15:13 Söýgi we mekirlik / satiriki hekaýa | |
SÖÝGI WE MEKIRLIK
Satiriki hekaýalar
Bize täze jaý berdiler. Täze goňşy bilen gatnaşyp başladyk. Olar eneli-gyz ikisi. Bir gün olaryň kwartirasyna bir adam geldi-de, kireýine ýaşamaga başlady. Ýaşy kyrk bilen elliniň arasynda. Ökde ýazyjymyş, lirik şahyrmyş diýdiler. Bir gün elýazmalarymy alyp, onuň ýaşaýan otagyna baraýjak boldum weli, öýüň eýesi Jennet goňşym: ― Ýuwaş-ş-ş, goňşy! Ýazyjynyň ýanyna barmaweri, ol häzir döredýär ― diýip, awçy guşuň dyrnagy ýaly uzyn dyrnagy gyrmyzy süýem barmagyny gyzyl çalnan dodagyna ýetirdi. ― Daýy, geläý ejem ikimiziň otagymyza, çaý iç ― diýip, gögerçiniň petekesi ýaly göm-gök jinsi balakly Aksona, Jennetiň gyzy, ýaňky ýazyjynyň otagyndan çykdy. Ýazyjy otagda gezmeläp, diktowka edýän ekeni. Aksona bolsa maşynkada ýazýar. ― Ýazyjynyň ýanyna indi men baraýaýyn ― diýdim. ― Ýok, barma, ol häzir usurgap, diwana gyşarandyr ― diýip, Jennet pyşyrdady. Stol başynda çaý içişip otyrkak, ine, birdenem Aksona magnitafonyny açyp, jaýy ýaňlandyryp goýberdi. ― Kes sesiňi, haram tula. Ýazyja päsgel berme. Az salym ymyzganyp, gözüniň awusyny alsyn ― diýip, Jennet pyşyrdap azgyryldy. Aksona: ― Eje, biz şu gün köp işledik. Men ýazyjy bilen kino gitjek. «Söýgi we mekirlik» bar ― diýdi. ― Gitmersiň. Ýazyjy döredýär. Basym ol seniň öweý kakaň bolar ― diýip, Jennet ýuwaşja gepledi. ― Ýok, ol meniň öweý kakam bolmaz. Tiz wagtdan ol seniň giýewiň bolar. Düşünýäňmi, körekeniň bolar. Men ony söýýärin ― diýip, Aksona aglady. ― Gyzym, heniz başyň ýaş. Sen ony öýde oturtmarsyň. Kino, teatr, bal, restoran, tans, warýetta diýip süýräp, it alan sanaja döndärsiň. Ýazyjy iş stolunda bolmaly. A men bolsam, durguşan aýal. Göwnüm çöküşen. Döredýän adama söýgi hökman däl, idi gerek, idi. Kofe, kakao gaýnadaryn, tworogdan börek, kotlet bişirip bererin. Ýazyja ýagly-ýüzli, agyr naharlar asla bermeli däl. Men ony «Zdorowýe» žurnalynyň resepti bilen elguş iýmlän ýaly idederin. Agyr iýse ýazyjynyň pallap, äňi ýazaýjak bolar. Onsoň parlap uklap galar. Dünýä üçin bolsa geni zerur, klassyk gerek ― diýip, Jennet döwletli gürrüň etdi. ― Geljekde biziň şu kwartiramyzy muzeý ederler gerek, eje?! ― diýip, Aksona gözýaş bilen dökülen sürmesine derek reňk çalyp otyrka aýtdy. ― Hawa, gyzym. Bize-de birinji etaždan jaý bererler. Men öý-muzeýiniň direktory bolaryn. Size-de şondan iş tapylar. Şu howluda onuň mermer daşyndan depesi asmana direýän mahabatly heýkeli oturdylar. Ýazyjy beýik daş sypanyň üstünde ellerini döşüne goýup gol gowşurar durar ― diýip, Jennet hyýal ýüwürtdi. ― Eje, heýkel ellerini gowşuryp dursa, gyşda üstüne gar üýşer, onsoň ýüzi görünmez. Ellerini äňine diräp, pikir edip otursa gowy bolmazmy?! ― diýip, Aksona sorady. ― Bolmaz, gyzym, bolmaz, pikiri diňe körzehin ýazyjysumaklar edýändirler. Munuň ýazyşy, döredişi ýüzüniň ugruna ahyry ― diýip, Jennet gürledi. ― Eje, ýazan kitabyny açyp, şoňa göz gytagyny aýlap duran heýkelem-ä erbet bolmazdy ― diýip, Aksona aýtdy. ― Kitabyň gatynda nälet siňen musyja kepderi höwürtgelär, gyzym. ― Eje, heýkeliň depesini guşlar hapalamazmy ― diýip, Aksona sorady. ― Gyzym, ýazyjynyň elýazmalaryny podwalda goýaweri ― diýip, Jennet halymsyrap, gök reňk çalnan gabaklaryny galdyrdy. Men bolsam aňk-taňk bolup, agzymy açyp aňalýardym. ― Eje, podwal yzgar, elýazma çyg çerek-dä ― diýip, Aksona filtrli çilimini otlap, taýly gezek sordy. ― Wah, çyg çekse gowy-da, gyzym. Ýazyjynyň elýazmalaryny döwlet arhiwi enzyrut ýaly edip, terezide çekip alyp, agramyna-agram pul töleýär-ä. Ol ýerde elýazmanyň mazmunyna ähmiýet berilmeýär ― diýip, Jennet aýtdy. Eneli gyz ikisi birsalym hyýal atyna atlanyp, eýläk-beýläk çapdylar. Şol wagt ýazyjynyň otagynyň gapysy çalaja açyldy. Ýagty bilen çakyşyp lowurdap duran bir kelle göründi. Ol kellede hatda siňegem durup biljek däldi. Ýazyjy: ― Aksona, gel-dä, ýazaly ― diýdi. Aksona ylgap gitdi. Az salymdan maşynkanyň şatdyldysy eşidilip başlady. «Elli tonna selniň, plýus oňa tölenýän klimatik koeffisiýent...» diýip, ýazyjy gumdaky çuň guýulardan suw çekilýän gowany süýreýän düýe ýaly bolup, iki baka gatnap başlady. Onýança Jennet işigi ýapdy. Goňşy ikimiz ikiçäk galdyk. ― Ýazyjy «Selin» diýen roman ýazýar ― diýip, Jennet aýtdy. Ahrynda Jennet maňa özüniň düýp matlabyny beýan etdi. ― Goňşy, diňle, meniň senden başga ýakyn hossarym, geňeşçim ýok. Menem bir başyboş naçar, ýaňky ýazyjam bir dul adam. Her näçe zehinli bolanyňda-da, äleme ýaý bolan geni, meşhur klassyk bolanyňda-da, adam ýaly, maşgalaly ýaşaýyş ynsana gerek ahyry. Biz häzir ZAGS-a gidýäs. Senem, aýalyň ikiňiz bize şaýat boluň. Özüňizem sada işçi adam. Aýalyňam tanymal dokmaçy ekeni. «Çaýka» kysymly maşyny münüp, uly zenzele bolup, ZAGS-a bardyk. Biz maşynyň maňlaýyndan gurjak asmadyk. Sebäbi indi bulardan çaga-ha önjek gümany ýokdy. Çünki Jennetiň önüp-ösmeli ýaşy bireýýäm geçipdir. Çaga bolmajak bolsa, maşyna şar dakmagyň hem geregi ýok. ZAGS-da şampan çakyryny açdyk. Sebäbi «pohmelsiz kelläm jaýrylyp barýar» diýip, ýazyjy maňlaýyny tutdy. ZAGS bulary registrasiýadan geçirmedi. ZAGS müdiri: ― Ine, öňki adamyňyzdan aýrylyşandygyňyz hakyndaky şu dokumentde peçat ýok ― diýdi. Gepiň gysgasy, nalaç bolup, ýazyjyny Jennet bilen däl-de, Aksona bilen ZAGS-dan geçirdig-ow. Ikisi-de, enesem, gyzam «Meni Jumaýew Çary bilen nikadan geçirmegiňizi haýyş edýärin» diýip, üç aý mundan öň ZAGS-a arza berip goýan ekenler. Seret bularyň öňden görüjiligine! ― Meniňk-ä kemje kerdem bolmady. Ýaş gyz maňa ylham berer ― diýip, ýazyjy loh-loh güldi-de, düwmeläp, bygyrdap duran lezzetli şampan çakyryny başyna çekip durka aýtdy. Agşam ýazyjynyň meýlisi boldy. Köpräk içen ekenim. Gijäniň bir wagty gelip ýatyp galypdyryn. Täze çatynjalar-a ýatmandyrlaram. Daň atýança içhä-içlik bolupdyr. Ertesi irden meni ýene goňşy pohmele çagyraýdy. «Kelläň agyrysyny aýyrjak» diýdi. Bardym. Görsem, Jennet bilen Aksona ýok. ― Hany Jennet?! ― Jenneti-hä dowzaha iberdim ― diýip, ýazyjy çişik garnyny titredip güldi. ― Hany gelniň Aksona?! ― Gelin gelne gurbanmy, ony kowdum. Häsiýetimiz gabat gelmedi. Aksona bolmasa, gök sona eken-dä ― diýip ýazyjy maňa gök bergesli, durguşyp, sary diş bolan bir aýaly görkezdi. Ýanynda-da irili-ownukly bäş-alty sany çaga-da bardy. Ýazyjy maňa şeýle diýdi: ― Goňşy, mazaly keýpiňi kökle bakaly. Ýene-de bir gezek ZAGS-a gideli. Bize ikinji saparam bir şaýat bolup beriň. Onsoň bu kwartira kanuny suratda biziň adymyza geçýär. Onsoň hakyky jaý toýuny tutarys. Asyl, mundan gelip çykdy-how. Soňky döwürlerde ZAGS-yň statistikasynda «söýüşýänler» bilen «sögüşýänleriň» sany deň gelýär diýdim-le. Ýaňky ýazyjy diýýänim bolsa zat ýazýan adamam däl ekeni-le. Ol aýna kombinaty üçin gumda selin taýýarlaýan ekspeditor bolsa nätjek. Özüniň başdaş, çagaly aýaly bilen sudda nikasyny bozup, soň Aksona bilen nikadan geçip, ony «kowup», ýene öňki aýalyny alýan Çary Jumaýewler indi köpelip başlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |