20:44 Sergeý Ýesenine | |
SERGEÝ ÝESENINE
Goşgular
Siz gaýyp gitdiňiz başga mekana. Gum-gukluk... Ýyldyza çaýlyp barýaňyz. Indi ne awans bar, ne piwohana. Dury kelläňiz. Ýok, Ýesenin! Ýaňsylamok men muny, ýörüs hesret bile bogazmyz çaýkap. Görýän – Süňküňizden doly haltany Çirtilen elňizde dursuňyz ýaýkap. - Besdir! Boldy! Hany başda aňyňyz? Soldurmaň ajala bu gün gül meňzi! Siz şeýle zatlary başarýadyňyz, Başgalar düýşde-de edip bilmezdi. Näm üçin? Sebäbini bileris, belkäm? Tankytçy samraýar: - Munuň sebäbi, Halka az ysnyşdy, içdi, içdi kän Netijede piwo bilen şeraby. Hamala, synp saklan bolsa ýanyny, Ýörerdi ol şerap içmän, uruşman. Näme, synp kwas içip oňýarmy? Synpam, ýeri gelse, duranok içmän. Napostçy şeflige alsa kysmatyn, Belki, ol zehinli bordy ep-esli. Siz bir günde ýazardyňyz ýüz setir, uzyn hemem tukat – Doronin misli. Eger şolaň diýeni çyn bolanda, özlerne kast ederdiler öňüräk. Meň pikirimçe, tukatlykdan ölenden, Arak içip ölen biraz oňurak! Ýitgiň sebäbi çuň aňlar ýeterden, syrtmakdyr çakgydan çuňurakdyr has, syýa bolan bolsa “Angleterde”, Damary kesmäge bolmazdy esas. Siziň çüýşedeşler bolup diş-dyrnak, mertlik saýdy ölmekligi siz ýaly. Nämä gerek ölüm sanyn artdyrmak? Geliň, gowsy, akdyralyň syýany! Indi mydam diş bor dillere galkan. Ýerligi ýok, etseň dady-perýady, Dil döreden örän uly bir halkyň Öldi bir owazly, serhoş ussady. Şygyrlar ýazýarlar o dünýe hakda. Mazar ysy burna urýar şo bada. Kütek kapyýa tapyp ökdeden-ökde, Şahyry wasp etmek bolupmy kada?! Ýadygärligňiz ýok, ol bize aýan, Mermerem görnenok Garagörnümden. Ýöne sarpaňyzy gömdüler eýýäm Ýatlamadyr şygryň garagurumyndan. Adyňyz şor bolup ýaglyga siňdi, Sobinow saýanda sözüňiz doňdy: Igli berýozanyň penalap astyn, Iňleýar: “Söz diýme, dem alma dostum”. Başgaça ýüzlenseň – inçeden-inçe Ýoldaş Leonid Loengriniçe! Şu ýerde gödekden batly gygyrsaň: - Ýol bermerin suwutmaga kärini! Olaň gulaklarna çirkin sygyrsaň, Kädä gabap ählisiniň pirini! Dargatsadyň körzehinleň barysyn, Üfläp penjek ýelkenlerne bakanyň. Goý, elem-tas Kogan köçeden barsyn, Dürtüp, duş gelene murtuň peýkamyn, Seýtekletmän gelýär pis işler entek, Iş kän – biliň guşap ýeriňden tursaň. Ilki bu durmuşy özgertmek gerek, Özgerdeňsoň, tarypyny ýetirseň! Bu döwür – kyn gelýär syýa, galama, Ýöne, hany aýdyň, maýyp-müjrüpler, Nirde, haçan, haýsy beýik ulama Ýeňil ýol üstünde ýazdyrdy ýükler? Söz – adam güýjüniň serkerdesidir. Döwür yzda ýadro bolup ýarylsyn. Goý, şemal saçlara erk etsin-de, Ýelpesin geçmişe şonuň barysyn. Ýeriň şatlyk üçin töri örän dar, Şatlyga ýol açyp, küşt beriň gussa. Bu durmuşda ölüp gitmek kyn iş däl, Ýöne durmuş gurmak kyndyr müň esse. 1926-njy ýyl. Terjime eden: Gurbannazar EZIZOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1973 ý. | |
|
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ «Bolanok — diýipdiň — bir ýylda iki...» / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Bir alym dostumyň haýyşy bilen ýazylan goşgy / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |