19:21 Sosial mediýa | |
SOSIAL MEDIÝA
Publisistika
Twitteriñ ilki çykan wagtlarydy. Heniz oña belli bir at hem goýmandylar. "Näme at goýsa bolarka?" diýip ýörkäler, Twitteriñ gurujysy Jek Dorseýiñ el telefonuna sms geldi. Stoluñ üstünde duran telefon titräp gitdi. Edil göz çekmesi ýaly bir zatdy. Iñlisçe "twicht" diýmegi añladýardy. "Adyna “twich” goýsak gowy bolaýjak ýaly" diýip durkalar, onuñ şärikdeş gurujylaryndan Noah Glass stoldan galkdy, öz iş otagyna girip sözlük getirdi, "t" harpyny açdy, twichiñ berýän başga manylary barmy diýip, sahypalary waraklamaga durdy. Twichiñ birküç setır aşagynda twitter sözüne gözi düşdi. Jüýgüldi, jürküldi (türkçe- cıvıltı, rusça- щебетение) diýen manylary berýär, guş jüýgüldisi. "Behh, gadyrdanlar, biziñ elimizden çykan sosial set düşünjesini doly we dogry añladyp biljek söz şumy indi?" diýdi. Hawa, şudy. Twitter jüpüne düşüpdi. Twitter - jüýgüldi bolmaly bolsa, logosy-da guş bolaýmalydy. Gök reñkli guşuñ suratyny çekdirdiler. Guşuñ adyna Larri goýdular. Neneñ görýäñiz? Twitteriñ başga-da şärikdeş gurujysy bardy: Biz Stone. Bostonda dogulan. "Boston Celtics" basketbol toparynyñ we onuñ meşhur oýunçusy Larri Býordyñ ölemen janköýeridi. Býord (bird) - guş diýmekdi. Logodaky guşa Larry the Bird diýdiler. Ýeri, bu guş näme üçin gök? Doug Bowmany çagyrdylar. Ol grafika taslama işinde soñky ösdürimleriñ iñ ussadydy. “Bize logo çek” diýdiler. Şol güne çenlo logo hökmünde diñe ak zeminiñ üstüne gök harplar bilen ýazlan Twitter özi ulanylýardy. Şeýdip twitter sözüniñ gapdalyna kiçijik gök guşjagaz gondy. Iki ýyl geçensoñ, guşy retuşladylar, twitter sözüni aýyrdylar. Şeýlelikde logo bolup diñe kiçijik guşyñ özi galdy. Twittere logo bolan sialiýa (gök dag guşy, голубая сиалия) Demirgazyk Amerikada ýaşaýan bir guşuñ erkekleri gök reñkde bolýar. Dişleri kümüşsöw reñkde, ganatlary we guýrugy gök. Urkaçysynyñ iñ gowulary - gök reñki has ýalpyldawuk görünýäne "süýkenýärler". Reñki iñ gowy parlaýany urkaçylar üçin iñ owadany, iñ özüne çekijisidir, bu özboluşlyja gylyk sialiýa guşlaryna mahsus. Sialiýa guşunyñ taýy (jübüti) ýeke bolýar. Olar söýgä, maşgala aýratyn üns berýän kinniwanja guşlar - bary-ýogy 15 sm boýy we 30 gram agyrlygy bar. Ýöne iññän akylly guş. Şolar ýaly akly bolansoñ, Alýaska ýaly ýowuz tebigatly geografiki giñişlikde ýaşap, köpelip, neslini dowam etdirip bilýär. Grafikaçy Doug Bowmany iñ ýiti täsirlendiren tarapy-da şudy. Göwresi iñ uly, iñ güýçli jandar diri galýan bolsa, dinozawrlar ýitip ýok bolup gitmän häzirem ýaşarlardy. Tebigatda göwresiniñ güýjüni däl-de, kellesiniñ güýjüni ulanýanlar güýçli. Ine, hut şol sebäpden, birje söz bilen dünýäni sarsdyran Twitteri gökje sialiýalardan başga hiç bir zat simwolizirläp bilmezdi. Sialiýany dünýäniñ iñ populýar guşuna öwren Doug Bowmanyñ pikiriçe, bu kinniwanja gök guşjagaz "erkinligiñ, umydyñ we çäksiz mümkinçiligiñ nyşanydy". * * * Ýagdaý şeýlekän... Mejlisde kanun çykaranmyşlar, sosial mediýa senzura girizenmişler, pylan-pysmydan... "Düýeler dellal, büreler - sertaraş" bolup durka, belki, bu zatlaram bolsa bolup ýörendir. Emma ösen añyýetli informatika industriýasy öz professional personallarynyñ we ezber aragatnaşykçylarynyñ döreden elektron mediýa eýýamynda senzura mümkin däl. Isleýşiñizçe kanun çykaryñ. Göwresini, gara güýjüni ulanýanlaryñ däl-de, beýnisini ulanýanlaryñ diýeni bolar... Tebigatyñ üýtgewsiz kanuny budur! Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 30.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |