş üçin şu gün näçe tozan turuzdy. Nätanyşyň welin özi üçin Şeker gep çekipmi, çekmänmi, azaryna-da däl, şol ýatyşy. Ýyljak ýere getirildi, oňa näme? Gygyryp, käýinip janyny ýakýan Nurjahan daýza, diňleýänem Şeker. Goňşusynyň hüňürdisi gulagyndan henizem gidenok. „Bolşuň gursun seň. Asyl ähli edýän işiň iti ýallap ýörşüň ýaly-da. Indi özüňe iýmäge bulamak tapdyň-da Akbaý galdymy? Ölse ölüpler geçsin haýran. Sypatyňa bir seret iňňeden ötürseler geçjek. Ýeri, indikiň näme? Ulugyz halyňa gel, gel indi bir ykmanda sen hossarlyk etmelimi? Şony ýygnamaga erkek tapylmazmy? Gyşyňam örküji, käşkä ýakmaga odunyň, öňüne atmaga çöregiň bolsa. Diýdirip durma-da, özüňem düşünäý. Çaga däl, indi sen. Çem gelen ýerde görnüp ýörseň halanmarsyň. Ötme geçme-de gerekdir”. Nurjahan daýzanyň „köçede ýatan haýsydyr bir nätanyşy” halys ýygnasy gelmedi. Şonuň üçinem bir käýinip oňmady. Şekere edil çaga maslahat berýän ýaly edip akyllyja bolmagyny, özüne gulak asmagyny tabşyryp-tabşyryp çykyp gitdi. Ynjalmady, şol bada yzyna dolandy. Dolanybam şuny diýdi: „Akyllyja bol, kesirlik etseň halamaryn”. Bu ähli käýinçleriniň ýele sowrulandygyny aňan, sözüniň ýer tutmajagyny duýan mähriban adamyň duýduryşy. Ol özüniňem ynjalygynyň gaçandygyny Şeker bilmeýändir oý edibem aldandy. Arzylyň gaýda galan ýaly burul-da otur, şeýtde. Gylygyň gursun. Ýeri, ili çürkäp ýören bedasyl bolsa näme etjek. Ýa bir uruşdan gaçyp ýören näkes, kemally zat bolsa ýedi ýoluň üstünde süýndürip giderlermi, keç eňek. Düşün-ä bir. Olar ýalylar bumat iliň – ýurduň agysyny aglap, jan alyp-jan berip ýör. Oglan bolma. Getirseň janyňa dert bolar. – Ertire çykman gatap galsa, şonda nätjek. Gyzyň soragy hem özüne diýilmeýän ýaly sortduryp oturşy Nurjahan daýzanyň has gaharyny getirdi. Ol pejiň agzynda çommalyp oturşyna, içinde kül ýogam bolsa dörüp başlady. Pejiň içinde aýlanýan kesewiň takyrdysy sözi diňlenmeýän adamyň garşydaşyna edýän gaharyndan habar berdi. Kesewi peji döwäýjek bolsa-da, Şeker göwnündäkini gös-göni aýtdy. — Tüketmediň-le, Nurjahan daýza. Görseň, özüňem ynjalmazdyň. Kimem bolanda adam-a. Aýazda haýwan şeýdip ýatsa dözjekmi? Jenaýat edene-de kemini bejerip, soň jeza berýärler ahyryn. Ol-a entek bir nätanyş. Nunna aga bize kömek berer. Gyzyň soňky sözi garrynyň halys degnasyna degdi. Gyza alarylyp, ýangynly jogap berdi: – Nunnamy indi saňa maslyk süýreşjek. Gahary gelip duranam bolsa, Şeker gülmän zordan saklandy. Nurjahan daýza welin ünsem bermän dowam etdi. – Pelden geçip bilmeýän haýrandanam tamakin sen. Al-da gel, git-de. Bir maslygy sen süýrärsiň, birinem men. Yzyndanam düýbünden başga zat diýdi. – Başa gelen towky siz, başga zat däl. Tur, gitmän dynmajak bolsaň, geýin! Jogaba-da garaşman Nurjahan daýza, eýýäm geýnip duran gyza galtagy hem