18:18 Hat ýaz maña | |
HAT ÝAZ MAÑA
Goşgular
Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim, Özüň üçin oňaýlyja wagt tap-da. Keşde kimin ak kagyzy nagyşla, Wepaň hakda, söýgiň hakda, bagt hakda. Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim, Didelerim didaryňy ogşasyn. Uzak ýolda nazarymy aýlasam, Gaýrat berjek, süňňüm bilen gowşasam. Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim, Ýer almajak solup giden depderde, Ykbalyň ýazgydy süňňüme ýetip, Egbarlamda, bolup biljek dep derde. Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim, Kasam boljak hak aşyklaň yşkynda, Gijäň ümsümligin tutunyp arka Penjireden jyklan Aý yşygynda. Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim, Buza dönen duýgularmy eretjek, Arşda süýdün döküp giden Akmaýaň Ýoly ýaly ýüregimde ýer etjek. Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim, Yşkymyzyň kalba guýan namasyn, Kepil bolup bagtymyzyň şanyna Gorap biljek söýgimiziň namysyn. Sen maňa şeýle bir hat ýaz, ezizim, Halas etjek şum rakyplaň derdinden. Doga kimin asaýyn men ýakamdan Söýgimizi gorar ýaly göz-dilden. Muhammet BEKGIÝEW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |