13:25 Söýenim / hekaýa | |
S Ö Ý E N I M
Hekaýalar
Sapar lukmançylyk institutyny tamamlap, şäheriň çagalar hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde işe başlapdy. Ol ýaşlykdan höwes eden kärine - lukmançylyk işine turuwbaşdan yhlasly ýapyşdy. Bilmedigini sorap öwrendi, işden boş mahallary wagtyny medisina täzeliklerine sarp etdi, örän köp kitaplaryň gatyny açdy, kem-kemden işine ökdeläp, birneme tejribe toplady. Şol günlerde-de şäher mekdebinde mugallym bolup işläp ýören Dilber atly gyzlardan biri bilen durmuş gurdy, öý-işik boldy. Ine, şeýdip iş-alada, durmuş hajatlary bilen ber-başagaý bolup ýörkä-de aradan on ýyl wagt geçdi. Bir günem ejesinden hat aldy.Ol adaty alşylýan salam haty däldi: “Oglum, jan oglum—diýlip başlanylýan bu hatda mähribanynyň ýürek tolgundyryjy ýazgylar y bardy.--. Sen meniň ilki gözümi açyp görenim, ilki boýuňa guwanan balamsyň. Men öz arzymy saňa aýtman kime aýdaýyn?! Öň ejizlänimi gören dälsiň, halys çoçgara çolaşamsoň ýüregimdäkini aýdaýyn diýdim. Sen maňa dogry düşün. Habaryň barmy-ýokmy, bilmedim welin, iniň Batyr on ýyldan soň gelnini, çagalaryny alyp, başga bir ýerlere göçüp gitdi. Ata ýurduny, garry öýli-howlyny geçer-geçmez baha satyp, meni-de özi bilen gitmäge şunça yrjak bolup jan etdi. Heý-de, meniň oňa bognum ysjakmy? Men şu ojakda ömrümi ötürdim, şu ojakda-da bakyýa giderin diýdim. Onsoňam men kakaňa söz beripdim, ölinçäm ojagyňy saklaryn diýipdim. Adamda lebiz diýibem bir zat bolmaly ahyryn. Barybir ol gitdi, maňa gulak asmady. Onsoň menem „Gitseň hanha ýoluň, menem öz başymy özüm çararyn, il-gün bar, hor bolmaryn“ diýdim. „Ata-enäň göwni ogulda-gyzda, ogul-gyzyň gözi dag bilen düzde“. Nädeýin, öýden ýetdik paýyny beribem, ýola saldym.Wah, oňmasyna ýeke özümem oňjak-la welin, men onuň çagalaryna halys öwrenişipdirin. Indem uly howluda sopbaş özüm, ynan oglum, olarsyz günüm geçenok. Göçüp gidenlerine bir hepde bolan däldir, eýýäm meniň üçin ýyl aşana döndi. Balajyklarym her gün daň atdygy „ene-de“, „ene“ bolşup eňerdiler ýanyma. Men olaryň sesine oýanardym. Är-heleý işe turup giderdi, olary meniň özüm naharlardym. Ir säher süýt bişirip bererdim, ýumurtga çakardym. Goňşy-golamlardan aşyk çöpläp bererdim. Ellerinden tutup, mellege aýlardym. Häzirem ýerlerden çykaga-da „Ene, biz gaýdyp geldik!“ diýip, meni begendiräýjek ýaly bolup durlar. Bilýän, olara gaýdyp yzlaryna dolanma ýok. “Agtyjaklarymy goýup gidiň, men olary hor-zar etmen, olarsyz men ýaşap bilmen“ diýip, näler ýalbardym gelnime, piňine-de däl, gaýta ol maňa nämeler diýmedi. „Çagalammy goýup gider tamaňy tala daň. “Garybyň maly gözüniň öňünde“. Gaýdyp bu ýurtlara köwlenmeris, tomus wagtymyzy hem kurortlarda, dynç alyş öýlerinde geçiris. Bizem dünýäň hezilliklerini görmel-ä. Howlyny bir özüňem saklap bilýäň. Isleseň dogurmazak şäherli gelniňi, nowbahar ogluňy ýanyňa göçürip getiräý“ diýdi. Göwnüne alar hem öýtmedi. Özlerem hakyt mellegiň bag-bakjasynyň hasyla duran wagty taşlap gitdiler. Birmahalky kakaň pahyryň ekip giden bu günki günde agzyňda eräp barýan armytlarydyr gyzylýaňak şetdalylary, şireli almalarydyr bidäne, gelinbarmak üzümleri, bişen nardyr üljelerem ýygnap tükeder ýaly däl oglum. Guş-gumrulara şam boljak...“ Sapar hatyň: “Howla, ataň yzyna sen eýelik etmelisiň, balam“ diýlen ahyrky jümlesini okap durşuna oýa batdy. Ol uzakly güni oýlanyp geçirdi, içini gepledip gezdi. Işiňi, jaýyňy goýup, ur-tut şäherden oba göçüp gitmek diýmek dilde aňsatdy. Üstesine, Dilber hem şäher ýeriniň gyzydy. Oba ýeriniň ýaşaýyş-durmuşy onuň üçin garaňkydy. Onuň hem işi-güýji, ata-enesi, dogan-garyndaşy şu ýerdedi. Bu hakda oňa nädip gürrüň berip bolar? „Görgüli, oba göçeli diýsem, birbada-ha serpmeden gaýdan ýaly bolar. Eger-de göwnemese...“ diýip içini gepletdi. Sapara bir ýerlerden gaýrat gelen ýaly boldy, şol gün işden soň gelni Dilberi ejesinden gelen hatyň mazmuny bilen habarly etdi. --Oglan, „Oýnap aýtsaňam oýlap aýt“ diýilýändir. Seniň çynyňmy? Agzyň diýýänini gulagyň beri eşidýärmi, indiden soň göçmek nireden kelläňe geldi?! --Ejemden gelen haty özüň okap göräý, onuň bir özi ýalňyz galypdyr. Ýogsam, meniňem şol oba gitmäge damarym çekip duranok. Ejem biziň kömegimize mätäç. Belki, biziň hem çagamyz bolan bolsady, olardan birini oba ibersek-de bolardy. Hem-ä oba mekdebinde okardy, hemem ejeme kömekçi bordy. --Wah, näsin aýdýaň Sapar, ýaramyň üstüne duz sepme.—Ol gyňajynyň ujuny gözüne ýetirdi. Şondan soň är-aýalyň ikisem geplemedi, uzakly güni dymyp geçirdiler. Bu gürrüňe aradan iki günden soň ýene-de Saparyň özi gaýdyp geldi. --Men işdeş ýoldaşlaryma, dost-ýarlaryma sala saldym.“Ýedi ölçäp bir kesdim“. Ahyry „Göçmeli!“ diýen karara geldim. Sen gitmeseňem men gidýän. --Wah, menem gitjek däl diýip ýer depip duramog-a, Sapar. Bu ýaşdan soň ejeň düşen halyna meniňem nebsim agyrýar. Ýöne...ýöne oba ýeri bilen öwrenişmerin diýip gorkýan. --Bilýän, bi saňa ýeňil düşmez. Ýöne wagt geçer, öwrenişersiň. Halys bolmajagyny bilsek, yzymyza dolanarys. Işiňi-hä birjigem alada etme. Seň ugruňdan mugallym oba mekdeplerine-de gerek eken. Onsoň hem, ine görersiň, obamyz seniň göwnüňe-de ýarar. Häli görseň, seniň birje gezek görüp gaýdan obaň däldir, bütinleý üýtgäpdir diýdiler. Ol indi şäherçe diýlip atlandyrylýar. Uly keselhana-da şol obada gurlan. Günde-günaşa awtobus gatnap dur diýýä. Obada-da gezelenç edere ýörite medeni-seýil bagy gurlup ulanylmaga berlipdir. Siziňkilere-de boş günlerimiz geler-gider durarys, uçar bilen gidilse-hä bary-ýogy kyrk minutlyk ýol. Ejeňlere-de ýagdaýy düşündirseň ýok diýmezler. --Olar-a hijem göwnemez.—Dilberiň ýüzi garöert boldy. Birsellem sesini çykarman oturdy. Sapar oňa göwündarlyk berdi. --Gaýa ýok-gopuz ýok, sen entek sabryňy eliňe alybermesene, „Sakawyň soňuna seret“ diýipdirler.„Sakawyň soňuna seret“ diýemde, Dilber, gülkünç bir degişme ýadyma düşdi. Aýdyp bereýinmi? --Şu wagt seniň degişme ýadyňa düşýär. --Aýdaýynmy ýa ýok? --Bolýa, aýt, barybir, sen aýtmasaň goýmarsyň. --Häzirki bolşuň-a ýylgyrarly däl, aý, onda-da bir synanyşaýyn. Haçandyr birmahallar, tomsuň jöwzaly yssysynda dört sany adama bir tonnalyk seýfi beýik jaýlaryň biriniň on altynjy gatyna çykarmak tabşyrylanmyşyn. Iň kyn ýerem şol belent jaýyň ýük göteriji-- lifti işlemänsoň, ony basgançakdan-basgançaga götermeli eken. Nätjek, oglanlar jem bolup näalaç alyp ugrapdyrlar diýýä. Dördüň biri ýol belet, özem sakawrak eken. Onsoň ol ýoldaşlaryna garap ýolboýy „O-o-o--b-b-b“ diýip, şol bir sözleri gaýtalap gelýärmişin. Agyr ýüküň astynda maýrylyşyp gelýän oglanlar bolsa oňa ünsem bermändirler. Jaýyň her gezekki gatyna çykanlaryndan soň birneme dem alyp, ýene-de ýollaryny dowam etdiripdirler. --Şundan-da bir degişme bolarmy? Aýt, munuň niresine gülmeli? --Howlukma, gülmeli ýeri indi gelýär. Ahyry on altynjy gata çykan oglanlar ýadawlykdan ýaňa biri bilini tutup, başga biri köýneginiň ýeňi bilen derini syryp, garaz, duran-duran ýerlerinde çöküşipdirler. Ine, şo pursat hem näme bolupdyr diýsene? --Näme bolupdyr, ýene-de ýangyn döräpmi? --Ýangynly degişme däl-how bi. Ol düýbünden başga degişme. Hälki O-o-o--b-b-b--diýip, ýolboýy sakawlap gelýän oglan birdenkä: „Oglanlar, biziň gelmeli ýerimiz bu podýezd däl!“ diýip gürläýipdir. Sapar öz degişmesine özi güldi, onda-da eli bilen içini tutup heziller edip güldi.Ýöne Dilberiň gülmän duran soluk ýüzüne gözi düşende welin bütinleý başga keşbe girdi: --Aýtdym-a, bolşuň ýylgyrarly däl diýip. --Aýt, munuň niresine gülmeli? Sakaw bolanda näme, sakaw adam dälmi, ol hem eneden doglanda dilim sakaw bolsun, peltek bolsun diýip höwes eden däldir-ä. Ol betbagtam gorkudan-beýlekiden tapynandyr-da, Onda näme günä bar?! Ýoldaşlary ony başda diňlemeli ekenler-dä! Agyr seýfi gaýtadan aşak düşürmek aňsatmy? Pahyrjyklar düşürdilerem diýeli, indiki barjak jaýlarynyň liftiniň işleýänini-işlemeýänini kim bilýär? Oňa kepil geçjek adam barmy? Lifte seredýän ussa nirdemişin!? Ol şundan aýlyk alýandyr-a. Mundan degişme bolmaz. Sen oglan güldürjek bolup, gaýta meni gynandyrdyň. -- Bolýa, bolýa, köşeş, aýtmadygym eken. Kofe içjekmi çaý? -- Käşgä mundan öň içerde çaý demläp, kofe taýynlan adam bolan bolsadyň. Kofeden, çaýdan ýokmy diý-dä gutar-da! Meniň-ä olaryň hiç birine-de meýlim ýok. --Gözel göwnüň, içmeseň içme ezizizim, meniňem ýeke özüm şony içesim gelip, ýüregim böküp duranok. -- Diliň süýjäpdir-le. -- Dilber, mundan öňem meniň dilim ajy däldir. Gel birsellem ondan-mundan gümür-ýamyr edeli-le, bolmazmy? --Bolmaz, häzir meniň sen bilen oturyp, gürleşere halym ýok, haýyş edýän, meni ýeke galdyryň. Sapar mundan artyk eglenmek islemedi. Ol gapyny batly ýapyp çykyp gitdi. Dilber ýeke galdy. Nämedendigini özem bilmedi, howasy ýetmedik syrkaw ýaly hamsygdy, gözlerine inen ýaş damjalary ýaňagynyň ikiýanyndan düwmelenip gaýtdy. *** Şondan soňky durmuş öý ugruna tigirleniberdi. Sapar oba keselhanasyna, Dilber mekdebe işe ýerleşdi. Nabat daýzanyň ýüregi aram tapdy. Dilber okuwdan öýe giç gelerdi. Sapar ulagly bolansoň köplenç Dilber bilen jaňlaşyp, ony ýüzugra mekdebinden alyp gaýdardy. Obanyň başga bir ýerinden täze mekdebiň gurluşygy hem gidip durdy. Köne mekdebem hiç neneň däldi, tomus abatlaýyş işleri geçirilip, töwerek-daş bag-bakjalyga öwrülip gidipdi. Sapar mekdebiň golaýynda saklanyp, hemişekisi ýaly Dilbere jaň etdi, özüniň oňa garaşýanlygyny duýdurdy. Soň hem ulagyndan düşüp mekdebiň daşyna aýlandy. Mekdebem, oňa barýan ýol-ýodalar hem onuň gözüne yssy göründi. Bu Saparyň hem on ýyllap okan, bilim alan mekdebidi. Hanha, okuwçy gyzlar hem mekdepden ikibir-üçbir bolşup çykyp ugradylar. Goltugy kitaplylary synlanynda birmahalky synpdaşy Maýagözeliň keşbi göz atuwyna geldi... O mahallar oglanlardyr gyzlar topar-topar bolşup, nobatdaky gutardyş döwlet synaglaryna taýýarlyk görýärdi. Maýagözel hemişeki agraslygy, hemişeki uýaljaňlygy bilen Sapary çeträge çekip:--- Sapar, her kes eýýämden bir käri saýlap alypdyr, sen näme pikirde?—diýdi. Sapar heniz oňa jogap berip-bermänkä ýene-de gürrüňini özi dowam etdirdi.—Men-ä okap bolaýdym öýdýän. --O näme diýdigiň Maýagözel. Hany, seň bilen şähere gitjekdik, lukmançylyk okuwyna-da bile synanyşyk etjekdik. --Hawa, ozallar men dogrudan hem şeýle pikir ederdim. Indi ol pikirimdenem el üzdüm. Öýdäkiler meni okuwa ibermekçi däller, on sekizim doldugy durmuşa çykarjaklar. --Näme? Göwün berenim bar diýäýmeli ekeniň-dä!? -- Ol gowy däl-ä. Kim seni diňlejek, gury öz syryňy özüň paş etdigiň bolar. --Sen şeýle düşünýäňmi? --Hawa. --Munuň başga bir çäresi ýokmy? Belki bu hakda mugallymymyzy habarly ederis. --Ýok bolmaz. Indi baryna giç oglan, diňe täleýe kaýyl bolaýmak galýar. ...Maýagözeliň owadan gözlerini ýaşa püre-pürläp, bir jümlede beýan eden sözleri onuň ýüregini paralapdy. Onuň bilen soňky görme-görüşmelerdir ýarym-ýarty duşuşyklar hem bu meseläni üýtgetmändi. Ykbal olaryň hersini bir ýola atardy. Sapar mekdebi tamamlap şähere okuwa gaýtdy, bagty çüwübem şol ýyl lukmançylyk institutyna okuwa girdi. Birinji yyly tamamlap, tomus dynç alyş rugsadynda öýe gaýtmagyň ugruna çykyp ýörkä-de Maýagözeliň durmuşa çykarylanyny eşidip galdy. Şodur-da-şodur gaýdyp dogduk obasyna köwleneýinem diýmedi. Ata-enesiniň özüni şähere idäp geläýmese, olary görmäge barmady. Dilber bilen guran durmuş toýuny-da şäherde tutdy, toýa ata-eneleriniň özleri gelip gitdi. ...Sapar Dilberiň gelip, ulagynda oturanyny hem duýmandy. Dilber ony görmänsoň ulagyň düýdüldisini basyp gygyrtdy. Mekdebiň günbatar tarapynda köw-söw edip ýören Sapar bolsa ylgaşlap diýen ýaly geldi-de, ruluň başyna geçibem ondan ötünç sorady. --Garaşdyraýdymmy, bagyşla! --Ýok, ýok, meniňem gelip durşumdy. Olaryň münen ulaglary ýuwaşlyk bilen ýerinden gozgandy. *** „Keselhana merkezden ökde lukman gelipdir“ habary oba arasyna tiz ýaýrady. Hemmeler Saparyň iş otagynyň daş ýüzünde nobata durýardy. Bi nobatyň yzy üzülmeýärdi.Sapar şäher ýerinde diňe bir keselhanada ýatan näsaglara seretse, bu ýerde onuň iş-aladasy goşalanypdy. Keselhanada ýatan näsaglardan başga-da özüne dürli sowallar bilen ýüz tutýan obadaşlaryny dynuwsyz kabul edýärdi, maslahatlar berýärdi. Nobaty boýunça giren başy sary öýmeli gelin çagasyny lukmana görkezdi. Sapar çagany birlaý göz gezdirip, onuň keselini kesgitledi: --Çagaňyzyň birneme gyzgyny bar, siz ony azajyk üşeden bolmaly. Isleseňiz keselhanada ýatyryň, bäş-üç gün bejergisini alyň, gutular gider. Öýde seretdirmekçi bolsaňyz aýdyň, men dermanlaryny salgy bereýin--diýdi. --Sag boluň lukman! Öýe baryp ýoldaşyma sala salaýyn. --Sag boluň, sag boluň.-- Sapar nobata duranlara garap gygyrdy:--Indi kimiň gezegi, giribersiň. Başy sary öýmeli gelin ýaňy bir turmakçy bolup ýerinden galanda, onuň elindäki ujy emzekli süýtli çüýşesi ýere gaçdy-da, kül-uşak boldy. Çüýşäniň süýdi hem-de onuň irili-ownukly jäjejikleri otagyň içine pytyrap gitdi. Sapar laňňa ýerinden galdy. --Wah, çüýşäň döwüläýdimi? --Wiý, men bu ýeri nädäýdim, meni bagyşlaň.—Sary öýmeli gelin çüýşe jäjeklerini ýygnaşdyrmakçy bolup egildi. --Ýok, ýok, siz alada galmaň, häzir tämizleji aýaly çagyraryn, syryp aýrar.Seresap boluň eliňizi kesdiräýmäň. Wah, çagajygyň çüýşesem döwüläýdi. --Döwülen çüýşe bolsun, ýüregiň döwülse, ana şonda ýaman. Ony syryp-süpürip aýryp bolmaýar. --Siz näme hakynda. --Sen meni tanamadyňmy? -- Ýok, dogan. --Dogrudyr, tanar ýaly bolan hem däldirin. Ýöne men seni görenden tanadym, üýtgemänsiň. --Maýagözel! Başy sary öýmeli gelin ady tutulanyna ýalta seretdi. Onuň birmahalky jadyly gözlerinden, görk-görmegeýliginden nam-nyşan galmandy, horlanypdy, çekgeleri çekilip, ýaňak süňkleri mesaňa-mälim öňe bakan güberilip durdy, akmeňiz ýüzi solukdy. --Oba işe geläýdiňmi? --Hawa, ejem ýeke bolansoň, göçüp gelmäge mejbur bolduk. -- Sen-ä söýşüp öýlenensiň-le? --Ýok-la. Söýgi düýbünden başga zat eken. Birek-birege düşünişip ýaşaşyp ýörüs, şol bolany. Gelnim häzir şu ýerde, çaga okadýar. -- Çagalaryňyz hem ullakan bolandyr-la, şeýle dälmi? -- Wawaly ýerimizden tutduň, Maýagözel, biziň heniz çagamyz ýok. --Wah-wah-eý, çagany bir gowy görýäňmi? --Ýogsam näme, men çaga lukmany ahyryn. Maýagözel ýüzüni kese sowup durşuna: “Çagalaryma sen atalyk eden bolsaň bolmadymy?" diýip pyşyrdady. Ony Sapar eşitmedi. --Onsoň, durmuşyň nähili? Sen bagtlymy? Maýagözel geplemedi, iki eli bilen ýüzüni tutup durşuna möňňürip çykyp gitdi. Sapar ony saklajagam, köşeşdirjegem bolmady, içerik giren indiki müşderä seretmek bilen boldy. Ol birsalymdan ýere dökülen suýtdur jäjek böleklerini ýygnaşdyrmak üçin ýanyna tämizleýji aýaly çagyryp getirdi. Tämizleýji hem hapany aýryp, onuň ýerini ýuwuşdyryp durka: --Oglum, ýaňky gelni tanadyňmy?—diýip, Sapara ýüzlendi. Sapar ýagşydan-ýamandan söz açmady. Dodagyny ýuwaşja müňküldetdi-de, oňaýdy. --Tanamasaň, men ony tanaýan. Ol gaýraky Meretdurdy keliň aýaly. Äri özünden on-on bäş ýaş uludyr-la, gyz. Ata-enesiniň garşysyna gidip bilmedik naçaryň düşen güni şundan gowy bormy? Gün-güzeranlaram meňki bolsun diýer ýaly däl. Hälem bu gelni zor görmeli. Maşgalaň agyr ýüküni bir özi gerdeninde çekmegi başarýan mert gelin. Meretdurdyň özi-hä nalajedeýiniňem nalajedeýini eken. Eden etmişi üçin telim ýyllap güneşläbem geldi. Bu mahal Maýagözel ýolboýy Saparyň „Onsoň durmuşyň nähili? Sen bagtlymy?“ diýip jogapsyz galdyran sowallaryny zol-zol aňynda gaýtalap gelýärdi. Dogrusy, şeýle sowallary wagtal-wagtal ol öz-özüne-de berip görerdi. Her gezegem bagtsyzlygyny dile almak islemezdi. Onuň çagasyny gujagyna mäkäm gysyp, uly-uly ädimler ätläp, bu ýerden çaltrak arany açmakçy bolýandygy hem şonuň üçindi. *** Ol ýolboýy öz-özüne sowal berip, käbirine jogap tapsa, käsini jogapsyz galdyryp gelýärdi. “Piliň gulagynda uklap ýören ekenik. Şäherde ýaşap ýören Sapar oba göçüp gelipdir. Gelnem eýýämden mekdepde mugallym bolup işe başlapdyr. Bu nähili beýle bolýar-a? Hany, birmahallar Saparyň ýigrenýäni oba durmuşy, obaň gün-güzeranynyň güzaplylygydy-la, gyz. Kakam olaryň iberen sawçysyna “Gyzymy oba, öz golaýymda ýaşajak adama durmuşa çykarjak” diýip öňlerinde çürt kesik şert goýanda, torsarylyp turup gidenler şolar dälmidi? Soňam gara bereýin diýmediler. Indi olara nä döw çaldyka? Ýogsam, biz Sapar ikimiz birek-birege söz beren boluşybam ýördük-le. Ömrümiziň soňuna çenli bile bolmagy wada-da edipdik. Barybir, sözüniň yzynda durmady, wadasyny ýuwutdy. Ähtinden dänmek bilen özüniňem, meniňem ykbalyma sogan dogrady. Ýöne näme, durmuş durmuş bolýar, wagtyň geçmegi bilen ähli zat ýerbe-ýer bolup duruberýar eken. Çarhypelegiň nireden yş açjagy belli däl. Ýogsam, Sapar nire, oba göçüp gelmek nire?”. Maýagözel kalbyndaky sowallara jogap gözläp ençeme gününi ötürdi. Ahyry bir günem onuň oba göçüp gelmeginiň düýp sebäbiniň anygyna ýetdi. Bu şeýle bolupdy. Bibijemal eje obada ýalňyz galypdyr, oňa bile ýaşap ýören körpe oglundan, gelninden haraý bolmandyr. Olar çagalaryny ýanlary bilen alyp, ur-tut şähere göçmek bilen bolupdyrlar. Gelni şäherli gyz bolansoň, olar bu ýerde ýaşaşan on ýylyň içinde, asyl gelin bolup gelen gününden şähere göçmek aladasy bilen ýaşap, günleri it bilen pişigiňki ýalymyşyn. Şoň üçin obadaky jaýlarynyň ýykyk-ýumruk ýerlerini abatlajagam, mellek ýerini ekjek-tikjeklerem bolmandyrlar. Mal-gara saklamagyň-ha asla pikirini hem etmändirler. Diňe mellegiň her ýylky bişen miwe önümlerini--erik alma, ülje, şetdalydyr gelinbarmak üzümlerini, hozdur narlaryny eltip bazarlarda satmak bilen oňňut edipdirler. Özleri-de ýyllaň dowamynda ýygnalan o pullary sowman, ýygşyranmyşynlar. Diýýänä, haçan görseň, giň howluda garrynyň bir özi gydyrdanyp ýörendir. Sygyrynam özi sagardy, tamdyr çöreginem özi bişirerdi. Kir-kimirinem özi ýuwýamyşyn diýerdiler. Dogrusy, olar Bibijemal ejänem özleri bilen gitmäge yrmakçy bolup, kän-kän synanyşyk edipdirler diýýärler.Onuňam sebäbi howlyny geçen ýerine satyp, mazalyja pullanjakmyşynlar. Bibijemal eje welin göwnemändir, özüniň howlyny, çagalaň ata ýurduny taşlap hiç ýaňa gitmejegini, asla öýüni hiç haçan satlyga çykarmajagyny aýdypdyr. „Satdyraýman, tamaňyzy tala daňyň. Dirikäm-ä oňa ýol bermen! Göçerin diýseňiz, hanha ýoluňyz. Ataňyzdan mirasyndanam ýeterlik paýyňyzy alyň, göçüberiň“ diýipdir. „Agtyklarymdan birini-ýarymyny ýanymda galdyryň” diýip, oglundan hem gelninden aýry-aýrylykda uly göwresini kiçeldip, çök düşüp ýalbaranmyşynam diýýärler. Gelni welin göwnemändir. Oňa ýowuz darapdyr: “Çagamy obada galdyrar ýaly çagasyndan doýan ýok, enesi. Soňam gaýdyp bu ýurtlara köwlenerismi-köwlenmerismi, bir alla bilýä, tomsuna-da oba gelmän, wagtymyzy kileň adamlar ýaly kurortdyr dynç alyş öýlerinde geçiris. Biziň ilden nämämiz kem?! Besdir, on ýyllap çydap gezdik. Indi ýanyňa dogurmazak gelniň bilen nowbahar ogluňy göçürip getiräýgin!“ diýipdir. Hawa, hawa, hakyt gelni gaýnynyň ýüzüne garap, şu sözleri aýdyp bilipdir. Uly bir maşyny öý goşlaryndan mas ýükläbem obadan göterilipdirler. Elbetde, Bibijemal ejä bu zatlar ýokuş degendir. Gan basyşy artyp, esli günläp düşekden galman, ýeri bagyrtlap ýatyberipdir görgüli. Bu ýagdaýy eşiden Sapar hem mazalyja oýlanyp, ölçäp-döken bolmaly, ejesine halys dözmän, işini-güýjüni taşlap, şäherli gelninem yzyna tirkäp, ymykly oba göçüp gaýdan bolmaly. Hawa, hawa, şeýle bolupdyr. Men ony elin adamdan eşitdim. Maňa-ha olaryň oba göçüp gelenleri kemem däl, öz-ä çagalarymyň saglygyna esewan bolar, beýlekisem mekdepde sapak berer. Wah, iru-giç oba gaýtjagyny öňünden bilip bolsady, belki biziňkilerem garşy çykmasalar çykmazdy. Aý, indi geçen geçdi, o günleri barybir yzyna gaýtaryp getirjek gümanyň ýok. Onsoňam, indi bütinleý başga zamana, obaňam o döwrüň garyp obasy däl ahyryn. Şähere gaýra dur diýýär. Maňa-ha indi barybir, her kes öz hojalygy bilen gümra, ony daşyndan görüp dursam, birmahallar depesine täç etjek, bagtly etjek adamyň aýatda diriligini bilip-duýup dursam, şondan öňňe zat gerek däl. Haýp, başga bir zat meni gynandyrdy, olam on ýyl bäri maşgala gurup ýaşaşyp ýörseler-de, çagalarynyň bolmazlygy. Pikir edip gör, biriň çaga lukmany, başga biriň çagalary okadyp-terbiýeläp ýören adam, çagalary welin ýok.Ýok, ýok, men nämäniň gürrüňini edýän diýsene heniz , olaryň ikisem ýaş adamlar ahyryn. Hanha, Oguldurdy ejäň gelni on dört ýyldan soň çaga gözi düşmedimi näme?”. Onuň öýe gelibem ugry bolmady. Ukuda meýmiräp ýatan bäbegini sallançagyna saldy, soňam onuň alabagly ýüpüni özüne dartyp, çalaja yrap goýberdi. Sagadyň uly dili ony külterläpdi.Ýorgana bürenen adamsy henizem çöl beýewanda güneşläp oturan zemzen ýaly çişip ýatyrdy. Içeriň dymyk howasy bardy. Maýagözel içerini ýelejiretmek üçin öýüň tutusyny bir gyra çekdi-de, penjiräni açdy. Içerik daşaryň güýz şemaly kürsäp urdy, şo dem öýüň içiniň howasam tämizlenen ýaly, penjiräň tutusy hem ýeliň ugruna galgap-galgap gitdi. Ine, şo pursatam bu salkyn şemala adamsy Meretdurdy oýandy, ýorgandan kellesini çykaryp, içi daraw-daraw bolup duran gyzyl, pökge gözlerini alarladyp seretdi-de, sesiniň ýetdiginden gygyryp goýberdi: --Ýap penjiräni, içiň gyzyp, ýüregiň ot alyp barýan bolsa bar sowadyjydan suw iç! --Kakasy, aýdýanyň näme, içerde dem alar ýaly däl-ä. Gaýta senem daşary çyk, howaňy täzele. --Seň pikiriňçe, öýüň howasy hapa-da. Şeýlemi? Men-ä günuzyn şu tünegiň içinde, daşarynam görmän oturýan. --Hiç ýaňa gitmäňde-de, daşaryk çykmaňda-da içeriň howasyny täzelemeli. Bu tünekde ýeke özüň ýaşaňog-a. Çaga-da bar... -- Ýap diýdim saňa. --Içeriň ysy-koky gitmese, ýapja-ga däl. --Ýapmal-a borsuň, ýogsam... --Ýogsamyň näme?—Maýagözel adamsynyň jogabyna-da garaşman beýleki otaga geçip gitdi. Meretdurdy üstündäki ýorgany bir gapdala sylyp, tarsa ýerinden turdy. Barybam penjireleri ýapdy, hüňür-hüňür bilen ýerine geçip, ýorganyny täzeden başyna çekdi. Onuň “Men-ä günuzyn şu tünegiň içinde, daşarynam görmän oturýan“ diýmesiniň sebäbem, ol indi näçe wagtlar hiç ýerde işlänokdy.Ýogsa, işläýin diýene obada işem tapylyp durdy. Kileň adamlar kärendesine ýer aldy. Şolara baryp hyzmat etseňem bir maşgalany eklär ýaly girdeji alyp boljakdy.Ýöne... Maýagözel şu güne çenli tikin-çatyn bilen maşgalany bir özi diýen ýaly ekläp ýördi. Dogrusy, müşderisi ýetmänem duranokdy. Ýöne çagalaryň aladasy bilen oňa eli ýetmeýärdi. Bir gezegem ol goňşulardan el-ýüz ýuwulýan enaýyja bir jürnükli mis künnüginden birini höwes edip satyn alyp gelipdi. Ony gören Meretdurdy uly goh turuzypdy.“Kündük garnyňy doýranok. Oňa derek öýe iýmek-içmek al. Äkit, ýok et! Ýuwunjaga howlyň krandy akyp dur“ diýip ustüne çöwjäpdi. Şonda Maýagözel sesini-üýnüni çykarman goňşulara künnügi tabşyryp, puluny yzyna alyp gaýdypdy. Başga bir günem şonuň ýaly bolan waka Maýagözeliň şu günki ýaly ýadynda. Başga bir obada ýaşaýan ejesiniňkide bolýan ogluna gyşda geýer ýaly galyň žemper satyn alyp, ony ibermegiň ugruna çykyp ýördi. Şonda-da bir bolmajasy bolupdy. „Ogluňa egin-eşik iberer ýaly pul tapýaň-da, maňa-ha sowalga tapaňok“. „Atasy, ýekeje žemper alaýdym, gymmadam däl eken. Geçen ýyldaky iberen eşiklerim ýyrtylyp gidendir. Oguljygymyň jorabyndan-a nam-nyşanam galan däldir, onyň-a gürrüňinem edemok“. „Sen öýüň bilen bol, düşdüňmi?“. Şonda Maýagözel „Öz gazanýan pulumy sowmaga-da erkim ýok!“ diýip içki otaga girdi-de, gapyny içinden urup, ýüregini mazaly gowzatdy. Meretdurdy çykyp gidensoňam ony şol günüň özünde eltip satyn alan dükanyna tabşyryp gelipdi. Ine, bir günem olaryň maşgalasynda oglan bäbejik dünýä indi. Indi olaryň iki ogly, bir gyzy bardy. Ondan bäri ýigrimi gün töweregi wagt geçipdi. Bir gün bäbegiň gyzgyny artyp, yzyny üzmän üsgürip başlady. Maýagözel dessine doktora habar berdi. Hemişeler şepagat uýasy Lida bajy gelerdi. Ol onlarça adamyň göbek enesi, sylagly adamsydy. --Eje, bize doktor daýy gelýä—diýip, bäş-alty ýaşlaryndaky gyzjagazynyň getiren habarynyň yzýany eli apteçkaly doktor hem howla girdi. Bu gelen Sapardy.Ol gelende içerde Maýagözeliň bir özidi. --Salam, Maýagözel. --Salam Sapar. --Neneň gurgunçylykmy? Doktor çagyran ekeniňiz. --Hawa, hawa, çagyrypdym. Giç agşamdan bäri bäbejigimiz aglap ýatmady, bizem ýatyrmady. Sapar gulagyna trubka dykyp çagajygyň öýkenini barlady, gözlerine, gulaklarynyň arkasyna seretdi. --Çagajygyňyzyň ady näme? Maýagözel eşitmedik boldy. Sapar sowalyny gaýtalady.—Onsoň ogluňyzyň ady näme? Maýagözel oňa jogap bermegiň ýerine: --Köşejigimiň ýagdaýy nähili, doktor!—diýdi. --Gorkuly zat ýok. -- Sapar dermanlaryň atlaryny ýazyşdyran kagyzyny Maýagözele uzatdy. –Ine, şu dermanlary alyp, häzirden içirip başlaň, sanjym etdiriň. Köşegiňiziň emi-ýomy şol bolar. Kömek gerek bolsa, emgenmän çagyryň. --Sag boluň, doktor. Oturyň, çaý, içiň!--diýdi. --Ýok, ýok, mürähediňiz üçin sag boluň. Men synpdaşymyz Aşyrmämmetlere-de barmaly, Guwa ýeňňäň agtygynam görmeli. Sag boluň, sag oturyň.--Ol daş çykansoňam yzyna öwrüldi: --Dermanlary wagtly-wagynda içirmegi unutmaweri synpdaş. Gerek zadyňyz bolsa, birjik-de çekinmäň. Köşek ady welin dogrudanam gowy at. --Sag boluň! *** Lukmanyň bejergilerini wagtly-wagtynda alan bäbejik basym gutuldy. Ýöne Maýagözeliň çaga at dakmak bilen derdi artmasa kememedi. Olaryň dawasy är-aýalyň öz arasynda bolup, barha güýjeýärdi.”Gyzym, çagaňyzyň bolanyna ýigrim günden geçipdir. Basym çileden çykarmalam bolar. Hany dakan adyňyz? Munuň üçin ýene-de näçe garaşmaly? Heý-de şunça wagtlabam çaga at dakylmazmy? Toba, toba, il-gün eşitse näme diýer, görlüp-eşidilen zatmydyr? Adam ölmese, her zat eşider ekeni—diýip, Maýagözeliň ejesinden düýnki telefonda eşiden gürrüňleri hakydasyna geldi. Şonda Maýagözelem onuň sowalyny jogapsyz galdyrmandy. Ol çaga at dakmagyň adamsyndan eşiden gürrüňlerini gylyny gyşartman aýtdy.”Meretdurdy diýýä, ata-babalarymyz ogullaryna ese-boýa galyp, tä ýedi ýaşyna çenli ile-güne özüniň ukyp-başarjaňlygyny tanadýança, at dakmaga howlukmanmyşynlar” diýdi.„Toba, toba, gyzym, çaga doglanda toý edip, uly iliň maslahaty bilen gözel at dakylýandyr. Çaganyň dünýä inmegi bilen bäbek toýy tutulýar. Munda azan okalyp, bä¬bege at goýlup, pişme, nogul-nabat seçilýändir. Onsoňam täze doglan çaga wagtynda at dakylmasa, ol ýaramaz häsi¬ýetli adam bolup ýetişýärmiş. Hanha obamyzda söm-söm edip ýören Atsyz atly bir daýy bardyr-a, ýaramazyň hem ýaramazy bolup ýetişipdir.”Şu çaka çenli gaýynatam pahyryň adyny goýarmyka öýdüp garaşdym, eje. Meretdurdy welin birjigem imrinmeýär.”Kakamyň adyny agam goýupdyr, şol bes. Barybir, çyn ady tutulanok. Kakabaý, Kakabaý diýip ýörler. Onsoňam Atabaý, Dädebaý, Agabaý diýeniň bilen baý bolýamyşmy?” diiýär. Onsoň menem, hut siziň aýdyşyňyz ýaly „Onda-da kakasy, atsyz-a bolmaz. Görýäň-ä saglygam gowy däl. Bu günki öýe çagyran doktorymyza-da çagajygymyň adyny aýdyp bilmedim” diýdim. Maýagözel pikirden aýňalan ýaly boldy: „Ejem, mamla, Meretdurdy bir gelsin, bu meseläni onuň bilen egri oturyp dogry gürleşerin”. Maýagözel içini gepledip kän oturdy, teý ahyry giç agşamlar çagasyna at dakmak meselesinde aýgytly netijä geldi. --Meretdurdy, eger-de sen çagamyza at tapmasaň, onda men özüm... --Bolar, öňki çagalaryňa-da ady özüň goýupdyň. Munam özüň dakyber! Men özüme bir işjagaz tapdym. -- O nähili işjagazmyşyn? --Gaýraky Atageldiň ogly surat çekýämişin. Adamy bir eýläk bakdyryp, bir beýläk bakdyryp. Öňündäki kürsüde gymyldaman otursaň bolany. Soňundan hakynam nagt töleýämişin. --Ondan iş bolmaz, Meretdurdy. Eliň-aýagyň sag, kelläň işleýä, tutan işiňi bitirjek wagtyň. Bar senem obaň telekeçilerine goşul. --Bolýa, bolýa, sen ýene köne heňiňe tutdurdyň. Men gitmeli, howlukmaç. Eşiklerimi taýynla. --Çaga at dakmak näme?-- Maýagözel birhowa pikirlenen ýaly etdi. Soňam: -- Oguljygymyz Sapar aýynda dünýä indi. Şeýle dälmi?—diýdi. --Ýeri, şeýle ekenem-dä! --Şeýle bolsa, näme biz, onuň adyna Sapar dakmaly däl! --Ýöne Saparmy, ýok ol bolmaz, birhili kemterräk gaýdýar, Sapargeldi diýseň başga gep. -- Goý Sapargeldi bolsa, Sapargeldi-de bolsun. Men-ä islendik ada-da kaýyl boldum, kakasy. Meretdurdy aýalynyň her günki üstüne çöwjemesinden ýaňa üstünden agyr ýük aýrylan dek uludan dem aldy: --Ine, indi gelinbaý, bäbek toýunam ediber, bardany gulagyna azanam okadyber. Ejeňi çagyr, pişme, nogul-nabadam seçsin--diýip, ýyrş-ýyrş etdi.-- Bahymrak eşiklerimi getir, gelerin diýip suratkeşe men söz berdim. Maýagözelem ynjalypdy, keýpiçagdy, şol keýpiçaglygy bilen çagasynyň çukanakly ýaňagyndan taýly gezek ogşap: “Adyňa eýe bol, balajygym!” diýdi. Soňam adamsynyň eşiklerini tämizläp durşuna eşidiler-eşidilmez madyrdady: ”Şul-a bolaýdy. Sönen söýgim ömrüm boýy ýatlanar. Şol maňa bes”. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |