11:27 Söýgi | |
• Alym Keşokow hakda
Goşgular
Ýigrimiden gowrak kitabyň, "Ajaýyp pursat" atly romanyň awtory Alym Pşemahowiç Keşokow 1914-nji ýylda Kabarda-Balkar ASSR-nyň Şaluşka obasynda dünýä inýär. Alym Keşokow 1935-nji ýylda pedagogik institutynyň rus dili we edebiýat fakultetini gutarýar. 1934-nji ýylda öz goşgularyny çap etdirip başlan A.Keşokowyň 1941-nji ýylda "Daglaryň eteginde" atly ilkinji ýygyndysy çykýar. 1941-nji ýyldan bäri SSKP-nyň çleni Alym Keşokow Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, bäş ordene, üç medala mynasyp boldy. KBASSR-nyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çleni, RSFSR Ýazyjylar soýuzynyň sekretary, Kabarda-Balkar ASSR-nyň Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy A.Keşokow jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşýar. A.Keşokowyň ençeme goşgulary türkmen diline-de terjime edilipdi. Olaryň birnäçesini "Edebiýat we sungatam" öz okyjylaryna hödürläpdi. • SÖÝGI Ynandym. Garaşdym söýgi ger diýip, Baş egmez ol hiç gudrata, hiç güýje. Tötänden ýüregmi baranok dilip, Ýönelige gije girenok düýşe. Oýlanardym. Aladaly sagatlaň, Günleriň, hepdeleň çägi ýok diýip, Diýdi ol geldi-de: "Hany, sen şatlan!", Garşy aldym ony ýürekden söýüp. Oň bilen geçdim men derýaň saý ýerin, Çoýundy oda ol diňe meň bilen. Mertlikden, gazapdan doldurdy serim, Yza tesdim, öňe gitdim oň bilen. Söýgiň syryn açmak hyjuwy mende, Göwnümemi, dogabitdi bar ýaly. Duşupdyk ikimiz ýüzbe-ýüz şonda, Köprüde saklan deý geçip barýany. Guşagyň örülen älemgoşardan, Inçe bil, sümmül deý owadan özüň. Ýeňişli esger deý sen şeýle merdem, Görküňe görk goşýar näzik owazyň. Mern diýip kän ýoluň tanapyn çözläp, Bilýän, ýolda hupbat baryn görensiň. Çykyşym irmikä ýa bagt gözläp? Belki, sen howlukman ýolda duransyň? Özga sataşmadyň, duşduň maňa sen, Bilýärmiň nämüçin gynaýan jany? Täk bir sensiň düýşe girýän. Ýöne men, Kbul etdim seň ýeriňe başgany... * * * - Eý, Elbrus, näme biýrsiň, aýt, maňa? Sowgadyň şeýle bir elýetmez bolsun. Bäsleşeýin şöhratyňa-şanyňa, Ogluň keşbi seň keşbiňe deň gelsin. Elbrusam jogap berdi mylaýym: - Kümüş kimin akja gara eýe men. Päk bol sen, şöhle saç, edil meň garym Hesretiňde, şatlygyňda dünýäň sen. kabul edişim deý atamdan gyljy, Aldym ele dagyň kümüş deý garyn. Kalbymda galmady tümlükdir ünji, Ýagtylyk gaplady kalbymyň baryn. - Eý, Kawkaz güneşi, biýrsiň sen näme? Ýagtyldaýdyň beýik daglaň jülgesin. Mähriban Ýerimiz, goý, elmydama Gözellige gark bolsun, güllesin. - Ine al! - Şeý diýdi gnem ýalbaryp, Aldym gözelligi, duýmadym özüm. Gelýän goşgym üçin men ony aýap, Tapamok şygrymy, çalsamam yzyn. - eziz derýa, näme biýrsiň ogluňa? Äpet tolkunlary böwüsip geçip. Zabun aty çapyşym deý şol öňe, Uly şowhun bilen bilsedim uçup. Özümi bat bilen tolkuna atdym, Ilim-günüm üçin ýaryşar ýaly. Derýany kowalap, kän menzil ötdüm, Ýöne deňleşerden yzda men häli. Terjime eden Ylýas HOMMADOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, dekabr 1965 ý. | |
|
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ "Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." / Goşgular - 03.12.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||