12:45 Soltan Mahmydyñ öz wezir-wekillerini dür bilen synaýşy hakynda hekaýat | |
Soltan Mahmydyñ öz wezir-wekillerini dür bilen synaýşy hakynda hekaýat
Goşgular
Soltan Mahmyt hakda bar şeýle gürrüñ: Wezir-wekillerni çagyryp bir gün, Saklap aýasynda bir tokga dürün, "Şuñ gymmaty näçe? Anyklap beriñ. Bu işi sen oñat başarsyñ, belki?" - Diýip, wezirinden sorapdyr ilki. Wezir hil bir jogap tapan dek ylla, Diýen: "Muñ bahasy kyrk halta tylla!" Soltan aýdan: "Sözüñ hak bolsa eýsem, Senden bir haýyşym - şu düri döw sen!" Gorkusyna titräp, şeý diýen wezir: "Kim beýle baýlyga elini degir? Sizden bir towakgam, keremli şahym, Men muny başarman, ötüñ günähim". Soltan wezirine ýylgyryp bakdy, Diýdi: "Bu sözleriñ göwnüme ýakdy. Şoñ üçin buýrugma ediñ-de berjaý, Ýapyñ wezirime gymmatly serpaý". Soltanyñ ýag garylan dek sesine, Ýüzlendi ol köşgüñ beýemçisine: "Meniñ aýamdaky şu tokga dürüñ Gymmaty näçeräk? Anyklap beriñ!" "Bilmek isleseñiz pikirmi meniñ, Ýarpy şalyga deñ gymmaty munuñ!" Soltan aýdan: "Sözüñ hak bolsa eýsem, Sendenem haýyşym - şu düri döw sen". Beýemçi sypaýy, diýseñ tap bilen, (Serpaý hantamady soltandan olam). "Beýle ajap zady keremli şahym, Asla döwüp bilmen, ötüñ günähim. Beýtsem, meñzäp tüýs bir päliýamana, Deñ borun hazyna talañ salana". Soltan beýemçä-de ýylgyryp bakdy, Diýdi: "Bu sözleriñ göwnüme ýakdy. Şoñ üçin buýrugmy ediñ-de berjaý, Ýapyñ siz muña-da gymmatly serpaý". Soñra ol dür elden-ellere geçdi, Serdara-da ýetde, emire ýetdi. Öñküleriñ sözün gaýtalap bir laý, Olaram egine ýapyndy serpaý. Dürüñ bahasyny sorap her kesden, Soltan şol bir meñzeş jogaby eşden. Öñküleriñ aýdanny bir-bir gaýtalap, Halat ýapynýarlar alan dek diläp. Öz pikriñ bolmazlyk beýle ýagdaýda, Ýigrenji zat - bir söz bilen aýdañda. Düri berip Aýaz hyzmatkärine Soltan sowalyny gaýtalan ýene. "Bu dürüñ bahasyn sorasañ menden, Çökder ol soltanym, çak edişiñden". Soltan aýdan: "Sözüñ hak bolsa eýsem, Sendenem haýyşym - şu düri döw sen". "Sizden gelen buýruk şu bolsa eger, Hyzmatkäriñ muny beterem döwer" - Diýip, ol döwmäge häzirlenende, "Señ edýäniñ näme, biakyl gende? Bu gabahat işe goşmakañ başyñ, Dürüñ niçik gymmat zatdygna düşün". Diýip, şanyñ daşyn gallap duranlar Aýaz hyzmatkäre hemle uranlar. "Soltanym, döwletiñ sarsmaz sütüni, Allañ haky üçin diñläñ siz meni. Häzire çen gol ýapdyñyz galada, Bular göz gyzdyryp serpaý, halada, Bary öñe tutup diñe öz nepin, Ýalan sözlediler bildirmän sepin. Siziñ buýrugyñyz biz üçin kanun, Bulañ birem oña bolmady tabyn. "Dürden belent goýup sähel almytyn, Bulañ hilä ýüz uranny bilmediñ..." Ýüregne jüñk bolup Aýazyñ sözi, Soltan diýen: "Indi tanadym sizi. ählijäñiz kezzap, aldawçy, haýyn, Şundan şeýläk biriñizem görmäýin!" Soñ Aýaza bakyp, diýipdir şeýle: "Indi bu ýagdaýyñ sebäbin söýle. Nädip bulañ aldawyna düşenmi Men bilmän gezdimkam häzire çenli!" Oña şeýle jogap beripdir Aýaz: "Ýalñyşjak adama sebäp kän, garaz. Bar günä özüñde, özgeden görme, Ynanypsyñ olañ ýalan sözlerne. Ynanjañ bolmañam bar çaky-çeni, Olar hoş söz bilen aldapdyr seni. Bilipdirler öwgä maýyldygyñy, Mydam diñlemäge taýyndygyñy Añyp, ahyr şondan boljagñy heläk, Öwüpdirler seni uguñ ýekeläp. Özüñ döredipsiñ amatly şerti Şondan bärem şahañ egrelip barşy. Ahyr netijesin bu gün gördüñiz, Belki, ol şahany dograldarsyñyz. Egri agaç ýarsgynyna gidýärmiş, Akyldarlar ondan heder edýärmiş. Kim ymykly batyp öwgiñ lüýgüne, Çykyp bilmän, çöküp gidýär düýbüne. Kim ýarsyndan gaýdýar beýle zyýanyñ, Bularyñ hersine delilim taýyn. Aýdyñ siz, şu sözleñ ýalany barmy? Soltanym, galany özüñe bagly". | |
|
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |