20:32 Şire şam bolmagy islän ynsan / minikyssa | |
ŞIRE ŞAM BOLMAGY ISLÄN YNSAN
Hekaýalar
Bir kişi daga gidip, derelerde sergezdan bolup aylanypdyr. Ahyr gozleýänine gabat gelipdir. Dagyñ içinde algyr şir bilen gabatlaşypdyr. Ol şiriñ göni garşysyna baryp: - Eý haýwanlaryñ şasy, eý daglaryñ peleñi, meni iýip goýberseñ nähili bolar - diýipdir. Şir agyr başyny has agras silkip: - Men seni näme üçin iymeli - diýip geñ galyp sowal beripdir. Adam hemme gussasyny jemläp: - Meni dostlarym kyn gunümde terk edip gitdiler. - diýipdir. - Şeýle satgyn dostlarymy bar eken ýaşamagyñ manysam ýok diýip hasaplaýaryn. Şir oña gaty geñ galyp garapdyr. Adam sözüni dowam etdiripdir: - Onsañ ölenimde bir mert haýwanyñ awy bolup öleýin diýip pikir etdim-de, señ ýanyña gaýtdym, algyr peleñim! Sen meni tar-mar edip, iýip goýbersene! Adamyñ ýagdaýy aýylganç agyrdy meger. Emma şiriñ aýdan sözi has-da agyr eşidildi: -Beyle ýasama dostlary bolan adamy iýmek maña gelişmez. Ynsan saña haýpym gelýär! Sylapberdi Muhamow, 28.11.23. Daşoguz. | |
|
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |