18:06 Alty Sallandyýewiñ degişmelerinden | |
■ «Saýawany ýapmak islänimde...»
Degişmeler
Ýagyşly günleriň birinde Alty Sallandyýew hojalyk harytlaryny almak üçin bazara gitmeli bolupdyr. Öýüne dolanyp gelende, aýaly soraýar: — Saýawanyň nirede, gideniňde alypdyň ahyryn? — Hawa, alypdym, ýöne ýitiräýipdirin. — Şeýlemi? Ýeri, haçan akyl ýetirdiň ýitireniňe? — Ýagyş diňen wagty saýawany ýapmak islänimde. ■ Dutaryň täze perdesi Dynç gününi keýpiçaglykda geçirmegi ýüregine düwen Alty Sallandyýew öýüniň törüne geçip, eline dutar alyp, saz çalmaga başlapdyr. Onuň dutar çalşyna üns berip oturan aýaly ýüregindäkini aýtman saklanyp bilmändir. Ol: —A-ýu, kakasy, iller-ä dutar çalanlarynda, ellerini bir ýerde goýanoklar. Sen bolsaň, eliňi bir perdede goýup, şony tutup otyrsyň — diýýär. Dutarynyň tarlaryny barmaklary bilen mäkäm gysan Alty: —A-how, iller şu perdäni gözläp tapyp bilenoklar. Şonuň üçin hem «Bir tapanymy soň goýbermäýin» diýýän—diýip ýylgyrypdyr. ■ «Taksi çagyrmalydyr» Alty Sallandyýewlere myhman gelipdir. Ol bir gün däl, iki gün däl, hepdeläp gitmese näme? Ahyryn Alty Sallandyýew: — Daýy jan, indi size näme getirmeli? Çaýmy, kofýemi, a belki-de, taksi çagyrmalydyr?! — diýip, gülmän-yşman gürläpdir. Onuň teýenesine düşünen myhman, gaýtmak bilen bolupdyr. ■ «Ýüze çenli sana» Bir gün Alty Sallandyýewiň boksçy goňşusy ýatyp bilmeýändigini aýdyp zeýrenipdir. Alty oňa: — Men-ä ukym tutmasa içimden ýüze çenli sanaýan. Senem şeýdip göräý — diýipdir. Goňşusy egnini ýygryp: — Wah, bar gepem şonda-da. Sanap başlaýan welin, 10-a ýetemde syçrap ýerimden turaýýan — diýipdir. Alty Sallandyýew boksçy ýykylanda eminiň 10-a çenli sanaýandygyny ýatlap ýylgyrypdyr. ■ Surat Alty Sallandyýew tanyş suratkeşleriniň birinden portret surat almagy ýüregine düwüp, onuň ýanyna ugrapdyr. Ol ençeme suratlaryň arasyndan ahyryn birini saýlapdyr. Ony gören suratkeş uludan demini alyp: — Bu surat üçin 10 ýyllap azap etdim diýipdir. Onuň: — Näme, muny 10 ýyllap çekdiňmi? — diýen soragyna: — Wah, çekmesine bir aýda çekdim-le welin, satyp bilmän 10 ýyl kösendim —diýip jogap beripdir. ■ Gezelenç Alty Sallandyýew gyzjagazy bilen gezelenje gitmegi ýüregine düwüp-dir. Olar hernäçe jan etseler-de, otludan gijä galypdyrlar. Olar demir ýol menzilinde oturan bir aýaldan: — Otly gitdimi? —diýip sorapdyrlar. Onuň: — Wah, bäş minutjyk gijä galdyňyz — diýip beren jogabyna Alty Sallandyýew ýyigyryp; — Gyzym, ylgap gaýdanymyz hem gowy bolupdyr. Ýogsam 10 minut gijä galjak ekenik — diýipdir. Toplan Muhammet BEKGIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |