15:52 Sowallar! | |
SOWALLAR!
Publisistika
Uruşlar hapa bolýar. Uruşda hilegärlik edilýär, duzak gurulýar, ýalan sözlenýär, hapa maglumat ýaýradylýar. Hemmesi-de duşmany ýalñyşdyrmak, halky öz ýanyña çekmek üçin edilýär. Ýurdy terk etdi. Taşlady gaçdy. Komediýalarda çykyş ederdi. Gorkagam eken. Diýen bordular. Ukrainanyñ döwlet ýolbaşçysy frontda harby lybasly wideoýazga düşüp: "Ölsem, halkym bilen bile ölerin. Basybalyjylara garşy ýaraglanyñ!" diýip ýüzlendi. Halk gahrymany boldy. Kiýew direnýär. Ukrainada eli ýarag tutan erkek göbekliler aýallaryny we çagalaryny goñşy ýurtlara ugratdylar, özleri-de ýaraglanyp, basybalyjy rus goşunyna garşy "öp, hyrlynyñ ujuny" watan goragyna geçdiler. Ukraina ikä bölündi. Russiýanyñ tarapyny tutýanlar we Günbataryñ tarapyny tutýanlar. Rus goşuny gysga wagtda ýagdaýa doly eýelik edip, "gahrymanlaşan wäşini" atyp öldüräýende-de we ýerine öz adamyny goýanda-da Ukrainada "içerki gapma-garşylyk" barha möwjese gerek. Çeçen güýçleri-de rus tarapdarlarynyñ ýanynda söweşmek üçin Ukraina girdi. Näme bolýar? ABŞ Kabuldan çekilipdi. Russiýa Kiýewe girdi. Kiýew Kabul bolýarmy? * * * Sowal köp. Jogabyna garaşýar. Öz gürrüñ berişinden Ikinji jahan urşunda gitlerçi goşunyñ ýurdy bombalanda "öldi" diýlip, jesetleri daşaýan ýük awtoulagynyñ içinden tötänlikde halas edilip, soñam 1952-nji ýylda göwreli bolup çaga dogran aýalyñ Wladimir Putin atly ogly häzir 2022-nji ýylda ukrain halkynyñ depesinden bomba ýagdyrýar. Depesine raketa ýagdyran halkyñ bilen nädip ýaraşjak, nädip sagdyn geljek gurjak? Russiýa goşunyñ güýji arkaly "añsat lukma" isleýär. Ukraina "añsat lukma" bolaýarmyka? Okkupasiýa gorky döretdi. Şübhe döretdi. Dünýä howsalada. Özüni Russiýa golaý saýýan jemgyýetlerde-de çuñ jaýrylmalaryñ alamatlary häzirden bildirip ugrady. Moskwada "Uruşa nälet!" şygary bilen çykyş edýänler bar. Dünýäniñ täsirli guramalarynyñ barsy: NATO, ÝB, BMG, Ýewropa Geñeşi, G-20, AGIT, Bütindünýä banky, IMF täze "sowuk urşuñ" munuñ esasy miwesi dünýäniñ täzeden bölünişiginiñ sarsdyryjy täsirine girdiler. Dünýä üýtgejege meñzeýär. Emma nähili üýtgärkä? Ýaraglar ýaryşar. Jezasy kime kesilerkä? "F-35", "F-16", "S-400" ýaýjygyna gysylyp galan Türkiýäniñ dünýädäki bu täze ýaraglanma ýaryşynda boýnuna täze ýükler ýüklenjekmikä? * * * ABŞ-nyñ kompaniýalary bilen! Russiýanyñ goşuny bilen! Hytaýyñ tehnologiýasy bilen! Dünýäni täzeden paýlaşyp, şekillendirmek üçin "çopan göreşine" girdiler. Ukrainanyñ şäherlerine bomba ýagmagy heniz başlangyç. Diýmek, yzy-da bar. ABŞ we ÝB "sanksiýalary" girizmek bilen, Putini saklap bileris öýdýärler. Gürjüstana girdi. Sanksiýalar tär etmedi. Krymy basyp aldy. Sanksiýalar tär etmedi. Ermenistanyñ ABŞ we Fransiýa bilen gatnaşyk açmagyna gahary geldi, Paşinýany "Daglyk Garabagyñ" üstünden ýepbekletdi. Sanksiýalar tär etmedi. Sekiz ýyl bäri sanksiýa bar. Putine wiýtjik geldi. Russiýa durjakmy? Durduryp boljakmy? Kim durzup biler? ABŞ Putiniñ Russiýasyny ÝB-ne tabşyrdy. Öz esasy ünsüni Ýuwaş okeanda Hytaýy germemäge gönükdirdi. Emma "Ýewropanyñ gaýmak gatlagy bilen Putin düzgüniniñ oligarhlarynyñ arasynda al gülüm-ber gülüm gatnaşygy" şeýpe bir ete-kemige bürendi welin, dört esasy ýewropa ýurdunyñ öñki premýer-ministri nemes Şrýoder, fransuz Fillion, italýan Renzi, finlandiýaly Aho we köp sanly öñki syýasatçy rus gije baýlarynyñ eýelik edýän şereketleri bilen banklarynyñ ýolbaşçylar düzüminiñ agzalygyny edýär. Şeýle gurluşa sanksiýa! Çölüñ jokramasynda erän doñdurma däl-de, näme? * * * Putin yglan etdi. "Sowuk uruş" gutaryp, "Berlin diwary" ýykylandan soñ Günbatara ýakynlaşan we ÝB-niñ agzasy edilenler bilen NATO-nyñ düzümine alynanlaryñ yzyna berilmegini talap edýär. Putin "Ukrainanyñ üstünden" Günbatara güýjüni görkezýär we Günbataryñam güýjüni synap görýär. Ýewropa Berlin diwary ýykylandan soñra giñelden çäklerini gorap bilermi? Ýa täze "Berlin diwary" çekilermikä? "Täze demir perde" çekiljek bolsa, nirden çekiler we näme diýip atlandyrylar? Köp sowal bar. Jogabyna garaşýar. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 28.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||