22:54 Sibire syýahat / powest | |
SIBIRE SYÝAHAT
Powestler
Ýyl müň dokuz ýüz togsan. Dünýäde ýeke-ýalňyz galan Esen boldy. Esende iç döküşer ýaly dostam ýok, aýaly hem ynanmakdan geçen, gaýta, jabşynyp ýüzüni alýar. Ol gije -gündiz çykalga gözledi, gözledigiçe-de ähli ýollar petik göründi.Göwni çöke-çöke çöketlige döndi. Şol günleriň birinde aýlyk berilende kassir köpük ýerine lotereýa biledini berdi. Ýöne Esen öýe gelip Güljahana aýlygyny berende ony görkezmedi. Sebäbi öň bir ýola-da Esen lotereýa alanda utmady welin, Güljahan “Utmaýan lotereý alypsyň” diýip, Esene gan gusdurypdy. Onsoň Esen utuşa umytly garaşyp, gije-gündiz küýi-pikiri lotereýa biledinde boldy. Ahyry, tablisaly gazet gelende poçtalýon lotereýany barlap, Ýeniseý derýasy boýunça syýahat etmek üçin bäş ýüz segsen alty manatlyk putýowka utanlygyny aýtdy welin Esen şobada öýe ylgady.Güljahana buşlady öýdýän,derrew ikisi ylgaşyp geldi.Güljahan poçtalýondan çintgäp-çintgäp sorady.Puluny haçan alyp bolýanyny bilesi geldi. “Munuň puly berilmeýär. Diňe syýahata gidäýmeli”. Güljahan bilen Esen belli karara gelibilmän uzak oýlanyp gezdiler. Olar Ýeniseý diýen sözi birinji gezek eşidýärdiler. Onsoňam derýada gezelenç etmeli bolsa peýdasy ýok. Ne magazin bardyr, ne-de bazar. Ýöne bäş ýüz segsen alty manady-da köýdüräymek bolmaz ahyry.Gowusy, muny bilýän adamdan soramaly diýen netijä geldiler. Onsoň Güljahan her ýyl gezelenje gidip, dünýäni görüp ýören Meret diýen obadaşynyňka Eseni ugratdy. “Wah sen erniňi sallap gepleşibem bilmersiň içýakgyç!” Dogrudanam, Eseniň daş sypaty şeýle bir ynam gaçyryjydy welin, mydama ýaňy ukudan oýanan ýaly görünýärdi. Munuň baş sebäpkärem Eseniň bol biten burnudy. Tebigatam birine bir zat eçilse, ýöne göz çykgynçlyk ediberýär-dä. Eseniň burny, edil ýöne, dar maňlaýi darka ýaryp, aşak inip gaýdýar-da. Artist Mkrtçýanyňky ýalydyr diýjeksiňiz. Oýuna-da golaýlaşmaýar,hatda şahyr Resul Gamzatowam Eseniň burnuny görse kemsinse gerek. Dogrusyny aýtsam, burunlak pyýadalary bilen şöhratlanan, bütin Kawkazda-da Eseniňki ýaly burunly kişi tapdyrmaz. Şonda-da kakasy pahyr Esene ýemşik diýýän ekeni. Bäý-bä-ä! Eger kakasy Esene ýemşik diýýän bolsa kakasynyň öz burny dagy nähili-kä? Gören adamlaryň aýdyşyça, onuň burny maňlaýdan has ýokarrakdan, edil depe saçyny iki ýana serpip gaýdýan ekeni diýýä.Kakasynyň lakamy ogluna-da geçipdir: Esen burun. Süňksiz ýaly çigni çökük durky, gysgajyk, çepiksiz göwresi hem munuň üstesidi... ...Onsoň Esen ýagdaýy aýdanda,Meret “Ýeniseý” sözüni eşidenden böküberdi. –Baý-ba-a, bagtyň çüwüpdir. Düşünseň, Ýeniseý diýlen bagt how, tüýs bagt-da. Men oňa ýetmiş dokuzda gidipdim. Bäh, Ýeniseý diýsene.Eý, o taýlaryny görseň, agzyň açylar. Şeýle bir owadan, şeýle bir owadan ýerler welin, yzyňa-da gaýdasyň gelenok. –Magazin, bazar bardyr-da? –Ýogsam näme?! Uly-uly şäherler bar. –Näbileýin, derýa diýseler suwdan başga zat bardyram öýtmändirin. –Gitgin. Gitmeseň ökünersiň. Ilki Krasnoýarskä uçyaň, şo taýdanam gämä mündirerler. Baý hezillikdir-ä. O-o Dudinka baranyňyzda dagy uly-uly buzlaryň üstünde ak aýylar çommalyşyp oturandyrlar. Siz bolsa edil alkymynda ýuzip hidersiňiz... Esen Merediň gürriňine aňalyp galdy, henize çenli diri aýy görmänsoň, bu syýahata hökman gidermen boldy. Ol ak aýylaryň buz üstünde näme iýýänini hut şu mahal bilesi geldi. Meret onuň soragyna ýylgyryp jogap gaýtardy. “Ak aýy diýilýän gaty geň haýwan. Gyş düşüp, gar ýagyp,asman zemin doňanda ak aýylaram gar astynda doňup ýatýalar. Ýazda gar ereýär welin, ak aýylara-da jan girýär.Onsoň indiki gyşa çenli gütür-gütür gütürdedip buz iýýär-ä. Ýöne ak aýylar şekeladam iýýär ekeni. Men-ä birküç kile şekelad alyp ak aýylara zyňdym welin, ýaňky janawerler şeýle bir tans edýä, şeýle bir tans edýä, edil ýöne pökgi ýaly böküp dur-da”. Ýo-ok, Esen bu syýahaty sypdyrmaz. Ak aýy ýaly gaty geň jandary diriligine görmegiň özi dünýä degýär ahyry. Görýäňizmi, gyşda gar astynda doňýar diýýä, gar ereýär welin oňa-da jan giräýýä diýýä.Bäy, geň haýwan eken-ow. “Men Krasnowod diýlen ýere gideýin.” Esen,görgüli,uzak Krasnoýarskini, ýakyn Krasnowodsk bilen çalşyrsa nädersiňiz?! Onsoň egin-eşikler bilen birlikde oňa iki sany un haltasyny hem taýýarlady. Güljahanyň kellesine ýene bir pikir geldi. “Oba içinde nähili geýinse-de bor weli, ile çykanda galsuk diýilýäni dakynsa gelşikli boljak”. Onsoň Güljahan ýene goňşulara baka ýüwürdi. Näçe öýden sorady welin derek tapmady. Ahyry, mekdep mugallymlarynyň biriniň öýüne baranda galstuk tapdy, emma onuňam düwni çözülen ekeni. “A gyz, düwni çözülmedigi ýokmudy?” “Wah, başga biri bar weli, ony Aşyr dakynýa-da”. ”Onda şuny bir daňyp bersin-dä”. “Daňyp bilýän bolsa özi dakynjak-la, gyz.Öňküsinem şäherde birine daňdyryp getiripdi”. Güljahan daňylmadyk galstugy içege ýaly düýrläp alyp gaýdyşyna, ýene öýme-öý aýlanyp, galstuk daňybilýäni gözlemeli boldy. Uzak gözledi, ýadady. Baran öýlerinde galstuk daňyp bilmeg-ä beýlede dursun, gaýta: “A gyz, bu galstuk diýýäniň köýnegiň özüne tikilgi bolýandyr öýderdik” diýişdiler. Güljahan şonda hälki daňylmadyk galstuk beren aýala öz ýanyndan käýindi. “Berdiňmi, düzüwli galsuk ber-dä. El ýaly esgidir weli,şonam “ärim dakynýa” diýen bolup bermedi.He-eý gysganç artybe-eý!Özüniň ýumşy düşäýse bo-or, şonda haklaşaryn, haram, ýelni kesilmiş!” Ýo-ok, zeýrense-de,hünürdese-de, käýinse-de Güljahan galstuk daňyp bilýäniň üstünden barmady. Aýasynda myjar-myjar bolan galstugy Eseniň maňlaýyna atyp urdy. “Al uçguryňy. Sen mydama maňa azar-da. Oba söküp, aýagym gurady, şol artyby daňybilýäne mergi degipdir. Mergi degmişler!” Esen heniz galstuk dakynmansoň, boýnuna galstuk dakynsa, demi ýetmän bogulyp öläýjek ýaly bolup ýördi. Gowy bolaýdy. Ol galstuksyz gitjegine şükür edip otyrka, Güljahan galstugy tasanyp aldy-da Eseniň gezmäge geýip gitjek penjeginiň jübüsine düýrläp dykdy.“Obadan çykdygyň daňybilýän tapyp hökman dakyngyn. Nä günlük bilen tapylanyny bilýämiň?! Geleňde dagy galsuksyz göräýsem, göni, boýnuňy ýolaryn”. Güljahanyň gahary barha möwjäp gidip barýardy, hälem şo mahal kolhozyň profsoýuz komitetiniň başlygy gelip, Esene iki ýüz manat kömek berilýänini aýdansoň, Güljahan ýumşaýdy. Öň-ä bäş ýüz segsen alty manatlyk mugt putýowka, üstüne-de iki ýüz manady goşdy weli, gös-göni ýedi ýüz segsen alty manat boldy duruberdi. Mugtja ýedi ýüz segsen alty manat. Kime ýetdirer, kime berilýär munça pul?! Tas bir müň manada ýakyn pul ahyry. Güljahan indi kere-mara oturyp, sargajak zatlaryny ýazasy geldi.Artygyny satsada uly pul boljak. Öýi dörüp bir tagta akja kagyz tapmady, onsoň magazinde süyji salnyp berlen kagyzdanbir bölek ýyrtyp alyp, ujy kütek galam bilen çyrşap başlady: Üzümgülli çänekden ýigrimisini al. Myrat daýyňky ýaaly elçyradan ikisini al. Agaççemçeden ýüz sanysyny al. Han ýlykdan onisyny al. Gapagly kiçijik gazandan ikisini al. Togsan bäşik çaýdan on kile al. Pomark matadan ýigrimibir mitir. Grasy zerli käse görseň elisini al. Görkezenim ýaaly çaga eşigdan onisyny al. Täşsoltan gelejeňki ýaaly teermisden bäşini al. Maşyn iňňeden bäş paça. Maňa arzan ýüň jempir al.Ýakaly. Radyramyza on sany botariý al. Özüňe gaýyş elik al. Arzanyny al. Arzan eli sekiz köpüklik çit matadan alytmyş mitir al. Gaýdyşyn arzan magazin etinden ýigrimi kile getir. Kütek galamyň ýazmadyk ýerleriniň kagyzyny deşe-deşe Güljahan, ahyry, sargydyny ýazyp boldy. Ol bu kagyzy Eseniň gödensiz çemodanyna saljak bolup otyrka, goňşy zenanlaryň biri geldi. – A gyz, Güljahan, o Eseniň gitjek ýeri Siwir diýilýän ýer diýýäler-le, gyz. – Siwir nämişlesin?! -Näbileýin, oglum şeý diýýä. Tussaglaryň iberilýän ýerimiş diýýäler. Tussag sözi Güljahana ýaramady. – Agzyňy haýyr açaweri. Esen şi bäş ýüz segsen alty manat itdy weli, birentek göribiň gözüne basylaýdy. – Goýaweri, Güljahan. Göriplig-ä sürtseňem ýokmaz. – Goňşy zenan ýaglygynyň ujuna dolanan iki külçäni uzatdy. “Al, Güljahan, şuny Eseniň goşuna salyp goýber. Çörek ähli belany gaýtararmyş. Süýtläpjik bişirendirin. Onsoňom şi üç manady alsyn-da, kyn görmän, maşyn iňňe getirewersin. Gelnim kütek iňňeler bilen kösenip bir hal bolýa. Onda sag-aman gidip gelsin.” Güljahan sesini çykarman, iki külçe bilen üç manadi Eseniň çemodanyna saldy. Sibir sözi, tussag sözi öňi-soňy oňa ynjalyk bermedi. O taýa gidip talanyp ýörenden, Eseni syýahatdan alyp galaýsa näderkä? Şeýdip,bäş ýüz segsen alty manady elinje köýdüräýmeli bolarmyka? Ýok-la. Bir erkegiň ornunda durup bilmejek bolsa, Eseniňem gözi çyksyn. Onsoňam tussag diýlen türmededir-dä, gezelençde göri gazylmandyr-a. Her niçigem bolsa, ätiýajy elden bermezlik üçin Güljahan Eseniň türsisiniň çermeginiň çöwre çetine kiçijik jübi tikip, ähli pullary şoňa epläp saldy. “Agzyňa siňek gonduryp ýörmegin! Ör-rän ykjam bolgun. Ogry-jümri barlygyny duýdugyň, puluňy görkezäýmegin.Onsoňam şi sargalan zatlardan başga zada bir köpügem harçlaýma! Güljahan omyn etmek üçin gollaryny jüpläp açdy-da pessaý sözledi –Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň hak bolsun! Hudaý ýoluna bir tamdyr nan. Bar, sag-aman gidip gel. Esen özi bilen boýdaş çemodany göterip ýola düşdi. Güljahan Eseni ugratsa-da ugratdy weli, ynam etmeýäni üçin ynjalyk tapmady. Ynamsyzlygam är-aýallygyň ilkimji gijesinde başlandy. Ilkinji gije soňky takdyryň tas ählisini kesgitleýär diýilýän dogry boldy öýdýän. Şo gijeden bäri Esenden ýaňa Güljahanyň göwnünde uly oýuk galypdy... Öýde gelni bilen ikiçäk galan ilkinji minutynda Eseniň eli-aýagy baglanan ýaly boldy. Ol gelne tarap garaman,diwarda asylan öz portretine, bir nätanyşa bakýan ýaly, bakdy durdy. Ýeňseden gelin bakyp durandyr öýdübem gaty tolgundy. Arkadan gaty ýogyn sesli biri “Özüňi tanajak bolýamyň?” diýip gepledi welin, bu sesiň gyz sesidigini ýa-da erkek sesidigini hem aýyl-saýyl edip bilmän tisginip gitdi. Ýöne öňi-soňy gelnine bakyp bilme-di. Gelin emaý bilen ýöräp geldi-de portret bilen Eseniň aralygynda, edil sim agaç dikilen ýaly bolup duruberdi. “Aý, oglan, iýip-içesiň gelenokmy?”diýip, Eseniň gözüne şeýle bir aldajy bakdy welin, Esen özüni lampa ýere göýberäýdi. Gelin Eseniň bu nalajedeýinligine, üstesine-de öz göz öňüne getirişi ýaly syratly ýigit däldigine, çaksyz burunlaklygyna, göýdüjek, ýetim guzy ýaly ýygrylyp duran oglanlygyna ýeňsedamary gatap başlady. Dogrusy, bir görenden Esene göwni ýetmän ugrady.Esenden welin jogap bolmady. Gelin çyrany öçürdi-de sessiz-uýnsüz ýatyberdi. Az ýatdy, Esenden ses-seda çykmady, köp ýatdy, Esen-den ses-seda çykmady. Gelin towlanjyrap, agyr dem aldy. Ol ene öýünde uzak oturyp-oturyp, ahyrynda özüne ýeten paýa göwni ýetmän ýatyşyna, öňi-soňy öz ýanyna ýigidiň gelerine, süýji-süýji söz aýdaryna garaşdy. Şol gelse ähli ahmyrlar zym-zyýat bolaýjak ýalydy. Ýöne gelin uzak garaşdy. Daşardaky toý gowry ýatyşdy. Nirededir bir ýerde şagal uwwuldady, soňra traktoryň tarryldysy aýyl-saýyl eşidildi. Esene bu ses ähli owazlardan ýakymly boldy. Oňa bir hili rahatlyk aralaşdy. Şonda: “Şu gelýän ses meniň traktorymyň sesi-dä” diýdi. Garaňkylykdan “Traktor sürýäňmi?” diýen ses eşidildi. – Hawa. – Aýlygyň näçe? – Sallah diýip tutýalar, bolmasa iki ýuzi tegelejek. – Ýaga bulaşyp bar alýanyň iki ýüzmi? – Geldi jalaý dagy-ha şoňa-da ýetirip bilenok – Geldi jalaý kim? – Geldi jalaýy tanaňokmy? Juma jalaýyň oglu-da. – Tobe-eý, senden özgeleriň bary jalaý öýdýän. Adyň Esenmi? – Hawa, Esenmuhammet. Öz adyň näme? – Şu çaka cenli adymam bileňokmy? – Biri Jahan diýdi, biri Gözel diýdi, näbleýin-dä. – Maňa Güljahan diýäý. Çatynjalaryň gürrüňi şeýdip alyşyp gitdi. Olar ertir dünýäsi giňäp turdylar, hatda Eseniň şo gödensiz burnuna hem Güljahanyň mähri gitdi. “Erkek bolar–gödeksi bolar-da. “At ýagşysy erinlek, är ýagşysy burunlak” diýipdirler” diýip göwnüne goltgy berdi. Emma Güljahan täze obany gördi-bakdy weli, obada ala köpegiň hormaty bardy, emma Esende hormat ýokdy: uly-kiçi ähli adam Esene diýjegini diýýärdi. Özem äsgermän, kinaýaly sözleşýardiler. Muňa Eseniň samsyklaç haýal gepleýşimi ýa-da hiç kime gaýtawul bermän ötsüz gezip ýorşümi, garaz, bir zat sebäp bolýardy. Bir öýüň lälijegi bolansoň, okuw-dokuw bilenem ugry bolman, pikirsiz-gaýgysyz ulalansoň, Aýdan düşen ýaly, hiç işiň başyny çatyp bilmeýärdi. Onsoň, gepläbilmeseň, bu zamanda başga gep ýassyk gözleýärlermi, näme?! Ynha, şo günleriň birinde traktorçy ýetmezlik etdi welin, kolhoz ýolbaşçylary Eseni ur-tut traktorçylyk kursuna ugratdylar. Üç aý geçip-geçmänkä-de dolanyp geldi, onda-da gaty badyhowa geldi. Edil kosmonawtlygy tamamlan ýaly-da. Gelşine oňa täzeje traktor berdiler. Esen ses üýnüni çykarman, il-günüň aýdandiýenine gulak gabartman aldygna işlä-berdi, aldygna işläberdi. Onsoň muny ilki bilen brigadir duýdy, soň baş inženere, başlyga--da ýetdi. Ýaňky Esen baýrak baryny alyberdi, ony ýygnaklarda öwüwerdiler. Öňler özi hakdaky gep-gürrüňe äwmän, gaýta ýyrşaryp ýören Esen indi öýlenensoň , özi hakda, öldür, bir agyz gepletmejek bolýar, abaýlanyp görýär, bolmasa özi turýar-da ötegidýär. Og-lablar bolsa oňa bakman, gaýta, barha beter kejeleşýärler. Güljahanyň henize-bu güne çen-li görlen gyzlaryň hilinden bolman, şilliň uzynlygy hem gepbaşy bolýardy. Onsoň deň-duşlary Esene degip başlaýardylar. – Tüýs erik kakdyrybermeli gelin eken-ow. – Esenjan, gelniňi simagaç deregine ulansaň nädýä? – Esen gelni bilen dik durup ogşaşjak gümany ýok. – Nämçin? Merdiwan dirär-de ýokary çykyp ogşar durar. – Ýak he-eý beýdenden düýe çokeren ýaly çokerse amat bolmazmy? – Bä-äý, Burun han, şo gelniňi çörekden doýraýjak bolsaňam-a hepdäňe bir halta un gider. – Sen, gowusy, gelniňi montýorlyga geçir. Agaja çykmak aladasy bolmaz.Duran ýerinde simleri çatsyn dursun. – Özä-hä gaty gazaply gelne çalym edýä. Eseniň burnuny törpüläp inçeldäýmese. – Siz Eseniň gelnini geň görmäň-ho-ow. Onuň uly uýasy mundanam uzynmyş diýýä. Düýä dagy eşege münen ýaly münüp gidiberýamişin. Emma oglanlaryň akly gözünde. Eseniň ýanynda Güljahany gördükleri dymyşyp otyrlar. Güljahandan eýmenýärler, onuň bilen agyz deňärden ejizdiklerini duýýarlar, diňe juda ekabyrraklary, ýaňsa alyp Esene “siz” diýip ýüzlenen bolýar. “Siziň traktyryňyz remontdan çykdymy?” Muňa beýlekiler pyňkyryşýarlar. Güljahan bir zatlar duýýar,emma entek açyk pyşgyrybilenok. Ol Eseni hernäçe ýigrense-de, il gözüne, gowy görýän adam bolan bolýar, Esen hakda ýaramaz söz aýtman, diňe ýagşy söz tapýar. Özi bolsa gijeden-gije Eseniň gulagyny, baý, gazalaýar-a. – Sen oňly adam bolsaň bu çaka çenli öýlenmän oturmazdyň. Esen bu igençleriň uzaga çekjegini bilýär-de dymýar. Ýogsa, olam: ”Senem gowy gyz bolsaň, munça uzak oturmazdyň” diýip bilerdi ahyry. * * * Samolýotda Esen bir aşyk-magşugyň ýanynda oturmaly boldy. Ýigit bilen gyz bir-birege kellesini degrişip, sähel egilibräk oturyşlaryna şeýle bir süyji, şeýle bir süyji pyşyrdaşýarlar, asla olara päsgel beresiň geler ýaly däl. Esen salondakylaar birlaý göz gezdirdi weli, köpüsi galstukly adamlar. Onsoň ol jübisinde düýrlenip ýatan galstugy eli bilen barlap gördi. Jübiňde galstuk bolar-da dakynmasaň birhili bolar-a. Häzir galstuk dakynyp oturar weli, olam ile deňleşäýer. Ol galstugy emaý bilen çykardy-da, golunda saklap oturşyna, ýene töwerege nazar öwürdi. Aşyk-magşuk dünýäni unudyp şo-ol tükeniksiz pysyrdaşyp otyrlar. Esen galstugyny kime daňdyrsaka? Kime aýdanda-da müşgil iş däl-ä. Ýöne bir hatarda oturan galstukly goňşusy barka, özgelerden haýyş edip dursa geň bolmazmy?! Ol aşyk ýigide gözüni aýlap goýberdi. Ýigit henizem başyny galdyrman, bir zatlar gürrüň berip, gyzy güldüribilse armany ýokdy. Bu ahwal Esene ýaramady. Ýanynda Esen ýaly erkek kişi otyrka, o ýigit başyny sallap, bir gyza ýalynjalyk edip oturmaly bolarmy?! Esen emaý bilen ýigidiň bykynyna dürtdi. Ýigit duýmady ýa-da duýmadyksyran boldy. Esen ikinji gezek batlyrak dürtüp goýberende ýigit gaharly öwrüldi. – Näme? – Aý şuny daňyp beräý diýjekdim. –Esen epin-epin bolan galstugy görkezdi. – Bor, daňarys-la. –Ýigit öz gözeline tarap dönüp, ýene gürrüňe güýmeniberdi. Esen ýaňadan goňşysynyň bykynyna kakmaga hyýallananda owadan gelin mährem ýylgyryp suw hödürledi. Ol bir pyýala içdi welin, gaňşyrawugyňy tütedip barýan suw-da. Ikinji pyýalany-da icdi. Stýuardessa gyz deňinden geçip gidiberende Esen ýanyndaky ýigidiň böwrüne gyssanmaç kakyp, “Içseň-ä gaty gowy suwy bar-how!’ diýdi.“Taňryýalkasyn. Ikimiziň paýymyzam sen içäý”. Gyz eşidiler-eşidilmez jykyrdap güldi. Tukatlyk.Her kimiň öz gürrüňdeşi, öz ýoldaşy bar, käbiri bolsa hezil edinip uklap ýatyr. Olaryň galstugy boýnunda, aladasy ýok. Esen bolsa galstugyny daňdyrmaga-da adam tapanok. Içiňi yakaýyn diýen ýaly ukusy hem tutanok. Samolýotyň ýakymsyz güwwüldisi-de ýürege düşdi. Onsoň ol başga alaç tapman aşyk ýigidiň çignine kakdy. Ýigit bu gezek gaharly bakdy. – Halypa, senem gezelenje barýamyň? – Ýok, agam, Sibire sürgün etdiler. Esen onuň ýaňsysyna düşünmedi. Gyz ýene jykyrdady. – Näme, şu samolet Siwire eltýämi? – Ýogsam näme?! Krasnoýarsk diýilýän Sibiriň ortarasy-da. Sibir sözi Eseniň gulagyny dyrnaçaklap geçdi. Sebäbi obadaşy Meret maýrygyň otuz ýedide gidip bir kem ýigrimi ýyl Sibirde gören görgüleri hakdaky gürrüňlerini kän diňläpdi. Üstesine bu ýigidem Sibire sürgün etdiler diýip dur-aý.Sürgün edilen bolsa boýnundaky galstugy nämä derkarka? Ýanyndaky gyz näme? Ýigidiň sürgün edilenini o gyz bilmeýan bolaýmasyn?! Aslyýetinde, näme günäsi bolup sürgün edilýakä? Eýýäm gyza tarap bakyp ituran ýigide Eseniň nebsi agyrdy. Oňa kömek edesi geldi, emma anyk näme etjegini bilmän uzak wagt aşak bakyp oturdy. Ýöne ahyry,ýigidiňem, onuň ýanyndaky gyzyňam keýpi köklügini ýatlap geňirgendi. Şo pursatda-da ol galstugyny henizem daňdyryp bilmän oturanyny duýdy. “Siwir bolsa, Siwir bolsun. Sürgün bolsa, sürgün bolsun. Galstugymy bir daňdyryp galaýyn”. Esen bu sapar, edil gapy kakýan ýaly, ýigidiň pilçesine kakdy. Ýigit gaharly bakyp, Esene näme diýjegini bilmän, haşşyldap dem aldy-da kreslo ýaplanyp oturyberdi. Esenem onuň gaharly bakanyny duýup, “Gaýrat edeweri” diýýän naýynjar görnüşe girdi. Onuň hiç söz aýdybilmän oturanyny görüp, ýigit sözledi. – Ýeri, agam, näme aýtjak-diýjek zadyň bolsa şu mahal aýdyp gal! Soň meň bilen işiň bolmasyn! – Gaýrat et-how,men-ä ýanymda goňşy bolup oturaňsoň... neme-dä. –Esen düýrlengi galstugy uzatdy –Şuny bir nemedişdirip berseň. – Ýigit gollaryny gaharly hereketlendirip galstugy daňdy-da Esene uzatdy. – Ynha, agam. – Äý, kyn zadam däl eken-läý. Bir minitde daňaýdyň. Onsoň Esen galstugyň halkasyny kellesinden geçirjek boldy welin, burnuna gezek gelende galstugyň halkasy sypaýsa nätjek?! Muny gören ýigit galstugy alyp Eseniň boýnuna orap daňdy-da: “Agşam ýataňda-da aýyraýmagyn” diýip, batly çekip goýdy. Galstugyň dem gysgyçlygy hakda Eseniň gümany dogry çykdy. Onuň barha dünýäsi daralyp, gözi peträp başlady welin, zordan halkany boşadyp ýetişdi. Şondan soň Esen özüni il bilen deň hasaplap uka gitdi. * * * Krasnoýarskide Eseni on alty gatly “Ýeniseý” myhmanhanasynyň ikinji gatyndaky bir adamlyk otagda ýerleşdirdiler. Emma bu Esene ýaramady. Özgeleri ikibir, üçbir jemläp, ýoldaşly bolar ýäly edip ýerleşdirdiler, Eseniň bolsa ýeke özüni bir jaýa salyp gugardyp goýdular. Onsoň Esen otaga göz aýlady, penjirä bakdy. Penjireden daşary çykdygyň başga bir jaýyň tekiz üçeginden ýöräp gidibermelidigine geň galdy. Emaý bilen penjiräni açyp üçege geçdi. O ýana, bu ýana gezmeledi. Beýle ýanda merduwanam somalyp göründi. Hany, o merduwandan düşseň nirä barýarka? Hezillik bolaýdy. Göni naharhana barýan ekeni. Jaýyň içinde iki ädimden öwrülip, aýlaw-aýlaw basgançaklardan münüp-düşüp ýöreninden şu taýdan göni naharhana-da, daşarygam çykyp boljakla”. Onsoň Esen öz otagyna şu tapan ýolundan girip-çykyp başlady. Ýöne ýoldaşsyzlyk, üstesine-de dil bilmezlik Eseni kösemek-köseýär-ä. Ol edil lallaryň hereketlenişi ýaly edip duşündiräýmese, başga alajy ýokdy, sebäbi rus dilinde diňe: “dyrasty, pajalysta” diýmäni başarýardy. Şol günüň öýläni Esen eýýäm bu taýa gaýdanyna ahmyr edip, aýagy bişen towşan ýaly zowzuldaýardy.Häzir türkmençe gepläp bilýän ýekeje adam duşsa-da Esen ony başyna täç edinjekdi. Aşaky restoranyň şowhuny hem, ýylpyldaýan gyzyl-ýaşyl yşyklar hem Eseni özüne çekip bilmedi. Kino gitmek, teatr görmek dagy onuň ýadyna-da düşmeýärdi. Onsoň ol tukat halda Güljahanyň sargytly kagyzyny alyp, doga ýat tutýan ýaly, telim sapar okady. Emma şu gün myhmanhananyň töweregindäki magazinlere öwran-öwran girip-çyksa-da sargalan zatlaryň birine hem duşmady. Ýagdaý öwerlig-ä däl. Hiç zat alman, boram-boşja öýe baraýsa, Güljahan onuň boýnuny towlap, ýuzüni ýeňsesine öwrüp goýaýmazmy?! Ol şeýle oýlar bilen Sibirdäki ilkinji gününi geçirdi. Ikinji günem magazinlerde geçdi. Özäm şowsuz geçdi diýäýmeli. Sebäbi Eseniň bu günki söwdasy gapakly gazanyň ikisini almak bilen tamam boldy. Ýöne ýatylmazynyn öň ýany bir täzelik boldy. Eseni on altynjy gatda uç orunly otaga göçürdiler. Esen otagdaşlary bilen elleşende “Dyrasty” diýdi-de krowatynda oturdy. O ýoldaşlar ýylgyryp, rusça bir zatlar diýdiler, emma Esen bir sözem aýdybilmän, diňe ýylgyryp baş atdy. Şonluk bilen tanyşlyk tamamlandy. Esen şo samolýotda bile gelen türkmen ýigidini küýsedi. Şo ýigit bolanlygynda bu kişiler bilen gepleşip-sözleşerdi, nirede gowy zat satylyanyny sorap bilerdi. Ýatyljak wagty Esen jalbaryny çykarsa-da köýnegini hem-de boýnundan asylgy galstugy aýyrman ýatdy. Muny gören iki kişi özara bir zat diýişdiler hem-de gülmejek bolup, Esene tarap bakmajak bolup dyrjaşyp, olaram ýorgana bukuldylar. Otagdakylaryň üçüsäm ýyly ýorgan astynda meýmiräp ýatyşyna bu gijäniň neneňsi tamamlanjagyny bilmeýärdi, üçüsem diňe ýagşylyga garaşýardy. Emma toplum-toplum bulutlary ikä bölüp oturan myhmanhananyň on altynjy gatyna Eseniň göçürilmegi bilen başlanan belanyň ýamanlyk bilenmi, ýa gowulyk bilen tamamlanjagy belli däldi. Esen gijäniň birmahallary oýandy. Penjirä bakdy welin, şol öňki penjire. Jahan ýagtylyberipdir. Ol ýokary bakyp az salym ýatdy. Şol önki lýustra. Ýok-la, oýanansoň ýatmak Eseniň işi däl. Dikelmese, edil ýöne süňkleri owram-owram bolup barýar. Esen düşeginden turup,uzyn-uzyn pallap gerindi. Soňra geýindi. Özüniň öten agşam on altynjy gata göçürileni Eseniň kellesin-de-de ýok, şo-ol penjiresinden girip-çykyp ýören ikinji gatdaky otagydyr öýdýär. Ana, onsoň ol gözüni açalak-ýumalak edip emaý bilen penjiräniň birinji gabsasyny açdy. Düýn--öňňunki ädehedine görä bu gezegem emaý bilen üçege ayak basýar-da çybşyldap baryp, şol önki merduwandan düşer.Onsoň beýle ýand gar tutün ýall bürelip oturan arçalyga siňer gider. Il ormänkä işiňi bitirmeli. Arçalyk hezillik-le. Hälem Eseniň bagtyna, hudaý şu tokaý döredäýipdir, ýogsa ol aýak ýoluna nirä gitjegini bilmänem kösenjek-dä. Esen penjiräniň ikinji gabsasyny hem emaý bilen açdy. Ana, indi ýol açyk. Sowuk şemal öýe kürsäp urdy. “Düýnem howa ýylydy-la. Eger tomsuň güni şeýdip sowaberse, gowaça ösübilmez. Güýzem ýagynly-aýazly bolar. Onsoň ýetişmedik gowaçany ir sowuk ursa, hasylyň işi gaýdar.Şu ýyl dagy gowy dahod alarmykak öýdýädim. Birnemejik berse-ler, Güljahan jaý saldyrjak diýýädi” diýip Esen obasyny ýatlady. Ir bilen turanda oguljy-gynyň mys-mys uklap ýatyşy göz öňüne geldi. Obadaşlary birme-bir goz öňünden geçdi. Işde günortanlaryna bir taňka çaýy öňüne alyp, käsä bir gysym ýagly gowurma atyp, çaý cörba edip iýişi ýada düşende, Esen gezelenje gaýdyp, dek başyny gowga salanyna ahmyr etdi. “Ýeri, gezelenje gaýdaňda orsça bilýän ýoldaşlyja gaýt-da. Baý, indi şol samoletdaky oglan ýaňadan duşaýmazmyka? Orsça bolsun, türkmençe bolsun, ýöne şarlandyryp dur-da. Iliň çagasynyň kiçijigem bela ýaly, orsça mujur-mujur mujurdaşyp durlar. Aý, bolýa-da. Çaltrajyk gezelenç gutaryp, bizem külbämize sag-aman dolanyp barsak.” Esen ilki çep ayagyny penjireden däşary atdy, gollary bilen penjiräniň söýesinden ýapyşyp, sag ayagyny hem daşary atjak bolanda jalbary bir zada ilişdi, Esen ayagyny batlyrak çekende matanyň jatyrdysy eşidildi. Onsoň ol yzyna gidip, ýaňadan çykjak bolup çep ayagyny daşary atany hem şoldy welin, ýatanlaryň biri oýanyp, şobada atylyp geldi-de Eseni berk gujaklady, ýüregi ýarylaýjak ýaly hassyldap ýoldaşyny oýardy. – Wasya! Wasýa!!! Oýansana! Tiz tursana! Eşidýämiň, bi ýoldaş özüni jaýdan oklajak bolýa! Wasýa zaňňa turşuna olaryň ikisini hem bile gujaklap otaga tarap çekdi. – Özüni öldürjek bolýa. Eý, huda-aý, hälem oýanaýdym. –Ýura gujagyndan sypjak bolup dyzaýan Eseni henizem pugta saklaýardy. Esen bolsa özüniň neneňsi betbagtlygyň gyrasyndan gaýdanyny gümanam etmän, iki ýoldaşyň bir sözüne-de düşünmän, gaýta, bar güyjüni berip penjirä dyzaýardy. Onuň pikiriçe, bu iki kişi Sibir ogrularydy. Ogrular duýdurman Eseniň otagyna giripdirler-de. Ine, häzirem ony talajak bolýarlar. Wah, zadyny, puluny alsalar alyp geçsinler, özüni goýberseler Esen razy-la. Ýöne olar Eseni baý ykjam saklaýarlar-a. Näderkäler? Pyçaklaýsalar... Indi şu taýda öläýmeli bolarmyka?! Maslygymy tokaýa eltip taşlasalar, kim biljek, kim görjek?! Aýylar iýer gider. Wa-aý, huda-aý! Esen janhowluna: “Wa-aý, huda-aý!” diýip zarply gygyryp, ýaňadan goldan sypjak bolup dyrjaşdy. Sypdygy, göni, penjiräni döwüp daşary ylgar. Daşarda kowalap bilmezler. Kowalasalar, Esen: “Ogry, ogry!” diýip gygyryp ili örüzer. Şo mahal Wasýa çyrany ýakdy, ylgap baryp penjiräni berk ýapdy. Ýagtylykda Esen aklyna aýlandy, ýoldaşlaryny tanady, özüniň on altynjy etaždalygy hakydasyna gelende, şagga sowuk der basyp, ysgyndan gaçdy. Ol indi güýç görkezmän, hiç ýana dyzaman, duran ýerinde aşak çökäýdi. Ýura ony göterip diýen ýaly krowada eltdi, öňi-soňy Esenden howatyry sowulmady. Şonuň üçin özi hem ony alkymlap oturdy. Wasýany aşak ugratdy. “Bar, tizräk aşak düş-de dogtory, milisiýany basym çagyr. Bolsana, Wasýa. Bä-äý, hälem wagtynda oýanypdyryn”. Esen iki ýoldaşynyň näme gürrüň edenini düşünmän, başyny sallap oturşyna tiz-tizden derini syryp, ahmyrly oýlanýardy. “Wah, Güljahan igense igenipler geçsin, asyl-ha ol taýaklap uranda-da gaýtmaly däl ekenim. Mesligine çydamadyk Esen diýerler. Putewkany köydürmejek kişi bolan bolup... Ýak menem tüýs öldüräýmeli adam-da. Şu gezek bir sag-aman öýe barybilsem! Bir beladan-a sypdym, indiki belalara uçramankam bir öýe ýetsem. Bir oab barsam bolýa, gaýdyp atyljagam bolsam obadan çykman! Wah, Siwir diýlenden bir belanyň boljagyny syzdym-la. Hernä, hudaý meniň tarapymda ekeni.” Esen omyn etmekçi bolup goluny açdy-da eşidiler-eşidilmez sarnap goýberdi:”Ýa hudaýjan, herki beladan özüň saklawer! Hudaý ýoluna bir janly. O-omyn.” Esen omyn etdi welin, Ýura-da sähel ýumşady, rusçalap: “Hä-ä, indi aklyňa aýlandyňmy?! Ýo-ok, ýo-ok, sen hudaýa alkyş aytsaňam aýt welin, ilki maňa alkyş aýt. Men oýanyp, seni tutmadyk bolsam, düşünýämiň, edil ýöne, tiz kömege zat galmazdy” diýdi. Onsoň Ýura goluny penjirä uzadyp baş ýaýkap: “Gerek däl” diýdi. Esen söze düşünmese-de baş atdy. Bular şeýdisip otyrkalar Wasýa dört-bäş kişini yzyna tirkäp geldi. Olar kimiň özüni jaýdan zyňjak bolanyny bilesi gelip, bir-birinden öňe geçjek bolşup, güpürdeşip indiler. Ýaş milisioner hüşerilip oturan Eseniň gabadyna baryp, goluny papagynyň etgine ýetirdi: ”Milisiýanyň seržanty Nazarow. Dokument görkezmegiňizi haýyş edýärin”. Milisioner Eseni ýany bilen alyp aşak düşende, bireýýäm gün dogup, il örüpdi. Liftden düşüp myhmanhananyň giň aýtymyna çykanlaryňda Esen şo-ol samolýotda bile gelen türkmen ýigidini göräýdi. Gördügi, göni şoňa tarap ýumlukdy. Häzir o ýigit Eseniň gözüne Hydyr atadan gadyrly, erkek dogandan ileri göründi. Şu mahal bi dil bilmez Sibirde ýanynda bolmasa, erkek doganyň on bolanda näme?! – Inim, salawmaleýkim! Asyl, senem şu taýda ekeniň-ow. Sag-aman ördünmi? –Esen sözläp durşuna ýigidiň jübisinden sogrup diýen ýaly, iki goly bilen mäkäm gysyp elleşdi. – Salam. – Inimjan bir adyňy aýdaweri. – Döwran. – Wah, Döwranjan, adyňa döneýin. Başyma bir bela düşdi weli, özüň dilini tapyp sowaweri. – Näme boldy? –Döwran Eseniň ýanynda duran milisionere geňirgenip bakyp goýberdi. – Aý, ho-ow, şunuň niýeti gowy däl, meni hiç ýana sypdyrman alyp gelýä. Döwran rusçalap eseniň ýanyndakydan ýägdaýy sorady. – Agam, sen özüňi on altynjy etaždan zyň jak bolupsyň... – Ýog-a, zyňmakdan hudaý saklasyn. Bä-ä, bular beýle düşünen eken-ow. Men nä-müçin özümi jaýdan zyňaýyn?! Obada gül ýaly oglum garaşýar-a. Aýalymam bar /aýalyna gül ýaly diýmäge dili öwrülmedi/. Ant içýä diý. Dilhat ber diýselerem bereýin.O näzeýilli boldy diýeňde... Esen onsoň bolan wakany jikme-jik gürrüň berdi. Döwranam ony milisionere terjime etdi.Şondan soň Esene rugsat berdiler welin, ol edil ýigrimi ýyl tussaglykda oturyp erkinlige çykan adam ýaly begendi. Şol günuň öýläni Döwran ony teplohoda mündürip gaýtdy. Henize çenli çelek ýalyjak gaýyga-da aýak basyp görmedik Esene bu ägirt gämi gaty geň göründi. “Edil şäheriň bir bölegi ýaly-ow”. Ol hernäçe çekinjeň bolsa-da bilesigelijilik ondan rüstem çykdy. Onsoň Esen “şäheriň bir böleginiň” her öwrümine, her künjüne aýlanyp başlady. Gyzyl agaçdan lowurdap duran gapylar, penjireler, diwarlar, ýatak ýerleri Eseni haýran galdyrdy. Ol şonda Güljahanyň igençlerini mamla hasap etdi. “Obada biz ýaly garyp pukara bamy?! Hi, öýüňe üns berýämiň?! Iller häzir şuň ýaly harabaňda sygyram saklanok. Hanha, haýsy perma baryp görseň tagta polly, bişen kerpiçli jaýlary bar. Indi biz sygyrça-da bolmadykmy?! Öýüň içine-de gözüň düşsün ahyry. Iliň öýüne barsaň, gatbar-gatbar haly düşelen, lowurdap duran garnaturly. Hanha, ilerki Hommadyň bizden nämesi artyk?! Ýöne öýüne girseň gül pürkülen ýaly-da. Ýere ýazanyny az görüp, halylary düýrüp-düýrüp, burçda sim agaç ýaly soýäp goýaýypdyr. – O magazinçi ahyry. – Senem magazinçi bol! Sen, näme, şondan kem erkekmi?! Gije-gündiz gara ýaga bulaşyp, alýan aýlygyň geýimiňi täzelemäge ýetenok. Şu mahal-a diňe ikimiz,çagamyz bol-sa... –Güljemal soňky sözleri diliniň badyna aýdyp goýberdi. – Be-e, bolarmy-aý? Güljahan bu ahwala has hem ýumşady, ernini ýyrşardyp goýberdi-de batly turşuna çyrany öçürdi. Ine, indi gezek Eseniňki. Öýke ýazmaga şundan amatly pursat bolmaz, gepsiz-gürrüňsiz düşünişäýmeli, emma Esen penjireden düşýän ýagta bakyp, oturşyny-da üýtgetmedi. Güljahan beýle ýanda birzatlary hasyrdatdy, kim bilýär, düşek ýazdymy, nämemi; Az salymdan dym-dyrslyk aralaşdy. Esen gozganmady. Güljahana dünýä ýüzi elpeşelpe görnüp ugrady, özi hökmurowanmyş, obada hormaty ulumyş, iň söýgüli gelinmiş. Esen hem gelşikli, ýakymly göründi. Şu mahal Güljahan özüniň uzyn gollaryny Eseniň sypalaryna garaşyp, indi geler, şindi geler diýip ýatdy. Esen gelmedi. Güljahan ulydan dem aldy. Esen näme ederini bilmedi. Az salymdan Güljahan tüm içinde Eseniň edil alkymyndan çykdy, gyzgyn demi hem Eseniň ýüzüne çabyrady. “Aýu, saňa ähli zady öwredip oturmaýyn. Bäri süýşäý”diýdi. Soňra tümlük kanuny güýjer girip ugrady.” Esen bu wakany ýatlap, ýeňil gerindi. Igense-de, sögünse-de Güljahan gül bolup göründi. Agşamlyk turistleri jemläp Krasnoýarskiniň opera hem balet teatryna alyp gitdiler. Esen hatda opera bilen balediň tapawudyny bilmese-de, bilesi gelmese-de gitdi. Ony haky köýýän ýaly duýgy öňräkden bäri heläkläp ýördi, hut teatra hem hakyny köýdürmejek bolup gitdi. Tomaşaçylar Çaýkowskiniň “Guw köli” baletine lezzet bilen bakýardylar, Esen weli muňa bütinleý gyzykman, gaýta onuň içi gysyp başlady. Ol töweregine garanjaklady, oturjagyny gitjegini bilmedi. Ýeke özüniň ýol tapmajagyna göz ýetirende bolsa ymykly oturyberdi. Edil öň ýanynda bir ýigidiň ýanynda oturan gyzy, sahna garaňkyladygy, öpýändigini Esen gördi-de şoňa gyzygyp başlady. Söýüşýänler saklanyp bilmän, garşy-garşy bir-birege ýaňaklaryny mähirli oýkaşýardylar. Esenem bulara agzyny süýjedip bakýardy. Emma ep-esli salymdan munuňam gyzygy gaçdy. Indi Esen nämä bakjagyny bilmän aşak garap oturdy, soňra irkilip ugrady. Ýigit gyzy öpýän pursatynda Esen uklap, gaty burny bilen ýigidiň ýagyrnysyna gütüledip urdy. Ýigit tisginip uýalmakdan ýaňa arkan bakybam bilmän, ümsüm öňe bakyp oturdy. Esenem tisginip oýandy-da bir salym dik oturdy, öz bolşundan müýnürgedi, emma namart uky ýene duýdurman geldi-de Eseniň gaty burnuny ýigidiň ýagyrnysyna düňküldetdi. Ýigidem öz bolşundan müýnürgäp, sessiz-üýnsiz oturdy. * * * “Şäheriň bir bölegi ýaly” gämi Esen dagyny gerşine mündürip ir säherler syýahata ugrady. Edil sallançagyň üwrelmesi ýäly mylaýym yranýan gämi, töweregiň tämizligi, arçalaryň ýaşyl tolkuny Eseniň keýpini göterdi. Ol syrdam agaçlara nebsewür bakdy. Sebäbi obada jaý salynýanlar jaý basyrar ýaly agaç tapman kösenýärkäler, bu taýda o agaçlar biminnet ösüp ýatyr. Ol görenlerini obadaşlaryna hökman gürrüň berer. Üstesine bu gäminiň hyzmatyndanam Eseniň göwni hoş boldy. “Günde üç wagtyna nahar berýärler-ow. Öýde görmedik hezzetimi görkezjekler-ow”. Esen stola goýulýan iýmiti nebsewür iýdi, hatda ajy gorçisany hem nana çalyp, gözüni-burnuny tütedip-ýaşardyp iýip tüketdi. Eliniň, agzynyň ýagyny bolsa menýu ýazylan kagyz bilen süpürişdirýärdi. Nahar başynda onuň garşysynda oturýan gaty ýognas zenan çişgin gabaklaryny zordan açyp, her sapar Eseni öwüp başlady, hemem oňa mähirli garap doýup bilmedi. – Molodes, molodes. Sen çyn erkek kişigä ogşapsän. Işdäň käsilmesin. Ärkek diýlen iýegenje bolur. Iýmese erkek iş bitirip bilmez ahy. Sän molodes, molodes. Esen bu çalgyrt dilli aýal bilen bir stol başynda oturanyna begendi. “Başga bir dil bilmez duşaýsa, baý, kösenerdim-ä”. Ýöne o zenanyň özüne bakyp köp ýylgyryşyna düşünip bilmedi. Onsoň Esenem oňa ýylgyryp bakdy. Şeýdip, ertir, günortan, agşam nahar başynda bir-birege ýylgyryp bakmak oýny başlandy. Ýognas aýal barha mähremleşip, söz arasynda duýdurman, Esenjan diýibem ýüzleniberdi. Eseniň bolsa şol durky. Asyl, onuň göwnüne başga zatlar gonanogam. Zenan welin şeýle ýalynjaň ýylgyryp, gözleri bilen çepiksiz Eseni ýuwudaýjak bolýar. Üstesine-de bir gün günortan nahar iýip otyrkalar Esen atanlykda şo zenanyň aýagyny basaýmazmy?! Ana, ýaňky şobada öz razylygyny bildirýän hökmünde Eseniň aýagyny batly-batly basyp goýberdi-de hakyrdap güldi. “Sän ýakşyginä äkäniň”. Esen şundan soň bir zatlar güman edip başlady, pikirlendigiçe-de gorkusy artdy. Hasyr-husur naharyny iýip, turup gaçmakçy bolup ýerinden gozganany hem şoldy weli, semiz zenanam bile turdy. “Esenjan, kaýutamyň gapysy açylanýok, ýür şony körüp berewer”. Esen ýok diýjekdi, başga ýere gyssanýan diýjekdi, gapy bejerer ýaly men ussa däl, başga ussa tap diýjekdi. Garaz, bir bahana tapyp zypberdini çaljakdy, emma o zenany öykeletse, bu giden mähelläniň içinde Esene dilmaçlyk etjek ýokdy. Onsoň ýene lal ýaly bolup gezmeli boljagy ýadyna düşende bialaç razy boldy. Semiz zenanyň öňune düşüp, gorka-gorka ýöräp, kaýuta gaty tiz ýetdiler. Esen edil gapynyň deňinde saklandy weli, semiz zenan bir eli bilen gapyny itip, beýleki eli bilenem Eseni südürläp diýen ýaky özi bile otaga saldy. Girişine gapyny şeýle bir tiz ýapdy-da gapa ýaplanybrak durşuna gözlerini ýumup, “Wah, Esenjan” diýip, agyr gerindi, ýaka bagjygyny çöşledi. Esen biçäre bolsa, öž üstüne abanyp duran zenandan howy basylyp, eli-aýagy titräp başlady. Bu darajyk otagdan nädip baş alyp çykjagyna akly ýetmedi. Az salymdan zenan gözlerini açdy. Onuň gözleri Eseni hasam eýmendirdi. – Sen nimägä mäni istemäýipsän? – Meniň gelnim bar. – Onda nimägä mängä külüp baktyňyz? – Bilmän gülüpdirin, bagyşla. – Onda nimägä aýakymny bastyňyz? – Bilmän basypdyryn. – Ý-ok. Sän mäni taşlaýypsan. Başga zenanlara köz tikäsän. – Ýok, ýok. Meni çykarsana. – Sän Arkäkmiň? Esen bu söze üns bermedi-de gapa tarap dyzap durşuna: “Ýok, ýok. Meni goýbersene” diýip ýalbardy. ahyry, ol zenany zordan birýana iteläp, gapydan zarp bilen çykyp gaçdy. “Eý, huda-aý, bir beladan sypdym-ow.” Ýöne öňi-soňy gözlerinden gorky gitmedi. Her demde, her salymda semiz zenan yzarlap geläýjek ýaly, kuwwatly gollary bilen Eseniň ýeňsesinden gapjak, öz kaýutasyna südürläp dykaýjak ýaly boldy durdy. Onsoň Eseniň bütinleý keýpi gaçdy. Bu taýy gury ýer ýalam däl, gämiden gaçyp gitjek gümanyň ýok. Her ädimde, her öwrümde bir-birege sataşyp durmaly, iň beteri-de Esen o zenan bilen günde üç wagtyna bir saçagyň başyna oturyp nahar iýmeli. Häk, öz-ä, o ýene Eseni girisine salaýmasa. Esen indi nätsekä? Wah, belanyň körügi Güljahanda-la. Şo gyssamasa, şo igenmese, Esen ömür öýden çykjakmy?! Dynç başyny bu belalara sataşdyrdy-da. Öýüňde otur-da hudaý diý-dä. Wah, indi etjegini bilýä-le. Şu sapar bir sag-aman öýuňe barsyn bakaly. Onsoň gaýdyp ony öýünden çykarybilýän tapylaýarmyka? Güljahan-a däl, şondan on esse beterräk aždarha bolsa-da Esen gaýdyp öýünden çykmaz. Hawa, diri-hä çykmaz, maslygyny bolsa nätseler şeýtsinler. Esen, ynha, şeýle karara geldi. Karar karar weli, öýe ýetýänçä iş bar. Has çatak ýeri hem o zenandan gaçsa, Esene kim dilmaçlyk eder. Hanha, Krasnoýarskide eger şol oglan bolmadyk bolsa Eseni, kim bilsin, haýsy gözenege dykardylar?! Hawa-a, ýagdaý öwerlik dä-äl. Esen ön bir ýola eşek söwdasynda-da şeýle çykgynsyz ýagdayda galypdy... ...Günleriň birinde Güljahan gozakly motosikl ýa maşyn diýip, ters dawa tutmady-da kolhoz işine gatnar ýaly daýaw eşek satyn al diýip tabşyrdy. Eline-de iki ýüz manat tutdurdy. Onsoň Esen, heniz zat alyp, zat satmansoň, bazara ýaydana-ýaýdana gitdi. Ynha, güwwüldäp duran mähelle. Esen eşek bazarynyn derwezesinden giren ýerin-de bir eşegin töweregine egrilişip duranlary gordi-de şo ýere bardy. Bir kişi eşek eyesiniň goluna goluny şapladyp urdy. – Ýüz segsen manat berjek, nädýä? – Ýok, ýok. Iki ýüz bolmasa, eşegiň ýüpündenem tutdurjakgäl. – Bahasy ýetdi, ber-how! – Ertirki söwdany sypdyrma, ahmyr edersiň. – Meniň eşegim ýaly eşek şu bazarda-ha ýokdur. Munuň horraklygyna bakmaň, gaty sagdyn eşeg-ä. Bökjekläp durşuny görmeýäňizmi?! Munuň diňe ady eşek, özi at ýaly-da. Onsoň neneň arzan bereýin. Esen: “Eger iki ýüz manada şeýle eşek berilýän bolsa, mende-de iki ýüz bar” diýip oýlandy-da mundan aňry gidesi hem gelmedi. Ol bahasyny berip, eşege münenine mähetdel eşek dabyrdap gitdi. Esen elejiräp barşyna, öz söwdasyndan göwni bitdi. “Ýigrimi manadyň gürrüňini edip... Munuň ýaly eşege üç ýüz berseňem azdyr. Güljahanam begenäýedir-dä” Eşegi dikgirdedip öýe gelende Esen Güljahana bilesigeliji bakdy. “Begenermikä, gaharlanarmyka?” diýip jany çykara geldi. Ahyry, Güljahan “Bolaýypdyr” diýdi welin Eseniň demi dürseläýdi. Söwdadan göwni bitipmi, nämemi, ol ses-üýnsiz çaý demläp, törde arkaýynrak oturan Eseniň öňüne süýşürdi. Şkafdaky baňkalary şakyrdadyp, arasyndan bally baňkany tapyp, saçakda goýdy. Eseniň baldan datman, diňe çaý içip oturşyny görende edil myhmana aýdýan ýaly mylaýym owazly: ”Esenmuhammet, baldanam iýsene. Näme, işdäň ýok-la?” diýdi welin, Esen muňa monça boldy. Ol ejesi öleni bäri haçan beýle söz eşidipdir?! Onsoň Esen eräp-elejiräp oturyberdi. Güljahanam bir käse çaý guýunyp Esene ýakyn oturdy. – Daýaw eşek ekeni. Işe horlanman gidip gelerin. Işden gaýdyşynam ot ýükläp gaýdaryn. Birnemejik ot ýygnap bilsek, güýzde3 mal arzanlanda bir sygyr edinmesem bolmaz. Gapymyz körüň külbesi ýaly çaňap ýatsa, il näme diýer?! Bu döwürde malyň bolmasa, malça mertebäň ýok. Senem eliň degşi bilen kerpiç guý-da sygyr küme sal. – Jaý örüp bilemok-da. – Derrew bilemok diýip başlaýaň-da. Erkek bolarsyň-da jaý örüp bilmezmiň?! Ikisinem örersiň. Küme bolmasa, sygyr almaz diýýänsiň weli, gözüňe basyp alaryn, baý alaryn-a. Esen howatyrly dymdy. Güljahanyň gury ýandak ýaly ýanyp-tutaşyp gidibererinden heder etdi. Hernäme bolsa-da Güljahan köşeşdi-de öýüň ownuk işine güymenip uzak oturdy. Esenem gyssanman çaý içdi, oturan ýerinde kämahal irkilip-irkilip gitdi, ahyrda arkan gaýşyp, tisginip oýandy. Hälem muny Güljahan görmedi. Güljahanyň ýek ýigreneni – oturşyna irkilýänler. Muny Esen ýagşy bilýardi, irkilen gezeklerinde aýdylan azmly sözleri hem ýatdan çykarmandy. Ýöne, näme, uky bir namart zat-da. Esen ýerinden turdy. – Güljahan eşege ot-suw bereýinmi? – Gelen badyňa özüm otam berdim, suwam berdim. Ýöne içirgisine, gaňňasyna seredişdir, öýlän işe münüp gitjek. Esen tamdan çykyşyna eşege bakdy welin, tas arkan serpilip gaýdypdy. Şagga gara der basyp, gözi ümezläp durşuna, ilki bilen kellesine uran pikir – Güljahan derime saman dykar – diýen gorky boldy. Bazardan gaýdanda gaty dikgije gelen eşek çalam-çaş bolup ýatyrdy, süňksüz ýaly her aýagy bir ýerde, gulagy topur içinde, gözleri zordan açylýardy. “ Janawere näm bolaýdyka? Be-e, munuň-a ýagdaýy gowy däl-ow. Birden öläýse näderkäm?” Illeriň gapysynda näçe eşek daňylgydyr welin, kesel, aýlanyp- öwrülip Eseniň iki ýüz manat berip alan eşegini tapaýmaly bolarmy?! Hanha, aljak bolsa iki eşekli, atly, düýeli-köşeklikişilerem-ä gyt däl. Alsyn şolaryňkyny. Birini alany bilen garyp düşjek gümany ýok. Iki ýüz manady toplajak bolup Güljahan ikisi näçe garzyndylar, illeriň bolsa müňläp-müňläp puly bar. Özge bolmasa, Hommat magazinçiniň üstünden iýnsin. Eşegi bolmasa, sygry bar, agyl doly goýny bar. Alsyn şony. Päheý, bu dünýäniň adalatsyzlygyny. Atylan daş ilki bilen Esene degmelimidir?! Onuň önki azaram bir är egnine ýeterlik dälmi, näme?! Güljahanyň göwnüne ýarap bilse, Esene başga näme gerek?! Ynha, häzir eşek öläýse Güljahan gaharyna Eseni öldüräýmezmi?! Eşegiň welin, şo çalajan ýatyşy. başyna gonan siňekleri-de kowmaga ýaranok. Esen heniz özüni dürsemänkä, Güljahan aldajy ýaly bolup daşary çykdy. Güljahany goren Esen öz göwresi bilen eşegiň bolup ýatyşyny gizlejek boldy. Olam şeýle bir göz-görtele boldy welin, Güljahan bir bolgusyzlygyň barlygyny şobada duýdy. – Hany, çekil beýläk! – Güljahan göni geldi-de “Hyh’ diýip eşegiň bykynyna dep-di. Eşek bir gozganan ýaly etdi-de ýatyberdi. – Hudaýym, hernä senem ýer ýuwutsyn, alan eşegiňem ýer çeksin. Waý, iki ýüz manadym kül boldyle-eý! Esen bir zat diýip özüni aklajak boldy welin, Güljahan: “Ýok bol! Gözüme görünme!” diýip jabjyndy, özi bolsa eşegiň gulagyndan çekip gördi, guýrugyndan çekip gördi. Bolmady. Onsoň beýle ýanda näderini bilmän sömelip duran Esene zäherini pürküp ugrady. “Sen bir bagty gara bolmasaň, alan malyňy görüp almazmyň? Erniňi sallap duransyň, it aldanan ýaly aldanda ýör. He-eý, symmaty guramyş. Bar, indi eşegiňi nirä dyksaň dyk-da iki ýüz manadymy tap. Şo puly tapmasaň, şu öýden diri girip-çykaryn öýtmegin!” Ýoldan geçip barýan birki sany adam eşegiň ýatyşyny gördi-de: “Muny Ýazgeldi gaňňaça aýdaýyň. Ugruny tapar” diýip geçip gitdiler. Esen Ýazgeldi gaňňaçyny gaty tiz tapyp getirdi. Gaňňaçy eşegi görenden: “Häk, aldap satypdyrlar-ow. Bu eşek neşä öwrendekli bolan eşek-dä. Tirýek tapybilseň-ä gowusy, bolmasa-da eptekden bäş-on paçka kelleagyry derman tapsaň, eşegiň dikeler” diýdi. Güljahan muny diňläp durubilmedi. – Hi tirýek beribem eşek saklap bormy? – Indiki bazara çenli saklamasaňyz bolmaz. Bazar güni dermandan keýpini kökledip satarsyňyz-da. Eger satybilmerin öytseňiz, maňa muzduny berseňiz, özüm sataryn. – Muzdy näçe? – Illerä ýigrimi bäşi berýä. Onsoňam eşegi gaty gymmada alypsyňyz. Iki ýüze sataryn-a diýip bilmen. – Wah, pulumyz harama çykjak-da – Güljahan Esene şeýle bir hyrsyz garady welin, esen şobada aşak bakaýdy. Güljahan hernäçe kelle döwse-de, eşegi zyýana galyp sataýmakdan başga çykalga tapmady. Onsoň dermanhana baryny syryp, ep-esli derman topladylar. Ýazgeldi gaňňaçynyň öwredişi ýaly, dermanlary kem-kemden berip başladylar. Eşek dermanyň ysyny alandan böküp turdy, göni dermana topuldy. Şol arada ol tas Eseniň dermanly elini çeýnäpdi, hälem Esen dermany taňňyra atyp ýetişäýdi. Eşek dermany gütür-gütür çeýnäp, barha güýje giriberdi, asyl, ol hälki serilip ýatan çalajan eşege çalym etmese nädersiň?! Az salymdan silkinjiräp, otam iýiberdi, suwam içiberdi. Şeýde-şeýde başa melamat bolan eşegi tä bazar gününe çenli sakladylar. Tä bazar gününe çenli Güljahanam igene-igene, zeýrene-zeýrene Eseniň süňňüni saraltdy, iki sözüniň birinde: “Seniň eşek alyşyň ýaly” diýip, halys peteň--bizar etdi. Esen gulagyna keçe dykyp gezäýmese bolmady. Edil şo günler hem Esene bir dert sataşdy. Bu derdi ol köp wagtlap duýman gezdi. Eger Esen öz derdini özi bilmese, Güljahan-a Eseniň derdini hijem duýmajakdy. O derdiň üsti tötänden açylaýdy. Güljahan Eseniň ýuwulmaly jalbarlaryny bir gujak edip daşary çykaranda o jalbarlaryň köpüsiniň çep but çetiniň ýa ýyrtykdygyny, ýa süzülendigini görüp geň galdy. “Bu meýdi yranmyşyň çep buduna çüý kalyldymyka? Jalbar baryny deşim-deşim edipdir.” Indi ertir bazar diýlen gije Eseniň ukusy tutman, gözüni jaýyň depesine dikip ýatdy, soň dikelip oturdy. Muny duýan Güljahan: “Gorsanyp geçmiş, ýat gömül-de” diýip haýkyrdy. – Ukym tutanok. – Wah bagrymy bir ýakmasana! Uzyn güni ýatyp geçirensiň, onsoň uky tutarmy?! – Ýok, Güljahan. Men bir zat aýdaýyn weli, şu sapar “bolýa” diýäý. – Ýatsana, ýer çekmiş. – Näme... bi eşegi satmasak nädýä? Başga birini aldanymyzdan... – Näme, näme-e? Barja aklyňy çaşyryp ýörmüň?! – Men gije ýatman işläp iki ýuzi gazanaýyn, ýöne aldap satmasak ýagşy. – Gapyl. Lal bolup ýat. – Güljahan beýlesine gaharly öwrülip ýatyşyna: ”Menem başga zadyň gürrüňini edýändir öýtdüm-ä” diýip hüňürdedi. Ertir daň bilen Ýazgeldi gaňňaçy gelip, eşege derman baryny iýdirip, bazara alyp gitdi. Esenem işine gitdi, ýöne uzynly gün keýpsiz gezdi. Ýene-de şo-ol öňküleri ýaly gamlandy, öýlenenine müň ýola ahmyr çekdi. Şo-ol öňki erkin günleriň geçip gidenine arman etdi. Gulagyna ejesiniň owazy eşidilip-eşidilip gidýär: “Turaý, oglum. Esenmuhammet ja-an, han ogul, tur, men işe gidip barýan. Şakäsäni gaýmakdan püre-pürläp goýandyryn, turdugyň iýip-içgin.” * * * Demirgazygyň sowuklaç tomsunyň howasysyýahatçylaryň gyzyp duran ýurejiklerine täsir edibilmeýane çemli. Her duralgada, her portda gämi togtaýar weli, halaýyk bary ala şowhun turzup kenara dökülýär. Her kim bir tüýsli geýnen. Olaryň içinde juda naşyja, çeýe bedenini güjeňleýän ýaly, ýarym ýalaňaç gelinlerem bar. Keseden bakana edil sygan ordasy ýaly görünýär. Syýahatçylar kenarda garaşyp duran peşeneli awtobuslara münüp nirädir bir ýana ýumlugýarlar. Diňe öz kaýutasynyň penjiresinden bu ahwalatlary perişan synlap, ähli zatdan mahrum oturan Esende rahatlyk ýok: ol ynha, ýas-ýaňyja hem şol semiz zenanyn syýahatçylaryň arasyndan mese-mälim saýlanyp, ýekegapan ýaly düňderilip barşyny öz gözleri bilen gördi ahyry. O zenan gämi bilen kenar aralygynda goýlan paýapyla münende dagy, paýapyl, görgüli, ýaý berip, bili suwa degeňkirläp-degeňkirläp gitdi. “Elhepus, äpet jandar-ow! Onuň ala-böle meniň başymdan inişini görsene”. Esen bu günler gaty horlandy. Onuň öňem burun meselesi gutarnykly çözlensoň, häzir dagy boýnundan ýokarda diňe burun göze ilýardi. Eger şu gidişine gitse, Eseniň näçe gün çydap biljegi belli däldi. Ýöne bir gün öýlän ol, hemişekisi ýaly, naharhana il dagansoň assyrynja baryp çäla-mula garbanyp gaýdyp, kaýutanyň içinden gulplap otyrka, daşardan semiz zenanyň “Esen” diýen sesi eşidildi. Eseniň demi tutuldy. “Eý, hudaý jan, özüň gaýtaraweri”. Semiz zenanyň sesinde gaharam, mähirem däl-de, adaty rahatlyk duýanda Esen biraz ynjaldy. – Esen, eşidäsänmi? Män sängä kol tegirmäýmän. Korkman çykyň. Bagyşlaýsiz, tegişip öte keçipmän. Bagyşlaýsiz, Esen. Arkaýyn tynçyňyzgy alyberiň. Esen ses-üýnüni çykarmady, şonda-da zenan onuň kaýutadalygyny anyk bildi-de sagbollaşyp gitdi. “Be-e, bu heleýiň çynymyka?! Esen iňkise gidip oturdy. Özüne gaýtarylyp berlen erkinlikden birbada peýdalanyp bilmedi-de, agşam naharyna hem ilden soň baryp gaýtdy. Koridordan, goňşy kaýutalardan, gäminiň üçeginden çogup gelýän dürli dildäki aýdym-sazlaryň owazy-da, göçgünli tanslaryň güpürdisi-de Esene hiç bir täsir edibilmedi. Diňe şol zenanyň: “Bagyşlaýsiz, Esen, tegisip öte keçipmän” diýen sözleri ony gaflatdan oýaryp ugrady. Iki günden ol eýýäm şol semiz zenan bilen bir stol başynda oturyp nahar iýip bildi. Ol oturgyçda oturşyna keltejik aýaklaryny gaty yza epip oturdy. “Bilmezlikde birden aýagyny basaýmawereýin. Öňem bar bela aýak basmakdan başlandy”. Ýüzüni aşak salyp, zenana bakmajak bolup synanyşýar. Şol bir wagtda-da ol zenanyň ahwalyny duýasy gelýar: o zenan rahat bolsa – şol bolany. Esen göz gytagyny aýlap goýberdi weli, dogrudanam, rahat. Şonda-da “Är gorkan ýerinden” diýleni, Esenden çekinjeňlik, susluk, ýene-de haýsydyr bir melamata garaşmak endigi aýrylyp gidibermedi. Eseniň bagtyna, zenanam oňa hiç zat diýmän oturdy, diňe gutjek bolanda: “Esen, kimgä nimä diýmeli bolsa aýdawar. Özüm orsça aýtyp berämän. Hoşmy?!” diýdi-de göwnibir sözledi. Esen özüniň erkanadygyna kem-kem ynanyp başlady. Nahara wagtynda gelip ugrady. Önler sowan, ýüzüniň ýagy kesmeklän çorba iýip, agzy tagam tapmadyk, üstesine-de bu günlerde ejir astynda horlanan Esene gyzgynja naharlar lezzet baryny berdi. Baý, iý-dä. Soňundanam, ädähedine görä, menýuly kagyza elini süpürip turdy gitdi. “Dünýa düzelýä-le”. Ýöne, öňi-soňy, özüniň syýahata gaýdany üçin Eseniň ahmyry kemelmeýärdi hem-de ýene näçe günden öýüne dolanyp barjagyny barmak basyp sanaýardy. Dowamy bar >> | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |