SÖZ — IMAN
Ýüzüni garaňka tutup gelen atlynyň kimdigini, nireden gelip, nirä barýandygyny soramagy soňa goýan Halyl aga myhmanyň atyny tutmagy inisine tabşyryp, sekiz ganat ak öýe tarap ýeneldi. Bu jelagaýlaryň adamsyna meňzemeýen, ýöne oňa meňzemäge halys ymtylýan nätanyş, daýanykly gojanyň her ädimini üç ädip, bir zatdan heder edýän ýaly zol-zol eginleriniň üstünden yzyna gaňrylyp onuň yzy bilen işigiň tutusyny gapdala serpip, öýe girdi. Myyhmanyň argyn ýüzünde galagoplyk mesaňa-mälim bildirip durdy. Halyl aga bu ýagdaýy aňsa-da, «myhmanyň howuny basaýmaýyn» diýip, oňa habar gatmady. Ymykly ornaşaýança, myhman hem dil ýarmady.
«Gözüň-ä bir zatlardan habar berýä welin, Taňry myhmany bolansoň, durubermeli bolýa-da. Hany görubereris. Adam diýeniňem hil-hil bolýar. Belki, bu bendäň ýasawy şeýledir. Oňa müňkürlik edip oturmak bize uslypmy» diýip, goja içini gepletdi.
Halyl aganyň ýüzünden-gözünden onuň näme barada pikir edýendigini aňşyrmak aňsat däldi. Bir obanyň ýaşulusy bolup oturansoň, onus ähli aýdany kanundy. Entek gepiniň iki çykan ýeri ýa-da ondan maslahat alyp ýalňaşan ýokdy. Şonuň üçin ol arkaýyndy. Özüni diýseň parahat alyp barýardy. Gojanyň ýüzündäki arkaýynlyk myhmana-da kem ýaramadyk bolarly. Ol hem indi az-kem ornaşansoň, «geçisi ýaýrap» ugrana meňzeýärdi. Muňa Halyl aga hem çala begenmedi. Öýüň törüne geçen myhmana goşa ýelek ýassyk oklady. Bir salymdan hum çäýnek, adata görä saçak, içi gowurmaly aramlyk agaç çanak myhmanyň öňünde häzir boldy.
Işdämenlik bilen saçaga topulan myhmanyň günüň dowamynda duz datmadygy görnüp durdy. Halyl aga özüne getirilen ýarymlyk çäýnegi öňüne çekip, çaý guýundy. Soňam myhmana ýüzlenip:
— Hany, bir çaý teýi edin bakaly, hä diýmän nahar hem etişer — diýdi.
«Myhman geplemsek bolsa-da, gowy-ha däl welin, agzy mumla ýaly bolup otursa-da gelişenok. Öý eýesi bolup hiç bir zatdan söz açman, geleniň ýüzüne seredip oturmagam halananok. Onsoň herniçigem bolsa ondan-mundan söz oklap, myhman bilen bolmanda bir «hä, hawwa» alyşan ýagşy» diýip pikir eden Halyl aga ardynjyrap, söze başlady.
Size, myhman, myhman diýip otyrys welin, ata-eneňiz bellik edip dakan adyny aýdaýsaňyz gowy boljak.
— Adym, Gulça, ýaşuly.
— Biziň adymyzam Halyl. Eşitdirip-eşitdirmen kämahal «Kör» Halyl diýip lakamam dakaýarlar.
Gulçar Halyl aganyň ýüzüne-gözüne garady, sesini çykarman aşak bakdy. Öý eýesi oňa düşündi.
«At-da, ataň-eneň bir zat dakar. Soň has kybapdaşyny il-gün, töwerek suňşurar».
Gulçar köpügören ýaşulynyň ýüzüne göni seredip bilmedi. Gürrüňiň bir ýerini tozadýandygy onuň içgepletmesine sebep boldy: «Bäh, bu adam nähili-aý, aňryňda bir gizlin syryň bolsa, özüňe aýtdyrjag-aý».
Gulçaryň ýüzüniň üýtgändigini Halyl aga-da duýdy, emma syr bermedi. Öňündäki çäýnekden käsäni dolduryp çaý aldy. Hywadan getirilen sary kişmişdenem bir oýnamyny agzyna atyp, içi kişmişli kümüş jamjagazy myhmana tarap süýşürdi.
Halyl aganyň ömründe myhmansyz güni geçmedik bolsa-da entek gelen adama şübheli garan ýeri ýokdy. Myhmanynyň galagoplugy birzatdan habar berýän ýalydy. Her hili oý-pikirler kellesine gelse-de, Halyl aga sarsanokdy. Myhmanam bir «iç döküp» barmaaýrdy. Berýän gürrüňlerem ugursyzdy, üzlem-saplamdy. Uzak ýoly söküp gelendigini, çöle, ýola beletdigini aýtsa-da, zol-zol çaşýardy. Guýularyn, kaklaryň, haşarlaryň atlaryny çalyşýardy. Halyl aga onuň gürrüňlerine şeýle bir maýylsyraýardy welin, hamana gyzykly gürrüňden aýrylyşyp bilmeýäne çalym edýärdi.
Çaý içilenden soň, nahar çekildi. Täze öldürilen goýnuň etinden bişirilen çekdirmäniň ysy öýüň içine doldy. Ýyly çörek bilen ýagly çekdirmeden geregini edinen myhman, dodagy ýagdan ýaňa kepäp dursa-da, çaý içmäge döwtalap däl ýalydy. Ukusyzlyk onuň kiçijikden ýiti gözlerini bürüp barýardy. Elini sag gulagyna diräp, tirsekläp ýatan ýerinden yraň atyp gidýärdi. Myhmana düşek atylandan soň, Halyl aga daş çykdy.
Ak öýüň işigi açylandan onuň ýanyna inisi Altaýyň ogly Çary howlukmaçlyk bilen geldi. Çary orta boýly, jortmak pyýadady. Dogumlydy. Ony has dogumly görkezýän ýüzüne gelşip duran murtudy.
Çary Halyl aganyň ýüzüne göni seretmän, keseräk bakyp oňa ýüzlendi:
— Halyl kaka!
Halyl aga agras nazaryny Çara tarap aýlady. Onuň möhüm bir habary bolmasa, özüne beýle howsalaly ýüzlenmejekdigini bilýärdi. Şonuň üçinem oňa sözlemäge ejaza berdi:
— Aýdyber, inim, näme habar?
— Aýtsam, Halyl kaka, myhmanyňyz oňly adam däl ýaly görünýär.
Sen ony nireden bilýäň? Indi Taňry myhmanynam...
— Ýok, agam, myhman sizi saýalap gelensoň, onuň bitiniň burnam ganamaz.
Halyl aga sowukganlylyk bilen Çara sowal berdi:
— Aýt, näme yşarat gördüň, o bendedeç
Çary gürrüňi uzaldyp oturmady.
— Men onuň ýüzünem göremok, Halyl kaka — diýip, sözüni dowam etdi.
— Atyny tutup, gazyga iltänimden soň at janawaryň eýerini, juluny aýryp sargysyny, ýalyny, boýnuny sypaladym. Ana şonda janawaryň gaty erbet derländigini gördüm. At gorgunyna sürlüp gelse, jany sag bolsa, beýle derlemäge haky ýok...
— Şeý diýsene, atyň, düýäň häsiýetini sen gowy bilýänsiň — diýip, Halyl aga biraz sägindi. Gojanyň, öwgüsine Çary begenjeginem, gynanjagynam bilmedi. Öwgi ony az-kem oýlandyrdy. Aýtjak sözüni saldarlap gördi. Eger şeýtmese, gojanyň, talapker nazary ony sypdyraly däldi. Çary pert-pert gepledi:
— Onsoňam, janawar gelen ýoluna garap, hokranyp, ýaklary bilen ýer peşäp dur. Şonuň üçin...
Çary yzyny aýtmady. Sebäbi bu sözler gojanyň gulagynyň ýele ýanyndan hem geçmeýän ýaly duýuldy. Ýagdaýy aňan Çary gürrüňe çynlakaý başlady:
— Agam, at seýis gören mala meňzeýär. Beýle aty, hiç-haçan elden çykarjak adam bolmazmyka diýýän...
Halyl aga oýa batdy. Inileriniň içinde göwnüýetýäni Çary bolansoň, onuň ýöne ýere janykmaýanyna akyly kesýärdi. Emma, «Be, bu nä gep» diýip, sähel gürrüňiň hörpüni ýumşatdygy, inileriniň myhmany diňe bir paş etmän, onuň gününe «it uwlatjakdygyna» ynanýardy. Her niçigem bolsa, goja bir diýenine tutdy:
— Halylyň myhmany ynjamaly däldir.
Niredendir bir ýerden peýda bolan Berdi ozaldan bu gürrüňi diňläp duran ýaly Çarydanam dyzmaç göründi: «Wah, agam jan, biz oňa boýun. Rugsat berseň daň saz berýeçä myhmanyň bar matlabyny edil çöp döwen ýaly edip bereli».
Berdi gojanyň inileriniň biri Çetjäniň ogludy. Gaty kakabaşdy, garadan gaýtmazdy. Ile ýamanlyk etmese-de, hakyny köýdürmezdi. Munuň üçin kösenen ýerleri hem az däldi. Ýöne şonda-da puşman etmezdi. Bu gezegem onuň nireden çykyp, gürrüňe goşulanyna Halyl aga geň galdy. Ol oglanlaryň ýüzüne taýly gezek seredip: «Gürrüňi tükediň» diýip, yzyna öwrüldi.
Agalaryndan ýüz tapmadyk Çarydyr Berdi gojanyň sözüne özleriçe «düşünip», çetki öýleriň birine girip, maslahaty çugdamladylar.
Halyl aga öýe girende çiň arkan düşüp, agzyny öweldip ýatan myhmanyň harryldysy edil el degirmeniniň sesi ýaly endigandan ýürege düşgünçdi. Goja myhmanyň ýazzymaňlaýyna geçip oturdy. Ojakda küle öwrülip barýan közüň içine mis tüňçäni süsdürip, onuň gaýnaryna garaşdy. Külüň içinde ýyldyraşyp ýatan közleri ätişgir bilen tüňçäniň düýbüne üýşürip oturyşyna pikire batdy:
— Eý, Hudaý jan, edeniňe şükür, azdyrma, azana-da duçar etme. Zamanalar üýtgäp ýör-ow. Myhmana ynanmazlyk etmek, Taňra ynanmazlyk ýaly bir zat hasap edýärdik welin, seret bu bolýan zatlara. Iki gözüň birine-de ynanyp boljak däl-ow. Ýeri, şu bende dogrudanam ogry ýa jümrümikä? «Ýat ile düşeniň egni gysyk» diýenleri bolaýmasyn. «Ogry yzy gowşak» diýibem bir zat bardyr, oňa näme diýjek. Atyna, egin-başyna seretseň-ä orta barmak ýaly türkmen diýäýmeli welin, hereketi... Toba essagpyralla! Indi bir hataryň kethudasy bolup bir mysapyra müňkür bolup, inileriňe onuň «ters yzyny alyp, anyklaň» diýip, otursaňam-a geňdir bu... Bular ýala ýüzüň üstünde burnuň bar diýmeseňem-ä çekeleşigiň ýetik...
Ýaşuly birsellem sesini-üýnüni çykarman, hiç zadyň pikirini etmän dymdy. Bir haýukdan soň ýene-de öz—özüni «igeläp» başlady: «Sen beýle dözümsiz, ýuka ýürek adam-a däldiň weli, Halyl, näme garrajak bolýarmyňç «Taňry myhmany» diýip, ataňdanam uly hasaplap oturan adamyň päliniň, niýetiniň düzüwdigine akylyň ýetýän bolsa, gowy zat. Emma ol bir gaçgak, ogry bolsa nädersiň! Aslyny bileňok. Nireden gelip, nirä barýanyny aýdanok. Gep-sözüni agzyndan çekip, zordan almaly. Onsoň näme pikir etjek».
Daşyna köz üýşürilen mis tüňçäniň lasyrdysy gojanyň pikirini böldi. Boldumly ellerini çaýdana sokup, atymçaý almakçy boldy. Emma eli sygmansoň, çümmükläp alanyny hem az görüp, çaýdany egip, guşdyrnak gök çaýdan ýanawujyny dolduryp, mis tüňçäniň içine atdy.
Demini alan çaýdan keýpini mazaly keklensos, endamyna çyg geldi. Dartgynly damarlary gowşap, ýadawlygy zym-zyýat boldy. «Indi oglanlardan habar tutaýyn, belkem olar mamladyr» diýen niýet bilen daşary çykdy. Bu wagt gije ýarymdan agyp, daňyň saz berjek wagty uzakda däldi. Uzyn hataryň öňünden elini arkasyna tutup, ikiýana ýöredi. Mal-garalaryň ýatagyna aýlandy. Üýtgeşik zat gözüne ilmedi. Ahyr soňy Çarynyň at ýatagyna tarap boýnuny uzatdy. At ýatagynyň garalyp duranyny görüp Berdileriň öýlerine tarap ýöneldi. Ol ýerden hem agtaran zadyny tapmansoň, pikiriniň dogry çykanyna göz ýetirdi:
— Haý, bidöwletler, gyzmalyk edäýmeseler ýagşydyr-ow. Myhmanyň ters yzyny yzarlap giden diýerler bulara. Ýaş-da bular. Ganlary gaýnap duran-da. Her näme-de bolsa, entek ýüňsakgal eden ýerleri-hä ýok. «Suw görmän tamman çykarýanlardan-a» däldirler, özler-ä. Hany «sakawyň soňuna seredeli», entek — diýip, Halyl aga oglanlaryň giden tarapydyr diýip çak edip, aşaklygyna gidýän ýola baryp, yzyna gaýtdy. Gelşine-de myhmanyň atynyň baglanan ýerine geldi. At janawaryň şol galagoplydygy. Gazygynyň daşynda ters aýlanyp, duran ýerini peşäp joýa edipdir. Arpa guýulýan torba hol beýlede ýatyr.
Halyl aga aty kän synlady. Göwnüne bolmasa bu aty ozalam gören ýalydy. Nirede, haçan görenini ýada saljak bolup synandy. Bolmady. Ahalyň, Kesearkajyň belli seýisleriniň seýislän atlarynyň hersiniň häsiýetinde bir tapawut bardy. Oňa Halyl aga bäş barmagy ýaly beletdi. Myhmanyň münüp gelen aty hem saýlama bedewleriň biri bolansoň, onuň seýisiniň kimdigini anyklamak üçin atyň ýanyna geldi. Onuň boýnuny sypalap, iki gulagynyň arasyna elini uzatdy. At keýerjekledi. Atyň sag dyzyna eli bilen kakdy. At çep aýagyny çalaja ýokary göterdi. Halyl aga:
— Boldy, at Polat seýsiň elini gören bolmaly — diýip, anyk netijä geldi.
Seýisçilikde Gökdepe sebitinde özüni tanadan seýsiň atynyň bir nätanyşyň eline düşmegini nämä ýorşagyny bilmän duran Halyl aga bir wakanyň gopanyna indi duşunip galdy. Ol içinden:
— Äl — aýt, şu oglanlar gaty synçy-ow. Diýenleri aňry ýany bilen hakykat boljak öýdýän — diýip, myhmanyň ýatan öýüne tarap ýöneldi.
Gapynyň jygyldysyna allaniçigsi bolup oýanan myhman, takyr kellesini elleri bilen sypalap, gytyk tüýli telpegini geýdi. Başujunda epläp goýan çäkmenini, dulda goýan haly horjunyny alyp, ýerinden turmaga hyýallandy. Şol pursat Halyl aga:
Myhman, arkaýyn dynjyňyzy alyň. Barjak ýeriňiz uzak bolsa, bizem ýol üçin size azyk-suwluk taýýarlaly — diýdi.
Myhmana razylaşmakdan başga ýol galmady. Onuň şu ýere gelmeginiň, esasy sebepleriniň biri ýol üçin azyk-suwluk almakdy hemem Halyl aganyň obasynyň deňinden geçensoň, tä Mary aýagyna çenli onuň nyrhyny sorajak ýokdy. Bu barada oňa oňatja «maslahat» beripdiler.
Myhman ýene-de ýassyga gyşardy. Ýöne uzak ýatmak miýesser etmedi. Daşarda at aýagynyň dükürdisi, atlaryň kişňeýän sesi köpeldi. Myhman aýnagonç ädigini aýagyna dolaksyz sokup, donydyr horjunyny bir elinde, telpegini bolsa beýleki eline alyp, hasanaklap daş çykdy. Atynyň baglanan ýerine baranda, ol ýerde oňa golaý atyň biri-birini ysgap, hokranyşyp duranyny görüp, özüni aşak goýberdi.
— Tur, myhman, indi ähli zady bolşy ýaly aýdaýmakdan başga çäräň galmady — diýip, Halyl aga onuň goltugyndan tutup, ýokary galdyrdy. Myhman sazanaklap durşuna:
— Men bu atlary Gökdepeden satyn alyp gaýtdym. Ýolda azaşyp köp eglendik. Azyk, suwluk gutaransoň, hol ýigit bilen atlary ýolda goýup, şu ýere siziň obaňyza geldim. Iki-üç günüň ýadawlygy halys süňňümi gowşadansoň, ýatyp dynjymy alanymy kem görmedim. Başga gep ýok munda — diýdi.
Gürrüňi diňläp duran Çarydyr Berdi hem-de myhmanyň «hol ýigit» diýen hortap oglany seslerini çykarman durdylar. Halyl aga atlar bilen bile getirilen oglandan:
— Haýsy taýpadan bolarsyň — diýip sorady. Oglan:
— Çagşallardan — diýip, jogap berdi.
— Çagşal halky ýöwsel diýeýmeseň, erbetlikde-de görünmeli däldir. Halyl aganyň sözleri oglana täsir eden borly, ol dogrusyndan geldi:
— Agam, dogry aýdýaňyz, şu ýagdaý ömrümde bir gezek boldy. Galan ömrümde sapak bolar...
Oglanyň bokurdagy doldy. Sesi sandyrap çykdy. Halyl aganyň oňa rehimi geldi:
— Söz — imandyr, inim. Zyýany ýok, zeleliň ýaryndan gaýtmagam bir peýda. Men Polat seýse gaty belet. Ol atyny berenden janyny berenini eý görjek adam. Ahmalyna garansyňyz-da.
— Hawa.
— Indi size näme diýmeli. Heý, at janawaram şu güne salynarmyç Ol ynsan ýaly duýgur ahyry. Oňarmansyňyz.
— Oňarmadyk, ýaşuly, biz ýalňyşdyk. Günämizi geçiň!
— Biz günä geçip bilemizok, günäni Alla geçýär.
Säher bilen bolup geçýän wakany synlamaga obanyň uludan kiçä, ählisi ýygnandy. Her kim ýowuz karara garaşýardy.
Goja «at ogrularyny görüň» diýen ýaly, olary orta çykardy. Hiç kimden ses-seza çykmady. Dymyşlyk uzaga çekdi. Iň soňunda dymyşlygy gojanyň özi bozdy. Ol töweregindäkilere ýüzlendi:
— Indi, öýli-öýüňize gaýdyberiň!
Halyl aga Çaryny ýanyna çagyryp:
— Atlary äkidiň-de, Polat seýise gowşuryň — diýdi.
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar