15:59 Söýgüsiz gyzyñ monology | |
SÖÝGÜSIZ GYZYŇ MONOLOGY
Goşgular
“Gel” diýmedi Söýlen gözel Öz ugrunda sepil bolan aşyga. ol bolsa gerdende göterip geldi, ýalňyz yşgyn dag-düzlerden aşyra. Yşk köşgüne girmek isledi aşyk, Gaýzygan dertlerin başyndan kowup. Yşgyň gapysyndan bilmedi aşyp, Müňläp synaglary bilse-de sowup. Söýlen gözel görmegini güjeňläp, Yşk derdiniň tutaşmagna hem sebäp. Köýdürdi arzuwyn aşyklaň müňläp, Dünýä inen ter yşkyny seňseläp. Keşbini görenleň ýat bolýar huşy, Aýam ejab edip gizlenýär Gökde. Ýöne şeýle görki beren durmuşy Yşk nuruny eýlemändir ýürekde. Ne aşyk derdine ejizläp bilýär, Ne ony örtemän, ezizläp bilýär. Bir bilýäni, joşan yşgyň deňzine Aşygyny oklap bilýär. Ýoklap bilýär Goldan alyp küregin. Hem ýüregin mynçgap bilýär, Ýaryp kükregin. Aşyk ýigit bolsa gözläp bu ýary umyt etdi, hoş sözüni alarna. Ýöne didesine teşna didary, Yşgyň açylmadyk gapylaryna Bakyp, Bakyp,Bakyp doýmaly boldy. Başyna täç etjek mahmal bägülin, Şu gapyň öňünde goýmaly boldy. Müňläp synaglary bilse-de sowup Yşgyň gapysyndan bilmedi aşyp, Gaýzygan dertlerin başyndan kowup, Yşk köşgüne girmek isledi aşyk, Söýlen gözel “Gel” diýmedi. Muhammet BEKGIÝEW. | |
|
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ne ajaýyp hüý erer, eý şohy siminber saňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |