19:20 "Şeýle gelniñ bolaýsa!" / satiriki hekaýa | |
"ŞEÝLE GELNIÑ BOLAÝSA!"
Satiriki hekaýalar
Institutda gaýybana okaýan adamsyny iki aýlyk sessiýa ugradyp, dolanyp öýüne giren Gözeliñ gözi saçagyñ gyrasynda ýatan bir bölejik kagyza düşdi. Gyzyl tapan ýaly ony garbap aldy-da, eýlesine-beýlesine seretdi. Sekizinji klasa çenli ýabygorly bilimi bolandanmy, sakanaklap, kagyzyñ ýüzündäki rusça ýazylan sözleri okady-da, hiç zat düşünmedi. "Wah, Derýa jan gerekli hatyny gaçyryp gidipdir" diýip, atylyp, daşaryk-köçä çykdy. "Janlarym, indi nätsemkäm? Munuñ üçin Derýa jan menzil aşyp, yzyna-da dolanyp geler. Wah, wah... diýip, nebsagyryjylyk bilen töweregine garady. "Şu wagt maşynly, motorly goñşularam ýok. Ýogsa, otly ugramanka yzyndan ýetip gowşurardylaram" diýip, umydygär göz bilen töweregine garady. Lapykeç bolup, jaýyna dolanyp geldi-de, hälki kagyzy arassa bukja salyp, onam akja ýaglyga düwüp, ata-babadan miras galan köneje sandygyñ düýbüne oklady. Agzyna-da kelle ýaly gulpuny asdy. Sandygyñ üstüne bolsa ýorgan-ýassyklary basyşdyrdy. Şol gün uzakly gün Gözeliñ keýpi bolmady. Gije ýatybam karary ýetmedi. Ertesi goñşy-golamlardan şähere gitjeginiñ bar-ýoklugyny soraşdyrdy. Hiç kim tapylmady. Soñra bir hepdeläp ýola garap gezdi. "Derýa jan azap edip geler, wah, gözleriñe döneýin. Menem guraýyn. Ýeri ony ugratjak wagtyñ töweregime seredäýmeli ahyry! Äriñ ölüme gidýän ýaly gözüñi aýrybilmän... Wah, ezizim, günämi öteweri!". Hepde geçdi, on gün geçdi, aý geçdi. Emma Derýadan habar bolmady. Ahyry wagty gutaryp, Derýa salam berip, gapysyndan girdi. - Geldiñmi, ezizim? Sag-aman dyndyñmy? - Dyndym! - Kösendiñmi, ezizim? Gerekli kagyzlaryñ birisini galdyryp gidipsiñ welin, yzyñda sergezdan boldum. Wagtynda yzyñdan iberer ýaly adamam tapmadym. Hat bilen ibäre-de, kim bilýär seniñ şäherde nirede ýaşajagyñy - diýip, Gözel ýorgan-ýassyklary agdaryşdyryp, sandygyñ düýbündäki düwünçegi eline aldy. Çözübem, ondsky bukjany ýyrtyp, içindäki kagyzy ärine berdi. - Bagyşla, Derýa jan, menem başagaý bolup ýörşüme üns beräýmändirin. Ýogsa, senem kösenip ýörmezdiñ - diýip, günäli çaga ýaly ýüzüni äriniñ döşüne basdy. Derýa kagyzy aldy-da, gelniniñ ýüzüne seredip, ahmyrly gürledi. - Bujagaz kagyz üçin meni tasdanam masgara edip, okuwdan kowupdylar. Öýe gelip gidýänçämem, näme, üç-dört günüm ýitjek. Ýalbaryp, haýyş edip, itiñ gününde zordan institutyñ ýolbaşçylary bilen ylalaşyga geldim. Berekella Gözelim! Muny gizläp, tüýs oñarypsyñ. Gelin diýeniñ seniñ ýaly bolaýsa. Nesip bolsa, geljek ýyl munuñ peýdasy deger - diýip, Derýa hälki kagyzjygy pasportynyñ bir gapdalyna gysdyryp goýdy. Şol kagyzyñ maşyna ýangyç guýulýan talondygyny, möhletiniñ birwagt geçip gidendigi üçin ony çaý içip oturan ýerinde taşlap gidendigini welin, gelnine duýdurmady... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |