08:08 Sözler | |
SÖZLER
Goşgular
Aşna sözler, Teşne sözler. Ýeg dilinde çeşme sözler. Sözler doga, sözler jady, Sil suwunyň akan bady. Sözler arwah, sözler jyndyr, Sözler ýalan, sözler çyndyr. Sözler bulak bolup akar, Sözler ýylan bolup çakar. Sözler, sözler, ah-wah sözler, Ne çoh sözler. Yllahy-billahy sözler. Arasynda meniň ýaly, Egni gysyk sallah sözler... 18.03.2017. • SYRLY DÜNÝÄ Entek açylmaýan syry kän dünýäň, Bir däl, milýon-milýon piri kän dünýäň. Bu zatlar hakynda kelläňi döwüp, Oýlanarsyň ynsanlaryň birikäň. Her hili döwürler bolup geçipdir, Nämüçindir "Syrly dünýäň gapysyn Açdyň“ diýip, daşlapdyrlar adamy. Gurruk guýa taşlapdyrlar adamy. Oda atypdyrlar diriligine, "Dil ýetirdiň – diýip, -dünýäň birligne“. Şeýdip açyp bilmän özi-özüni, Bulaşdyryp gidýär adam yzyny. 03.04.2017. | |
|
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |