SELEÑ SÄHRA
Ikinji günüň ýadawlygyndan soň biz başymyzy ýassyga goýan dessimize ukynyň ygtyýaryna berildik.
—Gije golaýjagymyzda garagulak gygyrdy, eşitdiňizmi? –diýip, Gara aga ertesi çaý başynda sorady.
—Ýok, eşitmedik –diýşip, ýerli-ýerden seslendik.
—Ýoluň argynlygyndan soň, sarsman ýatansyňyz –diýip, Gara aga ýylgyrdy.
—Şu töwerekde garagulak bar ekeni. Nesip bolsa, ony tutarys. Garagulaga gurjak gapanlarymyza lukmalyk towşan etini goýmasak bolmaz. Ol towşan etini gowy görýär.
Towşan gözlegine çykdyk. Uzak gitmeli bolmadyk. Ojaryň düýbünden turup gaçan towşan guýrugyny akjardyp, ümdüzine tutdurdy. Ol bize al salaryň öýtdümi ýa-da gyssaça düşdümi, garaz, hoňkaryp, agzy garalyp duran sürene zymdyrylyp girdi.
Bärden baranymyzdan süreniň agzyndaky yzlary synlap, Gara aga:
—Bizden gaçyp, sürendäki köwügiň üstünden baraýdy. Ynha, bu yzlar köwügiň yzy, bu bolsa ýaňky towşanyňky –diýdi.
Diňşirgendik. Ikisem jyňkyny çykarman, ümsüm otyr.
—Adamyň özlerinden has rüstemdigine, ikisinem heläkläp biljekdigine akyllary çatýar –diýip, Gara aga bu ylalaşygyň sebäbini düşündirdi.
Öwez hem çöl pişiginiň towşan bilen uruşmazlygynyň syryny özüçe nygtady:
—Üstlerine howp abananda, haýwan haýwana raýdaşlyk edýär.
—Hakyt şeýle –diýip, Gara aga ylalaşdy. Sapara görkezme berdi.
—Bar, ogul, bejit git-de, meniň güpbimi getir! Eger Awlamyş ata oňuna etse, häzir bu köwügi tutarys.
Gara aga köneje güpbüsini häzirledi-de, uzyn kök bilen süreni gorjalap ugrady. Onýança-da, ondan towşana görä ulurak, goňrumtyl köwük — çöl pişigi atylyp çykdy. Gara aga çalasynlyk bilen onuň üstüne güpbini oklap ýetişdi. Güpbiniň näme üçin gerekdigine şonda düşünip galdyk. Bizi görüp aljyran köwük, badyny saklap bilmän güpbiniň ýeňine girip duruberdi. Özem ol başyna salnan bu ahwala nägilelik bildirip, gazap bilen tyss edýärdi.
Köwügi getirip, maşynyň üstündäki kapasa salanymyzdan soň, Gara aga Öweze:
—Tüýs siziň «Haýwanat bagyňyza» gerek ýaş köwük ekeni –diýdi.
Öwez begendi:
—Büý-ä şowuna boldy, towşan awlamaga çykyp, köwük tutduk.
Açyk sarygylt reňkli, guýrugynyň ujy üç aýlaw çala bildirýän goňrumtyl zolakly çöl pişigi öý pişiklerinden görnetin daýaw görünýärdi. Aýaklary iriden gelen, gözleri jylk sary köwük biziň özüni näme üçin tutup kapasa gabandygymyza akyl ýetirmekçi bolýan ýaly, bilesigelijilik bilen seredýärdi.
—Indi towşan awlamaga gideliň! –diýip, Gara aga bizi tijedi.
—Kim düşlegde galýar?
—Men galaryn, siz arkaýyn gidiberiň –diýip, entek köşeşip bilmän töweregine hüşgär bakýan çöl pişigini eýlesinden-beýlesinden höwesli synlap duran Öwez dillendi.
—Sen galýan bolsaň, çaý hem atar. Bu bitiren işimiz, towşan awlap gelemizsoň, kişmişläp çaý içeniňe degýän iş! –diýip, Gara aga göwnühoş ýylgyrdy.
Biz Gara aganyň yzyna düşdük. Soňky günler howanyň barha gyzýandygyna seretmezden, çaly-çerkezleriň, ýaýbaň ojarlaryň kölegeli düýplerinde entek terligini ýitirmedik çöl gülälekleri, aşygoty, siňren, bennewi ýaly otlar birgeňsi gözellik döredip, ösüp otyrdylar. Daş-töweregimiz ýeliň ygtyýaryna görä emele gelen belentli-pesli çäge depeleridi. Olaryň ýüzünde çapgyn şemalyň galdyran egrem-bugram yzlary läbik suwly derýanyň tolkunlaryny ýatladýardy. Towşan gözläp ep-eslije selpemeli bolduk.
—Ozallar aw kändi. Towşan dagy her ädimden diýen ýaly turar durardy –diýip, Gara aga tüpeňini häzirläp barşyna, töwerege ünsli seredýärdi.
—Ýaňkу köwügiň sürenine giren towşany näme üçin awlamadyňyz? –diýip, Aşyr gyzyklandy.
—Ony awlasak, karam etdigimiz bolýar. Onuň bahanasy bilen köwük tutduk ahyryn –diýip, Gara aga jogap berdi.
Her näme-de bolsa, boş gaýtmaly bolmadyk. Çalynyň ykyşja düýbünden turup gaçan towşany Gara aga ezberlik bilen awlady.
Işimizi bitirip yzymyza dolandyk. Biraz ýöränimizden soň Gara aga:
—Eger görerin diýseňiz, kak suwy diýilýän, ynha, şu alaňdan aşan ýerimizde bolmaly –diýip, belent çäge depesine garşy baş atdy.
Alaňa çykanymyzda, onuň aňyrsynyň çuň çöketlikdigine, şol çöketligiň ortarasynda bolsa ot-çöp basan kiçeňräjik oýtak ýeriň bardygyna gözümiz düşdi.
Çöketligiň ähli tarapy biziň kynlyk bilen dyrmaşan depämiz ýaly, belent depeler bilen gurşalgydy. Olaryň aşaklygyna ýapgyt bolup gaýdýan ýerlerinde ýagyş suwunyň okgunly akan yzlary mesaňa bildirip durdy.
—Çopan-çoluk, awçy-beýleki Gün suwy bugartmaz ýaly, çöp-çalam, peşmekdir ýandak bilen üstüni basyrýar –diýip, Gara aga düşündirdi. —Şu töweregiň janly-jandarlary üçin şu kakyň suwy ýeke-täk ýaşaýyş çeşmesi. Tomus petiş gelse, bu suwy derrew bugardýar. Eger aram gelse welin, gaty köp wagtlap çöl jandarlaryna bir mydarlyk bolýar.
—Kak diýilse, çaýkanyp ýatan köl ýaly bol suwy görjekdik –diýip, Aşyr çakynyň çykmandygyny ýaňzytdy.
Birdenem çöl asmanyny burum-burum goýry tüssä çalymdaş bulutlar gaplady. Olar şeýle bir pesläp gelýärdiler welin, belendräjik çäge depelerine degäýerli görünýärdiler.
—Indi eglensek, ýagşa ezileris. Basymrak maşynyň ýanyna ýeteliň –diýip, Gara aga ädimini ýygjamlatdy:
—Biz baranymyzda, Öwez ähli goş-golamlarymyzy ýygnap, maşyna ýükläp duran ekeni:
—Näme beýle köp eglendiňiz?
—Gara aga bize ho-ol belent alaňyň aňyrsyndaky kaky görkezdi –diýip, Sapar jogap berdi.
—Aý, oňa kak diýerligi ýok-la! –diýip Aşyr göwnüýetmezçilik bilen dillendi.
—Hakyky kakyň nähili bolýandygyny häzir görersiňiz –diýip, Gara aga, buýr–bulaşyk asmana garşy baş atyp ýylgyrdy.
Şol barmana-da ýyldyrym çakyp, gögüň ýüzi çyzylyp gitdi. Yz yanyndan daglar düňderilýän deý, güňlenç gümmürdi eşidildi. Jümle-jahan sarsyp, ýer endiredi.
—Ine, saňa tebigatyň güýji! –diýip, bu ahwalata göhi gelen Aşyr hezil edindi.
Birbada seýregräk, iri–iri damjalar şybyrdap indi. Soňundan ýagyş barha güýjäp, maşynyň aýnalaryndan joralanyp akyp ugrady.
—Ýagyş goýýança belendräjik Ýеrе çykyp durubereliň –diýip, Gara aga Sapara kaky görmek üçin münen ýaňkу depämize garşy ümledi. —Güýçli ýagýar, ýeliň badyna içine girmez ýaly, maşynyň aýnalaryny hem gowuja götereliň.
Alaňa çykyp saklanan dessimize, Gara aga:
—Köwügiň kapasasynyň üstüni ýapmak gerek. Ýogsam buýmagy mümkin –diýip, goş-golamlaryň arasyndan ýagyş geçirmeýän brezent bölegini alyp, daş çykdy.
Işini boldum edip yzyna girýänça, ýagyş ony eýýäm süllümbaý ezipdi.
—Tüýs wagtynda ýagdy. Ýogsam ot-çöpler gurap barýardy. Bu ýagyşdan soň çölüň ýigdelişine bir serediň! –diýip, ol alaňlaryň ýüzünden daraw-daraw ýol ýasap akýan suwuň çöketlik ýerlerde emele getiren bulanyk köljagazlaryny höwesli synlady:
—Ine, gumlularyň güni geldi!
—Kömelek hem çykarmyka? –diýip, Sapar gyzyklandy.
—Kömelegiň-ä möwsümi öten bolaýmasa...
Ýagyş barha güýjeýärdi. Uly bir gylýal sürüsiniň uç-gyraksyz takyrlyk bilen ümdüzine tutduryp, barha batly ýüwrüp barýarka eşidilýän toýnak seslerini ýatladýardy.
Häzir ýalazy ýerde galanlaryňky-ha aňsat däldir? –diýip, Aşyr Gara aga ýüzlendi.
—Guma belet adam bolsa, beýle çabga üstüni gapyl basdyrmaýar. Ýaz ýapynjasyny ýanyndan goýmaýar.
—Janly-jandarlar şeýle ýagyşda nädýärler? –diýip, men gyzyklandym.
—Sürä çozmagy küýünde besläp ýören gelegurtlaryň-a şeýle howa tüýs halaýan howasy. Başagaýlykdan peýdalanmagy gowy görýärler. Eýleki jandarlaryňam «ýagyşly gün ýat!» diýlenini edip, açlygyna çydap, penjesini sorup ýatýanlary-da, awlajak awyny gapyl basmagyň pursady gelendigine düşünip, awa çykýanlary-da bar.
Biz Öweziň demkeşindäki çaýyndan içip, mesawy gürrüňçiligiň ygtyýaryna berildik.
Ýagyş teýahyr diňip, howa açyldy. Gün çykyp, jümle-jahan ýap-ýagty hem nurana keşbe girdi.
—Serediň, älemgoşar çykypdyr! –diýip, Öwez gündogar tarapa goluny uzatdy.
Biz maşyndan düşüp, geň-enaýу reňkler bilen öwüşgin atyp duran älemgoşary synlap başladyk. Onýança-da:
—Aşyr, sen beýläňe seretsene! –diýip, Gara aga, göwnühoş güldi.
—Ynha, indi muňa hakyky kak diýseň boljak! Gämi sürübermeli! – diýip, ýagyş suwundan tereň dolup, çaýkanyp ýatan köle gözi düşen Aşyr joşgunly dillendi. —Ine, şuňa diýäýseň, türkmen bahary! Bu täsin görnüşler bizi ýigdeldýär, joşdurýar, ata-babalarymyzdan miras galan sähraýy topragymyza bolan söýgüden ýüregimizi püre-pürleýär. Men bilýärin, biziň üçin dünýäniň hiç bir künjeginde şundan ajaýyp, şundan eziz ýurt ýokdur.
Öwez Aşyryň ýüzüne seredip, ýeserlik bilen ýylgyrdy:
—Men bilýärin, şu saparymyzyň şonuňa çenli sen şahyra öwrülseň gerek!
Biz Öweziň jüpüne düşürip aýdan bu jümlesine hezil edip gülüşdik.
—Hany, ýörüň indi ugrabereliň diýip, Gara aga ýolumyzy dowam etdirmegimizi müwessa bildi.
Ýagyş suwuna ýuwlan daş-töwerek şeýle arassa görünýärdi. Öljümek gumuň ýüzünde ýekeje-de yz ýokdy. Tebigat şu güne çenli seleň sähranyň ýüzüni torç eden ýagşу-ýaman ötegçileriň galdyran yzlaryny öçürip, çöl durmuşynda täze, tämiz sahypany açýan ýalydy.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar