07:08 Spesialistler / satiriki hekaýa | |
SPESIALISTLER
Satiriki hekaýalar
Halk hojalyk institutymyzyň söwda-satyk fakultetini hatym edip, ol ugurdan suwara boldum. Ýaşyl diplomy ele saldym-da, söwda nokatlarymyzyň kadrlar bölümine iş sorap bardym. ― Ä-hä, şeýle diýsene, hanym, iş, iş... ― diýip kadrlar bölüminiň inspektory çakgan, uçup-gonup duran, agajet, saryýagyz, kyrk ýaşlaryndaky adam meniň ýaşyl diplomymy görjegem bolmady. ― Hawa-da, ýagşy niýetiň bar ekeni, iş gözleseň, bizden tapylaýmagy-da mümkin. Iki-ýeke satyjyň jenaýat edip, ýatap bolup gidýäni bar. Şolar gelýänçä ýerine işläňde bolmaýarmy ― diýip, inspektor degişmä salyp aýtdy. ― Hawa, inim, maňa Oraz Myradowiç diýilýär. Oraz aga diýäýseňem bolar. Ikimiz obýektlere aýlanaly. Gitdik, uçduk, ýör ― diýip, Oraz aga seýfi gulplap, ýola taýyn boldy. ― Baraly, söwda nokatlaryna aýlanaly. Belki, saňa-da bir işjagaz tapylar. Tapylmaýanda-da gezim bolar. Seniň bahanaň bilen menem öz kadrlarymy ýakyndan, iş üstünde tanaryn ― diýip, Oraz aga gaty ýeňil gopup, öňüme düşüp ugrady. Biz çat maňlaýyna «Kulinariýa» diýlip ýazylan bir uly ymaratyň arka tarapyndan içine girdik. Daýaw bir ýigit ýüzüne ýalpyldawuk ak galaýy çüýlenen uzyn stoluň üstündäki kelleleriň daşyna geçipdir. Sygyrdyr goýnuň, dişleri aňňal orak ýaly doňzuň kelleleriniň äňini açyp duran daýaw ýigide Oraz aga: ― A, haw, Baýýa han, kelläni garjaşdyrma ― diýip güldi. ― Oraz akga, men bu ugurdan spesialistdirin. Kemçiligim bolsa kelläm bilenem jogap bererin ― diýip, Baýýa elindäki pyçagyny ýekegapanyň gözünden dikdi-de, ellerini ak ýektaýynyň syýyna süpürip, biziň bilen görüşdi. ― Baýýa han, seniň kemçiligiň kelläni garjaşdyrmak. Doňzuň kellesi bilen sygyrdyr goýnuň kellesiniň bahalary deň däl ahyry. Sen beýtme. Aýry-aýry goý ― diýip, Oraz aga degişmä salyp aýtdy. ― Diýdim-ä Oraz akga, men öz etmişime kelläm bilen jogap berýän diýip. ― Hany, onda göreli bakaly seniň kelläň bilen jogap berşiňi! ― Ony gaty nagt edäýeris! Bu gürrüňlerden soň Baýýa derrew stuldyr kürsi taýyn etdi. Konýak açdy. Garbanar ýaly döwüm-dişlem getirdi. Biz iýip-içip oturdyk. ― Neneň, Baýýa han, işler? ― Aý, Oraz aga, seniň saglygyňda işler gowudyr, keýpler zereňdir. Käte işläp durkam gülkim tutýar. Şu ýatan äňleri ýazdyryp, dillerini kesip, sütünim süýnýär, it ýaly ýadaýan. Gara dere batýan, derim topugymdan syrygýar, öl-myžžyk bolýan. «Ýeri, Baýýa, ýagty klaslarda dilden sapak ber-de, ýeňsiz köýneklije ýelejiräp gez-dä» diýip, öz-özüme igenýän. Ellerime seret, edil aýy bilen urşanyň elleri ýaly. Her bir-her bir äňler bar, edil Köpetdagyň harsaňy ýaly, ursaň, paltaňdan uçgun çykýar. Ynha, gaşymyň ýokary ýanyndaky çapylan ýere bir seret. Şuňa ýekegapanyň dişi gelip degdi. Ganymy sarkdyryp, esli salym özümi bilmän ýatypdyryn. Hernä beýle ýanymda medinstituty gutaran Nazarly bardy, bizde et üweýji bolup işleýärdi. Soň özüme gelip, baý, gargyndym-a. «Diliň başyňy iýsin, diliň kesilmiş, haram doňuz» diýibem käýindim. ― Bu gürrüň berýän ýigide Baýýa Durdyýew diýilýär. Käri kellepoş. «Hüýrlükga―Hemra» dessanynda Hemranyň agalary Hurşyt bilen Ziber bir ýurtda kellepoş bolup işleýändirler. Baýýa han hem şolar ýaly. Gutaran ýokary okuw jaýy uniwersitet. Spesialnosti dilçi. Bize dälihanadan sprawka getirdi. Köpçülige, wagyrda bolanok, gan görse üýtgeýär diýip hat beripdirler. Ýogsam bu et kombinatyna gassap bolubam gitjek bolýar. Men-ä muňa haýsy dil bolanda näme, şu ýerde işläber diýdim. ― Men iki dile-de suwaradyryn. Diplomymda bahalar zybyrym bäşlikdir ― diýip, serhoş bolan Baýýa jübüsinden bir petde bäşligi çykardy. ― Ýygna puluňy, oglan ýaly bolma ― diýip, Oraz aga gatyrgandy. ― Islän kyn sözüňi aýdaý, ýalňyşsyz ýazaýyn. Doňzuň dilini düşüm bilen üýtgedeýinmi?! Doňuzlar, köplük san. Bu ýigit habarçymy, barlagçymy?! ― Ýok, söwda ugrundan ýokary bilimli spesialist. ― Beýle bolsa mekdeplerde işlesin. Ýaş ösdürimlere söwda ugrundan ylym bermelimi, bermeli, wessalam, iş tamam, hany, içdik. ― Berekella, Baýýa han, gaýrat et-de işle ― diýip Oraz aga ýerinden turdy. ― Işläris, Oraz akga, işläris. Gaçyp barýan doňuzyň dilini ýeňsesinden çekip almasam hasap däl ― diýip, Baýýa entirekläp, mähnet palta ýapyşdy. ― Meniň elime düşen kelle soň molap, ýa mäläp, ýa bolmasa hork-hork edip bilmese gerek. Biz Baýýa Durdyýew bilen hoşlaşyp, beýleki bölüme bardyk. Biri üýşürilgi kelleleriň dişlerini kakyp durdy. Daýaw-daýaw öküzleriň goçak, mähnet kellesiniň azysyna palta degeninde, elektrik bilen kebşirleýjiniň işleýän wagtyndaky ýaly uçgunlar syçraýardy, ýekegapanlaryň garyş-sere azylary atylyp gidýärdi. ― Bu kişä Hüseýin Aly Akbar ogly Gasan-zada Bedilbeýliýew Lenkorani diýilýär. Gysgaça aýtsak, Alik bolmaly. Oňat adam, oglanlygy gowy ― diýip, Oraz aga meni Alik bilen tanyşdyrdy. Aligiň bir täsin murty bardy. Murty burnunyň aşagyna kesewi bilen dürtülen ýaly bolup durdy. Uzagrakdan seretseň-ä burnunyň aşagyna garynja üýşdümikä diýibem pikir etdirýärdi. Alik durşuna tüýdi. Bolşy keçä ýelmeşen pampasa çalym edýärdi. ― Alik birwagtlar medisina institutyny gutaran ekeni. Diş doktory bolupdyr, diş tehnigi bolup işläpdir. Gyzyl meselesinde, ýagny, altynly operasiýada bulaşaýan ýaly. Umuman, gürrüňliräk bolup, şu ýerik işe geldi-dä. «Altyn alma, alkyş al» diýen nakyly Alik tersine öwräýen bolarly, garaz. Bizem «Alik jan, janyň sag bolsun, bize işe geläýsene. Diş dişe gurbanmy, ynsanyň dişi bolmasa, haýwanyň dişi ekeni-dä» diýdik. Öz ugrundan, şu ýere ýerleşdiräýdik. Sebäbi bizem çekinýäs. Barlag üstüne barlag how. Sebäbi «Düýeden uly pul, bagyşla, ýalňyşdym, düýeden uly pil bar» diýleni-dä ― diýip, Oraz aga çyny bilen gürrüň berdi. ― Şonuň üçinem Aligi diş kakýan edip aldyk. Özüniň gutaran ugry-da. Bize gep geljeg-ä däl ― diýip, Oraz aga ýylgyrdy. Biz üçünji bir bölüme bardyk. Horja, inçeden keltejik, diýseň göýdük, içinden öl geçmedik ýaly girdenejik biri kelle döwüp, içinden beýni alyp dur. Ýaňky beýnipurşyň gözem äýnekli. Stolunyň üstünde kitabam bar. Olam açyk. Arasynda okanam bolýar. «Didronyň pelsepesi» diýip, öz-özi samraýaram. ― Bu ýigide ýoldaşlary Eflatun diýýärler. Özem pelekýat diýen ylmy hatym eden ýigit, ýagny pelsepe, has düşnükli aýtsak, filosofiýa ugrundan diplomly spesialist bolmaly. Sygyr, goýun, doňuz soýulsa, derrewem beýnisini alýar. Ony bejerip, nahar taýýarlabermeli edýär. Basym guşuň beýnisini aljagam diýipdir. Ony gaty akylly, çendenaşa pähimli, men-men diýip hondanbärsi bolup ýörenlere iýdirjegem diýipdir ― diýip, Oraz aga güldi. Başga biri hamy çişirip, şondan gowka taýýarlap dur. ― Bu gön-galantereýa ugrundan instituty gutaran. Aýakgap fabriginde işläpdir. Emma goltugy gönli tutulyp, gürrüňliräk bolub-a şu ýere geldi. Ýör tizräk gideli. Ahmal bolsaň, diriligiňe deriňi sypyrýan spesialistdir bu ― diýip, inspektor degişmä salyp güldi. ― Ýör, men saňa zootehnik, agronom, mal doktory ýaly spesialistleri görkezeýin ― diýip, Oraz aga aýtdy. Biz bir gastronoma girdik. ― Sag boluň, Oraz Myradowiç, dürli spesialistler bilen ýakyndan, önümçiligiň üstünde tanyşdyrdyňyz. ― Indi näme niýetiň bar? ― Indi ýokary bilimli, oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa ugruny gutaran bir spesialist bilen tanyşdyraýsaňyz gowy bolary ― diýip, gülüp aýtdym. ― Be, myhman, görýän weli, gaty suwsapsyňyz-ow?! ― diýip, Oraz aga ýylgyrdy. Biz gazly suw satylýan pawilona bardyk. ― Hany, gidro han, bize gowy suwlaryňdan açyşdyr bakaly ― diýip, inspektor güler ýüzli daýaw ýigide ýüzlendi. Gazly suw satylýan pawilonyň eýesi bize «Essentuki-4», «Essentuki-17» diýen suwlaram içirdi. ― Gardaş, ýör, indi çişlik iýeli. Myhmanhananyň ýanynda çişlikçi spesialistlerimiz bardyr. Iňlis dilinden ýokary bilimlimizem, nemes dilinden diplomlymyzam ýok däl ― diýip, Oraz aga taksä elini galdyrdy. ― Geçen asyrda Mikluha-Maklaýyň bolan ýeri, Täze Gwineýadaky papuaslaryň dilini bilýän söwda işgärleriňiz ýokmy? ― diýip, men degişdim. ― Şol-a häzirlikçe ýok. Ine biziň kemçiligimiz, ýöne Sahara çölünde Tubu diýen bir taýpa barmyş, yssa çydamly hem diýýärler. «Wokrug sweta» žurnalynda okapdym. Şolaryň ýaşaýşyny, etnografiýasyny birimiz öwrenip, tas taryh ylymlarynyň doktory bolan ekeni. Kandidat-a bolupdyr ol. Şony piwo satdyrmaga işe al diýib-ä maňa telefon etdiler. Kemçiligi düzederis ― diýip, Oraz aga ýaýdanjyrap jogap berdi. Biz taksä münjek bolduk. Birini sakladyk. ― Men taksoparka barýan, bagyşlaň ― diýip, sürüji çyny bilen aýtdy. Biz oňa ynandyk. Sebäbi taksiçi ýurist bolmaly. Onuň diplomy bardy. Ahyrsoňunda bizi filolog-taksiçi alyp gitdi. Biz inspektor Oraz aga bilen iňlis dilini diňläp, çişlik, lüle kebap iýdik. Oňarmasak-da nemes dilinde gepleşen bolup, buz ýaly kokteýl süzdük. ― Oraz aga, ähli zadyňyz gowy weli, bir kemçilik bar ― diýdim. ― Bardyr. Aýdyň, düzetjek bolarys ― diýip, inspektor maňa seretdi. ― Çet ýurt dilinden spesialistleri goýmaly ýeriňizi bilmänsiňiz ― diýdim. ― Bular «Inturist» myhmanhanasynda çişlik, lüle kebap, kokteýl satsalar gowy bolardy ― diýip, Oraz aga düşündirdim. ― Ol-a şeýle weli, «Inturistde» bulara ýer ýok. Çet ýurt dillerini gutarýan diplomlylar asyl oba, oblasta, raýona gidenok-da ― diýip, Oraz aga janygyp gürrüň berdi. ― Oraz aga, siziň ugruňyz näme? ― diýip, oňa sowal berdim. ― Meniň gutaran ugrum kosmonawtikanyň bäri ýany diýseňem bolar. Men lýotçik. Arman, aýalym «Oglanlaryň kakasy, ýerden aýagyňy üzme» diýäýdi-dä. «Sen gökde, öýüň ýerde. Öýe düşek gerek, garnitur almaly, mebel edinmeli. Bizem iýmeli-içmeli. Sen bolsaň «TU» diýdiň, «IL» diýdiň, şeýdip, ile meňzeş ýaşamadyň» diýip, aýalym iňirdedi oturdy. Menem söwda ugra özümi urdum ― diýip, Oraz aga gönüsinden geldi. Men hoşlaşyp gaýtdym. Gel, iş işe gurbanmy, letde ýygnaýan baza baraýaýyn-la diýip, «utilsyrýo» sowuldym. Görsem, direktory taryh ylymlarynyň kandidaty. Özem tanyş oglan. ― Betdi, bu nä boluş?! Taryh küje, ütük küje? ― Aý bu ýerde diňe köne-küşülden başga zat ýok. Wagty geçen zatlary ýygnaýas. Taryh hem könäni öwrenýän ylymda. ― Meni letde ýygnaýan etde işe alsana. ― Wah, boş däl-dä. Onda bir žurnalist işleýär. ― Boldy. şol bendäň bir ezenegi düzelsin-dä hernä. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |