12:19 Soltan bolan ynsan we ynsan bolan soltan | |
SOLTAN BOLAN YNSAN we YNSAN BOLAN SOLTAN
Taryhy makalalar
Adamzadyň taryhynda heýhatly durmuşy ýaşan hökümdarlar näçe köp bolsa-da, megerem, olaryň arasynda, dünýä ýaň salan hem-de adamzat siwilaziýasynyň emele gelmegine düýpli täsir eden seljuk şalarşalygyna onlarça ýyllap hökümdarlyk eden soltan Sanjar ibn Mälik ibn Alp-Arslan Muizz ed-Din Aby-l-Harys Ahmet ýaly durmuşyň daşgynlaryndan hem gaýtgynlaryndan doly, çarkandakly ömri ýaşany ýok bolsa gerek. Häzirki Yragyň çägindäki Sanjar şäherinde doglandygy üçin türkmenleriň Oguz han döwründen bäri dowam edip gelýän däbine görä “Ahmet” diýen çyn adynyň gapdalyna, doglan ýerine ýanalyp “Sanjar” diýlip tutulýan ady dakylan bu şahsyýetiň ykbalyna göz aýlanyňda, onuň täleýinde pelegiň gerdişiniň aýlanyp-dolanyşy haýran galdyrýar. Soltanyň gyrnagynyň ogly halyna, öz gujur-gaýratyna, zehinine daýanyp, öz halkynyň söýgüsine mynasyp bolup, ýetginjek ýaşynda ägirt uly şalarşalygyň hökmürowan soltanlygyna göterilen, soňra tutuş Aziýa yklymyny diýen ýaly eýeläp oturan şalygy 40 ýyldan gowrak wagt dolandyryp, uzak wagtlap patyşalyk etmegiň simwoly hökmünde ykrar edilen, ömrüniň ahyrynda bolsa diňe öz bähbidini araýan nebisjeň begzadalaryň alyna aldanyp öz halkyna zulum edip başlandygy zerarly şowsuzlyklaryň pidasyna öwrülip, ençeme ýylyny bendilikde, demir kapasanyň içinde geçiren, iň soňunda-da öz tagtynyň synmagynyň hem-de ata-babalarynyň guran döwletiniň çagşamagynyň şaýady bolmak betbagtlygyna sezewar bolup, ýalňyzlykda aradan çykan, häzirki güne çenli halk arasynda adynyň yzyna “mazy – paýhasyň gönezligi” diýen tahallus goşulyp tutulýan bu ynsanyň ömri beýik-beýik ýeňişlerden hem-de ägirt uly şowsuzlyklardan we ýalňyşlyklardan dolup dur. Soltan Sanjaryň terjimehaly öwrenilende onuň ömrüni esasan üç tapgyra bölmek bolýar. Birinji tapgyry şazada Sanjar ibn Mälik ibn Alp-Arslan Muizz ed-Din Aby-l-Harys Ahmediň soltanlyk tagtyna eýe bolmak ugrundaky tagallalaryndan ybarat. Ikinji tapgyry soltan Sanjaryň Seljuk şalarşalygyny berkitmek we onuň kuwwatyny artdyrmak babatda amala aşyran beýik işlerinden we şöhratly ýeňişlerinden ybarat. Üçünji tapgyry mekir köşk adamlarynyň we ikiýüzli emeldarlarynyň hile-pirimine aldanan soltan Sanjaryň ýalňyşlyklaryndan hem şowsuzlyklaryndan ybarat. Soltan Sanjaryň ömrüniň birinji tapgyry barada aýdylanda, ol milady ýyl hasaby boýunça 1084-nji ýa-da 1086-njy ýylda, hijri-kamary ýyl hasaby boýunça 478-nji ýylyň Rejep aýynyň ýigrimi bäşine, şol wagtlar Seljuk soltanlygynyň çäginde ýerleşýän, häzirki Yragyň Sanjar şäheriniň eteginde dünýä inýär. Taryhy maglumatlara görä onuň “Sanjar” ady doglan şäherine ýanalyp dakylypdyr. Beýleki çeşmelerde Mälik şanyň gyrnakdan bolan ogly Ahmediň tutulýan adynyň “naýza bilen parran sançmagy” aňladýan “sanjar” diýen oguz sözünden gelip çykýandygy aýdylýar. Ibn Esir soltan Sanjaryň dünýä inmegi barada şeýle belleýär: “Sanjar şäherinde sol¬tan Sanjar dünýä indi. Oňa Ahmet diýip at dakdylar. Ýöne San¬jar şäherinde doglandygy üçin, oňa Sanjar diýdiler. Ejesi hem “ümmi welet (hojaýynyna çaga dogrup beren)” gyrnakdy”. 12 ýaşynda Horasanyň häkimi diýlip yglan edilen soltan Sanjaryň ömrüniň birinji tapgyry onuň özüniň doganlary soltan Berkýaryk, Mälik şa II, Mahmyt I, daýysy soltan Muhammet I dagylar we beýleki seljuk şalary hem emirleri bilen Beýik Seljuk şalarşalygynyň tylla tagtynyň üstündäki, şeýle hem goňşy döwletleriň hökümdarlary bilen ýer-ýurt üstündäki söweşlerden doly. Soltan Sanjaryň 15 ýaşynda başlanan tagt üstündäki söweşler ol 30 ýaşyna ýetende onuň tutuş soltanlygyň tagtyna çykmagy bilen üstünlikli tamamlanýar. Şol döwürde-de soltan Sanjar Jeýhun derýasyndan Orta ýer deňzine çenli aralykda ýaýylyp ýatan mähnet şalarşalygyň ýeke-täk hökümdary bolmak bilen öz ýurdunyň pajarlap ösmeginiň ugrunda ýadawsyz zähmet çekip başlaýar. Soltanlyk tagtyna eýe bolmagy hem-de ruhy we akyl taýdan doly ýetişmegi bilen soltan Sanjaryň ömrüniň birinji jahyllyk tapgyry tamamlanyp, ikinji, kämillik tapgyry başlanýar. Şol döwürde soltan Sanjar tarapyndan şalarşalygyň paýtagty diýlip yglan edilen Maru-şahu-Jahanda edebiýat, sungat, ylym, senetçilik gülläp ösýär. Merwde hereket eden soltan obserwatoriýasynda hakdan içen şahyr, meşhur matematik hem-de zehinli astronom Kyýaseddin Abulfath Omar ibn Ybraýym Nişapuri Omar Haýýam, Merwde iki sany kitaphanany esaslandyran we saklan Samanylaryň neslinden bolan, “Kitap al-Ansab” („Asyl atlaryň nesil daragt kitaby” ýa-da „Atlaryň şejere kitaby”) atly meşhur ensiklopediýanyň ýazary Abu Sagt Abdulkerim as-Samany, Abul Fath Abdyrahman al-Mansur al-Hazyny, şahyrlar Ferideddin Attar, Owhateddin Muhammet Enweri Abywerdi ýaly Gündogaryň meşhur şahslary zähmet çekipdirler we ýaşapdyrlar. Soltan Sanjar öz ömrüniň ikinji böleginde ylmyň-bilimiň, medeniýetiň ösmegi, ylym we sungat adamlarynyň öz işleri bilen erkin meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge çalşypdyr. Ägirt uly döwletiň esasy şäherlerinde, esasan hem Merw-Şahu-Jahanda kitaphanalar, medreseler gurupdyr, ýokarda görkezilenlerden başga-da dünýä belli alymlary, zehinli şahyrlary köşgüne çagyryp, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin mümkinçilikler döredipdir. Soltan Sanjaryň ylma-bilime nähili sarpa goýandygynyň ýekeje mysaly hökmünde meşhur arap geografy we taryhçysy Ýakutyň habar berýän birje wakasyny ýatlamak bolar. Ýakutyň ýazmagyna görä, soltan Sanjaryň döwründe Merwde Atyk ibn Abu-Bekir atly müşki-anbar we ýakymly ysly otlary satýan ýönekeý söwdagär ýaşapdyr. Ol sowatly, kitaphon adam bolandygy zerarly tapan ýerinden kitaplary jemlemek bilen meşgullanyp, birnäçe ýylyň dowamynda 120 müň jiltden ybarat ägirt uly şahsy kitaphanasyny döredipdir. Bu kitaphana barada eşiden soltan Sanjar Atyk ibn Abu-Bekiri ýanyna çagyryp, onuň bilen söhbetdeş bolupdyr we oňa hormat hökmünde öz köşgünde uly wezipe beripdir. Şol ýyllarda soltan Sanjar barada Ibn Esir: „Ol güýçli, asylzada, raýatlary bilen mähirli hökümdardy, onuň golastynda ýurtda abadançylyk höküm sürýärdi” diýip belläp geçipdir. Dünýä belli, soltan Sanjaryň mawzoleýi „Darul-ahyra (Ahyret öýi)” hem soltan Sanjaryň özi aýatda dirikä, onuň buýrugy bilen gurlup başlanýar. Orta asyr arhitekturasynyň deňsiz-taýsyz nusgasy bolan bu ymarat, Mary şäheriniň golaýynda ýerleşýär we ol Türkmenistanyň çägindäki ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri bolup durýar. Taryhy maglumatlara görä, soltan Sanjaryň mawzoleýi XII asyryň ortalarynda ady belli binagär Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan gurlupdyr. Soltan Sanjaryň mawzoleýini orta asyr awtorlarynyň biri Reşiteddin (XIV asyr) “dünýäde iň uly jaý” diýip atlandyran bolsa, Isfizary (XV asyr) ýadygärlige “munuň özi älem-jahanda iň uly gurluşyklaryň biridir we ol zaýalanmak özüne galtaşyp bilmejek derejede mäkämdir” diýip baha beripdir. Soltan Sanjaryň mawzoleýiniň salynmagy barada halk arasynda saklanyp galan birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär: “Soltan Sanjar asmandan inen hüýr-melek bilen söýşüpdir. Peri oňa özi bilen durmuş gurjak bolsa üç şertini bitirmelidigini aýdypdyr. Birinji şerti, periniň saçyny daraýşyna seretmeli däl, ikinjisi, ýörände onuň ökjesine seretmeli däl, üçünjisi hem perini bilinden gujaklamaly däl eken. Bilesigeliji soltan şertleri birbada kabul etse-de, soňra olaryň üçüsini hem bozupdyr. Ol hüýr-melegiň saçyny daranda kellesini eline alyp daraýandygyny, ýörände ökjesiniň ýere degmeýändigini synlapdyr, gujaklanda hem biliniň süňksüzdigini bilipdir. Şertleriniň bozulandygyna dergazap bolan perizat ak guşa öwrülip, asmana uçup gidipdir. Soltan Sanjar gözüni ýaşlap, onuň yzyndan: “Men seni görüp durmasam ölerin” diýip gygyrypdyr. Perizat asmanda pel-pelläp durşuna: “Meni görjek bolsaň beýik hem owadan ymarat saldyr. Men her anna güni şol ymaratyň depesindäki deşikden saňa gararyn” diýipdir-de uçup gidipdir. Şondan soňra soltan Sanjar şu kübreti saldyranmyşyn...”. Ondan başga-da soltan Sanjar ömrüniň ikinji tapgyrynda hökümdarlyk eden ýyllarynda, has takygy 1102-nji ýylda öz ýurduna goşun çekip gelen Kaşgarly garahany hökümdary Kadyrhan Jebraýyly Termeziň eteginde ýeňýär, 1117-nji ýylda soltan Sanjar gaznawylaryň neslinden bolan Arslan şany ýeňip, Gaznany alýar we şalygyň tagtynda beýleki bir gaznaly Bahram şany oturdýar. Ondan başga-da şol ýyllarda soltan Sanjar içerki pitneleriň ençemesini basyp ýatyrmak bilen seljuk soltanlygyny öz-özünden dargamak we çagşamak howpundan hem halas edýär. Taryhy maglumatlar öwrenilende, taryhy şahsyýetleriň aglaba köpüsiniň durmuşynda olaryň ykbalynyň çökmeklige başlaýan, täleýiniň ters gelýän gününiň bolýandygyny görmek bolýar. Soltan Sanjaryň hem şum takdyrynyň başlanýan güni hökmünde 530-njy hijri ýylynyň sapar aýynyň 5-ni ýa-da 1141-nji milady ýylynyň 9-njy sentýabryny görkezmek bolar. Taryhçy Ibn Esir bu gün barada: „Soltan Sanjar ol güne çenli mydama bagtly we bagtyýardy” diýip belleýär. Hut şu güni hem soltan Sanjaryň şan-şöhrata we hasrata beslenen ömrüniň şowsuzlyklardan we betbagtlykdan doly üçünji tapgyrynyň ilkinji güni diýip ykrar etmek bolar. Şol gün Samarkandyň etegindäki Katwanda, soltan Sanjaryň duşmany, özbaşdak hökümdar bolmak üçin pitne yzyna pitne turuzýan horezmşa Atsyz ibn Muhammediň meçew bermegi bilen Mawerannahra goşun sürüp giren garahytaýlar öz gürhanlary Kuhanyň ýolbaşçylygynda soltan Sanjaryň baştutanlygyndaky seljuk goşunlary bilen garpyşýarlar. Şol söweşde garahytaýlar ýeňýärler we diňe Dergam jülgesinde saýlama seljuk esgerleriniň on müňüsi wepat bolýar. Bu söweşiň seljuklar üçin şeýle pajygaly tamamlanmagyna-da, hemişe bagt hem şowlulyk ýar bolandygy zerarly şan-şöhradynyň jahana ýaýraýşy ýaly, badyhowalygy hem ulalyp-ulalyp dünýä dolan soltan Sanjaryň tekepbir duýgularyna jylaw salyp bilmän, ata-babalarymyzyň „duşmanyň peşeçe bolsa pilçe gör” diýen nakylyny undup, öz üstüne sürnüp gelen ýagyny äsgermezlik edendigi sebäp bolýar. Rowaýata görä, soltan Sanjar garahytaýlaryň gürhany Kuhana hat ýazyp, ony yslam dinini kabul etmäge çagyrýar hem-de „eger yslam dinini kabul etmeseň, eýle ederin, beýle ederin” diýip, oňa haý¬bat atýar, şeýle hem esgerleriniň köplügi we sypatlary bilen öwünýär, ola¬ryň dürli ýaraglary ulanyşlaryny çakdan aşa ulaldyp aýdýar. Hatda: „Esgerlerimiz atan oklary bilen bir gyly hem deň ikä bölerler” diýip ýazýar. Soltan San¬jaryň weziri Tahyr ibn Fahrulmülk ibn Nyzamylmülk beýle ha¬tyň ýazylmagyna garşy bolýar. Ýöne soltan Sanjar ony diňle¬män haty iberýär. Ol hat gürhan Kuhana ýetende, ol soltan Sanjaryň ilçisiniň sak¬ga¬ly¬nyň ýolunmagyny emr edýär. Soň bolsa ilçä bir iňňe berip sak¬ga¬lynyň bir gylyny deň ikä bölmegini teklip edipdir. Ilçi muny ba¬şar¬mandan soň gürhan Kuhan oňa: „Sen iňňe bilen bir gyly deň ikä bölmekden ejiz geldiň, onsoň beýleki esgerleriňiz bir gyly peýkam bilen nädip ikä bölüp bilerler” diýýär we öz goşunlaryny söweşe taýynlap başlaýar. Katwandaky söweşde soltan Sanjaryň özi bary-ýogy on bäş sany esgeri bilen halas bolmagyň hötdesinden gelýär, onuň aýaly bilen ýakyn serkerdeleriniň biri emir Kumaç bolsa garahytaýlaryň eline ýesir düşýärler. Şondan başlabam, bu beýik seljuk soltanynyň ömrüniň birinji we ikinji böleginde oňa şowlulyklaryň hem bagtyň ýar bolşy ýaly, ony yzarlaýan şowsuzlyklaryň hem pajygaly säwlikleriň yzy üzülmeýär. Ilki bilen soltan Sanjaryň garahytaýlardan ýeňleninden peýdalanyp horezm şasy Atsyz birnäçe gezek oňa garşy baş galdyryp, şalarşalygyň paýtagty Merwi we esasy şäherleriniň biri Nişapury basyp alýar. Soňra soltan Sanjaryň öz paýtagtyny Atsyzyň elinden gaýtaryp alandygyna we tekepbir horezmşasyny aman dilemäge mejbur edendigine garamazdan bedeniniň garraýşy ýaly ruhy kuwwaty hem ysgyndan gaçyp ugran goja soltana öz hökümdarlygyny öňki güýjünde dikeltmek başartmaýar. Ýaşy gidişdigiçe-de soltan Sanjaryň, ony şan-şöhradyň hem hökümdarlyk mertebesiniň çür başyna ýetiren paýhasly we ýanbermez erkiniň gowşaýandygyndan peýdalanan emeldarlar, ýalan-ýaşryk maglumatlar, gybat-al, hile-pirim bilen hemişe öz halkyna rehimdar göz bilen garap, öz raýatlarynyň arasynda çirksiz abraýdan peýdalanan hökümdary öz halkyna garşy durmaga, raýatlaryna zulum etmäge iterýärler. Soltanlygyň Balh welaýatynda döwlet üçin paç-hyraç ýygnamaklyk üçin ugradylan emir Kamaç soltanyň adyna duwlanyp şahsy nebsini gandyrmak üçin ýerli oguz-türkmen ilatyna, soltan Sanjaryň aslybir garyndaşlaryna, nähak ýere sütem edýär, gözi gyzaryp iliň-günüň namysyna-mertebesine degýän hereketleri etmeklige başlaýar. 1153-nji ýylda, Dinar, Bagtyýar, To¬ty, Arslan, Jagar we Mahmyt atly emirleriň ýolbaşçylygynda Balhyň töwereginde ýaşaýan türkmenler, bihuda ýere yrsarap öz üstlerine on müň atlysy bilen çapawulçylyga gelen emir Kamaça özleriçe temmi berýärler. Ony ýeňip, it masgarasy edip kowup goýberýärler. Soltan Sanjaryň huzuryna şikaýata baran emir Kamaç öz eden zulumynyň üstüni ýaşyryp, Balhyň oguz-türkmenlerini başbozarlykda hem-de soltan häkimiýetine sarpa goýmazlykda aýyplaýar. Şol döwürler ýaşy ýetmişe golaýlaberen soltan Sanjar bolan wakanyň änigine-şänigine doly göz ýetirjek hem bolman öz kowumdaşlarynyň üstüne uly goşun sürýär. Balh türkmenleri öň garahytaýlaryň zulumyndan gaçyp gelenlerinde özlerine howandarlyk edip, Balhdan ýer berendigi üçin soltan Sanjara minnetdar bolup ýörendikleri sebäpli, onuň bilen söweş etmäge bogunlary ysman ýaraşyk teklip edýärler. Emir Kamaçyň eden-etdiligi barada habar berýärler we öz eden işleri üçin soltandan ötünç sorap, öň soltanyň gaznasyna her ýylda her öýden 200 kümüş dirhem salgyt töleýän bolsalar, şonuň üstüne ýene-de her ýylda 50 müň düýe we bedew atlary, 200 müň goç bermek barada söz berýärler. Emma öz emeldarlarynyň gepine giden hem-de gahar-gazaba erkini aldyran soltan Sanjar öz kowumdaşlarynyň towakgasyna gulak asmaýar. Taraplaryň arasynda başlanan söweşiň netijesinde soltan Sanjaryň goşuny ýeňlip, onuň özem bendilige sezewar bolýar. Soňra Balh oguz-türkmenleri soltanlygyň paýtagty Merwi hem ikinji paýtagt hasaplanýan Nişapury basyp alýarlar. Keç ykbala uçran goja soltan Sanjar bolsa üç ýyllap, tä 1156-njy ýyla çenli öz kowumdaşlarynyň elinde ýesirlikde bolýar. Ibn Esiriň ýazmagyna görä, öz ellerinde ýesirdigine garamazdan oguz begleri soltan Sanjaryň ýanyna ge¬lip, oňa: „Biz seniň gullaryň, saňa tabynlykdan çykmarys. Biz se¬niň biz bilen söweşmek üçin gelmändigiňi bilýäris. Seni sö¬we¬şe iterdiler. Sen soltansyň, biz bolsa seniň raýatlaryň” diýip, ony tylla tagta mündürip hormat goýmaklaryny dowam etdiripdirler.¬ Emma Ibn Esir bu hormatyň diňe göz üçin bolandygyny hem beýan edýär. Üç ýyldan soň, 1156-njy milady ýylynda ýa-da 551-nji hijri ýylynyň oraza aýynda soltan Sanjara oguzlaryň elinden gaçmak başardýar we ol uzak ýoly geçip Merwe gelýär. Merwde ol täzeden soltanlyk tagtyna çykýar. Emma kynçylyklardan hem meýlislerden doly uzak ömri ýaşan goja soltan şondan soň kän ýaşaman, 1157-nji milady ýylynda ýa-da 552-nji hijri ýylynyň dört tirkeşiginiň birinji aýynda Merwde, soňy içgeçmä ýazan aşgazan keselinden aradan çykýar. Ony özi üçin gurduran Ahyret öýünde (Dar-ul-Ahyrada) jaýlaýarlar. Şeýdibem, gyrnak bilen hökmürowan hem ady jahana dolan paýhasly soltanyň söýgüsinden dünýä inen, öz ukybynyň hem gaýratynyň hasabyna ägirt uly şalarşalygyň soltany bolmagyň we ýaş başyna özüniň ähli duşmanlaryny ýeňmegiň hötdesinden gelen, öz rehimdarlygynyň, parasatlylygynyň hasabyna millionlarça adamlaryň söýgüsini gazanyp, asyrlaryň dowamynda halklaryň hakydasyna siňmegiň hötdesinden gelen, soňam ýalňyşlyklaryň we öz hyjuwlarynyň pidasy bolup, ykbalyny bagyş edip berkarar eden döwletini elinden gideren, iň ahyrynda-da ýene-de pelegiň oýny bilen hökümdarlyk tagtynda amanadyny tabşyrmak maňlaýyna ýazylan, ynsanlaryň her birine mahsuslykda kemçiligi we artykmaçlygy bolan, bu soltan bolan ynsanyň we ynsan bolan soltanyň ömür kyssasy tamam bolupdyr. Şu ýerde, juda çarkandakly ömür ýoluny geçen we amala aşyran işlerine gutarnykly baha kesmek örän kyn bolan bu taryhy şahsyýetiň ykbaly hem-de adamzadyň durmuşyna ýetiren täsiri barada bir ýagdaýy bellemek ýerlikli bolar. Türkmençilikde amanadyny tabşyran bende diňe nesilleri, ondan soňkular tarapyndan ady tutulmagy, ýatlanylmagy bes edilenden soň hakykatdanam hem gaýyby bolýarmyş diýen bir ynanç bar. Soltan Sanjaryň bolsa dünýäden gaýdanyna müň ýyla golaý wagt geçendigine garamazdan, henizem halk arasynda ady tutulmagy dowam edip gelýär. Özi-de bu beýik şahsyýetiň ady, diňe bir onuň ömrüniň hem ölüminiň maddy aňlatmasy hökmünde dikelip duran äpet guburhana bilen baglylykda-da agzalmaýar. Orta asyrlardan häzirki günlerimize çenli, soltan Sanjar halk arasynda giňden ýaýran ençeme rowaýatlaryň gahrymany hökmünde çykyş edip gelýär. Şol rowaýatlarda-da ol „mazy – paýhasyň gönezligi” diýlip atlandyrylýar. Bu ýagdaý bolsa taryhy şahsyýetiň özüniň ýagşy işleri, pajygaly ykbaly ýa-da üstünlikleri hem şowsuzlyklary bilen halkyň hakydasynda mäkäm we ebedi orun alandygynyň, onuň ölümden soňky başlanan, adaty dirilige garanyňda has uzaga gidýän ömrüniň dowam edýändiginiň iň esasy hem aýdyň subutnamasydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |