SOÑKY GÜN
Gum ýoluny külterläp barýan maşynymyzyň birsydyrgyn sesi diýäýmeseň, töwerek ümsümlikdi. Howa dymyk bolansoň, Gara aga-da oturan ýerinde ymyzganypdy.
—Biziň ýurdumyz diýseň üýtgeşik ýurt. Çölümizem bar, dagymyzam, derýamyzam, deňzimizem... –diýip, Aşyr dymyşlygy bozdy.
—Hatda göreniň aklyny haýran edýän Köýtendagdaky ýerasty gowaklarymyzam-diýip, Öwez onuň sözüni alyp göterdi.
—Sen dinozawrlaryň yzlaryny diýsene! Şeýle yzlar dünýäde sanalgy ýerde bar. Olaryň iň köp ýeri-de biziň Köýtendagymyz–diýip, Aşyr joşgunly gürledi. —Gadymy edebiýatda gabat gelýän benijan diýilýän jandar hem dinozawrdyr diýlen çaklama bar.
—Sen şol yzlary gidip gördüňmi?–diýip, Öwez sorady.
—Ýok, arman, heniz gidip görüp bilemok. Arzuwymda bar.
—Olary görmäge men-ä ýörite gitdim. Göräýmelidimem. Sebäbi men ýurdumyzyň ýeketäk «Haýwanat bagynyň» direktory ahyryn!–diýip, Öwez çintgedi.
—Seniň wezipäň bu ýere näme dahyly bar? Ýa-da diri gezip ýören dinozawra duşup, «Haýwanat bagyňyza» alyp gaýdybererin öýtdüňmi? –diýip, Aşyr degişdi.
—Ýak, senem-ä wäşileşipsiň. Ýöne oňat gözlense, Köýtenden dinozawryň süňkleri-hä tapylarmyka diýýän. Käbir ýurtlarda dinozawryň süňklerinden ýasalan şekilleriniň muzeýi bar. Adamlaryň iň köp barýan ýerleri. Sebäbi her kim milýonlarça ýyl mundan ozal ýaşap öten jandarlar barada köpräk bilmek isleýär –diýip, Öwez çynlakaý jogap berdi.
—Ýeri, bolýa-da, hany, gürrüň bersene? Onsoň ol «Dinozawrlaryň yzlary» diýilýän yzlar nähili ekeni? Telewizorda göreniň bir başga, senden eşitmek bir başga –diýip, Aşyr haýyş etdi.
—Olar dagyň tekiz ýerinde mesaňa bildirip dur. Wagtyň geçmegi, ýeldir ýagyş-ýagmyryň täsiri zerarly gyralary gädilip könelişipdir.
—Dinozawrlaryň ýaşan döwründe biziň bu gidip barýan çölümiz deňziň çuň düýbi bolan bolsa gerek! –diýip, Aşyr Öweziň sözüni böldi.
—Dinozawrlaryň yzlaryny gören dessiňe ýüz elli million ýyl mundan ozalky görnüş göz öňüňde janlanýar –diýip, Öwez söhbetini dowam etdirdi:
—Ol döwürde häzirki Köýtendagyň ýerleşýän ýerindäki tokaýlyklarda dinozawrlaryň dürli görnüşleri sürlenişip ýaşan bolmaly.
Alymlaryň çaklamasyna görä, dinozawrlaryň deňizýaka batgalyklarda galan yzlary tebigy hadysalar zerarly ýeriň çuň we gyzgyn gatlaklaryna çöküp, şol ýerde daşa öwrülipdir. Soňra wulkan atylyp, dag emele gelmegi ýa-da beýleki hadysalar netijesinde ýokaryk çykypdyr.
Dinozawrlaryň özleri bolsa howanyň birden sowamagy, ösümlikleriň ösüp bilmezligi, iýmitiň azalmagy sebäpli ölüp ýok bolup gidipdirler.
Meniň ünsümi çeken zat dinozawrlaryň bir çeträkde galdyran yzlary boldy. Ol yzlaryň birisi uly dinozawryňky. Ýanynda bolsa kiçijik yzlar bar. Ol ene dinozawr bilen çagasynyňky bolsa gerek!
Yzlar şol meýdançanyň gutaran ýerinde ýitip gidýär. Ol yzlary göreniňde daglaryň nähili bakydygyna, olaryň millionlarça ýyl mundan ozalky wakalaryň hem şaýadydygyna göz ýetirýärsiň.
—Köýtendagda dinozawrlaryň yzlarynyň bardygy barada öňler hiç eşitmezdik. Bu gürrüň soň çykdy. Ýa-da ol yzlar dagyň adam baryp bilmejek ýerindemi?!–diýip, Aşyr gyzyklandy.
—Ýok-la, Hojapil obasynyň edil alkymjygynda. «Dinozawrlaryň meýdançasy» diýilýän ol ýerde bäş ýüze golaý yz bar. Oňa barmak beýle bir kyn däl.
Maňa ol yzlaryň açylyşy barada şol obada ýaşaýan Oral mergen diýilýän adam şeýle gürrüň berdi –diýip, Öwez söhbete başlady. —Oral mergen aýtmyşlaýyn, bir müň dokuz ýüz ýetmiş bäşinji ýylyň bahary juda ýagyşly gelip, çagba sili dagyň ýapgytlaç ýüzüniň gumuny ýuwup aýrypdyr. Gumy ýuwlan ýapaşak meýdançada dinozawrlaryň yzlary has köpelip, has aýdyň görnüpdir. Şeýle yzlar ol ýerde öňem ýek-ýarym bar eken. Olara ozal il arasynda «Hezret Alynyň aty Düldüliň yzlary, atyň aýaklarynda toýnagyň ýerine üç sany syňragy bolupdyr» diýýärler ekeni. Ol yzlara «Isgenderiň pilleriniň yzymyşyn» diýlen rowaýatam bar. Garaz, «Isgender Zülkerneýn Hindistana ýöriş edende, şol jelegaýdan geçenmişin. Şonda ýumşak, batgalyk ýerlerde, onuň söweş pilleriniň yzlary galanmyşyn». Köýteni alkymlap oturan Gyzylgum çöllüginde «Isgenderiň berki» diýilýän ýeriň bolmagy bolsa, «Aleksandr Makedonskiý bu töwerekden, hakykatdan-da, geçendir» diýen ynanjy döredýär.
Ine, onsoň şol ýyl Oral mergen Çärjewde (häzirki Türkmenabat şäheri) ýaşaýan Rawil atly tebigaty gowy görýän okumyş bir dostuny Köýteniň üýtgeşik baharyny görmäge hem-de Hezret Alynyň aty Düldüliň yzlaryny synlamaga çagyrypdyr.
Dosty gelip, yzlary synlap, «Bu dinozawryň yzlary ahyryn!» diýip, haýran galypdyr. Olary surata düşürip, «Bu geň tapyndy barada alymlary habardar etmek gerek!» diýip gaýdypdyr.
Şondan soň aradan köp wagt geçmänkä, alymlar gelip, yzlary öwrenip, olaryň dogrudan-da dinozawrlara degişlidigini tassyklapdyrlar.
Soňra bu habar jümle-jahana ýaýrap, dünýäniň köp ýurtlaryndan sapara gelip, yzlary öwrenipdirler, surata düşüripdirler. Muzeýde goýmak üçin kesip äkidipdirler. Ine, şeýdibem biziň ýurdumyz geçmişde dinozawrlar ýaşan gadymy ýere öwrülipdir.
Oral mergen şeýle yzlaryň Köýtendagyň başga gerişlerinde-de köpdügini aýtdy. Barmasy kyn bir gaýanyň üstünde «Aly düşlän» diýilýän ýeriň bardygyny hem gürrüň berdi. Rowaýata görä, şol ýerde Hezreti Aly Düldülinden düşüp, ýüzüni Käbä tutup, saba namazyny okanmyşyn. Düldüliň yzlarynyň gapdalynda çöküne düşen Alynyň dyzlarynyň jüp yzy mesaňa bildirip duranmyşyn.
Häzire çenli Köýtendagdan dinozawrlaryň yzlarynyň iki ýarym müňden gowragy tapylypdyr. Dinozawrlaryň yzlarynyň dünýäde iň köp ýeri häzirlikçe biziň ýurdumyz.
—Uzak geçmişde ýurdumyzyň çäklerinde dinozawrlaryň ýaşandygyny-ha olaryň Köýtendäki yzlary subut edýär. Ýöne, bizde mamontlardyr piller hem ýaşadymyka diýýärin –diýip, Aşyr hyýalbentlik bilen dillendi.
—Sen ýalňyşaňok! –diýip, Öwez Aşyryň pikiri bilen ylalaşdy.
—Ilkinji gezek pil süňkleri Balkan dagynyň eteklerinden tapylypdyr. Şol tapylan süňklerden pil kelleçanagy Sant-Peterburgyň Zoologiýa muzeýinde goýlupdyr.
Soňra ülkämiziň beýleki künjeklerindenem, Zeýd suw howdanynyň gurluşygy alnyp barylýan meýdançadanam pil süňkleri tapylypdyr.
Alymlaryň kesgitlemesine görä, altmyş müň ýyl mundan ozal Amyderýa Uzboýuň ugry bilen Hazara guýýan döwürleri suw ýakasynda Gün düşmeýän tokaýlyklar bolup, onda dürli haýwanlar bilen bilelikde piller hem ýaşapdyr.
—Arada okadym, piller juda duýgur, akylly jandarmyşyn –diýip, Aşyr piliň gürrüňini dowam etdirdi. —Olar ýer titremegini hem öňünden aňýarmyşlar. Afrika pillerine edilen gözegçilikden soň alymlar şeýle netijä gelipdirler. Ýer titremegini öňünden aňýan piller ýiti gygyryp, diňe öz kowumdaşlary däl, eýsem, beýleki jandarlary hem habardar edýärmişler. Dessine-de howply ýerden gidýärmişler. Şonuň üçinem olar hiç haçan ýer titremesinden ejir çekenokmyşlar.
Ýuwaş okeanyň kenarýaka ýurtlarynda şu asyryň başlarynda ýer titrände has-da gyzykly waka bolupdyr. Arkasyna syýahatçylar mündürilip, gezelenç etdirilýän piller birdenem öz eýeleriniň diýenini etmän başlapdyrlar. Olar holtumlaryny göge tutup gygyryşyp, üstündäki syýahatçylary hem alyp, tizden-tiz belent hem açyk-ýalazy ýere ylgaşyp çykypdyrlar.
Şol wagt hem güýçli ýer titräp, suw joşup, köp heläkçilikler bolupdyr. Ýer titremegini öňünden duýup, howpsuz ýere gaçyp baran piller diňe özlerini däl, üstünde oturan syýahatçylary hem halas edipdirler.
Alymlaryň pikiriçe, olaryň ýaýbaň dabanlary ýer gatlagyndaky owunjak sarsgynlary hem öňünden duýmaga ukyplymyşyn.
––Bu söhbetimizi dinozawrlardan başlap, ýer titremesidir pilde gutardyk. Biziňkem owalda biriniň «Mundan urdum gylyjy – arapda şaňlar ujy» diýenine barýar-ow–diýip, Öwez güldi.
––Aý, ýok, juda gyzykly gürrüň. Men-ä hezil edip diňläp gelýärin. Onsoňam guma gaýdalymyz bäri, size gezek bermän täk özüm diýen ýaly gürläpdirin. Bu wagt meniň keýpimiň dilime geçen wagty. Şonuň üçinem öteräk ýaňraýan bolmagym mümkin –diýip, Gara aga dillendi. ––Adam çagaka keýpi aýagynda bolarmyşyn. Günuzyn ylgajak, oýnajak, gars kakjak... Soň onuň keýpi biline geçermişin. Jahyllyk döwri. «Öpsem-guçsam» diýermişin. Onsoň keýpi ýüregine çykarmyşyn. Öýlenip önüp-ösüp, perzent görüp, akyly goýalyşyp, maşgalasyny-çagalaryny ýürekden söýermişin. Şolara guwanmakdan lezzet alarmyşyn. Ynha, meniň ýaşymda bolsa, onuň keýpi dilinde bolarmyşyn. Gürrüň bermekden, söhbetdeşlikden lezzet alarmyşyn.
––Adamyň keýpi kellesine haçan çykýarka? –diýip, Aşyr häsiýetine mahsus degişgenlik bilen sorady.
––Adamyň keýpi kellesine garrap, ýaşy birçene baransoň çykýarmyşyn. Iýeýin diýse, öňki dişleri ýok. Söýeýin diýse, biliniň kuwwaty gaçan. Baraýyn diýse, ýöremesi hylalla. Göreýin diýse, göreji kütelişen. Ine, onsoň ol geçen günleriň ajap pursatlaryny hyýalynda janlandyryp bilse, şondan lezzet alýarmyşyn.
Şu tymsaldan çen tutsaň, meniň dilimiň hözürini görýän wagtym. «Bu awçy agamyz-a jypdyrma ýakyn hekaýatlary bilen bizar-peteňimizi çykardy» diýýänsiňiz.
––Beýle diýmäň, Gara aga, siziň aýdyp beren hekaýatlaryňyz meniň üçin-ä janly-jandarlaryň durmuşy barada sapak berilýän uly bir mekdebi okap alnan bilim ýaly boldy. Haýwanat dünýämiziň şeýle täsin, şeýle gözeldigine siziň gürrüňleriňizden soň has-da çuň göz ýetirdim–diýip, Aşyr Gara aga minnetdarlyk bildirdi.
––Menem, ynha, ýolboýy siziň gürrüňleriňizi, gören-eşiden wakalarymy ýandepderçäme belläp gelýärin. Bu hekaýatlary başybitinligine gazetiň okyjylaryna ýetirip bolsa-ha, gör nähili gowy bolardy! Göräýmäge, aw hekaýatlarynyň käbiri ynandyryjy däl ýaly, olara ýalan aralaşan ýaly duýulýar. Gaýtyp, wakany has täsirli etmek, galyberse-de tebigata, janly-jandarlara söýgini çuňlaşdyrmak üçin şojagaz «jypdyrma ýakynlyklar» zerurmyka diýýän. Asla-da durmuşda bolýan käbir zatlar bize juda düşüniksiz hem ynanar ýaly däl. Ýöne, olaryň bolýandygy welin, çyn ahyryn! –diýip, men hem Gara aga hoşallyk bildirdim.
––Şu gezekki çöle saparymyz dogrudan-da has gyzykly boldy. Şunça ýanaşyk ýaşasakda, biz çölümizi gowy bilmeýär ekenik. Ony tanamak üçin şeýdip, hiç bolmanda, bäş-alty günlik, Gara aga ýaly çöl durmuşyna gowy belet, gözüňi aşjak adamyň ýanynda, siziň ýaly ýoldaşlar bilen sapara çykmak gerek ekeni. Daga-da gidip bolaýsady. Her gün şäher eteginde ho-ol seleňläp duranyny görýäs. Aýda-ýylda bir, jülgä – dagyň bäri başyna baryp, biraz oturyp, iýip-içip gaýdýas diýmeseň, dagymyza-da beletçiligimiz pes. Ýogsa-da, seniň dagdan tutmaly jandaryň ýokmy?–diýip, Aşyr Öweze ýüzlendi.
––Bar, nesip bolsa, şundan barsak, dag goçuny tutmaga gitsemmikäm diýýän. Sebäbi «Haýwanat bagymyzdaky» dag goçy hem-ä garrapdyr. Hemem şahy döwük, gelşiksiz jontaryp dur. Ýurduň «Haýwanat bagynda» bolsa onuň çäginde ýaşaýan haýwanlaryň iň gowy nusgalary saklanylmaly. Onsoňam, dag hindi towugy diýilýän bir guş bar. Ular hem diýýärler. Ine, şonam tutup bilsek, «Haýwanat bagymyza» gelişjek!–diýip, Öwez jogap berdi.
—Beýle bolsa hezil ekeni. Şundan bardygymyz hepde ýarym dynç alaga-da, şu toparymyz bolupjyk gideliň daga!–diýip, Aşyr höwesli gürledi.
—Ýok, inim, men garrapdyryn. Onsoňam, daga beletçiligim pes. Öweziň bu ýumşyny bitirip bilmesem gerek–diýip, Gara aga özüniň nobatdaky sapara gidip bilmejekdigini ýaňzytdy.
—Meniň Gara aga ýaly ýene-de bir awçy dostum bar. Gara agany yryp bilmesek, ine, daglyk işimizi şondan haýyş etmeli bolar–diýip, Öwez indiki niýetini mälim etdi.
—Ol hem Gara aga ýaly gürrüňçimi?–diýip, Aşyr gyzyklandy.
—Hawa, o-da aw hekaýatlaryny köp bilýär.
—Beýle bolsa, tüýs bolýar!–diýip, Aşyr begendi.
Gumluk işimizi birýaňalyk edip, yzymyza gaýdyp gelýärdik. Gara aga Öweziňem, Aşyryňam möhümini bitiripdi. Öwez köwükdir garagulak, Aşyram oklukirpiniň tikenini edinenine begenýärdiler.
Şähere ýetip, ilki bilen «Haýwanat bagyna» sowuldyk. Garagulagydyr köwügi tabşyrdyk. Soňra Gara agany Aşgabadyň gündogarynda ýerleşýän Şor Garadamak obasyndaky öýlerine eltdik. Sagbollaşyp, minnetdarlyk bildirdik.
Ol bolsa:
—Gaýtyp, men size minnetdar –diýdi. —Siz sebäp bolmadyk bolsaňyz, bu ýaşdan soň seleň sährany görüp biljekmi men.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar