SELBI
Maýmyn diýilse, hökman garagolja çagalar göz öňüňe gelýär.
Bu bir tarapdan şeýle-de. Maýmynlaryň käbir görnüşleri diýseň şadyýan bolýar. Uzynly gün biri-biri bilen kowalaşyp, kapasalaryndaky hiňňildikleriň birisinden beýlekisine böküşip, darbazçy ýaly geň aşyr atyşyp, bir ýerde oturmaýarlar. Ömürlerini «oýun» bilen geçirýärler.
Ýöne olaryň arasynda-da juda ýuwaşlary, birhili salyhatlylary bolýar.
Ine, biziň «Haýwanat bagymyzda» hem şeýle maýmyn bardy. Onuň ýaşy bir çene barandy. Ýüzi ýygyrt atyp, garryja aýallaryňky ýaly bolandy. Depesiniň saçy selçeňläp, barlary-da çalaryp ugrandy. Ol görgüli uzynly gün kapasanyň gapdalyna berkidilen oturgyçda sesini-üýnüni çykarman, daşaryk bir nokada seredip, hamana, çuň hyýala batan adam ýaly bolup oturýardy.
Diňe maýmynlary idediji Gözel eje kapasanyň gulpuny açyp, getiren iýmitini bermek üçin içerik girende, onuň ýüzüne «Gurgunmysyň?» diýen ýaly terzde bir seredýärdi-de, ýene-de öňki oturyşyny dowam etdirýärdi.
Onlarça ýyl bäri maýmyn idedip, olara halys öwrenişip giden Gözel eje bu ümsüm, garryja maýmyny öte gowy görýärdi.
Kapasasyna girenden deň-duş garryja aýaly bilen gürleşýän ýaly oňa:
—Amanmyň, Selbi? –diýip ýüzlenýärdi.
—Gözel eje, oňa näme üçin Selbi diýýäňiz? –diýip sorasam.
—Şuňa Selbi diýesim gelip dur-da, janym! Özi bir ýuwaşja. Munuň ýanyndakylar bolmajysyny bolşup, gars kakýarlar. Bu görgüliniň welin, şol bir oturyşy. Dünýäden göwni galan biçäre naçary ýatladýar. Meniň arakhor ärinden, biweç oglundan kineli bir Selbi atly joram bardy. Başyna gelen külpeti ýüregine salyp, ölüp gitdi pahyr. Bu maýmynyň bolşy hakyt şony ýatladýar-da! –diýýärdi.
Gözel eje şeýle diýip ýüzlenensoň, bizem onuň adyny «Selbi» diýip tutýardyk. Haýwanlar baradaky ýörite ýazgyda-da «Selbi» diýip görkezýärdik.
Selbiniň gapdalyndaky maýmynlaryň: onuň «adamsydyr» iki çagasynyň welin, ümsümlik ýatlaryna-da düşenok. Kakasy başlyklaýyn edibilen bulagaýlyklaryny edýärler. Gözel daýza getiren owkadyny goýup, entek daş çykmanka, ony alan-aldy edişip, döküp-saçyp, iýene meňzeş iýmeýärler.
Çagalary bilen bu alan-aldylyga gatnaşan kakalary garbanyp bolansoň, «aýaly» Selbiniň hem bardygy ýadyna düşüp, galan-gaçan iýmitden eltip, onuň hem eline tutdurýardy-da, maýmyn dilinde düşünişip, ýene ýaşyna gelişmeýän bolgusyzlyklaryna berilýärdi.
Derekli owkat ýetmeýändigi üçin, Gözel eje nahar eltende, köplenç:
—Al, jora jan, ýogsam bular saňa zat goýmazlar –diýip, oňa aýratyn äberýärdi.
Selbi hem ullakan aýalaryna Gözel ejäniň beren bananyny ýa-da apelsinini alyp, haýal-ýagallyga ýüz uran dessine, çagalary ýa-da äri ýetişip garbap gidýärdiler. Ol görgüli elindäki iýjek bolup oturan iýmitini-de alandyklary üçin, olar bilen salyşjagam bolup durmaýardy.
Şonuň üçinem Gözel eje:
—Hany iý, onýança men bu şalapaýlary golaýyňa goýbermän duraýyn –diýip, käte onuň ýanynda garawullabam durýardy.
Selbi hem maýmyna mahsus bolmadyk edalylyk bilen bananyny ýa-da apelsinini arassalap, howlukman iýýärdi.
Onuň beýdip iýşi «adamsydyr» çagalaryna biraz geň görünýärmi-nämemi, Selbi iýýän wagty sem bolşup, kesesinden synlap oturýardylar.
Garaz, Selbiniň bu ümsümligi biziň hemmämiziň ünsümizi çekipdi. Ony bir hili gowy görüp başladyk.
Onuň oturyşy, dogrudan-da, Gözel ejäniň aýdyşy ýaly, egnindäkiden gaýry çalşyrynmaga eşigi-de ýok, bütin ömrüni biderek adamlara bagyşlan, umydy döwlüp göwnüçökgünlige düşen, hiç bir alaçsyz galan garryja aýala meňzeýärdi.
Pensiýa ýaşy ýetip, Gözel eje işden gidermen boldy:
—Maňa şu Selbi bilen aýrylyşmak juda agyr düşýär-dä. Indiki idetjeklere aýdaweriň. Bu görgülä meniň edişim ýaly, aýratyn esewançylyk edewersinler. –diýip, öňünden sargady.
Suratçy getirip Selbi bilen surata düşmeklige rugsat sorady.
Menem:
—Düşäýiň –diýdim.
Bir gün Gözlel eje fotoatelýe bilen gürleşip, bir suratçy zenany getiripdir.
Selbiniň kapasasyny açyp, suratçyny daşky kapasada goýup, surata düşmek üçin içerik giripdir.
Nätanyş adamy görüp, Selbiden özge maýmynlar gorkuşyp, allaniçigsi bolup, bir çete çekilipdirler. Sebäbi käte olary sanjym etdirmäge ýa-da barlatmaga del lukmanlary hem getirýän wagtymyz bolýardy. Olar asla öz lukmanymyzdan hem gorkýardylar.
Selbi bolsa Gözel ejä adaty seredişi ýaly, «Barmysyň?» diýen terzde bir seredipdir-de, ýüzüni daşaryk öwrüpdir.
Gözel eje onuň ýanyna baryp, hakyt düşünäýjek ýaly, egnine elini goýup:
—Jora jan, men-ä pensiýa çykaýsam diýýän. Ýadygärlik üçin seniň bilen surata düşeýin diýip geldim –diýýär-de, Selbiniň gapdalyna geçip oturyp, suratçy zenana:
—Düşüriber, janym! –diýýär.
Ine, şol wagtam ýanlaryna gelen adamlaryň Selbi bilen näme etmekçi bolýandyklaryna düşünmek üçin, çiňňerilişip oturan maýmynlaryň kakasy böküp barýar-da, penjesini germewiň arasyna çalasyn sokup, surata düşürmäge häzirlenip duran suratçy zenanyň gulagyndaky altyn ysyrgasyny alyp gaçýar. Ysyrgasy güýç bilen çekilip alnansoň, gulagy agyran suratçy zenan aljyraýar.
Gözel eje-de maýmynlaryň kakasynyň bu hokgasyna allaniçigsi bolýar:
—Waý, janlar, hany sen daş çyk! Men mundan ysyrgaňy bir aljak bolaýyn –diýip, ony daş çykarýar.
Ysyrgany synlap oturan maýmynlaryň kakasynyň ýanyna barýar:
—Bolşuň gursun, utanaňokmy? Sen-ä meni masgara etdiň. Ber bärik ysyrgany? –diýip, elini uzadýar.
Maýmynlaryň kakasy dessine böküp-böküp, iň belent hiňňildige münýär.
Bu wakany eşidip, bärden barsak, Gözel eje hol ýokarda oturan maýmyny aşak düşürmekçi bolup gyssap duran ekeni.
—Gözel eje, beýtmäweriň. Siz bilýäňiz-ä, gyssaga düşende, olar alyp gaçan iýmitini elinden alaýmasynlar diýip, derrew agzyna ataýgyç bolýarlar. Ysyrgany-da şeýdäýmesin –diýdim.
—Bu haram beýder öýtmändim –diýip, Gözel eje bir çete çekildi.
Onýança-da, ýaňky maýmyn böküp aşak düşdi-de, Selbiniň ýanyna bardy. Ysyrgany onuň aýasyna berip, maýmyn dilinde bir zatlar diýdi-de, ýene-de öňki ýerine mündi.
—Görsene muny, ysyrgany «aýalyna» eltip beräýdi. Maýmyn diýjeksiň, aňy adamyňky ýaly –diýip, keýpi gaçyp duran Gözel eje haýranlar galyp güldi.
Baryp Selbiniň aýasyndaky ysyrgany aldy-da, onuň gulagyna gapjatdy:
—Gel, keýigim, indi düşüräý!
Ätiýaçdan beýleki ysyrgasyny aýryp ýygşyrdy-da, suratçy gyz kapasa girip, Gözel ejedir Selbini surata düşürdi.
Şondan biraz wagt geçensoň, garrylykdanmy ýa-da başga sebäbe görämi Selbi tarpa-taýyn ýogaldy.
Muňa hemmämiz gynandyk.
Kapasanyň deňinden geçenimde, göwnüme bolmasa, ol heniz hem seredip oturan ýaly, şol tarapa äňedenimi duýman galýardym.
Bu barada Gözel ejä eşitdireýin diýip, oňa til kakdym:
—Gözel eje, Selbi ýogaldy.
—Wah, bolmandyr. Gowudy görgüli –diýip, Gözel eje, maýmyn däl-de, hamana, bir tanyş adamy ýogalan ýaly gynandy. —Suraty galdy…
—Şol suraty maňa-da köpeldip almaga beräýiň? –diýdim.
Gözel eje:
—Bolýar, hanym –diýip, ertesi alyp geldi.
Heniz-henizlerem kabinetimde asylgy duran şol surata gözüm düşende, Selbi atly adamtöwra geň maýmyny ýatlaýaryn.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar