16:11 Sowgatlar muzeýi / satiriki hekaýa | |
SOWGATLAR MUZEÝI
Satiriki hekaýalar
Soňky günlerde ylmy institutymyzyň iş režimi düýpgöter özgerdildi. Şonuň netijesinde-de işgärlerimiziň bir-birine bolan gatnaşygy gowulyga üýtgedi. Indi direktor direktor ýerinde, orunbasar orunbasar ýerinde sylagly. Hatda, bölüm müdirine-de eda bilen salam bermäge başladyk. Ýeri, sekretar-maşinistkamyz Gulýa bolan söýgimiziň döreýşini diýsene. Öň ony iň bedroý, barypýatan yzgytsyz gyz hökmünde it pislän ýaly pislärdik. Indi biz onuň huzuryna ýetip bilemizok, didaryna muştak. Mähirli meňzini säherde açylan ter bägüle deňeýäs. Bu düzgün uzak dowam etse, biz hä diýmän lirik şahyram boljak. Ýeri, salahlaryňky-ha düşnükli. Biz ýaly bäş-on çagalylara näme gerek diýsene. Men ir sagat on birden ýigrimi alty minut işläninde Gulýanyň kabinetine girdim. ― Eý peri-peýker, husny görke baý, Gülendam Çerkezowna Aşyrowa! Şujagaz sadaja sowgady öz sagdyk guluňyzdan garlawajyň ganatlary ýaly gara gaşlaryňyzy çytman kabul edersiňiz diýen umyt meni gurşap aldy diýsem, sizde şoňa ynam dörär diýen niýet... ― diýenimden Gulýa maşynkasynyň şatdyldysyny kesip: ― Getir sowgadyňy. Goýaý şujagaz ýerde ― diýip, stoluň üstüne küti bir depder oklady. Men oňa elten odekolonymy berdim-de küti depdere «9.00-da işe geldim» diýip, golumy çekdim. Işikden çykyp barýarkam «Be, meniň şu günki getiren sowgadymyň bahasy şu günki gazanjak zähmet hakymdan galarak ýalyla» diýip pikir etdim. ― Näme kürtdürýäň? Bir zad-a pikir etdiň ― diýip, Gulýa ýylgyrdy. ― Eger, Gulýa, garşy bolmasaň, «18.00-da işden gitdi» diýen grafa-da gol çekäýjek men-ä ― diýdim. ― Çek, janyň sag bolsun ― diýip, Gulýa küti depderi stoluň üstüne okladyk. Gol çekdim. «Ä-hä, indi men boş. Saz «Žiguli» aýagymyň astynda. Tejene birki reýs etsem, ýaňky çykdajymy ýüz esse edip alaryn» diýip pikir etdim. Edil şol pursatda biri Gulýa bir desse gül getirdi. ― Gül gözleý-gözleý halys boldum ― diýip, ylmy institutymyzyň «Adamlarynyň ahlak taýdan päk bolmagyny gazanmakda zähmetiň roly» diýen temadan dissertasiýa goran alymlarymyz Baba Durdyýewiç oturgyja çökdi. Gulýa oňa-da şol küti depderi oklady. Baba Durdyýewiç ertirki gün üçinem gol çekdi. Men kabinetden çykyp gidip barýarkam dalanyň ugrunda ylmy işgärlerden birnäçesine duşdum. Olar sowgady bileleşip alaýypdyrlar öýdýän. Kagyza dolangy esli zat «Täze adamyny nädip terbiýeläp ýetişdirmeli» diýen temanyň üstünde işleýän alym Mülki Kulyýewiň elindedi. Gürrüňiň äheňinden özüňiz aňýan bolsaňyz gerek, biziň ylmy institutymyzyň iş režimine täzelik girizildi. Ir sagat 9-da we agşam 6-da gol çekmek düzgüni kadalaşdyryldy. Sekretar-maşynistkamyz Gulýada küti depder bar. Şoňa gol çekibermeli. Näme, düzgüni döredýänem adam, şol kadany bozýanam özümiz-dä. Görşümiz ýaly, oňa-da alaç tapdyk. «Gol çekilendir, han!» diýip, bir işgärimiz goşawujy bir penje çigitli ýarmarkany hapalap ýör. Başga birimiz aeroport bilen wokzal aralygynda gatnaw edýär. Ýöne bu hezillik uzaga çekmedi. ― Adamlar, duşenbe güni sagat 12-de ýygnak boljakdyr. Direktor ähli işgärlere aýdyň diýdi. Soňundan muzeýe gitmeli. Taryhy geçmişiň eksponatlaryny görkezjek diýdi ― diýip, Gulýa birküç gün öňünden hemmämize aýtdy. Dalanyň ugrunda bildiriş hem ýelmedi. Diýlen gün gelip ýetdi. Direktorymyz Mergen Ataýewiç iş wagtynyň gymmaty barada aýtdy. Gijä galyp, işe gelýändigimizi ýaňzytdy. ― Ýoldaş direktor, biz-ä 9-da gelip 6-nol-nolda-da gaýdýandyrys ― diýdim. Direktor sesini çykarmady. ― Mergen Ataýewiç, gol çekilen depdere göz aýlap aýdyň ahyry ― diýip, hälki gül getiren alym azmly gygyrdy. Oňa Mergen Ataýewiç jogap bermedi. «Direktory gaýdyp geplemez ýaly edeýin-le» diýip, başga bir ýoldaşymyz has beterräk bir zat aýtdy. ― Ýoldaşlar, ýörüň indi topbagymyzy bozman ol kabinete geçeliň. Men size täsin eksponatlar görkezmekçi ― diýip, direktorymyz Mergen Ataýewiç öňümize düşüp ugrady. «Eý-how, bu nä ahwalat!» Içerik giren içini çekip, aňk bolup, doňup galaýýar. ― Adamlar, görşüňiz ýaly, ynha, stoluň üstünde iki hili depder bardyr. Biri hakyky, çyn depder, beýlekisi galp. Galp depderi kim sowgatly gelen bolsa şonuň öňüne atmak üçin döretdik ― diýip, direktor eli taýajykly eksponatlary görkezip duran ýerinden aýtdy. ― Ynha, şu odekolony görýäňizmi?! ― diýip, ol taýajygynyň ujuny meniň sowgat beren odekolonyma golaý eltdi. Ýüzüm gyzyp, demim tutuldy. Ýygrylyp bir gysym boldum. Direktor sözüni dowam etdirdi. ― Şu odekolon arzanam däl. Bahasy 6 manat 40 köpük. Muny kim getiren bolsa, ynha, etiketkasynda ady bardyr. Ýarlykdan okap bilersiňiz. ― Ýoldaş direktor, men ol odekolony Gulýanyň dogulan gününe sowgat etdim ahyry ― diýip, sesimi sandyradyp, zordan aýtdym. ― Bagyşlaň, ýoldaş Gully Haýdarowiç, biziň Gulýamyzyň doglan güni dört ýyldan bir gezek bolýar. 1983-nji ýylda onuň doglan güni ýok. Çünki ol 29-njy fewralda doglupdyr ― diýip, direktor maňa jogap berdi. Hemmeler gülüşdiler. Ýer ýarylmady, men girmedim. Soňra direktoryň taýajygynyň ujy sowgat berlen güle tarap uzady. ― Mergen Ataýewiç, men ol güli Gulýany 8-nji mart baýramy bilen gutlap, sowgat getirdim ― diýip, gül getiren alym zöwwe ýerinden turanyny duýman galdy. Oňa-da oturanlar pakyrda berdiler. Sebäbi ol baýram birçak geçip gidipdi. Ine, şodur-şodur biz iş wagtynda ykmany goýduk. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |