17:42 Sözüň jadysy | |
SÖZÜŇ JADYSY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir gezek mugallym talyplara sözüň jadyly güýji barada gürrüň berip duran ekeni. Şonda, yzky hatarda oturanlaň biri gygyrypdyr: - Mollym, sen bolgusyz zatlary aýdýaň. Näme, yzyny üzmän, nijeme wagtlap “Hudaý, Hudaý, Hudaý” diýip ýanjap oturanyň bilen-ä ýagşyzada, tüketmän “günä, günä, günä” diýip hetjikläniň bilenem günägaby bolarsyňmy? - Sem bol, wenezzyna!-diýip mugallym, onuň al-petinden alypdyr. Namysjaň talybyň girre gahary gelip, ol agzyndan geleni sögünmäge başlapdyr. Ol gazabyna bäs gelmän, ýerinden dikelip galanda mugallym uzur ötünç bilen dillenipdir: - Meni bagyşlaň... Men juda öte geçdim. Men sizden özümiň biderek gödekligim üçin ak ýürek bilen ötünç soraýaryn. Mugallymyň uly boýuny kiçeldip ötünç soramagy, hernäçe gaharly bolsa-da talybyň badyny alypdyr. Ol bada-bat köşeşipdir-de: “Sebäpsiz ýerden sögünmek nämä gerekdi?” diýip hüňürdäp, ornuna çöküpdir. - Ine, seň soragyň jogaby,- diýip ony ünsli synlaýan mugallym dil ýarypdyr: - Bir söz zerarly sen zynjyrlaýmaly dälä öwrüldiň, beýleki sözem seni ýene-de adama öwürdi... Çeşmesi: https://pritchi.ru/id_2026. 16.07.2021ý. Terjimesi az-owlak üýtgedilip alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |