07:49 Sowet internet başlangyjy nämüçin şowlamady? | |
SOWET INTERNET BAŞLANGYJY NÄMÜÇIN ŞOWLAMADY?
Ylym we tehnologiýa
Dünýäde heniz www internet tory ýüze çykmanka Sowet Soýuzynda orta çykan kompýuter tory inisiatiwasy nämüçin durmuşa geçirilmedi? 12 ýaşyndaky Oleg Guimaoutdinow üçin kompýuter progammistligini öwrenmek kitaplara girmek bilen deñ boldy. Ýoldaşlary teoriýadan ýadapdylar, emma ol el çekmändi. Kompýuter onda uly gyzyklanma döredýärdi. Segseninji ýyllaryñ başynda ýokary okuw jaýlarynda we iş ýerlerinde kompýuter bardy, emma mekdeplerde ýokdy. Oleg we onuñ ýoldaşlary iş otagynda goýlan kompýuterde işlemäge rugsat beren ýüregi ýuka müdir tapypdylar. Bular amerikan enjamlarynyñ kopiýasydy. Belkäm şol wagt bilenem däldirler, ýöne üstünde duran sesli klawiaturalary we ekranlar ykdysadyýeti güýçlendirjekdigi pikir edilen sowet internetiniñ başlangyjyny düzýärdi. Onlarça ýyllap az sanly ylmy-barlagçy Sowet Soýuzy boýunca müñlerçe enjamy biri-birine baglap biljek kompýuter toruny gurmak üçin ygtyýarlylaryñ rugsat bermegine garaşdy. Muña rugsat berlen bolsady, häzirki internete öwrülen amerikan we günbatar gelip çykyşly başlangyja bäsdeş bolup bilerdi. "Sowet internetiniñ bökdençli taryhy" kitabynyñ awtory we Massaçusetsiñ Tehnologiýa institutynyñ (MIT) ylmy-barlagçysy Ben Peters "Internetiñ ilkinji wersiýasynyñ gürrüñini edýäris" diýýär. Bu merkezi meýilnamaly ykdysadyýetde bütin maglumat goruna gözegçilik edip biljek desentralizasion, ierarhik kompýuter torudy. Emma "OGAS" ady bilen agzalýan bu taslama soñuna çenli alnyp çykylmady. • Ministrlikleriñ arasyndaky bäsdeşlik Sowet internetiniñ atasy Wiktor Gluşkow kibernetikanyñ esaslandyryjylarynyñ biridi. Emma olam kem-käsleýin Anatoliý Kitowdan täsirlenipdi. Kitow 1959-njy ýylda SSSR-de tor gurmagy meýilleşdirýärdi. Emma ol döwrüñ sowet lideri Nikita Hruşýowa şu teklip bilen hat ýazanda, muny başlamagyñ hiç añsat düşmejegi belli boldy. Kynçylyklar diñe tehnologiýa bilen baglanyşykly däldi. Segseninji ýyllarda okuw jaýlarynda kompýuter bolmandygy üçin sowet talyplary iş ýerlerindäki we ýokary okuw jaýlaryndaky kompýuterleri ulanyp, kodlama ukyplaryny ösdürmäge synanyşýardylar Peters "Sowet Soýuzynyñ şu döwürde işjeñ we harby maksatly kompýuter tory" bardy diýýär. Emma ýönekeý raýatlar üçin we ykdysadyýete täsirini ýetirip biljek sistema başga zatdy. Gluşkow OGAS-daky işine altmyşynjy ýyllarda başlady. Onuñ 1970-nji ýylda taýýarlan jikme-jik meýilnamasy soñky nokada çenli işlenip düzülipdi. Emma Kommunistik partiýanyñ ýolbaşçylary öz aralarynda oñuşmansoñ, Maliýe ministri bu pikire doly garşydygyny mälim etdi. Şonsuzam towuk fermalarybdaky çyralar enjamlar arkaly awtomatiki usulda öçürilip-ýakylýardy. Bulary ýurt derejesinde tora öwürmegiñ geregi ýokdy. Aslynda ministriñ maliýe ministrligi bilen statistiki edaranyñ arasyndaky sazlaşyga OGAS-yñ täsirini ýetirmeginden gorkandygy we şonuñ üçinem muña garşy çykandygy aýdylýardy. Käbir ygtyýarlylaryñ goldawyny alanam bolsa, Gluşkowyñ meýilnamasy ret edildi. Emma ol maksadyndan dänmedi. • Ykdysadyýete basyş Birnäçe posýolok ýerli torlar bilen biri-birine baglanypdy. Birnäçe ýyldan soñ Oleg Nowosibirskde uniwersitetdekä 3000 km uzaklykdaky Moskwa bagly kompýuter tapypdy. Arabaglanyşyk üçinem sap metaldan edilen agyr kabeller ulanylypdy. Bu torlary işledip biljek kompýuterleri gurnamak üçin örän köp zähmet çekilýärdi. Bulam OGAS taslamasynyñ örän gymmada düşjekdiginiñ gaýgysyny döredipdi. Käbirleri muny 20 milliard rubla, şu günüñ puly bilen 100 milliard dollara barabar bolar öýdýärdi. Şeýle-de 300 müñ adamlyk işçi güýji-dd gerekdi. Bütin şu sebäplerden ötri sowet interneti hiç ýola goýulmady. Sowet döwründe bu ugurda işlemegiñ nähili zatdygyny iñ gowy bilýänleriñ birem Kitowyñ ogly Wladimirdir. Ol Moskwanyñ Plehanow adyndaky Ykdysadyýet uniwersitetinde işleýär. Ýetmişinji-segseninji ýyllarda goşun üçin kompýuter programmalaryny işläp düzdi. Bular tank zawodlarynyñ dolandyryş işlerinde ulanylýardy. Wladimir OGAS durmuşa geçirilen bolsa, edil öñküleriñ ynanyşy ýaly sowet ykdysadyýetine oñyn goşantlarynyñ boljagyna ynanýar. Oleg hem bu ýol bilen hasaplamalaryñ örän ykjam ediljekdigini, maglumat paýlanşygyny añsatlaşdyrjakdygy üçin ykdysadyýeti has gowy dolandyryp boljakdygyny aýdýar. Ahyrynda SSSR-iñ meseleleri bilen sowet interneti däl-de, Mihail Gorbaçýowyñ reformalary ýüzleşmäge mejbur boldy • "Ýelkeniñ şemaly kesildi" Emma Wladimir sowet sistemasynyñ her orta atylan täzelige oñyn garap gidibermändigine ynanýar. Oleg "Ortada bir meýilnama bardy we şondan añry gidip bolanokdy" diýýär: "Diñe gara we goñur aýakgaplar öndürilýärdi, ýöne hiç kim olary alasy gelmeýändigi üçin dükanlaryñ tekjesinde çañ basar ýatardy". Dürli ministrlikleriñ we sebitleriñ özara oñuşmazlyklar bilen başagaýdygyny, şonuñ üçinem öz aralaryndaky täsirlerini ýitirmekden gorkandyklaryny aýdýar. Segseninji ýyllarda çaýkanşyklar güreldi we SSSR-iñ düýpli meselelerine Mihail Gorbaçýowyñ reformalary bilen çözgüt tapmaga synanyşyldy. Munuñ ýerine OGAS ara giren bolsa hemme zat has başgaça bolup bilermidi? Bärdäki iñ uly päsgelçilikleriñ birem Gluşkowyñ bimahal ölümi boldy. Peters ol 1982-nji ýylda aradan çykanda "ýelkeniñ şemaly kesilen ýaly boldy" diýýär. Emma segseninji ýyllarda OGAS pikiriniñ eýýäm okuw jaýlarynda we habar beriş serişdelerinde jedeli gidýärdi. Oleg hem talypka bu jedelleri kän eşidipdi. Gluşkowyñ ýarpy galdyran ýerinden işe başlanlaryñ birem küşt ussady we kompýuter programmaçysy Mihail Botwinnikdi. Onuñ taýýarlaýan programmalary sowet energetika beketleriniñ işleýşini we abatlanyşyny guramalydy. Sowet Soýuzynyñ ýykylan togsanynjy ýyllaryñ başynda eýýäm garran Botwinnik ykdysadyýeti halas etjek kompýuter tory üçin döwrüñ prezidenti Boris Ýelsiniñ ünsüni çekmäge synanyşdy. Emma öñküler ýaly olam derege ýaramady. • Bäsdeşlik ýerine hyzmatdaşlyk Mundan birnäçe ýyl soñ bolsa internete öwrüljek dünýä derejesindäki tor www.-y ABŞ-nyñ "Arpanet" kompaniýasy ýola goýdy. Bir tarapdan seredende, sowet internetiniñ baştna gelenler Sowet Soýuzynda bolup geçenler bilen meñzeşlik görkezýärdi. Emma döwrüñ tehnologiýa fantaziýasy hökmünde görlen zatlar häzir hakykata öwrüldi. Gluşkow bilen işleşen höwesjeñ kibernetikçiler güýmenje maksatly "kibertoniýa" atly wirtual utopiki döwlet gurup, özlerine bu ýeriñ pasportlaryny taýýarlapdylar. Peters muña biziñ günlerimizdäki sosial mediýa torlarynyñ ilkinji wersiýasy hökmünde baha berýär. Ol kitabynda "ilkinjj global raýat kompýuter torlary bäsdeşlik ýagdaýyndaky sosialistleriñ arasynda däl-de, hyzmatdaşlyk eden kapitalistleriñ arasynda boldy" diýip ýazýar. OGAS-yñ goldawçylary ýaşaýan döwürlerinden has öñe gidipdiler. Kitow, Gluşkow, Botwinnik ýalylar geljegiñ aragatnaşygy ýola goýmakda ýatandygyny öñünden görüpdiler. Sowet Soýuzynyñ www ýaryşynda yza galan bolmagy mümkin, emma işiñ başyny çekendigi welin belli. Kris BARANÝUK. "BBC Future", 28.10.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |