STAMBUL ŞERTNAMASY
"Özüni zenandan ýokary saýýanlar jahyldyr" diýipdir Möwlana.
"Zenan - bilmedige nebis, bilene nepes" diýenmiş, Şemsi Töwrizi.
Gýotäñ pikiriçe, "aýal-gyzy, şeraby, şygyry, aýdym-sazy söýmeýänler ömürboýy akmakdyr".
Karl Krausyñ pikiriçe bolsa, zenan bolmazdan ýaşap bolmaýandygy dogry däl, zenanyñ ýok ýaşaýşy ýaşaýyşam däl.
Uinston Çerçill: "Meniñ iñ uly üstünligim - aýalymy maña durmuşa çykmaga razy etmegimdir" diýipdir.
Şarlotte Uitton bolsa "Zenanlar durmuşda etmeli işlerini özleriniñ ýarysyça-da bolmadyk erkekleriñ edýän işinden iki esse köp etmäge borçly, hernä, olara muny etmek gaty bri kyn düşenok" diýip, gülümsiräpdir.
Linda Li-Potter pikiriçe, güýçli erkekler zenanlaryñ goldawy bilen güýçli bolýarlar, güýçli zenanlae bolsa, ärlerine garamazdan güýçlüdirler.
Aristotel Onassis "Eger zenanlar bolmadyk bolsa, dünýä baýlyklarynyñ, puluñ hiç hili gymmaty bolmazdy" diýipdir.
Redýard Kipling "Zenanyñ çaklan zady erkegiñ kepil geçen zadyndan has dogrudyr" diýipdir.
Genri Milleriñ pikiriçe, zenanlar boýunça edip boljak üç zat bar: ony söýüp bolar, onuñ üçin hasrat çekiler, ýa-da ony çeper esere öwrüp bolar.
Wiktor Gýugo aýalsyz erkegi erkegi atýan ýaýjyksyz sapança menzedipdir.
Onore de Balzak "Bir zenana ynanmak, oña çokunmak, ony durmuşyñ gözbaşy, ýalkymy hasaplamak... Bu täzeden dogulmak däl-de, näme eýse?" diýipdir.
Çarlz Bukowskiý "Möññürip aglaýan aýalyñ gözýaşlary ony aglamaga mejbur eden adamyñ başyna injek bela-beterleriñ aşagyna goýuljak goldur" diýip, ýatladypdyr.
Lew Tolstoý "Zenan şeýle bir temadyr welin, ony näçe öwrenseñ öwren, hemişe täzejedir" diýipdir.
Turgenew "Ähli akyl-paýhasymy, bütin eserlerimi, şamlyk nahara gijä galyp ýa-da irräk gelmegim bilen gyzyklanýan aýala çalyşmaga taýýar" diýipdir.
Hytaýlylarda "Asmanyñ ýarsyny zenanlar saklaýar" diýen nakyl bar.
Ruslarda-da "Aýal erkegiñ özüni halamaýandygyny ondan has öñ duýýar" diýen atalar sözi bar.
Pablo Neruda "Bir aýal aýtmaga kän-kän zatlary aýtmaly ýerde dymýan bolsa, onda erkegiñ ol aýalyñ ýanynda ähli mümkinçiligini ýitirendigini añladýar" diýipdir.
Jemal Süreýýa hem Neruda bilen bir heñden gopupdyr…
Zenanlar dymyp giderler - köp jan ederler gatnaşygyny dowam etmek üçin - olaryñ ýüregi, beýni, ruhy diñe bir adamyñky bolmagy şeýle bir kabul edipdir welin, zenan bolan zenan (öz halaýan adamy barka) başga birine gabagynam galdyrmak islemez.
Meselem, erkekler ýaly "naharyñ duzy kem bolupdyr" diýip, ýersiz ýere gohlaşmaz, gaýtam tersine düşünişjek bolar.
Erkeklere bolsa gaýtam aýalynyñ bu bolşuna gaharlan diýseñ. Temegini ýokary tutup, beýlesine öwrülip tüññerilip ýatar, otludan galan tat ýaly ýüzüni kürşerdip telewizorda futbol duşuşygyna sereden bolar, garaz, erkek gedemliginemi ýa-da güýmeñ-saýmañlyga salypmy, aýaly bilen şobada düşünşesi geläýmez.
Zenanlar hötjetdir - durmuşa bek ýapyşyşlary ýaly, söýgülerine-de eýe çykyp başarýandyrlar.
Şonuñ üçin olarhñgürleşip derdinişme meýli garşysyndakyny razy edýänçä köşeşmeýär.
Ahyrsoñy erkegem uzak durup bilmän ýan berer - aýal onuñ bir ýumşak damaryny tapar, hem ähli derdini orta döker.
Köplenç nähili jogap alýandyr öýdýärsiñiz? Ugur-utgasyz jogap! Çünki erkegiñ gulagyna zenanlaryñ janygyp aýdýan dertleridir gepleri dereksiz we gereksiz bolup eşdilýär, ol özüne aýdylýanlara intipis etmelidirem öýtmeýär, ünsem bermeýär, çyny bilen diñleýänsiräp, "hä-hawa" berip geçer.
Bu babatda ýene bir zat, zenany çyny bilen begendirmän başdansowma hereketler bilen ony güýmäp saklarlar we erkek wagty-sagady gelende bularyñ özüne ok bolup dolanjagyna düşünmeýär.
Haýsydyr bir zenan arzyny aýdýan bolsa, ýa-da erkekler aýtmyşlaýyn "tiññi-tiññi" edýän bolsa, onda şol erkek bir zada göz ýetirmeli - şol zenanyñ bu gatnaşykdan häzirem umydyny kesýän däldir - gol tutuşyp bileje ýöremek, bileje ýaşamak, el-ele berip bileje kynçylyklaryñ üstesinden gelip bagtly bolmak isleýädir - hasam möhümi, ol häzirem şol erkegi söýýändir.
Zenanlar dymyp gidýändirler! Iñ esasysy-da, erkekleriñ hiç haçan düşünip bilmejek bu ýagdaýy şolar ýaly gutarnyklydyr.
Şol güni ýetip gelýänçä gürleşen, dawalaşan, gohlaşan aýal özüni sessizlige berip, haçan gatnaşygyndan umydyny kesen bolsa, şonda onuñ söýgüsiniñ-de agyr ýaralandygydyr.
Ýüregindäki ýükleri bir ýere jemländir - añynda aýlan ýol petegini alandyr we aslynda bedenini şol duran ýerinde goýup, gatnaşygyndan çykyp gidendir.
Zenan hakykatdanam giden bolsa, sessiz-sedasyz, hiç kime bildirmän, gapylary urman-depmän gidendir.
Her gün agşam öýe gelende, gapysynyñ mähir bilen açylýanyny görýän erkekler muña düşünmez, emma zenan sessiz-sedasyz gider - ne-hä suprasynda biş-düş edýän, ne diwana gyşaryp telewizora seredýän, ne-de gijäniñ gara ýapynjaly ruhuny bir gapdala serpip, düşekde seniñ bilen dem berip dem alyşmaga çalyşýan zenan indi ol däldir.
Zenanyñ dady-perýatlaryndan, dawa-jenjelinden gorkmagyñ hajaty ýok, çünki zenanyñ gidişi sessiz we asyllydyr.
Stambul şertnamasy şudur.
Ynanyñ, onuñ hukuk tekstini okamagyñ geregi ýok...
Şertnama aslynda şu ýokardaku sözlerden düzülen.
Geliñ, indi görüñ, şertnama beýlede dursun, ähtnama baglaşsañam biderek.
Sözümiñ iñ ýokarsynda durandyr, baryp sekiz asyr mundan öñ seslenipdir sadagasy bolaýyn Hezreti Möwlana...
"Özüni zenandan ýokary saýýanlar jahyldyr".
Şonuñ üçin ş tetelli jahyllaryñ diýenini etdirip bilmedik, boýun egdirmedik, gürlänine-de çydam edip bilmedik aýal-gyzlarynyñ agzyny ýyrtaýjak bolup, şertnamany ýyrtyp zyñmaga çytraşmalaryna geñ galyp oturasy iş ýok.
Ýylmaz ÖZDIL.
"SÖZCÜ" gazeti, 18.07.2020 ý.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Publisistika