çagalaryň birini alyp ýola çykmagyny sargap, özi peje birneme odun galamak üçin odun gözläp çykyp gitdi. Nurjahan daýzanyň ekabyrja oglunam alyp, üç bolup ýola düşdiler. Her näçe çolansaňam sowuk şemal edil içiňden geçip barýardy. Şekeriň eşigi ýukady. *** Şeker dagy pagtaçylykda – olar bir gowaça ekilýän meýdany şeýle atlandyrýardylar – ýap gazýardylar. Iki gyz öýlän dyzlaryny epmän, haýdasalaram hadalaryny gutaryp bilmediler. Iňrik garalyp töweregindäkiler gidişip ugranyndan Maýsa garanjaklap dillendi: — Ýaryşa goşulan çapyksuwar ýaly-da mydama bolşuň. Saňa eýerjek bolup lüt durdym. Ertir gelip gazanymyzda-da şunuň içinden çykaryp kowmazlar. Il entek ýarpylanogam. Bu gezegem Şeker sesini çykarmady. Sähelçe iş üçin, ertir güýjüni bölesi gelmedi. Maýsa-da jorasynyň hadalaryny gutarman içinden çykmajagyny bilýärdi. Juda bolmanda Şekere igense birneme ýüki ýeňleýän ýalydy. Ýalbarsa, özüne ýakymlydy. Günortan ýyganja jagramalaryny alyp, gyzlar ýola düşenlerinden garaňky mazaly gatlyşypdy. Obalary işleýän ýerlerinden gaty daşda däldi. Demirýola barýança az-kem aralyk bolsa-da, ondan geçenlerinden soň ses ýetimdi. Başga wagty gürrüňiň gutarmaz welin gorkanyňda gepem ýadyňa düşmez eken. Oýlanmak ukybyňam ýitýän bolmaga çemeli. Ýadaw dabanlaryň aşagyna edil tigir goýlan ýaly. Daş-töweregine ätiýaçly garanjaklaşyp, demlerini alman hasanaklaşyp gelýän gyzlaryň küýi-pikiri diňe oba ýetmek. Çynmy-ýalanmy belli däl, „pylan obadan bir adamy möjekler tüýt-müýt edipdir” ýaly gürrüňler gulaga degýär. Onsoň gyzlaryň ikisiniňem kellesinde şol ýakymsyz gürrüňler höküm sürýär. Ýetde-tut bolşup gelişlerine, olar demirýoluň geçelgesinem daş görüp obalarynyň deňlerinden gönülediler. Allaowarradan çyrasy görnen otlam gyzlaryň göwnüne üstlerine abanyp gelýän mähnet howp ýaly bolup duýuldy. Ýoldan ylgaşyp geçdiler. Soňky relsde Maýsa büdräp ýüzünligine düşdü-de, birdenem jynssyz wägirip ökje göterdi. Jorasynyň sesine düýrügip zähresi ýarylan Şekerem onuň söbügine mündi. Ýöne aýaklary saňňyldap diýenini etmejek boldy, Maýsanyň yzyndan kowup zordan ýetdi-de, oňa awusyny pürkdi. — Sesiň gursun, aýjynyň sesi ýaly. Ýolbars bilen garpyşanam bolsam şeýle gorkmazdym. Nämä beýle zähräň ýaryldy. Ýadap hem gorkup, demi tutulyp has-has edýän Maýsa henizem özüni ele alyp bilmän üzlem-saplam jogap gaýtardy. — Adam gördüm. — Ol nähili adam? — Adam adam bolarda, onuň nähilisi bolarmy? Dört aýakly däldigi-hä belli. — Dört aýakly däldigi-hä belli, diýip Şeker Maýsanyň sözüni ýokuş görüp, onuň agzyna öýkündi. – Oňa dört aýakly diýýän barmy? Gürrüňiň däliniň gürrüňi ýaly seň. Näme adam görülmeýän zatmy? Işden gelýänleriň biridir-dä? Onsoňam adam bolsa, menem görerdim-dä? Näme ala-böle saňa görnäýmelimi? Maýsa aýak çekdi. — Hawa, şol diňe maňa göründi. Sebäbi men sag däl. — Hany gyşarylma-da, dogryňdan gel. — Dogrumy aýtsam ynanmasaň, maňlaýyňa bereýinmi? – diýip, Maýsa indi hakykatdanam gahary gelip jibrindi. — Nä işden gelýäniň relsiň gyrasynda göri gazylypmy? – Maýsa elini Şekeriň gözüne sokaýjak bolup düşündirdi. – Diýmäýin diýsem süýnüp ýatyr, süýnüp, hazan. Şeker aýak çekdi-de, golaýlaşyp gelýän otla seretdi. Ony öňküden hem beter howsala basdy. — Relsiň üstünde ýatyrmy? — Hawa-da, hazan – diýip, Maýsa gaharly hem başdansowma jogap berdi. — Senem bir zat tapýaň oturyberýäň. Gorkyňa gözüňe görünendir. Maýsa howlukmaç jogap berdi: Gözüme görnenok, adam, ol adam. Kimkä ol Maýsa! Otly kesip gider. Gözi hanasyndan çykyp barýan gyz yzyna garamaga-da gorkdy. Özüni jorasy süýräp yzyna alyp barýan ýaly gyssandy. — Kesip geçsin-le. Maýsa badyny gataltdy. – Bir maslykdyrda. Şonuň aladasyny etmek ikimize galypmy? Şeker ylgaşlap jorasynyň alnyna geçdi: — Dursana, duraýsana, Maýsa. Onuň ölendigini näbilýäň. — Bilýän-dä? Şeker Maýsa ynanmady: — Ýalan sözleýäň. Bu söz öňem gyzyp duran gyzyň çetine degdi: — Gaýratyň bolsa git-de barla, halha öli, halha sen. Ýolumdan bir sowul. — Barlarynam. Gaýratam taparyn. Ýöne senem butnamarsyň. Asyl edenli bolsaň ýekeje ädim ät-de göräý! Şeker Maýsanyň öňüne geçdi duruberdi. Gaharyna ýarylaýjak bolýan gyz jorasynyň ýakasyndan kebşirläp tutarly göründi. Maýsa Şekere belet bolansoň gorkusyna aýak çekdi. Ownuk-uşak zada onuň aňsat gahary gelenok. Geldigem öňünde duran özüň bolma. Şonda Şeker hiç kimi sylanok. Özünem sögmäni bilmez, erkek adam ýaly ýakaňdan ebşitläp tutarda doňduraýmany hiç zatça görmez. Maýsanyň bolsa hemişe-de Şekerden döwi pes, çekindi. Onsoňam kim bilýär. Häzir gany gyzyp dur. — Näme diýsene, girrelme! – Şeker özüne zor salyp gaharyny basyp gürledi – Gaharlanyşmaly bolsa şol mende-de ýeterlik. „Maslyk, maslyk”. Adama nä maslyk diýilýänmidir. Ýeri, maslygam ekeni-dä? Adam, dälmi ol, adam. Otly kesip ýa süýräp gitse gowumy. Senem şoňa şaýat. Ynsabyň çatybam tomaşa etjek hä? Adamlar özünden gorkman gyzyl oduň içinde galanlarynam taşlap gidenoklar. — Maňa gykylygyň gerek däl, Şeker. Bu sözi diýse-de, Maýsa ýöwselledi. Aýagam çekdi: — Öňem ölüp gelýärin. Azaryň ýetmesin. Hal-ha sen, hal-ha meýt diýdim-ä. Nebsiň agyrýan bolsa arkaňa al. — Alarynam. — Al-da onda. Men-ä şu duran ýerimden gymyldajagam däl, gorkýaryn. — Men näme gorkamokmy? Maýsa haýran galdy. — Gorkýan bolsaň, batyrlyk satyp, meni alarladyp barmaň näme? Kim ony boýnuňa dakýar. — Dözemok, düşün dözemok, Maýsa. Taşlap gitmäge ynsabym çatanok. Häsiýetim gursun. Şundan-a relsiň gyrasynda özüm ýatan bolsam gowy bolardy. Beýdip elewräp, örtenip durmazdym. Şeker yzyna gözüni aýlady, otly ýetip gelýär. Ýüregi agzyna geldi: Garaşarmyň, Maýsa! — Butnamaýyn. — Butnaýsaň näme? Butnaman diýdim-ä. Otly ýer sarsdyryp golaýa geldi. Şeker demirýola tarap ylgady. Gyz ýüreginiň gürsüldisi otlynyň sesindenem çasly çykýar. Gursagyny ýaryp barýar. Hasylap ýapy-ýokaryk çykýança aýagy-aýagyna çolaşyp, demi-demine ýetmedi. Otly diňe iki sany ýalpyldawuk göze öwrüldi. Birdenem harlap agzyny açyp gelýän eýmenç ýyrtyja meňzedi. Ýeriň giňinde Şeker belki yza teserdi. Häzir welin gorkudan ýüregi darka ýarylsa-da, oýlanmaga-da pursat bolmady. Ol ýokaryk dyrmaşanyndan süýnüp ýatan garany şol bada saýgaryp bir erbet düýrükdi. Başga wagt duýdansyz gabat gelende olam wägirerdi. Häzir welin ol öz bedeninde, beýnisinde nämeleriň bolup geçýändigini duýmady. Dogrusy saýgarmaga eli ýetmedi. Elini uzadan ýerem göwräniň aýagy boldy. Ýylan gysymlan ýaly tisginip, birem atylyp honda düşenini bilýär. Bady bilen göwränem alyp aşak gaýtdy. Jynssyz gygyrdy. Göwrä jan girip özünem alyp gidendir oý etdi. Aýagy göwräniň aşagynda galyp, turjak bolubam üstüne ýykyldy. Yzyndan bir gara kowup ýetip gelýän ýaly telim gezek büdräp gelşine Şeker, obalaryna gireninden soň yzyna seretdi. Gara görmänsoň birneme ynjaldy. Şol bady bilen öýlerine geldi. Jagrama-da ýatdan çykdy, Maýsa-da. Onuň goýup giden ýerinde ýoklugam soň hakydasyna geldi. Gyz öýlerinde-de saňňyldap wagty bilen özüni ele alyp bilmedi. Jigisem bolmanyndan soň, gapydan yzy bilen biri giräýjek ýaly, garaňkyda hasam eýmendi. Daşaryk çykyp odun almaga-da gorkdy. Peje diňe ertirkije goýup giden jagramalaryny saldy. Közem gidip goňşulardan dilemelidi. Gyz ylgaşlap diýen ýaly köz alyp geldi. Nurjahan daýzalardan jigisini getirenden soň, birneme köşeşdi. Mekan-da, jürrüldäp Şekeriň eýlesine bir geçdi, beýlesine bir. Dünýäniň habaryny berdi. Içeriniň işleri bilen hysyrdanyp ýörşüne Şeker oňa birde „ha” berse, birde bermedi. Nurjahan daýza bilen Mekan ilerki oba gidipdirler. Şonda olary it kowalapdyr. Mekan gorksa-da aglamandyr. Öwünerçe bar. Batyrlyk kemi ýok. Şeker ony islese-islemese ykrar etmeli boldy. Sebäbi öz-ä üstüne howp abananynda gorkup aglady. Muny ol Mekana düşündirip biljekmi? Ýöne Mekan Nurjahan daýzadan öýkeläpdir. Gaçyp ýetişmedik bolsa şarpygam dadaýmagy mümkin eken. Elbetde, bu ýapa degenok. Mekan ony gaharyna aýtdy. Nurjahan daýza heni-zä Mekana şarpyk çalyp görenok. Şeker ylalaşmady. Mekanyň özem ony çalt boýnuna aldy. Onda-da garryny ýazgardy. Nurjahan daýza gaharjaň bolupdyr. Ýekeje gezek donsuz çykaýdym welin käýýän bolup, sowuk barmy? – diýip Mekan özüni gorady. — Sowuk jigim, nähak öýkeleýäň. Mekan Şeker bilen ylalaşmady. Ol şeýle bir janygyp düşündirdi welin, gyza ynanaýmakdan başga ýol galmady. Dony uzyn. Hut süýrenip ýatyr. Galdyrmasaň palçyk bolýar. Nurjahan daýzanyň özem oýnap bilmez şonda. Betdileriň güjügem bir ýerinden gelme garagolmyş. Ýoknasyzmyş asyl. Oýnanlarynda çekeläp donunyň ýyrtyklaryndan pagtasyny çykarýarmyş. Muňa-da Mekan utanýarmyş. Onsoň nähak käýýäni üçinem Nurjahan daýza bilen gepleşenok. Öýkeli. Mekan ertir olara gitmejekdigini, şonuň üçinem Şekeriň işden galmaly boljakdygyny düşnüklije edip aýtdy. „Howa-da, jigim jan, ikimiziň basyp bilmeýän ýagymyz Nurjahan daýza-da. Ynha gelsin, şu mahal doganyň ýüzünem sypamaz”. Içini gepledip, Şeker jigisiniň göwni üçin „hä” berse-de, küýi-pikiri başga ýerde bolansoň, Mekandyr Nurjahan daýzanyň aralaryndaky bolgusyzja „garşylyk” üçin işden galyp bilmejekdigini düşündirip bilmedi. Mekanam ony soňa goýjak däl. Meseläni çöp döwen ýaly etmän, Şekerden el çekjekmi ol? Dogry-da, ýogsam arkaýyn oýnap boljakmy? Ertir öýde bolmak üçin Mekan düýplüräk sebäp tapdy. — Şekeý diňle entek – diýip, ol bulamak bişirjek bolup gazan ataryp ýören doganynyň edil garşysyna geçip, gyzyň ýüzüne gözjagazlaryny gyrpyldadyp bir naşyja hem ýazyksyzja garady. Şeker darykdy: — Dursana jigim, soň aýdarsyň. Seret, gara-da bulandyň. Mekan öňjagazyna seretdi. Garany görmese-de, ýeňini kakyşdyryp, ýene Şekere ýüzlendi. Asyl „hä” berýänçä çolaşyp öňünden aýrylmady. Peje ýapyşsa odunyň üstüne çykdy. — Men azajyk aýtja-ga Şekeý. Diňle entek. Ho-bar-a Nurjahan daýzanyň gölejigi aglady. Odunymdan bir düş, soň aýdyber – diýip, Şeker gatyrgandy – Aglasa eliňiz boş, diňdirmeli ekeniňiz-dä? Mekan odundan düşdi-de, Şekeriň arkasyna ýaplanyp durdy. Eljagazlaryny onuň eginne atyp egilip ýene ýüzüne garady. — Şekeý, diňlesene. Jigisine gyzyň nebsi agyrdy. Hemem gulak asmasa özünden halys el çekmejekdigine düşündi. — Diňleýän-ä, jigim jan, aýdyber. Gölejik aglady, onsoň – diýip, Şeker onuň öz sözüni gaýtalady. — Onam gazyjagyndan boşadyp kötek iýen agajyk diýerler saňa. Şeýle gerek? Şeker gaňrylyp jigisine seretdi. Mekan müýnürgäp aşak bakaýdy. Gyz gürrüňiniň yzyny ýetirdi. — Oňarmansyň. Garagolja gölejikdir-dä. Näme onuň akly seňkiden gowumy? Ejesiniň ählije süýdini emendir. Indi ertir özüňiz näme işjek? Müýnüni duýsa-da, Mekanyň günäsini boýnuna alasy gelmedi. Torsarlyp, dodajyklaryňy kemşeridip çyny bilen gygyrdy: — Işjegem däl näme, gölejik aglap dur-a. Meňem aglasym geldi-dä. Nuýjahan daýza gygyýmalymy şonda. Ol gowy däl, däl! Mekanyň gürrüňini tassyklamaga Şekeriň eli degmedi. Üfläp-üfläp kellesi hum ýaly bolup öl ýylgyny zordan tutaşdyrdy. Mekanam birneme köşeşdimi doganam başagaý bolansoň, özüne üns bermeýändigini duýdymy, ondan birbada el çekip oýna güýmendi. Gyz ýene hyýalynda ýap-ýaňy taşlap gaýdan adamy bilen gümra boldy. „Kimkä ol? Ölümikä, dirimikä? Şekeriň kakasy ýürek agyrydan ejir çekenden soň, onuň ýykylyp özüni bilmän ýatýan pursatlary bolýardy. Şonda kömek ýetişmese kyndy. Bu-da ýürek agyrylynyň birimikä? Ýa bir ili çürkäp ýörenmikä? Jany ýananyň biri süýndürip ötägitdimikä?” Direm bolsa oňa kömek edilmese, onuň şu sowukda ertire çykjagy belli däldi ahyryn. Ine-de Şeker nätanyşyň başujyny alyp dur. Ol arkan düşüp gymyldysyz ýatyr. Üstüne düşen garlary ýel sowrup äkidipdir. Galanjalarynam eşikleriniň gatyna siňdiripdir-de, bir alabeder görünýär. Hatda nätanyşyň ele ykjap duran saçlaram çal. Hamala ol turaga-da özlerine ýapyşaýjak ýaly. Nurjahan daýza oňa golaýlamaga gorkdy. Hatda Şekerdir ogluna-da igendi! — Dykylyşyp barýaňyz, çaga bir gorky-ürkini bilmezmi? Onuň nämedigini näbilýäňiz? Nurjahan daýzanyň ogly ejesine nägilelik bildirdi: — Özüň gelmeseň, duruber şol taýda. Bizem gorkuzýaň. Tomaşa etmäge geldikmi? Batyrsyrasalaram Şekerem, oglanam nätanyşa batyrnyp bilmediler. Bir hili eýmenişip seretdiler durdular. Göwreden diri adamyň ysy gelenok. Gymylda bir ýokdy. Hatda dem alyşam duýlanokdy. Bu ýagdaý umytly gelen gyzyň ýüregini awytdy. — Ölüpdir. Daşda duranam bolsa oglunyň sesini Nurjahan daýza Şekerden öňürti eşitdi. — Gaçyň ýanyndan ölen bolsa – diýip, bir ýerde durubam, gelibem bilmän zowzuldap ýörşüne gygyrdy. – Gyrgy gören ýaly murtaryňnyzy aşyryp durmaň-da ýörüň gaýdalyň. Ertir ony ýygnan tapylar. Garra jogap beren tapylmady. Oglan göwräniň üstüne abandy. Soň birneme ekýezenip nätanyşyň döşünde başyny goýdy. Gyz oglanyň ýüreklidigine begendi. — Dem alýarmy? — Ýok, alanok. Şeker oglana çiňerildi! — Gowja barlasana. — Barladym-da. Oglan ýene diň saldy. Şemalyň şuwwullysynda başga zat eşitmedi. Şekerem egildi. Ol-da hiç zat duýmady. Oglan göneldi-de „näderis” diýen manyda garşydaşyna garady. Özi welin ýeliň badyna entirekläp ýykylman zordan saklandy. Gyzam „näme etjegimi bilemok” diýen manyda eginlerini gysdy. Nurjahan daýza ýene gyssandy. Şekeriň welin ýatany ölenem bolsa goýup gidesi gelmedi. Bir hili nätanyş gussa ýüregine agram saldy durdy. Kim bolanda-da bu-da biriniň balasydyr. Ýerden ýeke çykan däldir. Bolmanda dost-ýarlary bardyr. Duýsalar şeýdip goýarlarmy? Oglan-la özem. Ertire çenli möjekler düýt-müýt eder. Hosarlarynyň ýüregi ýarylmazmy? Belki-de Şeker ýaly bir naçar oňa göz dikip, umyt bilem garaşyp oturandyr. Başyna düşmesin, ýat illerde Nurnepes şeýdip diri bolup ýatsa-da, gyzyň ýüregi agzyna geler. Urşa ugratsa-da, ony adamlara ynanyp gorajagyna ynanyp, umyt bilen ýola saldy ahyryn. Goramasaň faşistlerden tapawudyň näme? Nätanyş ölem bolsa, direm bolsa, gaýalaryň şirem, garadan gaýtmaz pälwanam bolsa häzir şu duranlara mätäç. Mätäji ýolda taşlap gitmek ganymlyk. Şu wagt ýanlarynda Nurnepes bolanlygynda ol ölümi-dirimi oýlanyp durman, nätanyşy egnine atyp giderdi. Nurjahan daýza daşyna çykarmasa-da Şekeriň ýaýdanjyrap hem garanjaklap durmasyndan nätanyşy goýup gitmäge närazydygyny aňdy. Dogrusy özüniňem ynjalygy gaçdy. Muny gyzyň duýup durandygyny bilmän, Şekeri has sadadyr, çagadyr oý edip ýalňyşdy. Gyzam dur aýgyda gelip bilmän, oglanam. Diňe Nurjahan daýza galtak bilen nätanyş aralygy gatnap torç etdi. Ahyram çydap bilman, gaharyna Şekere ulugyza diýmesiz sözleri diýdi. „Iki dogup bir galanyňyzdyr şol, baryň-da atyň galtaga”. Şeker şol bada galtaga tarap ýumlukdy. Oglanam yzyna düşdi. Galtagy ýigidiň gapdalyna ýakyn degirip goýdular. Ýöne göwräni onuň üstüne agdaraýmak bularyň ikisine-de ýeňil düşmedi. Eýlesine bir geçdiler, beýlesine bir geçdiler. Galdyrjak bolşup gara suw boldular. Ahyry ellerini nätanyşyň aşagyna sokup ikisem birden iň soňky güýçlerini tijediler-de, göwräni galtagyň üstüne agdardylar. Şalkyldap ýüzünligine düşen nätanyş iňledi. Oglan gyzyň, Şekerem oglanyň ýüzüne garady. Gözleri uçganaklap giden gyz begenjinden gygyrdy. — Diri, Nurjahan daýza diri! Badyny saklap bilmän Şeker goňşusynyň duşundan wazlap geçdi. Ol sesini hamala diýersiň äleme eşitdirmek isleýän ýaly, begenjinden, ýüregi ýarylaýjak bolup barha gaty gygyrdy. Diri, diri, diri! Nurjahan daýza gyzyň yzyndan seredip ýakasyny towlady. — Toba, toba, şu gyz ahyr bir zat tapynaýmasa-da biri. Neneň gygyrmajak. Neneň buşlamajak. Ömür tanapy üzlüp barýan bir ynsana ömür, ýaşaýyş bagyşlandy. — Şeker yzyna öwrülip garryny gujaklady. Begenjinden aglap goýberdi. Özüne iň ýakyn adam ölüp direlip, täzeden dünýä gelen ýaly begenip aglady. — Ýit-ä. Bolşuň gursun! Nurjahan daýza Şekeriň gözýaşlaryny gyňajynyň çowy bilen süpürdi-de, ony itip goýberdi: — Bes et. Bolşuň gursun, menem aglatjak sen. Gyz soň aglanyna utanyp, hem bir hili müýnürgäp yzyna gitdi. Burnuny ýere degiräýjek bolup gelýän oglanyň elinden galtagy alyp dazyrdadyp ugrady. — Tagyrdyň näteňet! Tekiz ýerden haýaljak sür. Galan ysgynymam sen alaýma! – diýip, Nurjahan daýza gyzyň yzyndan gygyrdy. Oba ýetenlerinden soň bimahalam bolsa Nurjahan daýza lukmanlara sowuldy. Garry nätanyşyň Şekerlere eltilenini unaman käýindi. Ýöne lukman ýigidi ýerinden gozgasaň zyýanlydygyny düşündirenden soň, ol az-kem düşüşdi. Şekerem garrynyň ätiýaç üçin gatyrganýandygyna düşündi-de diňe ýüzjagazyny sallaýdy. Şeker ýekedi. Üstesine-de ulygyzdy. Nätanyşdan zeper ýeter öýütmese-de, dili uzyn tapyljak. Gyzly öýde nätanyş bir erkek adam güberlip ýatsa, oňlanjak däldi. Özem çekinjek. Şonuň üçin gyzyň özem nätanyşy öýlerine sowanda az ýaýdanmady. Ony hütdük ýaly jaýyň niresine dykjak, Nurjahan daýzalaryň beýleki jaýlarynda peç ýok. Oturan jaýlarynda-da çagalaryny ýatyraýsa gyşarmaga beýle-de dursun, hatda oturmaga-da orun tapyljak däl. (Dowamy bar).... | |
|
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |