SEÝILGÄHDE
Şol gün şäheriň iň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän “Ylham” seýilgähiniň mähellesi ýetikdi. Demirgazykdan öwüsýän adaja şemalyň bu ýerde ekilen güjüm agaçlarynyň gulpaklyja gyzyň saçynyň taryna çalymdaş şelpelerini dynuwsyz halda seçelendirip-seçelendirip gidýärdi. Aýratynam bu ýagdaý Danagulynyň aşyk ýüregini heýjana salýardy. Ol bu ýere gelmeli wagtdakysyndan hem ir gelipdi. Muny iki zatdan çen tutmak bolýardy. Bir-ä alnyndaky oturgyçda ep-esli wagtlap söhbet gurap oturan jübütler bireýýäm ýerlerinden turup gidipdiler. Birem assa-assadan süýşüp gelýän gün şöhlesi onuň başky oturan goýry kölgesini dolulygyna eýeläpdi.
Elbetde, Danaguly hem öz magşuk gyzynyň oturjak ýerine günüň ýöhlesiniň düşmegini isleýän däldir, şonuň üçin bolsa gerek, ol tarsa ýerinden turdy. Turanyna-da ökünmedi. Ýogsam, onuň elindäki güllere zeper ýetmegem ahmaldy. Güller hem gyz göwni ýaly näzik zatdy, niýetlenilen adamyna wagtynda, terligine gowşurylsa ýagşy, ýogsam ahmal galdygyň, gül diýeniň derhal süllermek bilen boluberýärdi. Edil ýaşlyk döwrünem şoňa deňemek mümkindi, ol hem adam başynda köp eglenip duranog-a, nädip garrylyga uçrap, oňa per berenini özi-de bilmän galýar. Aslynda adam ömri-de, öňde bir dananyň ýaz buldunyň kölgesine meňzedişi ýaly, bir ýerde köp eglenmesi ýokdy. Gör-ä, düýnki çagajyklar bu gün eýýäm uly ýaşly adamlar bolup ýetişipdi.
Ol mysaly daşdan gözlemeli däldi. Daýysy Tagandaşyň ömri muňa anyk-aýdyň mysaldy. Bu barada ejesinden eşidipdi. Wagtynda öýlenmek, özbaşyna maşgala bolmak hakynda pikir etmändir. Haýp, ýaşy ýigrim bäş-otuzdan agyberende-de il-günüň ündewüni almandyr. Saç-sakaly agaryp, ýaşy birçene baransoň welin onuň üçin ähli zat giç bolupdyr. Deň-duşlarynyň hersi bir maşgala bolup örňäp gidipdir. Hatda oňa otuz ýaşyna çenli garaşma garaşan Halgül atly uly bir gyzyňam bu günki günde gol doly maşgalaň eýesimişin.
Bütin ömrüni ýekelikde geçiren Tagandaş aga häzirem şu uly şäherde ýalňyz özi ýaşaýan bolmaly. Haýran galaýmaly. Danaguly serinde daýysyny ýatlap durka, hakyt „Gurt agzasaň, gurt geler” diýleni boldy duruberdi. Ýogsam, onuň bilen şu gün, şu ýerde, seýilgähde gabatlaşaryn diýip kellesine-de gelmändi. Bir görse, hakyt daşysynyň bir özi seýilgähde aýlanyp ýör eken. Danaguly ylgap diýen ýaly onuň ýanyna bardy. ”Daýy, salowmaleýkim!” diýibem, edep bilen oňa salam berdi. Daýysynyň welin şol bir äwmezekligidi. „ Hä, gurgunmy!” diýip, onuň salamyny alsa-da, birbada deňinden geçiberjek boldy. Soňam:
--Hany, ýaş ýigit, aýak çek!—diýip, yzyna öwrüldi.— Men seni tanamadym-la, kim borsuň?
--Daýy, men Danaguly!
-- Danaguly! Danaguly, ýegenmi?
--Hut şeýle.
--Tüweleme, tüweleme. Sen-ä goç ýigit bolup ýetişipsiň. Walla, on-on iki ýyl bolandyr görmänime. Öýňüze baranymda çepiksizje çagadyň. „Iki aýakly-iki günde” diýleni. Gulluga gideniňem eşitdim. Neneň gullugyňy gutardyňmy?
--Hut şeýle. Gutardym.
--Ýogsa-da nirede gulluk etdiň?
--Serhetde.
--Berekella. Ýokary okuw mekdebine-de girdiňmi?
--Hut şeýle. Uniwersitetde okap ýörün.
--Tüweleme, okagyn. „Bir okana bar, bir dokana” diýlendir. Haýsy ugry saýlap aldyň, ýegen?
--Daşary ýurt dilini.
--„Akylly ýigit dil öwrener” diýlenini edipsiň-dä! Bolýa, bolýa, hiç neneň däl.— Ol Danagulynyň elindäki güli görüp ýylgyrjyklap gepledi.-- Öýlenjek bolup ýören dälsiň-ä!?
--Ýok, ýok, daýy. Biz heniz... ikimizem talyp. Okuwymyzy bir ýüzli etsek diýýäs. Ata-enelerimizem biziň okuwymyzy tamamlamagymyza garaşýar.
--Ata-enäň aýdanlary bilen bolgun, hatda olar irgözinden öýerjek diýselerem ýok diýme. „Ir öýlenen oglundan söýlener” diýlendir. Daýyňdan mesel tut. Ýokary bilimem aldym, öý-işigem edindim, ulagymam bar, ullakan wezipelerde-de işledim. Ýöne öýlenmelimiş öýtmändirin. Asyl ömürboýy biş-düşem özüm ederdim. Ile zar ýerim ýokdy. Ömrümi kitap ýazmak bilen ötürdim. Ýogsam, ata-enem wagtynda „Öýlen, öýlen!” diýip halys günüme goýmadylar. Men olara gulak asmaga derek, gaýta olaryň gepinden gaçyp, şäher ýerinde aýry ýaşanymy gowy gördüm.
--Daýy, oba hijem baraňzok, ejem bolsa hemişe ýoluňyza garap dur.
--Bolýa, bararyn. Baryp bilmesem jaňlaşaýaryn. Ýöne sen meniň aýdanymy et, şonda ýalňyşmarsyň. Hawamy, ýokmy?
--Hawa, daýy.
--Berekella.
--Men hemişe ata-enemiň aýdan-diýeni bilen ýaşaýan. Mundan beýlägem şolaryň diýeninden çykmaryn, daýy!
--Ine, munyň bolýa. Şeýtseň, hor bolmarsyň. Ýogsa-da, sen meni nädip tanadyň?
--Telewizora çykdygyň: „Hanha, daýyň çykyş edýär” diýip, her gezek meni ejem habarly ederdi. Onsoň kitaplaryňam okaýan.
--Hä, şeýledir, bolubilýä. Menem şu şaýoluň ugrunda, ine, şu hatarda, ho-ol görünýän, depesi „Bereket” ýazgyly belent jaýyň birinji gatynda ýaşaýan. Okuwdan boş mahallaryň aýlan, gelinligiňem alyp bar.
--Bor daýy.
--Ata-eneňe-de menden dogaýy salam aýt! Hoş wagtyň. Toýuňyza çagyrmagy welin unutmaň!
--Sag boluň!
Danaguly daýysy bilen hoşlaşyp, henizem onuň yzyndan bakyp söm-söýek bolup durka, seýilgähiň gyralary owadan güllerden jäheklenen günorta tarapyndan giren geýnüwli, owadan, görmegeý bir gyzyň Pissegüldiginem aňşyrmady. Pissegülem töweregine birlaý nazar aýlap çyksa-da, Danagula gözi düşmedi. Üstesine, olaryň mydamky oturyp gürleşýän oturgyçlaryna-da eýe çykan bolmandy. Pissegül iňkise gitdi: „Ýogsa, ol henizem gelmedimikä?” diýip, içini gepletdi.
Oňa el telefonyndan aramaga durdy. Şo pille-de:
--Pissegül, men bäride?—diýip, Danaguly onuň ylgap diýen ýaly ýanyna geldi.—Salam.
-- Bu senmi, oglan. Salam. Seniňem gelip durşuňmy?
--Ýok-la, gelmesine-hä ir geldim. Oturýan ýerimize gün düşensoň, başga ýerden ýer gözläp ýörkäm, daýyma duşdum.
--Daýyňa? Haýsy daýyňa? Hany nirede, şu ýerde, seýilgähdemi?
-- Hawa, şu ýerde, şäherde oturýan daýym. Ol gitdi. Gezelenje çykypdyr, men o hakda saňa-da gürrüň beripdim-ä! Oturýan ýerem şu ýerden o diýen daş däl, ho-ol görünýän belent jaýlaryň birinde eken. Ol bizi öýüne myhmançylyga-da çagyrdy.
--Ýazyjy diýipmidiň?
-- Hawa, hawa, hut şeýle. Döredijilik adamsy. Giden kitaplary bar. Häzir pensiýada. Ol şu günler öz durmuşy bilen baglanyşykly uly bir eseriň üstünde işleýär eken.
-- Ony saňa özi aýtdymy?
--Ýok, öz-ä aýtmady. Arada „Kim näme döredýär?” atly çap edilen bir gazet makalasyndan okapdym. Roman ýazýar eken. Eseriniň adyna „Öt günämi!” diýip at hem goýupdyr. Esasy gahryman edibem Halgül atly bir döwürdeş talyp gyzyny saýlap alypdyr. Wah, gürrüňe gyzyp, tas unudan ekenim, ine, bu gül çemenini saňa alypdym.
Pissegül güli alyp ysgap gördi. Soňam:
--Sag bol, bu hakyt, meniň gowy görýän güllemden boglan çemen eken --diýdi.
--Näme diýseňem, ol meniň pisse gülümden gowy däldir.
Pissegül çalaja ýylgyrdy.
-- Ýogsa-da, näme üçin seniň adyňa aýry başga Pissegül dakdylarka?—diýip, Danaguly onuň ady bilen gyzyklandy.
--Bilýäň-ä biziň daglarymyz pisselik. Ana, şol pisseleriň güllän çagynda-da men doglupdyryn. Adyma-da Pissegül diýip, şonuň üçin dakypdyrlar.
--Şeýledirem öýtdüm-le. Pissäň datly maňyzy-da bar.
--Näme diýjek bolduň? „Dile geldi, bile geldi”. Aýt, bakaly?
--Adyň özüňe şaplaşyp dur diýjek boldum.
--Şeý diýsene? Seniň adyň hem nalar ýaly at däl, oglan. Danaguly! Dana adamlaryň guly diýmek. Adamlar hemişe danalara uýup ýaşapdyrlar ahyryn. Dana uýanyň, gözi açylarmyşyn. Aslynda dana diýip aşa akylly adamlara aýdylýar, olar hiç mahal ýalňyş ädim ätmeýärler, hata-da goýbermeýärler.
-- Biler bolsaň, men düýn öýden hat aldym.
--Saglykmy özi? Näme täzelik ýazýarlar?
-- Hemme zat gowulyk. O diýen bir täzeligem ýok, görüp gaýdan obaň diýýärler. Ejemiň hem jigilerimiň saňa aýratyn salamy bar. “ Iki ýaşar öküzçäni pelwere bakýarys, ony güýzde soýmakçy bolýarys” diýipdirler. “Senem şonda gelip, ýetdik paýyňy alyp git. Pissegül ikiňize gyşlyk hurş bolar” diýipdirler.
Pissegül gürrüňiň näme barada gidýänine düşünse-de, pelwere sözi oňa ýat bolup eşidildi. Şonuň üçinem ol:
--Danaguly, pelwere bolanda näme bolýar-a?—diýip sorady.
--“Pelwere” sözi öňden ulanylyp gelinýän söz ahyryn. Biler bolsaň, biziňkiler her ýyl öküzçe ýa bolmasa, ownuk mallardan birnäçesini ýyl boýy bakyp semredýärler. Mazaly semredibem, gyşyň öňýanynda, güýz günlerinde soýýarlar. Onuň eti syrylyp alnan süňkleri-hä çorbadyr dograma naharlaryna ýaraýar, gowurmasy bolsa tutuş maşgalanyň gyşyna iýjek höregi bolýar. Isle, ondan dürli-dümen nahar taýýarla, isle-de ony çaý çorbasy edinip iý. Garaz, nahar-şordan hor bolaňok-da! Indi düşündiňmi?
--Düşündim. Pelwere sözi diýmek, semretmek üçin maly baga bakmak, baka goýlan mal diýlen sözüň başgaça aňlatmasy eken. Bildim gerek?
--Hut şeýle.
--Sen henizem gullukdakyň ýaly gürleýäň-laý.
--Hut şeýle. Öwrenişipdirin.Başga-da biziň iki inegimiz bar. Özlerem tohum mal.
--Inek näme?
--Şonam bileňokmy? Süýt berýän sygyr malyna inek diýýärler. Bu söz obadaş gyzlarymyzyň aýdýan gazallarynda-da bar-a. Onda şeýle diýilýär:
Ýagyş ýagara geldi,
Inek sagara geldi.
Goňşy obaň gyzlary
Bize ýowara geldi
Sen heniz biziň obamyza gelin bolup bir bar. Geň zatlara şonda duşarsyň.
--Hut şeýle.—Danagulynyň agzyna öýkünen Pissegüliň ýüzi gyzaran ýaly etdi, myssa ýylgyrdy. Ol şondan soň esli aralygy geplemän geçirdi. Ýogsam, henizem onuň Danagulydan soramakçy bolýan zady kändi. Soramaga welin çekindi.
Şondan soň olar basym öýe dolandylar. Danaguly ony gyzlaryň bolýan umumy ýaşaýyş jaýyna çenli ugradyp, onuň bilen ertire çenli sagbollaşdy. Ýöne welin öýe gelensoň ine-gana iýip-içibem, kitap okabam ugry bolmady. Otursa-tursa daýysy Tagandaş aga göz atuwyndan aýrylmady. Onuň heniz ýazylyp gutarylmadyk täze kitabynyň bahymrak çykaryna howlukdy. Çünki, bu kitap daýysynyň ömür beýanyndan bir möhüm parça bolsun gerek diýip içinden pikir ýüwürtdi.
Hekaýalar