14:27 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Kaýsaryýa we Arsuf meýdan söweşleri | |
KAÝSARYÝA MEÝDAN SÖWEŞI
Taryhy makalalar
1-nji sentýabrda, duşenbe güni ýewropalylar ýene-de hereket edip başladylar. Soltan ýörite bölümi we goşuny bilen olary gysyp başlady. Emma duşman onda-da nyzamyny goraýardy. Şol gün çaknyşmalar bolup geçdi. Korol Riçard ýeňil ýaralandy. Duşman köp ýöredi. Olar ýolda kiçi bir kölüň ýakasynda düşlejek boldular, ýöne musulmanlar duşmany ol ýerden kowdular. Duşman öýle wagty Nehr Kasap derýasynyň deňze guýýan ýerinde düşledi. Musulmanlar ýetip geldiler we iki tarapyň arasynda çaknyşyk boldy. Bu çaknyşykda Soltanyň memluklaryndan meşhur serkerde Uzyn Aýaz şehit boldy. Onuň aty büdräp ýykylypdy, geýip ýören sowudy örän agyr bolandygy üçin gaçyp ýetişmändi. Ymadeddin ol barada: «Edermen ýolbaşçy, mert, gahryman... esgerleriň arasynda söweşmek üçin atyna ilkinji münen we atyndan iň soňky düşen kişidi. Beýlekiler gaçsa, ol duşmana hüjüm eder eken. Iki tarapyň arasynda durup, duşman rysarlaryny başabaş söweşe çagy-rar eken. Oňa garşy söweşmäge çykanlar, hökman ajal şerbetini içerdiler» diýýär. Musulmanlar onuň ölümine gaty gynandylar. Bu söweşde ýewropalylardan 1000 kişi ýaralandy, köpüsi öldürildi. ARSUF MEÝDAN SÖWEŞI Duşman 2-3-nji sentýabrda Kaýsaryýadaky karargähinde galdy we Akkadan sekiz gämiden ybarat goşmaça güýji aldy. Soltan kömege gelýän türkmen güýçlerine garaşýardy we duşman bilen söweşmek üçin amatly ýer gözleýärdi. Arsuf diýen ýerde özüne laýyk bir ýeri amatly hasaplady. 4-nji sentýabrda Riçard bilen Mälik Adyl duşuşdylar. Riçard bu gepleşiklerde ýaraşyk üçin öňki Kudus korollygynyň topraklarynyň yzyna berilmegini talap etdi. Muňa Mälik Adyl razy bolmady we gepleşikler ýatyryldy. Soltan 5-nji sentýabrda alnan ýesirler we öň hatarky bölümleri sebäpli duşmana degişli habar aldy. Duşmanyň yza çekilýändigini görüp, goşundaky ýükli arabalary Awçy diýen ýere iberdi. 6-njy sentýabrda, şenbe güni ýewropalylaryň flotlarynyň garama-gynda kenardan Arsufa tarap hereket edýändiklerini eşitdi. Soltan goşunyny söweş nyzamyna saldy we hüjüm bölümlerini meýdana çykardy. Ýewropalylaryň öňünde templiýer rysarlary, olaryň yzyndan bretonlar, soňra angewinler, Guiniň serkerdeligindäki esgerler, normanlar we iňlisler, çep ganatda bolsa fransuzlar, gospitaliýer rysarlary, Žak d'Awesnes serkerdeligindäki flamandlar we beýlekiler bardy. Musulman goşuny-nyň merkezinde Soltan, sagynda Mälik Afdal, Gaýmaz Nejmi, Mosul esgerleri, Mälik Adyl bardy. Soltanyň çepinde Sinjar, Halap esgerleri we Müsür esgerleriniň bir topary bardy. Duşman Arsufa golaýlanda, hüjüm bölümleri duşmany oka tutdular. Beýleki bölümler gury ýerden duşmana hüjüm etdiler. Soltan bölümleriň bir bölegini ätiýaçda saklaýardy. Surnaý we deprekler çalnyp başlandy. Ambroisiň aýtmagyna görä, 30 000-den hem gowrak atly türkmen emirleriniň öňlerinde gygyryşyp haçlylaryň üstüne hüjüm etdi, olaryň yzyndan zenji-lerden we çarwa araplaryndan ybarat pyýada goşun herekete geçdi. Hyttyn söweşinde 12 000 atlynyň bolandygyna üçin Ambroisiň berýän bu sanynyň ulaltmadygyna şek-şübhe ýokdur. Çünki, atly goşunyň sany 10 000 töweregidi. Haçlylar çykgynsyz ýagdaýa düşdüler. Ýöne bir taraplaryny deňze ýanandyklary üçin «täze bir Hyttyn wakasyndan» halas boldular. Soltan esgerleriniň arasynda aýlanyp, olaryň göwünlerini galkyndyrýardy. Ýewropalylaryň ýagdaýynyň çykgyn-syzdygyny gören pyýadalar we çarwa araplary olja almak üçin duşman hatarlaryna has golaýladylar. Ýewropalylara indi diňe hüjüm etmekden başga çäre ýokdy we haçly atlylary pyýadalarynyň ortasynda hüjüm nyzamyny düzüp, musulmanlaryň üstüne uzyn naýzalary bilen duýdansyz hüjüm etdiler. Hüjümden soň musulmanlaryň çep ganaty bozuldy. Merkez bilen sag ganat bolsa ýerindedi. Mundan soňra Soltan ätiýaçda saklaýan ýörite bölümini söweşe saldy. Musulmanlaryň sag ganatynyň hüjümi güýçlendi. Mälik Adylyň serkerdeligindäki bölümler duşmanyň çep ganatyndaky käbir bölümleri derbi-dagyn etdiler. Bularyň arasynda haçlylaryň meşhur rysary Isaak d'Awesnes we käbir meşhur haçly rysarlary-da bardy. Musulmanlaryň jogap hüjüminiň güýçlenendigini gören duşman atlylary yza çekildiler. Haçlylar Arsufdan geçip, onuň golaýynda bir ýabyň gyrasynda karargäh-lerini gurdular. Soltan hem goşlarynyň ýanyna geldi. Bu çaknyşyklarda musulmanlardan şikar emiri Muşek, Gaýmaz Adyly we Akguş dagylar şehit boldular. Galan şehitler bolsa pyýada goşundandy. Bu söweşde iki tarap hem tapdan düşüpdi, hiç taraphem ýeňiş gazanyp bilmedi. Käbir haçly taryhçylary bu söweşi haçly goşunynyň uly ýeňşi hasaplap, Riçardyň näme sebäpli Kudusyň üstüne ýöriş etmändigine haýran galýarlar. Ýogsam, Soltan ertesi gün goşuny bilen haçlylara täzeden hüjüm edipdir, ýöne olar söweşmekden ýüz dönderipdiler. Hakykatda bolsa, bu söweşde haçlylar duýdansyz hüjümden soň musulmanlary yza serpikdirip, bu kyn ýagdaýdan özlerini zordan alyp çykypdyr. Riçard bolsa muny has gowy bilýärdi. Soltan 7-8-nji sentýabrda duşmany täzeden gysdy we hüjüm bölümlerini çykaryp, duşmany söweşe çagyrdy. Ýöne duşman pyýadalary bilen atlylaryny gorap, 8-nji sentýabrda Arsufdan Ýafa bardy. Bu ýerde karargähini gurdy. Şol wagt haçlylardan dört erkek, bir aýal ýesir düşdi. 9-njy sentýabrda ýene dört adam ýesir düşdi. Ýesirlerden sorag edilenden soň haçlylaryň niýetiniň Ýafada ýerleşip, ol ýerdäki ýyky-lan galany bejermek we dikeltmekdigini bilensoň, Soltan ol ýesirleriň hemmesini öldürdi. Soňra daş-töwerege hat ýollap, esgerleri jyhada çagyrdy we karargähini Remlä göçürdi. Haçlylar Akka we Ýafa arasyndaky iki günlük ýoly 15 günde zordan geçdiler. Soltan Akkadan bu ýere çenli bolan wakalary beýan edýän bir haty halypa iberdi. Ol hatda şeýle diýlipdir: «Käbir ýerlerde öň hatarky goşunlarymyzyň duşman bilen söweşmäge mümkin-çiligi ýokdy. Esgerlerimiz pursat tapsalar haçlylara zeper ýetirýärdiler, olar bilen çaknyşýardylar. Haçlylar deňiz kenaryndan daşlaşýardylar, olar bir suwly ýerden başga bir suwly ýere düşleýärdiler. Suwlar biri-birine golaýdy. Biz hem her düşelgede olar bilen çaknyşýardyk. Deňiz kenarlaryndaky ýerleriň käerlerinde söweşmäge amatsyz ýerlerde bardy. Amatly ýer tapsak olar bilen söweşerdik. Olar bilen biziň aramyzda çaknyşyklar bolup geçýärdi. Biz olary tas ýok edipdik. Bu söweşleriň biri Akkadan çykan wagtlary bolup geçdi. şol gün oglumyz Afdal öň hatarky bölümiň başyndady. Olaryň geljek ýolunda oturdy. Olaryň iň yzky hatarlaryny derbi-dagyn etdi, gan dökdi. Haçlylar başlaryna bu bela gelensoň Haýfa derýasyndan geçip bir ýerde düşle-diler. Burunlary ýere sürülen ýaly bolup, bu ýerde birnäçe gün boldular. Akkadan goşmaça güýç aldylar. Yzky hatarlaryny berkidip, soň ýene ýörişlerini dowam etdiler. Olar bilen çaknyşan günlerimiziň biri hem Kaýsaryýadan çykan wagtlarydyr. Okçular olary törpülediler. Olaryň üstüne ok ýagdyrdylar. Olardan 1000 atly öldi, atlylar matam eşigini geýdiler. Olar söweşýärkäler, ýerlerinden gymyldamaýardylar, suwa tarap gidýärdiler. Şagban aýynyň 14-ine (6-njy sentýabr) deňiz kenaryndan ýene-de ýörişe geçdiler. Olaryň atlary sil ýaly gidýärdi, pyýadalary olaryň daş-töweregini garynja mysaly gurşapdylar. Yslam esgerleri olaryň öňlerinden ýöräp, ýöriş-lerine böwet bolmak isleýärdiler. Oklarynyň ody bilen jähennemlik bolan kapyrlary ýakýardylar. Oklar olary örän kyn ýagdaýda goýansoňlar, Arsufa çenli sabyr etdiler. Tas derbi-dagyn bolupdylar. Emma şol mahal birdenkä, hüjüme geçdiler. Olar bulutlar ýaly ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagdyryp geldiler. Musulmanlar yza çekildiler. Soltan muny ýeňiş hasaplady. Ýöne soňra bu wakanyň özboluşly tutanýerliliklerine gözi ýetdi. Ýeňiji ýürek (merkez ganat) duşmanyň öňünden çekilenlere pena boldy, duran ýerinden aýrylmady. Doganym Adyl bilen esgerleri olary ýerlerinde sakladylar. Olaryň üstüne hüjüm edip, yza serpikdirdiler. Doganym bu hüjümde güýçli gorandy. Duşmandan uly bir grafy we birnäçe kişini öldürdi. Olar perişan ýagdaýda Arsufa geldiler, esgerleri zarba iýdi, graflary öldürildi. Doganym Seýfed-din Adylyň gylyjy bilen öldürilen bu azgyn şeýtan, melgunlaryň tabyn bolan iblisleridi. Ol öldürileniň ady ser Žakdy. Korollary gelmezinden öňürti, onuň sözi ýöreýärdi. Onuň golastynda birnäçe graf bilen baron bardy. Templiýerleriň we gospitaliýerleriň arasynda sözi ýöreýärdi. Abraýynyň uludygy we şanynyň beýikdigi üçin ol öldürilen wagty, ony goramak üçin haçly serkerdeleriniň rysarlaryndan uly topar bilen söweşdi. Bu graf diňe olar öldürilenden soň öldürildi. Angliýanyň koroly onuň ölümine örän gynandy. Ýewropalylar soňra ýene-de herekete girdi. Esgerlerimiz olaryň üstüne ýöräp, Ýafanyň ýanynda olar bilen garşylaşdy. Olar Ýafa girip, heläkçilikden halas bolmak isleýärdiler, esgerlerimiz olaryň öňlerin-de ölüm oklaryny gezdirýärdi. Ýafa düzlü-ginde we bossanlarynda olar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Olar şähere baranlarynda derbi-dagyn edildiler. Söweşiň elhençliginden ýaňa, kalplaryny gorky gaplap aldy. Olar özleriniň halas bolandyklaryny ynanmaýar-dylar. Eger ol ýerden çykaýsalar, özlerine zeper ýetjekdiklerine gözleri ýetensoň, ol ýerden çykmaga milt hem edip bilmediler» . Mundan soňra çaknyşyklar tizligini ýitirdi. Ýewropalylar Ýafanyň, musulmanlar bolsa Kudusyň dikeldiş işleri bilen meşgul boldular. Soň iki tarapyň arasynda uly möçberdäki söweş bolmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |