20:26 Seýilgähdäki ahwal | |
SEÝILGÄHDE
Goşgular
![]() Seýilgäh. Ýüregi suwluja baglar, Guşlary bagryna basmaga taýyn. Şeýle bir köz reňkli gülleri bardyr, Hatda oňa gözi degäýjek Aýyň. Bir-biregiň elin gysan agaçlaň başynda bar ýaly söýgi heseri. Öňküden has dili süýji guşlaryň, Owazyna gulagymy keserin. Dem alsaň demiňe heser ýetişer, Janyň süýjäberer, süýjär diliňem. Bir-birini gözi bilen gujaklan aşyklar hem meňzär yşkyň gülüne. Üstünden gül ysy gelýän bu ýerler, Bu yşkbaz başymy aýlaýjak bolýar. Seýilgäh... Gül, baglar, ýigit hem-de gyz, Gözlem bilen ony ýuwdaýjak bolýan. Men oty:ryn yşka başymy büräp, Güller maňa öz goýnundan berdi ýer. ...Ýanymda hem kebelegi kowalap, Oglum bilen gyzym oýnap ýördüler.. Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |