SOGAP IŞ
Biziň garagulak tutmak işimiz şowly bolmady. Irden Gara aga bilen onuň guran gapanlaryny barlamaga barsak, gapana düşen garagulak urnup–urnup, aýagyny sypdyryp ötägidipdir.
—Käte şeýle bolaýmasy-da bar. Indi «Haýwanat bagy» üçin garagulagy başga ýerden gözlemeli bolduk –diýip, Gara aga başyny gynançly ýaýkady.
Biz goş-golamlarymyzy ýygnap ýola düşdük. Çagbaly ýagyşdan soň gum ýoly gataňsapdy, ondan ýöremek ýeňildi. Gara aganyň «Şu töwerekde garagulak bolaýsa gerek» diýen ýerinde maşyny saklap, garagulagyň yzyny agtarýardyk. Gözlegimiz netije bermänsoň, ýene-de ýolumyzy dowam etdirýärdik. Mazaly ýadanymyzdan soň, günortanlyk edinmegi makul bildik.
Suwumyzyň azalanyny gören Gara aga:
—Basym «Balguýa» ýetip, suw goşumyzy şondan tutarys –diýip, çaý-nahardan soň ýola düşenimizde, sürüjä gitmeli ugruny salgy berdi.
—Garagulak tutmamyz aňsat düşjek däl öýdýän –diýip, Öwez lapykeç dillendi.
—Men-ä şonuň tutulmanyna begenmänem duramok. Ýogsam «Işimizi bitirdik, yzymyza gaýdalyň» diýersiň. Seleň sährany synlap hezil edip aýlanyp ýörmek nesibämizden kesat edersiň –diýip, Aşyr ýylgyrdy.
—Ol-a garagulak ekeni, şowuna düşmese, ýönekeýje towşany hem awlap bilmän kösenýän halatlaryň bolýar –diýip, Gara aga söze goşuldy.
Şol barmana öňümizi kesip geçen şagal alaňdan aşdy-da sumat boldy.
—Golaý-goltumda ne kak bar, ne-de — çeşme. Bular suwsuz nädip oňýarkalar?! –diýip, Aşyr Gara aga ýüzlendi.
—Has suwsan halatlary gazyp–gazyp sowuk çägä agynaýarlar. Şonda suwdan ganan ýaly bolýarlar.
—Petiş yssyda sowuk çägäni nireden tapjak? –diýip, Aşyr jogaba ynam etmändigini duýdurdy.
—Onuň üçin çölüň häsiýetine belet bolmak gerek. Eger gowy belet bolsaň, çölden petiş yssyda gyşyň garyny hem tapmak mümkin.
—Goýsaňyzlaň! –diýip, Gara aganyň ýarym degişme häsiýetli gürleýäninden habarly Aşyr geňirgendi.
—Gyşyna alaňlaryň güzaýyna ýagan garyň üstüni çäge syrap örtýär. Onsoň, gazyp görseň, galyň çäge örtüginiň astynda heniz eräp ýetişmedik gar ýatandyr. Çöl jandarlary şeýle ýerlere gowy belet bolguç.
Bir sagat çemesi ýöränimizden soň, guýa ýetdik. Dişiňi döwüp barýan buz ýaly suwy başymyza çekmek höwesi bizi heýjana getirdi. Guýynyň agzyndan bakdyk. Aşakda gurşun ergini ýaly ý1dyrap suw göründi.
—Bäý-bä, gaty çuňa meňzeýär –diýip, Sapar gapdalynda ýatan ýumruk ýaly daşy guýa oklap goýberdi. Biraz salymdan soň guýynyň düýbünde suwuň güwşüldisi eşidildi.
—Häý, ogul, bihepbe ekeniňow! –diýip, Gara aga sürüjiniň bu hereketini oňlamady.
—Çuňlugyny biläýjek boldum, ýaşuly.
—Her gelen çuňlugyny biljek diýip, daş oklap dursa, guýy gömülse gerek.
Ýokaryk çykýança dökän-saçan bolup, ep-esli egsilen bedrä gözi düşenden Gara aga başyny gynançly ýaýkady:
—Suw-a zaýalanypdyr, oglanlar.
Bedräniň ýüzünde gaýyp ýören maýdaja tüýlere biziňem gözümiz düşdi. Birhili dymyljyk ys hem burnumyza uran ýaly boldy.
—Towşan gaçypdyr –diýip, Gara aga bedredäki suwy dökdi.
—Indi näderis?! –diýip, Öwez Gara aga geňeş saldy.
—Sogdarmaly bor.
Biz guýynyň güzaýynda ösüp oturan ýaýbaň sözeniň düýbünde goş ýazdyrdyk.
Guýyny sogdaryp ugradyk. Birimiz ýadasak, beýlekimiz gezekleşýärdik. Bedrede çäge görünýänçä gowy dere batdyk.
—Tüweleme, çeşmesi bereketli guýy ekeni –diýip, Gara aga-da biziň bilen desdeň sogdaryşdy.
Hernäçe synanyşsak-da towşanyň maslygy bedrä ilmedi.
—Bar azabymyz puç boljag-ow –diýip, Aşyr başyny gynançly ýaýkady.
Onýança-da, Öwez:
—Belki, golaýda başga guýy bardyr... –diýip, çölüň kartasyny çykaryp ýazdy. Nirede näme ýerleşýändigini aňladýan owunjak belgileri ünsli synlady-da.
—Şundan ýedi-sekiz kilometrlikden Garagum derýasy geçýär. Geliň, suwy şoňa gidip alalyň! –diýdi.
—Şondan alsak-da bordy welin, bu guýyny hem kimdir biri arassalamaly ahyryn! –diýip, Gara aga Öweziň teklibini oňlamady.
—Towşanyň maslygy bedrä ilmese, nädip arassalarys?
Ýaşuly bir çykalga tapar diýen umyt bilen Gara aganyň dillenmegine garaşdyk.
—Guýa girmeli bor.
—Guýa girmeli bolsa, Sapar, sen giräý. Özüň ilgezigräk, ýaňky oklan daşyňam alyp çykarsyň –diýip, Öwez sürüjä ýüzlendi.
—Girerdim welin, demgysmam bar-da –diýip, Sapar ýüzüni naýynjar çytdy.
—Guýa meniň özüm girerin –diýip, Gara aga ýüpi biline daňmaga durdy.
—Ýok, bolmaz, Gara aga! Ýaşuly halyňyza sizi guýa salsak, biziň üçin utanç bor.
—Siz çöregi hat-petekden iýip ýören adamlar. Guýa girmegiň kän bir ebeteýinem tapmarsyňyz –diýip, Gara aga köwşüni çykaryp, balagyny dyzyna çenli çyzgady. Öweziň elçyrasyny hem boýnundan asdy.
—Ýüpi birden goýberäýmän, kem-kemden goýberiň, silken wagtym yzyna çekiň! –diýip, guýynyň diwaryna ezberlik bilen örülen sazak şahalaryna usully basyp, aşak düşüp başlady.
Gara aganyň çolaşmazlyk üçin külterläp giden yüpüniň kültemleri çöşlenmesini ahyrsoňy bes etdi. Elimize agram düşmesi galdy. Ol guýynyň düýbüne ýeten borly. Birazdan soň ýüр batly silkildi. Biz ýüpi edaly çekdik. Bedre bilen tüýi düşüp, gyzyletenä dönen towşan maslygy çykdy. Soňra Gara agany çykardyk. Onuň üst-başy öl-myžžykdy. Ýüzüniň reňki öçügsidi.
—Sizi kösedik Gara aga –diýip, Öwez gynançly dillendi.
—Sogap iş üçin kösenjiň aýby ýok, inim.
Biz guýу suwlanýança çaý içmegi müwessa bildik.
—Çölde suwsuz galdygyň işiň gaýtdygy –diýip, bir-iki käse çaýdan soň ýadawlygy aýrylyşan Gara aga gürrüňe başlady. —Onda-da tomsuna. Bagtyň çüwüp çopan goşuna ýa-da guýa ýetäýmeseň, heläk boldugyň biläý.
Elbetde, munuň şeýledigini çöl bilen iş salşyp ýören adamlar: çopan-çoluk, awçy-beýlekiler gowy bilýärler. Şonuň üçinem olar suw meselesinde ahmal bolmaýarlar. Eger her bir guýynyň, kakyň salgysyny anyk bilmeseň, çöle uzak wagtlyk çykmak howply. Ýanyňa alan suwuň entek doly gutarmanka, üstüni dolmagyň gamyny iýmeli. Töwekgelçilik etseň, «Pylan guýudan alaryn-da» diýip, barja suwuňy gutaryp barsaň, suw alaryn diýen guýyň hem çeşmesi körän bolsa bagtyň ýatdygy. Käte süýji suwly guýularyňam suwunyň ajap, içip bolmaz ýaly bolýan halatlary bar. Şonda bialaç başga guýу gözlemeli bolýar. Şonuň üçinem çöle çykanyňda suw bilen üpjünçiligi baş mesele hasaplamaly.
—Çölde guýy gazmak kyn bolsa gerek?! –diýip, men Gara aganyň ýaňy gyzyşyp ugran guýuly söhbedini dowam etdirmegini isläp soradym.
—Elbetde, kyn. Ilki bilen ýerasty suwuň ýatagyny kesgitlemekde iş bar. Munuň özi giden bir sungat. Bu sungatyň syry atadan ogla aýdylyp, arkama–arka geçirilip gelipdir. Suw süýjümi ýa-da talhyrak kakýar, näçe çuňlukda ýatyr, gory gowumy-ýok, şu zatlaryň hemmesini täze guýу gazylmaly ýeri salgy berýän adam—salar kesgitläp bilmeli eken.
Oýlanyp görüň, ummasyz çuňluk gazylyp, azap bary çekilensoňam, ondan çykan suw içer ýaly bolmasa, ýa-da şonça çuňluk gazylansoňam, suw bar diýlen ýerde suw ýok bolsa, nijeme zähmet yrýa gitjek. Şonuň üçinem gadymy däbe görä, salaryň salgy beren ýerinden süýji suwly çeşme çyksa, guýy ýurduny şeksiz kesgitläp berendigi üçin, oňa özüniň soran zadyny baýrak bermeli ekeni.
Köplenç guýyny hem salarlyk edýän adamyň özi gazýan eken. Çägelikde guýу içine opmaz ýaly, ine, şu guýudaky kimin edilip, onuň diwaryna sözen örülýär eken. Ýokardan çäge syrap gömmez ýaly, agzyna daş germew örülip, düýbi giň edilýär eken.
Çöldäki guýularyň käbiriniň gadymy geçmişden bäri ulanylyp gelýändiginden çen tutsaň, onda olar, gör, näçe adamlaryň, dowar-mallaryň, çöl jandarlarynyň suwsuzlygyny gandyryp, janlaryny howpdan gutarandyrlar.
Ozalky döwürde ýolagçylar guýynyň başynda ýük ýazdyryp, dynç alypdyrlar. Çägesinde patrak gowrubermeli gyzgyn çölde olar diňe guýynyň başynda suwuň ýanynda gorkman, arkaýyn oturypdyrlar.
Ýurda ýagy çozanda bolsa, leşgeriň geçjek ýolunyň ugrundaky guýularyň üstüni mäkäm basyryp gizläpdirler.
Çölden suw tapyp, guýу gazyp bilýän adamlary çäksiz hormatlap sylaglapdyrlar.
Gara aga sowap barýan çaýyny içdi-de, tüňçeden täzesini guýundy. Soňra çalaja ardynjyrap, guýу ussalary baradaky gürrüňini dowam etdirdi:
—Guýudan süýji suw çykyp, iş boldum edilensoň, guýу gazdyran adam guýу toýuny tutýar ekeni. Şol toýuň çaý-nahar suwunuň ählisi täze guýynyň suwundan edilipdir. Toýdan soň guýynyň ömürli bolmagyny dileg edipdirler. Gojalar aýtmyşlaýyn, «şeýtan tüýkürip» ýa-da ýeneki bir sebäplere görä suwunyň azmazlygy üçin, yrym edip, guýynyň düýbüne gaýçy-keser görnüşli çilik agajyny oklapdyrlar.
Gumdaky guýularyň köpüsiniň adynyň adam atlary bolmagy ýöne ýerden däl. Ol atlar şol guýulary gazan ussalaryň ýa-da olary gazdyran kişileriň atlary. Guýy ýaşasa, olaryň atlary hem ýaşaýar. Belli binagärleriň, bagşy-sazandalaryň, zergärleriň, at seýisleriniň, mergenleriň, tebipleriň, mahlasy, iliň diline düşen oňat adamlaryň halk arasynda asyrlaryň dowamynda uly hormat bilen ýatlanyşy ýaly, guýy ussalary hem ýatlanýar.
Adam üçin göz giderlik bähbitli işler bitirip, özünden ýagşу at galdyrmakdan uly bagt ýok bolsa gerek! –diýip, Gara aga söhbedini paýawlady.
Biz guýу mazaly suwlanýança garaşyp, dem–dynjymyzy alyp, suw ýükümizi tutup ýola düşdük.
Guýy yzda galdy. Indi ondan suw hantama bolup gelenler kösenmän suw alyp biler. Gara aga aýtmyşlaýyn, «Ony tämizläp, sogap iş etdik».
Men oz ýanymdan «Sogap iş etmek elmydama niýetiňde bolmaly. Onuň azabyndan gaçmaly däl. Eden sogap işi, ýagşylygy adamyň ýüregine nuranalyk çaýýar, kalbyny begenç duýgusyndan doldurýar» diýip oýlandym.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar